''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 27-nji iýulda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25... +27° maýyl, gündizine +36... +38° yssy bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 25 — 45%.

Tebigat bilen sazlaşyk

Adamzat mydama tebigat bilen arabaglanyşykda bolýar. Ol tebigatdan üzňe hereket edip bilmeýär. Adamyň dogluşy, önüp-ösüşi hem-de ýaşaýşy tebigatyň täsiri astynda bolup geçýär. Aslynda, tebigatda diňe «peýdaly» ýa-da diňe «zyýanly» zat bolmaýar. Adam haýsy-da bir tebigy önümi öz bähbidi üçin ýerlikli ulanyp bilse, onda peýdaly, ulanyp bilmese, ony zyýanly hasap edýär. Mysal üçin, oba hojalyk ekinlerine belli bir mukdarda zyýan ýetirýän haşal otlaryň bolmazlygy käbir jandarlaryň ýitip, ýok bolmagyna sebäp bolýar.

«Diýarda» Diýaryň waspy» atly döredijilik bäsleşigine

Bahara çalymdaş Bathyz Bathyzyň her pasyl neneňsi gözelliklere beslenýändigi dessine göz öňüňizde janlanýandyr. Bu gözel mekanyň arzuwlar ýaly owadan dünýäsi gözellige teşne kalbymyzyň tesellisidir. Bathyz belentligi diýlip ylmy-geografik adalga bilen atlandyrylýan bu mekan hakynda biz nämeleri bilýäris?! Bu dag-depeli relýefi—ýer gurluşy bolan künjek Parapamyz daglarynyň demirgazyk dag etegidir. Onuň käbir ýerleri deňiz derejesinden 1300 metr belentlikde ýerleşýär. Belentlik güýçli  kontinental çökündileriň gatlaklaryny özünde jemleýär. Bu gatlaklar digir-digir bolup duran toýunsow, gumdaşly, çägesöw topraklardyr. Bathyz belentliginiň günbatar tarapynyň relýefi—ýer gurluşy kuestli, ýagny ýapgytly ortaça dag, gündogar tarapy depeli dag hökmünde kesgitlenendir. Depeleriň gerişlerinde, erezlerinde, dereleriň düýbünde we çöketlik ýerlerde bolsa güberçek, keş çekilip, ekin ekip bolýan topraklar hem-de gumaksy topraklar duş gelýär. Ine, Bathyz belentligi hakyndaky käbir ylmy-geografiki maglumatlar. Belentligiň tutuş durky bolsa halk dessanlarymyzdaky waspy ýetirilýän Erem bagynyň keşbini ýadyňa salýar.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 26-njy iýulda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 12 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 20 — 40%.

Täsin tokaý

Dünýädäki dürli-dürli tokaýlar barada biz bilýäris. Emma olaryň arasynda has täsin we özboluşly gurluşy boýunça tapawutlanýan tokaýlar hem bardyr. Şeýle tokaýlaryň biri hem Polşanyň Gryfino şäherinden 40 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu ýerde daragtlar egri ýaý görnüşli ösýär. Alymlar bu agaçlaryň beýle adaty bolmadyk görnüşde nädip ösýändigine henizem jogap tapyp bilmediler. Bu tokaý 1930-njy ýyllaryň başynda ekildi. Goraghananyň meýdany takmynan 1,8 gektara barabar. Elbetde, bu tokaý tebigy ýadygärlik bolany üçin döwlet tarapyndan goralýar. Tokaýda umumy 400 töweregi agaç bolup, olaryň ählisi sosna. Olaryň daşky görnüşi, hakykatdanda, täsin görünýär. Bu agaçlar ýerden 25-30 santimetr belentlige ösenden soňra birden öz ugruny demirgazyga tarap egreldýär, soňra bolsa ýaýy şekillendirip, ýene öňki ýagdaýyna gaýdyp gelýär. Täsin tarapy agaçlaryň hemmesi birmeňzeşdir. Tokaýa ýörite rugsatnama arkaly goýberilýär. Agaçlary çapmak we olara zyýan ýetirmek bu ýerde kanun tarapyndan gadagan edilendir.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 25-nji iýulda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26... +28° maýyl, gündizine +40... +42° yssy bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 5 — 25%.

