''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Krokodilmi ýa balyk?

Ýasy kelleli balygyň bedeniniň arka tarapy garamtyl goňur reňkli, aşak tarapy bolsa agymtyl çal reňkdedir. Balygyň bu görnüşiniň kellesi, göwresi we guýrugy adyna görä ýasy bolýar. Onuň kellesinde süňkden daraklyk we ösüntgi bolup, bedeni teňňeler bilen örtülendir. Bu balygyň arka tarapyndan başlap, guýruk ýüzgüjine çenli 50 santimetr uzynlykda gara zolak geçýär. Balygyň bedeniniň uzynlygy 70 – 120 santimetr, agramy bolsa 7 – 15 kilogram aralygynda bolýar. Ýasy kelleli balyga Awstraliýanyň we Günorta-Günbatar Aziýanyň tropiki we aram klimatly zolaklaryndaky deňizlerde duş gelmek bolýar. Olar deňziň düýbüniň 10 – 100 metr çuňlugyndaky çägeli, gyrmançaly ýerlerinde ýaşaýarlar. Deňziň düýbünde ýaşaýandygy sebäpli, az hereketli bolýarlar. Balyk köp wagtyny deňziň düýbünde iýmite garaşyp geçirýär. Onuň töweregine ownuk balyklar we leňňeç şekilliler gelse, ol suwy sormak arkaly olar bilen iýmitlenýär.

«Ak alnyňda bir söz diýem...»

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Atamyň inisi bardy, Piri däde diýýärdik. 1941 – 1945-nji ýyllardaky Ikinji Jahan urşuna gatnaşan adamdy pahyr (ýatan ýeri ýagty bolsun). Her gezek nahar-şamdan soň «Dünýälere parahatlyk bersin!» diýip, dileginiň üstüne goşardy. Sessiz soragymyza jogap bermänkä, ok geçensoň çala ýumulýan sag elini sypalap:

Şäherde guşlar saýranda

Gojaman Köpetdagyň iň bir owadan, ekologiýa taýdan arassa ýerinde «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurlan Arkadag şäheri özüniň döwrebap durmuş-medeni maksatly binalary, tebigat gözelligi, dag ekoulgamynyň owadan keşbi bilen sazlaşykly tebigy gözelligi emele getirýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Meýdan ýoluksa» atly goşgusynda «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýip belleýşi ýaly, bu ajaýyp şäheriň tebigat bilen sazlaşykly gözelligini synlamak her bir ynsan üçin örän ýakymlydyr.

Mizan — tebigatyň ajaýyp döwri

Sentýabr aýy ýyldyz senenamasy boýunça Ýaldyrak döwründen Mizan döwrüne geçilýän aýdyr. Sentýabryň 23-i gündiz bilen gijäniň güýzki deňleşýän günüdir. Bu aýda howa barha dury bolup, gözýetimiň giňişlikleri, daglaryň gerişleriniň gözel görnüşleri açylýar. Durnalaryň uçup geçmegi, maýda guşlaryň topar-topar bolup uçup baryşlary arzyly güýz möwsüminiň gelendigini alamatlandyrýar. Güýzde tebigat tyllaýy reňkde öwşün atýar. Köpsanly birýyllyk hem köpýyllyk otjumak ösümlikler güllemegini dowam etdirýär. Gumaklyk sährada ösýän gara we ak sazaklaryň tohumy bişip ýetişýär. Darganata tokaýlyklarynda aýyň ahyrynda güýzüň ilkinji alamatlary peýda bolýar. Tokaý derekleri bolan toraňňylaryň we petdeleriň ýapraklary saralyşyp ugraýar. Dänelileriň iň bitginlisi bolan gargy gülleýär. Olaryň uly tozgalary güneşiň astynda kümüşsöw reňkde ýyldyraşýarlar.

