''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Köýten obasy

Köýten daglary güneşli Diýarymyzyň günorta-gündogarynda ýerleşýän dag ulgamydyr. Belli türkmen dilçi alymy Soltanşa Atanyýazowyň «Söz mülküne syýahat» diýen gysgaça toponimiki sözlüginde: «Ilki obanyň hem-de derýanyň ady bolan Köýten «Kuhi taň», pars-täjik dillerindäki «kuh» —«dag» we «teň» — «dar» sözlerinden emele gelip, «dar jülge» diýen manyny aňladýar» diýlip bellenilýär. Köýten adalgasynyň gelip çykyşy barada başga-da çaklamalar öňe sürülýär. Bilşimiz ýaly, türk dilinde oba, ilatly ýere «Köý» diýilýär. Köýten obasy dar jülgede ýerleşýär. Obanyň iki tarapy-da daglyk bolup, diňe günortan bolaýmasa galan wagtynda oba dagyň kölegesinde galýar. Şu ýagdaýy göz öňünde tutsak, onda «Köýten» sözi kölegedäki oba diýen manyny berýändir diýen çaklamany öňe sürmek mümkindir.

Ýeroýlanduz — täsin ýer

Garaşsyz ýurdumyzyň çäklerinde tebigatyň ajaýyp gözelliklerine baý ýerler, täsin künjekler örän köp bolup, olaryň her biri öz aýratynlyklary bilen ünsi çekýär. Şeýle ýerleriň biri-de Murgap hem-de Tejen derýalarynyň aralygynda, Hindiguş daglarynyň demirgazygynda giň meýdany tutýan Bathyz belentliginiň Ýeroýlanduz çöketligidir. Ini 10, uzynlygy 25 kilometre barabar bolan bu çöketlik ilat arasynda Babaçöňňe diýlip hem atlandyrylýar. Onuň çuňlugy 500 metre ýetýär. Bu çöketligiň howasy beýleki künjeklere garanyňda hemişe 5 dereje ýylylygy bilen tapawutlanýar. Bu hem ondaky ösümlikleriň başga ýerlerdäkiden 10 — 15 gün öň janlanmagyna sebäp bolýar. Ýeroýlanduz çöketliginiň döremegine Tetis deňziniň aşagynda emele gelen wulkan ojagy täsir edipdir diýen çaklama öňe sürülýär. Şol döwürde ýeriň jümmüşindäki gaýnag magma ýokary göterilip, çöketlikdäki belentlikleri, baýyrlyklary «ýasapdyr». Şunlukda, onuň demirgazyk böleginde beýikligi 155 metre ýetýän Gazan hem-de Gyz Gupba depeleri peýda bolupdyr.

Ösümlikler hakda täsinlikler

Salkyn saýaly toraňňy

Türkmen tebigatyny baýlaşdyrmakda, amatly howa şertlerini döretmekde  ösümlikleriň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzda ýaprakly, pürli we gyrymsy agaçlar, otjumak we gül ösümlikleri tebigy şertlerde ösüp, ägirt uly gök zolagy emele getirýärler. Söwütler maşgalasynyň derek urugyna degişli bolan toraňňy agajy hem eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyna özboluşly bezeg berýär. Ol ýurdumyzda derýalaryň, kanallaryň, ýaplaryň kenarlarynda, ýerasty suwa ýakyn bolan çägelik ýerlerde ösýär. Toraňňy şora çydamly agaç bolup, şor toprakly ýerlerde ekilende, şol ýeriň topragyny şorsuzlandyrýar. 30 ýyla çenli ýaşan agajynyň beýikligi 9,5-10 metre çenli ýetýär. Ýekelikde açyk meýdanlarda ösende, beýikligi 15-18 metre hem ýetip bilýär. Gabarasynyň giňligi 15-25 metre, baldagynyň ýogynlygy 60-70 santimetre ýetýär. Ýaprak çykarmazyndan öňürti mart-maý aýlarynda gülleýär. Toraňňy 100 ýyla çenli ýaşamaga ukyply agaçdyr.  Bu agaç gorag zolaklaryny döretmekde, derýalaryň, kanallaryň, ýaplaryň kenarlaryny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ol seýilgähleri döretmekde hem giňden ulanylýar.

