''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Tebigatyň gözelligi – zeminiň ýaraşygy

Bahar! Sen ýene-de türkmen sährasyna mylaýym ýelleriň bilen gadam goýduň. Ýaşaýşyň, ömrüň başlangyjy - ajaýyp bahar! Köňülleriň soltany bahar! Eýsem seniň waspyňy etmedik, seniň gül-gülälekli mahmal ýaýlalaryňa, ýaşyl maýsalaryňa, hoştap howaňa, mymyk ýelleriňe melul bolmadyk adam barmyka?! Bahar paslynda açylýan gülleri, gülälekleri görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Baharyň tämiz howasynyň gözelligine görk goşýan guşlaryň sesi, çagalaryň şadyýan gülküsi, olara mährini siňdirýän eziz eneler, owadan gelin-gyzlar ýazyň gelşigi. Baharyň - ýazyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Daglaryň käýeri al-ýaşyl dona bürense, käýeri gyrmyzy gülälekden düşek düşenýär. Asmanda birden Gün çykyp, ähli ýer ýaldyrap duran bolsa, birden hem ýagyş ýagýar. Ýaz pasly ähli bag-bakjalar owadan güller bilen örtülýär, meýdanlar ýaşyl dona bürenýär. Bu pursadyň gözelligini synlamak diýseň ajaýyp. Pasyllaryň soltany hasaplanylýan baharyň gelmegi bilen, bu barlykda oýanyş, direliş başlanýar. Güllere bark bolup oturan türkmen sährasy! Sen şu pursat nähili gözel, nähili ajaýyp! Belki, seniň ynsan göwni bilen beýik sazlaşygyň öz dünýäň bilen biziň dünýämize bolan mahalyň bolup geçýändir. Ýumruk ýaly ynsan göwni nähilii mert, kuwwatly hem bolsa, ol d

Köýtendag - täsin mekan

(Dowamy. Öňi elektron gazetimiziň 13.01.2024, 2.02.2024 hem-de 14.02.2024 sanlarynda) Umbar deresi - Umbar deresindäki şaglawugyň täsinligine hem haýran galýarsyň. Ýerli ilatyň arasynda aýdylýan rowaýata görä, Umbar deresi Umbar atly adamyň ady bilen baglanyşyklydyr. Gadym zamanlarda Umbar atly adalatly adam ýaşapdyr. Ol bu ýerlerde ýaşan halky talaňçylardan gorar ekeni. Bir gezek ol talaňçylar bilen söweşende, güýji asgyn gelip, talaňçylar ony ele saljak bolupdyrlar. Ýöne ol ele düşmän, özüne mahsus çalasynlyk bilen Köýtendaga ýarmaşyp ugraýar. Şonda-da kowgy ondan galmaýar. Şol barmana olaryň öňlerinden bir dere çykýar. Deräniň örän giňdigine garamazdan, Umbar dereden ýüzügra böküp geçipdir. Kowguçylaryň bolsa biri hem bu bu dereden bökmäge milt edip bilmändir. Ine, şondan soň bu deräni “Umbaryň deresi” diýip atlandyrypdyrlar. Oňa Umbaryň şaglawugy hem diýilýär.

Biler bolsaňyz!

Dubaýda iň uly emeli rif gurlar Dubaý şäherinde «Dubai Reef» taslamasy esasynda dünýädäki iň uly emeli rifleriň biri gurlar. Suwda ýüzýän şäheri ýadyňa salýan «Dubai Reef» taslamasy 600 inedördül kilometr meýdanda dürli ölçegli emeli rifleriň döredilmegini göz öňünde tutýar. Rif modullarynyň umumy göwrümi her ýyl 7 million tonna bolup, uglerod tutmak ukyby 400 müň kubmetrden gowrak bolar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi merjen riflerini dikeltmäge, kenarýaka zolaklaryny goramaga we Dubaýyň kenarýakasynyň deňiz biodürlüligini dikeltmäge ýardam berer.