«Köwata» ýerasty köli

Türkmen topragynda tebigatyň döreden onlarça täsinlikleriniň has ajaýyplarynyň biri «Köwata» ýerasty kölüdir. Ol Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan obasynyň günorta-gündogarynda, Akdepe obasynyň günorta-günbatarynda, Merkezi Köpetdagda ýerleşýär. Bu ýerasty kölüň geologik gurluşy özboluşly täsinlige eýedir. Alymlar onuň emele gelen wagtyny örän irki döwürlere, baryp, ýokary ýura döwrüne degişli hasaplaýarlar.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +26... +31 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +38... +43 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +33... +38 gradus yssy bolar.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 22-nji iýulda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +25° maýyl, gündizine +37... +39° yssy bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 21-nji iýulda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +25° maýyl, gündizine +37... +39° yssy bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Baldan datly gawunlar

Dünýä ýüzünde türkmeniň ajaýyp gawunlaryndan süýji, bir gezek datsaň, ömürboýy unudylmajak şirin tagamly gawun tapylmasa gerek. Türkmen gawuny türkmeniň mähri, azaby bilen ýugrulyp, tenekara öwrülen nygmatdyr. Biziň gawunlarymyza topragymyzyň üýtgeşik sahawaty, durnagöz suwumyzyň ýokumy, sergin howamyz, gurakdan ýakymly güneşimiz, iň esasy bolsa, işjanly daýhanyň alyn deri siňendir. Türkmen gawunlary türkmen daýhanlarynyň uly azaplarynyň şirin rehnedidir. Geçmişde häzirki ýaly ýyndam ulaglaryň ýok wagtlary hem, ata-babalarymyz türkmen gawunynyň owazasyny dünýä derejesine ýetirip bilipdirler. Türkmen gawuny Çyn-Maçyn ilinde, Hindistan, Arap ýurtlarynda gyzyldan gymmat bahalanypdyr. Häzirki wagtda-da şirin-şeker tagamly gawunlarymyz şol ýurtlardan bu ýerlere gelýän myhmanlary haýran edýär. Türkmen gawunlary biziň üçin edil tamdyrdan çykan nan ýaly mukaddesdir. Ata-babalarymyz gawuny ýörite sebetlere salyp, zaýalanmaz ýaly, gapdallarynda sowuk suw goýup, uzak ýurtlara äkidipdirler.

Siz bulary bilýärsiňizmi?

— Gawun kädiler maşgalasyna degişlidir. Gawunyň ilkinji watany Merkezi we Kiçi Aziýa hasaplanýar.

Nurly daşyň ýalkymy

Paraiba turmalin daşynyň bir görnüşi bolup, onuň mawy, asman gök reňklisi paraiba diýlip atlandyrylýar. Paraiba zergärçilik bazarynda dessine özüni aldyran gymmat bahaly daşlaryň biridir. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda aýratyn bir görnüş hökmünde tanalyp başlananlygyna seretmezden, paraiba köp sanly hususy kolleksiýalaryň täji hasaplanýar. Bu daşyň ady Braziliýanyň Paraiba ştaty bilen bagly bolup, ol Günorta Amerikanyň gündogarynda ýerleşýär. Paraiba ýataklary bir asyrdan gowrak wagt bäri özleşdirilip gelinýär. Bu ýerlerde ýaşyl turmalinler we uly ametistler köpden bäri gazylyp alynýar. Bu ýataklaryň ähli gözleýjileri bu ýerlerde indi üýtgeşik bir mineralyň bolup biljekdigine ynanmandylar. Diňe Heýtor Dimas Barboz atly adam şol pikiriň ýesiri bolupdyr. Ol XX asyryň 80-nji ýyllarynyň başynda özi bilen pikirdeş adamlardan topar düzüp, gymmat bahaly daşyň gözlegine çykýar. Bu ýerden hiç kimiň görmedik daşyny tapyp boljakdygyna çyn ýürekden ynanýar we onuň umydy wysal tapýar. Emma täleýiň bu adam bilen ýowuz oýun gurandygyny aýdýarlar. «Ajaýyp gök daşlaryň kiçijik ýatagyny tapdym» diýende, Barboz hassahana düşýär. Şatlykly, bagtly pursatlar onuň ýüregine, saglygyna ýaramaz täsir edýär. Soňra sagalyp, hemme zat gowulanýaram welin, magdançy hassahanadan çykýa

Täleýnama Ýyldyzlar näme diýýär? Awgust 2023

HAMAL Guzy 21.03 — 20.04 Ýyldyzlar hamallary durmuş gowulyklary bilen sylajakdyklaryna söz berýärler. Hamallar geljek üçin meýilleşdirýän etsem-goýsamlarynyň binýadyny hem şu döwürden tutsalar, işleri şowuna bolar. Olar täze mümkinçiliklerden peýdalanyp, işlerini jäht tutmalydyrlar. Bu aýda hamallar özlerini ruhubelent we keýpiçag alyp bararlar. Şonuň üçin hem başlan işleri şowlulygyň üstünden elter. Olar ýokary tejribeli adamlar bilen maslahatlaşsalar, hünärlerine degişli edebiýatlardan peýdalanyp, gözýetimlerini baýlaşdyrsalar, işlerinde uly üstünlik gazanarlar. Durmuşlarynda ýakynlary bilen käbir meselede sowallaryň ýüze çykmagy mümkin. Ýyldyzlar hamallara ýaramaz pikirlerden daşda durup, olar bilen dil tapyşmaklaryny maslahat berýärler.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 20-nji iýulda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +25° maýyl, gündizine +35... +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 30 — 50%.