Köpetdag kyssalary

Daşlar hem yrymlar Yrym — bir zady ýagşylyga ýormak däbi. «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» bu söze şeýle düşündiriş berilýär. Adamyň durmuşyna gadym döwürlerden bäri çuň ornaşan daşlar bilen bagly yrymlar, aslynda, milli medeniýetimizde barmyka? Bolan bolsa gerek! Sebäbi başga zatlar bilen bagly yrymlar şu wagtam dowam edip gelýär-ä! Mysal üçin, zerurlyk ýüze çykyp, goňşudan ajy zat alnanda, onuň ýanyna jübüt edilip, süýji nygmatyň (iki düwür gandyň, kempudyň) goşulyp berilmegi ýa-da gijede-girimde gatykdyr süýt ýaly ak zatlar dilenip gelnende, ony bermegiň düzgüni halkymyzda berk saklanýar. Sebäbi bular adamlaryň arasynda hormaty hem mähremligi artdyrýar.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 2-nji awgustda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +40... +42° yssy bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Gözel tebigaty goralyň!

Diýarymyzyň gözel tebigatyny ýangyndan goramak we bu ugurda howpsuzlyk düzgünlerini üpjün etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şondan ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tebigatyň gözel ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek barada öz maslahatlary bilen ýüzlenýär. Tokaý seýilgäh zolaklarda, daglarda, öri-sähra meýdanlarda zähmet çekýän işgärleriň arasynda jogapkär ýolbaşçylar tarapyndan ýangyn howpsuzlyk kadalary barada gönükdiriş gürrüňdeşlikleri geçirilmeli, berkidilen çäklerde degişli kadalary beýan edýän diwarlyklar, ilkinji ýangyn söndüriş enjamlary bilen üpjün edilen ýangyn germewleri oturdylmaly. Ösüp duran baglaryň arasyny guran haşal otlardan arassalamaly, hatar hem zolak aralarynda sürüm işlerini geçirip, ýangyn howpsuzlyk zolagyny döretmeli. Uly baglaryň howa arkaly geçirilen elektrik tok geçirijileri bilen galtaşýan ýerlerinde ýangyn howpy döremezligi üçin şahalaryny kesip aýyrmaly. Çäklerde işledilýän tehnikalaryň tüsseçykarlaryny uçgun söndüriş enjamy bilen üpjün edip, tehniki ýagdaýynyň gurat bolmagyny gözegçilikde saklamaly.

Ýagşydan bag galar

Ynsan durmuşyny tеbigatdan üzňе göz öňünе gеtirmеk mümkin däl. Tеbigatyň dörеdýän gözеlligi göwnüňi götеrýär. Bu bоlsa tеbigatda adamyň duýgusyny, pikir-garaýyşlaryny ganatlandyryp, içki dünýäsini hеýjana salyp bilýän täsin bir güýjüň bardygyny mälim edýär. Adamlar ir döwürlеr tеbigat bilеn dоstlaşyp, оnuň gözеlligindеn lеzzеt alypdyrlar. Ata-babalarymyz ýaplaryň, salmalaryň bоýuna miwеli, saýaly agaçlary оturdyp, dal daragtlary ýеtişdiripdirler. Enе tоpraga еkilеn ekinlеr, оturdylan agaç nahallary adam yhlasy bilen kеmala gеlip, rysgal-bеrеkеdini bоldan eçilýär. Tеbigat bilеn bagly pikirlеrе bеrildigiňçе, şahyrana şu sеtirlеr sеriňе dоlýar: «Kim-dе kim bir agaç eksе ýadygär, dünýä kitabynda оnuň ady bar». Gоja Köpеtdagda bitýän arçalary, kеrkawlary, böwürslеnlеri görеniňdе, türkmеn tеbigatynyň keramatdygyna göz ýеtirýärsiň. Gyşyn-ýazyn gök öwsüp оturan arçalar dag tеbigatynyň bеzеgi. Ylaýta-da, türkmеn arçasynyň özbоluşly aýratynlygy bar. Onuň garamtyl-ýaşyl rеňkli pürlеri mör-möjeklеri ýоk etmеk häsiýеtinе eýеdir. Arça tokaýlarynyň arassa hоwasynyň adamlaryň şähdini açyp, ruhubеlеnt edýändigi, dagda gеzýän haýwanlaryň sökelliklerine mеlhеm bolýandygy halkymyza oza