Baharda güller açylýar

Ynsanyň ýaradylyşy örän täsin. Gözi gara düşüp ugrandan küýsegi owadanlyg-u-gözellik. Şolar ynsanyň kalbyna diňe joşgun bermän, eýsem, onuň ýaşaýyş-durmuşyna hem öz täsirini ýetirýän bolmaly. Alymlaryň köpýyllyk tejribesi adamyň häsiýetiniň, durmuş ýörelgesiniň, ömrüniň onuň dünýä inen topragy bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny subut etdi. Bahar pasly mylaýym howasy, gülleriň pyntyk ýaryşy we owadan gülleýşi, ýakymly ysy bilen jana tenekar. Baharyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Daglaryň käbir ýeri al-ýaşyl dona bürense, käýeri gyrmyzy gülälekden düşek düşenýär. Bahar pasly gülleriň müşk ysynyň bark urýan, tebigatyň durkunyň we howasynyň täzelenýän döwrüdir.

Günüň parçasy ýaly

Mürepbeleriň hemmesi hem gowudyr welin, emma erik mürepbesine taý geljegi ýok. Onda hemme zat — hem tagam, hem ys, hem görnüş jemlenipdir. Iýmek üçin birje çemçäni agzyňa elteniňden, onuň reňki gözüňi dokundyrýar. Azajyk gyzyl goşulan dury sary reňk Günüň reňkine çalym edýär. Agzyňa atanyňdan onuň tagamyndan öň, ysy beýniňe dolýar. Şol wagt adam agzy bilenem ysy duýup bilýär-ow diýersiň. Tagamyny diýsene! Mürepbeleriň içinde erigiň mürepbesi ýaly süýjüsi ýok diýdirýär. Dodaklaryňy ýalap, agzyňy şapbyldadyp durşuňa çemçäni ýene kiçijik tabakdaky mürepbä uzadanyňy özüňem duýmarsyň. Sowuk günlerde irden işe gaýtmankaň, erigiň mürepbesi bilen birje käse çaý içseň, göýä daşardaky sowuk bir ýana giden ýalydyr. Köp garaşdyran tomus pasly çogly Güni bilen ýanyňa gelen ýalydyr. Ylla, agzyňa atanyň owkat däl-de, Günüň bir parçasy ýalydyr. Sebäbi ondan tomsuň ysy gelip dur, «haý» diýmän, çogly Güni, bal ýaly iýmişleri bilen tomus pasly, göwnüňe, ýazyň üstünden ätläp, işigimize geljek ýaly bolup dur. Adam diýeniň geň-ow: sowukda yssyny, yssyda sowugy küýseýär. Ýöne tebigat parasatly. Onda bolmaly zatlar öz nobatynda bolup dur. Gün dogýar, ýaşýar. Agaçlar gülleýär, miwe berýär. Bu yzygiderlilige adam täsir edip bilmeýär. Öz başarny

Ajap eýýamyň bahary

...Alabaharda asmandan ötýän lemmer-lemmer bulutlar kimin, gün yzyna gün, hepde yzyna hepde, aý yzyna aý, ýyl yzyna ýyl geçip, pelegiň gerdişi şo-ol aýlanyp dur, aýlanyp dur. Şunda adamyň bitiren işi, gazanan alkyşly ömri, ýagşy ady galýar. Emma şeýlebir ynsanlar bar, olar özleriniň ismini bakylyga ýaran etmegi başarýarlar, soňra eýýamlar ötüp, döwranlar dönse-de, nesilme-nesil ýatlanýarlar, hatyralanýarlar. Şeýle ynsanlaryň biri-de türkmen halkynyň ruhy seždegähi Magtymguly Pyragydyr. Ine, bu ýylyň şygary-da beýik söz ussadynyň mübärek ady bilen bagly. Akyldar şahyrymyzyň arzuwlan Garaşsyz Diýarymyza ýene-de ýaz geldi, şu günem onuň ilkinji güni. Ýazyň ýagmyrly, bereketli gelmegi hem bu ýylyň döwre ýaraşykly, düşümli ýyl boljakdygyndan nyşan.