Yssydan goranmagyň düzgünleri

Tomus — howanyň aşa gyzýan möwsümi. Bu günlerde Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly. Tomsuň yssy günlerinde açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýmek, Günüň şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan ulanmak, arassa agyz suwuny ýanyňyz bilen almak maslahat berilýär. Günüň dowamynda gerekli mukdarda arassa agyz suwuny içmek peýdalydyr. Tomsuň yssy günlerinde daglara, açyk meýdana gezelençleri guramazlyk, meýdanda işleýän adamlara möwsüme görä geýinmek we başgaply bolmak maslahat berilýär. Gartaşan we dowamly keselli adamlar lukman gözegçiliginde bolmaly. Gan basyşyny, gandaky süýjiniň mukdaryny gözegçilikde saklamaly, lukman tarapyndan bellenilen derman serişdelerini ulanmaly hem-de bejeriji berhizi doly we dogry berjaý etmeli. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan wagty daşary gezelenje çykmak maslahat berilmeýär.

Gyzgylt gotan

Gyzgylt gotan Türkmenistanyň çäginde Sarygamyş, Gyzylburun, Soltandag köllerinde, Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň garamagyndaky Ýerajy tebigy çäkli goraghanasyna degişli bolan köllerde, Hanhowuz, Saryýazy suw howdanlarynda, Hazar deňziniň kenarlarynda duş gelýär. Gyzgylt gotanyň bedeniniň uzynlygy 185, ganatlarynyň gerimi 380 santimetre çenli bolup, agramy 5,5 — 15 kilogram töweregidir. Guýrugy gönüräk bolup, 24 sany aýlawly ýelekden ybarat. Guýrugynyň uzynlygy, takmynan, 23 santimetre golaýdyr. Çüňki uzyn hem ýogyn bolup, uzynlygy 35 — 46 santimetre ýetýär. Gotanyň boýny uzyn, aýaklary bolsa gysgadyr. Uly boýunhaltasy süýnmek şekillidir.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19... +24 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +36... +41 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +30... +35 gradus maýyl bolar.

Tebigatyň aýdymy (Şahyrana oýlanma)

Biziň daşymyzy gurşap alan tebigat barada ýeke sözde pikiriňi beýan etmeli bolsa, men oňa «gözellik» diýerdim. Sebäbi islendik zatda özboluşlylygyň, gaýtalanmaýan täsinligiň bolmagy bizi ilkinji bakyşdan özüne imrindirýär. Onsoň günüň-gününe gözümiz düşüp ýören şol täsinligiň içine tutuş süňňümiz bilen siňip gidýäris. Şeýdibem oňa örkümiz baglanýar. Aslynda, biziň özümiz tebigatyň bir bölegi. Şonuň üçinem şatlykdan göwnümiz göterilende-de tebigaty küýseýäris. Şonda daş-töweregimiz öňküsindenem has gözelleşen ýaly bolýar. Şeýdip tebigat seniň bilen begenjiňi paýlaşýar. Bir gezek, näme sebäpdendigi ýadyma düşenok, kalbymy şeýle bir gussa gaplady. Eden işim tersine, gürleşenim bilenem sözüm alşanok. Garaz, tutuş dünýä şol gün meniň garşyma çykana döndi. Onsoň öýde oturyp takat tapman, hemişekije gaçybatalgama özümi atdym. Gaçybatalga diýýänim — çagalygymdan deň-duşlarymyz bilen dürli oýunlara gümra bolup, wagtymyzy geçiren gözel künjegim. Ol gözelligiň kalba eçilýän melhemini, süýjüligini dünýäniň hiç bir künjeginden tapyp bilerin öýdemok. Wagt geçdigiçe-de ol ýeriň täsirliligi artyp barýan ýaly. Megerem, munuň sebäbi ol ýerde çagalygymyň iň süýji pursatlarynyň geçendiginde bolsa gerek. Setirlenişip oturan söwüt

Köpetdag kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 144, 160-njy sanlarynda). Gaba daşlar