Güjüm

«Bir nahal ekseň ýaşyň baky», «Ýüz agaç eken oduna gitmez», «Ýaşlygynda nahal ekmedik, garranda oturmaga kölege tapmaz» diýen ýaly çuň manyly nakyllary döreden pederlerimiz adamzadyň durmuşdaky ähli zerurlyklary, ilkinji nobatda, tebigatdan alýandygyna çuňňur düşünmek bilen, oňa örän aýawly çemeleşipdirler. Dürli miweli, saýaly baglary ekip, ýetişdirip geljekki nesillere ýetirmegi sogaply hem parz iş hasaplapdyrlar. Şolaryň arasynda güjüm, dagdan, kerkaw, çynar, tut ýaly agaçlar aýratyn arzylanypdyr. Baý ösümlik dünýäsine eýe bolan türkmen topragynda, beýleki peýdaly agaçlar bilen birlikde, güjüm agajynyň hem birnäçe görnüşi ösýär. Bu täsin agaç öňler, esasan, Daşoguz welaýatynda köp ýetişdirilen bolsa, häzirki wagtda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde diýen ýaly ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň ekologik taýdan-da, gündelik durmuş zerurlygy jähetinden-de ähmiýeti hemişe uly bolupdyr.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 1-nji awgustda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: açyk howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26... +28° maýyl, gündizine +40... +42° yssy bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Gökdere — çagalaryň sapaly jülgesi

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +26... +31 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +37... +42 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +31... +36 gradus maýyl bolar.

Asuda tebigatyň goragynda

Parahat durmuşda ýaşaýan mähriban halkymyz daşky gurşaw bilen sazlaşykda tebigatyň dilini tapyp ýaşapdyr. Her bir ot-çöpi müň derde derman, ýowşan ysly ýaýlalaryň giňligi, çeşme-çaýlaryň çasly akmasy, joşgunly derýalaryň dolup-daşmasy — bu görnüşleriň ählisinde merdana halkymyzyň göwün giňligi, sylanyşykly häsiýeti, asyrlarboýy saýlap alan ýoluna çäksiz ygrary görnüp dur. Kalby sahy halkymyza eşretler serpaýyny ýapan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri parasat kökleri müňýyllyklara uzaýan ilimiziň bu asylly ýörelgeleriniň gadyr-gymmatyny arşa göterdi. Bu ýörelgeleriň her birimiziň kalbymyzda mäkäm orun almagy kalbymyzy mähir ýylysyna çoýýar. Tomus paslynyň howasynyň aşa gyzýan günleri tebigaty goramak meselesiniň wajyplygy hasam artýar. Bu zerurlyk, aýratyn-da, tutuş halkymyzyň tükeniksiz mähir-yhlasyndan dörän emeli tokaýlyklary goramakda has-da ýiti duýulýar. Ese-boýa galyp, göreniň gözüni dokundyrýan millionlarça düýp bag şu günki nesilleriň geljege gymmatly serpaýydyr. Türkmenler owal-ahyr öz topragyny mukaddeslik saýypdyr. Parahatçylygyň, abadançylygyň, dowamatyň hatyrasyna asyllylygyň, zähmetsöýerligiň ajaýyp göreldesini görkezipdir. Nesiller bize bakylygyň güwäsi bolan baglary ekendigimiz üçin minnetdar bolarlar. Tebigat b

Sugun — täsin jandar

«7/24 tm» № 31 (166) 31.07.2023 Amy­der­ýa­nyň ke­nar­la­ryn­da se­leň ýer­ler az däl. Ýö­ne ol se­leň­lik­de baş­ga dür­li jan­ly-jan­dar­la­ra ga­bat gel­se­ňem, su­gun­la­ra aň­sat-aň­sat du­şaý­mar­syň. Ýog­sam Amy­der­ýa­nyň aky­my­nyň hem-de oňa ýa­kyn ýer­leş­ýän çöl bö­lüm­le­ri­niň eko­lo­gi­ki ul­gam­la­ry tüýs şeý­le jan­dar­la­ryň ýaý­nap ýa­şa­ma­gy üçin örän amat­ly şert­ler bi­len üp­jün­dir. Ul­gam-ul­gam çä­ge­lik­ler, ak­laň­lar, şor­luk­lar bol­sa tüýs özü­ňi göz­le­r­den giz­le­mek üçin oňaý­ly şert dö­red­ýän gy­rym­sy agaç­la­ryň me­ka­ny bo­lup dur­ýar. Jeý­hu­nyň wag­tal-wag­tal ugruny üýt­ge­dip dur­ma­gy ne­ti­je­sin­de asyr­la­ryň do­wa­myn­da eme­le ge­len jeň­ňel ekoul­ga­my Amy­der­ýa döw­let te­bi­gy go­rag­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan gö­zeg­çi­lik­de sak­la­nyl­ýar.