Tebigata söýgi — Watana söýgi

Türkmen tebigatynyň gözelligi, onuň gül-gülälekli sähralary, müňýyllyklaryň şaýady bolup oturan daglary, çeşme-çaýlary, dürli dermanlyk otlarydyr ösümlikleri, haýwanat dünýäsi göreni haýrana goýýar. Ol gözellikleri synlap, kalbyň heýjana gelýär. Hut şonuň üçin ynsan ogly mydama tebigatyň, tebigy gözellikleriň aşygy. Çünki tebigat öz owadanlygy we sazlaşygy bilen adamyň diňe bir ýaşaýşyny, durmuşyny gözelleşdirmän, ruhy dünýäsini hem baýlaşdyrýar, ylham-joşgunyny oýarýar. Şuňa laýyklykda owadan tebigata, özboluşly ösümlikdir haýwanat dünýäsine eýe bolan güneşli Diýarymyzda biziň her birimiz olaryň has hem baýlaşmagy, gözelleşmegi, netijede daşky gurşawyň abadançylygy üçin yhlas etmäge borçludyrys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak, tebigatdan tygşytly peýdalanmak, bioköpdürlüligi goramak we artdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen juda oýlanyşykly işlenilip taýýarlanylan, öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara we köpasyrlyk milli däplere esaslandyrylan «Ýaşyl ösüşiň strategiýasy» ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösdürmegiň möhüm guraly bolup durýar. Üstünlikli durmuşa g

Pasyllaryň soltany seýil-seýranda

Bu gün biz örän ýakymly duýgulary başdan geçirýäris. Aýazly-aňzakly gyş bilen hoşlaşýarys. «Gyşy gyşsyramadygyň, ýazy ýazsyramaz» diýlişi ýaly, gyş öz wagtynda hökmüni doly ýöredip bildi. Ýagyn-ygal köp boldy, ene toprak nemlendi, yzgar paýyny aldy. Bu bolsa geljekki bol hasyldan, bereketden nyşan. Ynha, indi gyşyň öz ornuny bahar-ýaza bermeli pursady geldi. Pasyllaryň hersiniň özüne mahsus aýratynlygy, täsinligi bar. Ýöne pasly-baharyň ynsan üçin arzysy hem, lezzeti hem, ýakymy hem başgaça. Ol — täzelenişiň, ýaşaýşyň buşlukçysy. Hut baharda tebigat gaýtadan janlanyp, gök begrese, gül-jäjege beslenýär. Sähra-düzlerimiz, dag-derelerimiz ajaýyp keşbe girýär. Taňry ýalkan türkmen tebigatynyň bu gözelliklerinden hiç doýup-ganyp bolmaýar. Begenç, şatlyk hem buýsanç kalbyňy gurşap alýar.

Ýaz pasly bilen bagly halk ýorgutlary

Eger ir baharda ýyldyrym çala çakyp, gök gürrüldisi eşidilmese, onda ýyl gurak bolar.***Ýaz günleri bürgüt al-asmana çykyp gaýyp ýörse, ertesi ygal bolmaz.***Bägülüň ir säher açylmaly gunçalary açylmadyk bolsa, ýagşyň ýagmagyna garaşyber!***Ir baharda ýagan ýagyş baglaryň golunda doňup, buz emele getirse, ýaz wagty bilen sowulmaz.***Ýazyna howa sowuk bolsa, tomusda-da ýagşyň ýagmagyna garaşyber!***Ýaz günleri ir bilen ikatýogyň sesini eşitseň, açyk howa bolar.***Durnalar ir baharda gaýdyp gelseler, ýaz ýagynly, bol ot maýsaly bolar.***Garga baharda suwa barsa, yssy adatdakysyndan ir düşer.***Ikatýok baglar ýapraklamanka gaýdyp gelse, ýyl gurak bolar.***Yssy ýurtlarda gyşlap gaýdyp gelýän gazlar al-asmandan uçup gelseler, ýaz ýagynly boljakdyr.***Eger ýaz ýagşy ýaganda suwda düwmejikler ýasasa, ygal köp düşer.***Ýagyp başlanda damjalary iri bolsa, ýagyş tiz diňer.***Bulutlar asmanda tizlik bilen geçip gidýän bolsa, basym açylganlyk bolup Gün çykar.***Bahar agşamy bilbil ýatman saýrasa, ertesi ýagşyň ýagjagynyň alamatydyr.