Peýdaly guş

Baýguşlaryň dünýäde 133 görnüşi, Türkmenistanda 9 görnüşi duşýar. Olar çuňlukda hin gazyp ýaşamaga uýgunlaşandyr. Baýguşlar dyrnaklarynyň ýelek örtüklidigi we gulaklarynyň ýokdugy bilen tapawutlanýar. Gyşyna mart aýyna çenli uka gidýär. Baýguş oba hojalyk ekinlerine zyýan bermeýär. Onuň çüňki kiçiräk, dyrnaklary egri, arkasy sargylt-goňur, gözleriniň töwereginde uçlary gara, ösgün ak ýelek bolýar. Garnynyň asty selçeňräk goňras tegmilli, döşüniň we aýagynyň ýelekleri agymtyl, ganatlary garamtyl-goňur, guýrugy goňras, uçlary agymtyl. Ganatynyň uzynlygy 15 — 18 santimetr. Olar köne haýatlarda, harabalarda we gaýa jaýryklarynda hin gazmaga ukyplydyr. Martyň ahyrynda, aprelde höwürtgeläp, 4 — 8 sany ýumurtga guzlaýar. Apreliň ahyrynda, maý aýynyň başynda bolsa jüýjeleri çykýar. Maýda gemrijiler we guşlar, suwulganlar, mör-möjekler bilen iýmitlenýär. Diňe alagaraňkyda däl, eýsem, gündizine hem aw awlaýar. Gemrijileri we zyýanly mör-möjekleri ýok edip peýda getirýär. Adamlaryň ýaşaýan ýerlerinde duş gelse, betbagtlylyk getirýär diýen ynançlar esassyzdyr.

Biler bolsaňyz...

Saryja goýunlaryň ýazky ýüňünden örme el işleri, haly üçin ýüplükler taýýarlanylýar. Güýzlük ýüňünden bolsa keçe basylýar. * * *

Garasar

Garasar obalarda, ekin meýdanlarynda, daglarda duş gelýär. Oturymly ýaşaýan bu guş dürli görnüşli bolup, dünýäniň köp ýurtlaryna ýaýrandyr. Olardan ala we gara görnüşleri biziň ýurdumyzda ýaşaýarlar. Garasar höwürtgesini dag gowaklarynda, jaýlardyr baglaryň üstünde ýasaýar. Ýumurtga basyrmak möhleti 15 gün töweregi bolup, 5 — 6 ýumurtga basyrýar. Onuň jüýjeleri 20 güne çenli höwürtgede bolup, soňra özbaşdak ýaşap başlaýarlar.

Muny bilmek gyzykly

Teneçiriň gözüniň içinde 28 müň sany kiçijik göz bar. * * *

Lotos güli

Lotos — suwda gögerýän owadan gülli ösümlik bolup, ol gadymy Müsürde tämizligiň, päkligiň, mukaddesligiň we rysgal-berekediň nyşany hasaplanylýar. Müsürlileriň ynançlaryna görä, eger Nil derýasy joşanda, lotos güli köp gögerse, onda şol ýyl bereketli bolup, ene toprak bol hasyl eçilermiş. Gadymyýetde lotos hasyllylygyň perisi Izidanyň güli hasaplanylypdyr. Izidanyň tagty hem lotos gülünden eken. Müsürliler Günüň hudaýy Osirisi Lotosyň ýapragynyň üstünde, ýagtylygyň hudaýy Gory bolsa gülüň üstünde oturan keşbinde suratlandyrypdyrlar. Ondan başga-da, lotos patyşalaryň täjini, gelin-gyzlaryň başgabyny bezäpdir. Lotos hindileriň tugrasynda hem suratlandyrylýar. Gadymy Hindistanda ýer suwuň ýüzünde açylan lotos güli şekilinde, jennet bolsa gülgüne lotosyň gülleýän köli ýaly bolmaly diýlip pikir edilipdir.

Ýadygärlikler mekany

Häzirki wagtda Köýtendagyň biodürlüligi 2000-den gowrak görnüşden ybaratdyr. Köýtendagyň florasynda halk we ylmy lukmançylygynda ulanylýan dermanlyk ösümlikleriň 130-dan gowragy duşýar. Bu ýerde ösýän ösümlikleriň sekiz görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ikinji neşirine girizilendir. Häzirki wagtda goraghananyň çäklerinde ösümlik örtügi dikeldildi. Munuň şeýledigine zerewşan arçasynyň tokaýlyklarynda ýaş agaçlaryň ýyl-ýyldan köpelmegi-de aýdyň şaýatlyk edýär.