Suw towugy

Ýurdumyzyň özboluşly haýwanat dünýäsi täsin görnüşlere juda baýdyr. Olaryň hatarynda tebigatymyza aýratyn bezeg berýän guşlaryň aýratyn orny bar. Guşlaryň dünýäde 9 müňe golaý görnüşi bolup, Türkmenistanda olaryň 422-si duş gelýär. Daglyk-belentlik ülkelerde, sähra ýerlerinde, suwlarda we batgalyklarda, ilatly ýerlerde ýaşaýan guşlar öz aralarynda biri-birinden tapawutlanýarlar. Ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň arasynda suw towugy hem bar. Ol suw towuklary maşgalasyna degişli bolan, bedeni gara reňkli, arkasy we ganatlary garamtyl goňur reňkli bolan guşdur. Maňlaýyndaky sakar ýeri gyzyl reňkli. Suw towugynyň çüňki gysgadyr we çalymtyl sary reňklidir. Onuň aýaklary ýaşyl reňkli bolup, barmaklarynyň arasynda ýüzüş perdeleri bolmaýar. Beden uzynlygy 27 — 35 santimetr aralygynda bolup, agramy 0,3 kilograma çenli bolýar.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 29-njy iýulda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: açyk howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26... +28° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Özgertmeleriň tebigylygy — ösüşiň üznüksizligi

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli ugurlaryny öz içine alýan, yzygiderli dowam etdirilýän düzümleýin we hukuk-guramaçylyk özgertmeleriniň çäginde ýakynda Ministrler Kabinetiniň ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine garalan giňişleýin mejlisinde degişli resminamalara gol çekdi. Şeýlelikde, dünýädir sebit we ýurt, hatda her künjek derejesinde barha ähmiýeti artýan ulgamlar — ekologiýa we oba hojalygy özbaşdak pudaklara öwrüldi. Tebigatyň dynuwsyz we özara baglanyşykly hereketi onuň ýeke-täk aňly zürýady–— adamzada, soňra ynsan aňyndan dörän jemgyýetine-de geçip, dünýäniň birbada iki zatda — bitewülik babatda-da, ösüş jähetinden-de mizemez üznüksizligini düzýär. Muňa ähli ösüşleriň gözbaşyny öwrenýän we özgerişleri tizleşdirmäge uly goşantly, «ylymlaryň ylmy» diýlip tanalýan filosofiýada «dialektika» diýilýär. Diýmek, dünýäniň ösüş we özara baglanyşyk-üznüksizliginde ýaşamagyň özi dialektika kanunyna tebigy boýun bolmagy aňladýar. Şeýlelikde, adamzat tebigatyň dynuwsyz üýtgeýiş raýyna görä, öz ýaşaýyş-durmuş şertlerini sazlamaga çalyşýar. Bu mizemez ählumumy kanun ylmyň ösmegi bilen has içgin, çuňňur we dogry-doly öwrenilip, ynsan ýaşaýşynyň has-da tebigy, eşretli, amatly-rahat bolmagyna mümkinçilik artýar.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 28-nji iýulda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 30 — 50%.

Saýasy şypaly baglar

Jöwzaly yssyda saglygymyzy goramaga berýän ünsümizi artdyrmalydygymyzy bize lukmanlar maslahat berýärler. Şolaryň hatarynda günüň yssy bölegini salkyn, saýaly ýerde geçirmek hem maslahat berilýär. Şeýle salkyn ýerleri bize tebigatyň gözelligi bolan baglar bolluk bilen eçilýär. Ýurdumyzda saýaly agaçlaryň dürli görnüşleri ösýär. Güjüm. Ýurdumyzdaky iň gür saýaly agaçlaryň biri güjümdir. Ol Daşoguz welaýatynyň çäginde köp ösýär. Başynda gümmez şekilli «täç» bolan bu daragtyň goýry saýasy jöwzadan ygtybarly penadyr. Belent boýly, uzak ýaşaýan güjüme başgaça garagaç hem diýilýär.

Türkmen tebigatynyň gözelligi

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde,  tebigatymyzyň ilkibaşky keşbini aýawly saklamak, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak boýunça wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 14-nji iýulyndaky Permany bilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi döredildi. Bu bolsa häzirki döwürde ýurdumyzda daşky gurşawy goramak babatdaky döwlet ekologiýa syýasatyny has netijeli amala aşyrmagyň döwletiň esasy üns merkezinde durýandygyny görkezýär. Döwletimiz BMG-niň tebigaty goramakda örän ähmiýetli resminamalaryň  birnäçesine, ýagny çölleşmäge garşy göreşmek hakyndaky konwensiýa, Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýa, Kioto teswirnamasyna, Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena konwensiýasyna hem-de Ozon gatlagyny weýran edýän maddalara degişli Monreal teswirnamasyna, Bazel we Orhus konwensiýalaryna, BMG-niň suwly batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar konwensiýasyna goşuldy. Ýurdumyzda bu halkara resminamalardan gelip çykýan borçnamalaryny amal etmek bilen, adamlaryň we raýatlaryň sagdyn ýaşaýşyny, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler toplumlaýyn amala aşyrylýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan işlenilip taýýarla