Çarwa nowruzy

Gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halky irki döwürlerden bäri tebigatda bolup geçýän hadysalara örän ünsli çemeleşipdir. Ýagty ýyldyzlaryň dogýan we ýaşýan wagtlaryny kesgitlemek bilen, olary paýhas eleginden geçirip, dogry netijeleri alyp bilipdirler. Şoňa görä-de, hojalyk işlerini Aý-Gün senenamasyna laýyklykda ýola goýupdyrlar. Ata-babalarymyz şüdügär sürümini, tekizleýiş işlerini geçirmek, ýuwuş suwuny bermek, ekin ekmegiň dogry wagtyny meýilleşdirmek, baglara serenjam bermek, olaryň guran şahalaryny aýyrmak, düýplerini ýumşatmak ýaly işleri ýyldyz senenamasynyň Başky garagyş, Uly çille, Kiçi çille, Ahyrky garagyş ýaly döwürlerinde bolup biläýjek howa üýtgeşmelerini nazarda tutmak bilen, amala aşyrypdyrlar. Çarwalar bu möwsümi özleriniň iň gyzgalaňly we jogapkärli döwürlerinde howa şertlerine laýyk taýýarlykly garşylapdyrlar. Asyrma-asyr, nesilme-nesil ýöredilýän synçylyk bolsa, olary dilgir etmändir. Şonuň üçin ýyldyz senenamasy biziň günlerimizde-de öz ähmiýetini ýitirenok diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Şeýle bolansoň, bizem türkmen halkynyň ýöredip gelýän Aý-Gün senenamasy barada mirasgär, Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgüniň direktorynyň orunbasary Çerkez Allajykowdan ad

Sähra pyşdyly

Ýurdumyzyň çäginde pyşdyllaryň 3 görnüşi gabat gelýär. Sähra pyşdyly, Hazar pyşdyly we batgalyk pyşdyly. Olaryň arasynda has giňden ýaýrany sähra pyşdylydyr. Ol dag eteklerinde, sähralyklarda, çölde, jeňňelliklerde we beýleki ýerlerde gök otlaryň köp ýerlerinde ýaşaýar. Bu pyşdylyň bedeniniň arka we garyn tarapy süňk buýnuzdan ybarat bolan gapaklar (çanaklar) bilen örtülendir. Ol üstüne howp abanan wagtynda aýaklaryny we kellesini gapaklarynyň aşagynda gizleýär. Çünki onuň gapaklary örän berk bolup, duşmanlaryndan goranmaga kömek edýär. Pyşdyllaryň gapaklarynyň çalyşma döwründe çanagynda ösüş çyzyklary emele gelýär. Olaryň gapaklarynyň çalyşmasy ýylda 1 gezek bolýar we ösüş çyzyklary boýunça pyşdylyň, takmynan, ýaşyny hasaplap bolýar. Sähra pyşdylynyň bedeniniň uzynlygy 20 santimetre, iň ulularynyňky bolsa 28 santimetre ýetýär. Ene pyşdyllar erkeklerine garanda, ulurakdyr. Gözleri görgür, burunlarynyň ys alşy ýitidir. Pyşdylyň oňurga süňkleriniň kelle we guýruk bölekleri gowy hereketlenip bilýär, beýleki bölekleri bolsa arka tarapyndaky gapagyna hereketsiz berkleşendir. Sähra pyşdylynyň esasy iýmiti otjumak ösümlikleriň ýaşyl baldaklary we dökülen miweleri bolup durýar. Bu süýrenijileriň işjeňligi köplenç olaryň iýmitiniň gögerip çykma

Köwük pişigi

Köwük pişigi ýyrtyjylar toparyna, pişikler maşgalasyna degişlidir. Bu pişikleriň tebigatda «Seýrek görnüş» derejesi berlen ýyrtyjy haýwanlaryň biri bolandygy üçin olar Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşiginiň (TGHB) we Türkmenistanyň Gyzyl Kitabynyň sanawyna şeýle hem Ýitip-ýok bolmak howpy abanýan ýabany ösümlik we haýwan görnüşleriniň halkara söwdasy baradaky konwensiýasynyň (CITES) sanawyna girizildi. Bu jandaryň meýdan alamatlary barada aýtsak, onuň ululygy öý pişiginiňki ýaly bolup, bedeniniň uzynlygy 40 — 57 santimetr, guýrugynyňky 23 — 35 santimetre deňdir, aýaklary gysgarak, uzyn guýruklydyr. Gulaklary uly, çowly uçluja bolýar, duluklaryndaky tüýler ösgün, sakgalsap ýaly sallanýarlar, arka tarapy garamtyl çal reňkde bolup, onuň bedeniniň aşaky tarapy agymtyl reňklidir. Köwük pişiginiň ýurdumyzda ýaýraýşy we ýaşaýan ýerleri Garagumdaky Darjagum sähralygynda, Oktümgum, Çilmämmetgum, Üçtagan, Günorta Gaplaňgyr, Obruçew we Sandykly sähralyklarydyr. Olaryň ýaşaýan ýerleri sazak, sözen, gandym we ownuk gyrymsy agaçlar bilen örtülip, berkeşen, ýarym berkeşen çägeliklerdir gür, gara sazakly ýerlerdir. Bu pişikler aklaň çägeliklerde seýregräk gabat gelýärler. Dag etekleriniň toýunsow we kertli ýerlerine örän seýrek barýarlar. Ol

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... -7 gradus sowukdan -1... +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8... +13 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +3... +8 gradus maýyl bolar.

Reň­be-reň gül açar ýa­şyl ýaý­la­sy

«7/24. tm» № 09 (196), 26.02.2024 Ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne bar­ýan eziz Wa­ta­ny­myz­da hal­ky­my­zyň kö­ňül küý­se­gi­ni gül­led­ýän oňyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň mu­kad­des baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gy esa­syn­da asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den ge­lý­än mil­li gym­mat­lyk­la­ry­myz sar­pa­lan­ýar, dün­ýä ýa­ýyl­ýar. Üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy bol­sa, ede­bi gym­mat­ly­gy­my­za go­ýul­ýan hor­mat-sar­pa­nyň ny­şa­ny bo­lup, Gün­do­ga­ryň be­ýik söz us­sa­dy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň bi­ze gal­dy­ran dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy­ny has-da çuň­ňur öw­ren­mä­ge ba­dal­ga ber­ýär.

Nowruzyndan belli bahar

Bu ýyl «Ahyrky garagyş» giç hem bolsa, öz häsiýetine görä, garly ýagşy, doňaklygy getirdi. «Bu ýyl goşa ýaz boljakmyka?!» diýdiren maýyl günleriň yzy birdenkä sowuk howa ýazdy. Munuň özi gyşyň entek tamamlanmandygyny ýatlatdy. Herhal, halkymyzyň milli senenamasy boýunça togsan günläp dowam eden gyş pasly 21-nji fewralda öz ornuny «Çarwa nowruzyna» berýär-de hoşlaşýar. Bu hoşlaşygyň käbir ýyllarda mart aýyna çenli hem dowam etmesi-de bolýar. Çünki pasyl çalşygy ähli döwürde-de dartgynly geçýär. Aýratyn-da, şu ýylky ýaly maýyl gelen ýyllarynda gyş, göýä birden ukudan oýanan ýaly, «Nädäýerkä?» diýdirýär. Görse-baksa, bütin töwerek ýazyň alamatlary bilen gurşalan. Şonuň üçin togsan dolup, ýere ýyly gidensoň, ol bialaç öz ornuny ýaza bermeli bolýar. Bu barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: Derwüşler köňli jem dursun namaza,Ýigitler ýygylsyn söhbede-saza,Ilimiz ulaşsyn sowulmaz ýaza,Togsan dolup, tamam bolsun gyşymyz! —

Siz muny bilýärsiňizmi?

— Grek hozy diýlip bütin dünýäde tanalýan önümiň watany Gresiýa bolsa-da, söwdagärler ony Russiýanyň çäginden bütin dünýä ýaýradypdyrlar. — Kawkaz ýurtlarynda grek hozunyň agajyna keramatly agaç hökmünde garalypdyr. Önümiň agajy-da, miwesi-de ençeme keselleriň dermany hasap edilipdir. Häzirki wagtda bu ýurtda 400 ýyl ýaşan hoz agajyna duşmak mümkin.

Ýaýlamyzyň ýaraşygy

Düzüminde adama gowy täsir edýän biologik işjeň serişdeler bolan ösümlikler dermanlyk otlar hasaplanylýar. Dermanlyk ösümlikleriň 250-si farmakologiýa synaglaryndan geçip, lukmançylykda resmi taýdan kesel bejermäge ukyply diýlip ykrar edildi. Olaryň has peýdalylary lukmançylykda sintetiki dermanlar bilen bilelikde ulanylýar. Ýapraklarda, gabyklarda, gunçalarda we ençeme beýleki ösümliklerde has gymmatly maddalar bar. Otlar antibiotikleriň, çişe garşy serişdeleriň ýerini tutup bilmeýärler. Lukmanlar özbaşdak ýasalan dermanlaryň käbir ösümlige bolan allergiýa, garaşylmadyk reaksiýa, dermanyň nädogry möçberde berilmegi, ýalňyşlyk bilen berlen dermanyň bedeni zäherlemegi, beýleki keselleriň has möwjemegi ýaly ters ýagdaýlara getirip bilýändigini belleýärler. Dermanlyk ösümlikler bilen meşgullanmak üçin giňişleýin bilim gerek. Haýsy ösümligiň haýsy kesele emdigini bilmekden başga-da, onuň bedeniň beýleki ýerlerine edip biläýjek täsirlerini hem ýatdan çykarmaly däl.

Gözel ýerlere gezelenç

Golaýda ýaşlaryň gözýetimini, dünýägaraýşyny giňeltmek, olary taryhy ýerler bilen içgin tanyşdyrmak maksady bilen TMÝG-niň etrap geňeşiniň, Türkmenistanyň Bathyz döwlet goraghanasynyň bilelikde guramagynda goraghananyň muzeýine gezelenç guraldy. Oňa etrapdaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Gezelenjiň dowamynda bagtyýar ýaşlar türkmen halkynyň baý taryhyna degişli bolan gadymy ýadygärlikler bilen tanyş boldular. Şeýle-de, bu goraghananyň ýolbaşçysy Ilham Çaryýewiň, goraghananyň kiçi ylmy işgäri Akmyrat Geldiýewiň täsirli gürrüňini diňlediler. Olar ýaşlara goraghananyň taryhy, häzirki wagtda goraghanada ýola goýulýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Gözel ýerlere guralan gezelenç ýaşlarda uly täsir galdyrdy.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -10... -15 gradus sowukdan -2... +3 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8... +13 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +2... +7 gradus maýyl bolar.

Obamyň baglary hatar-hatardyr

«7/24. tm» № 08 (195), 19.02.2024 Bagy-bos­san­lyk­da şeý­le bir tä­sin ja­dy bar. Te­bi­ga­tyň bu gö­zel ýe­ri adam­lar­da ýa­kym­ly duý­gu­la­ry oýar­ýar. Ba­gyň bar ýe­rin­de ser­gin, tä­miz ho­wa bar. Ba­gyň bar ýe­rin­de guş­ja­gaz­lar bar, owaz bar. Ba­gyň bar ýe­rin­de ba:r bar. «Bagy-bos­san­lyk» ede­bi­ýat meý­da­nyn­da göç­me ma­na hem eýe bo­lup­dyr. Bu söz aja­ýyp dur­mu­şyň, bag­ty­ýar ýa­şaý­şyň aň­la­dyl­ma­sy hök­mün­de söz us­sat­la­ry ta­ra­pyn­dan hä­zir hem iş­jeň ula­nyl­ýar.