Garagumuň miweleri

Güýz arly ýylky zähmetiň netijesini görkezýän pasyl. Diýmändirlermi näme: «Jüýjäni güýzde sanaşarys» diýip. Topragy börtüp çykan giýalaryň ählijesiniň miwesini görkezýän aýlarynda türkmeniň özi ýaly sada, agras, syrly Garagum sährasynyň gandymdyr çeti, çerkezdir sazaklary hem miwe getirýär. Bu miweler örän köp dürli bolup, her biriniň şekili üýtgeşik. Ine, pökgi ýaly togalajyk goňurja şarlar. Bular ýylagyň miweleri. Perlije miweler sözeniňki, daşy tüýjümek, gyzgylt reňkli miwe bolsa gandymyňky. Biri-birine düýbünden meňzemeýän miweleriň arasynda nähilidir bir çalymdaşlyk bar, ýagny pökgi ýaly togalajyk. Şol sebäpli hem olar ýeliň ugruna togalanyp gidip bilýärler. Tebigat olary şeýle ýaratmadyk bolsa, onda ol ösümlikleriň tohumy nädip ýaýrasyn, nädip köpelsin? Bu tohumlary täze menzillere, esasan, ýel ýaýradýar. Şeýlelikde, tebigatyň ajaýyp sazlaşygy netijesinde, Garagum sähramyz ösümliklere beslenýär.

«Ak alnyňda bir söz diýem...»

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda). «Ýer ala — ýurt ala» diýlen ýörgünli sözi eşidensiňiz. Türkmeniň Garagum sährasy Gyzylgum çölünden, Köpetdagy Köýtendagdan, Amyderýasy Murgapdan, Bathyz belentlikleri Üstýurt gyryndan, Kelif köli Sarygamyş kölünden tapawutly. Hersiniň öz täsinligi, diňe öz daş-töweregine muwapyk aýratynlygy, özboluşly owadanlygy bar.

Gara sazakly jülgede

«Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň tutýan meýdany 34 müň 600 gektar bolup, ol öz içinde birnäçe tebigy meýdanlara bölünýär. «Ýaman tokaý» gara sazakly jülgesi, «Çarlak tokaýy», «Demirgazyk jülgesi», «Günorta jülgesi», «Repetek Saharasy» — bular goraghananyň düzümindäki düzüm bölekleri, bolup geçýän tebigy hadysalary bilen tapawutlanýan meýdanlardyr. «Ýaman tokaý» gara sazakly jülgesiniň «ýaman» ady käbir ylmy çeşmelerde «äpet uly, deňi-taýy bolmadyk tokaý» diýlip terjime edilýär. Bu meýdan başgaça, «hakyky çöl tokaýy» diýlip atlandyrylýar. Sebäbi gür ösüp oturan ululy-kiçili gara sazaklaryň emele getirýän tokaýa meňzeş keşbi dünýäniň başga künjünde gaýtalanmaýan ajaýyp tebigaty döredýär. Goraghananyň tebigy meýdany onuň merkezi bagyndan 12 kilometr demirgazyk-günbatar ugurda ýerleşip, günbatardan gündogara 8 — 10 kilometre uzalyp gidýär. Bu sebit oý ýerdäki aklaň çäge-çöl ulgamydyr. «Ýaman tokaý» gara sazakly jülgesine gara ýol arkaly aňsatlyk bilen barmak bolýar. Bu jülgäniň meýdany takmynan, 1000 gektara golaýdyr.

«Damja suwdan tal çykar»

Ata-babalarymyz suwa hemişe mukaddeslik hökmünde seredipdirler. Suw — ýaşaýşyň gözbaşy. Edebi çeşmelerde suw bilen baglanyşykly birnäçe maglumatlar duş gelýär. XI asyrda ýaşan meşhur türkmen dilçi alymy Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň sözlügi» diýen işinde suw bilen baglanyşykly nakyllara uly orun berilýär. Olaryň hatarynda «Dag arkasyny egmez, deňiz gaýyk bilen beklenmez», «Akar suw köprüsiz bolmaz», «Balyk suwda, gözi gyrda», «Damja suwdan tal çykar» ýaly birnäçe nakyllary mysal getirmek bolar.

Gözel tebigatyň goragynda

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ýokary ösüşlere eýe bolýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýuna uludan taýýarlyk görýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşky gurşawy goramak we ekologiýa syýasatynyň netijesinde, tebigy baýlyklarymyzy geljek nesillerimize ýetirmekde bahasyna ýetip bolmajak ägirt uly işler amala aşyrylýar. 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini bölmek, onuň binýadynda Oba hojalyk ministrligini hem-de Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek baradaky taryhy Kararlary kabul etdi.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +14... +19 gradusdan +19... +24 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +29... +34 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +25... +30 gradus maýyl bolar.

«Ak alnyňda bir söz diýem...»

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda). Gyzylgumda sapardakam şu zatlar ýadyma düşdi. Soňam Garagumuň gollaryny söküşim, Gyzylgumda alaw bolup ýanýan gazly ýataklar, ojar-sazakly depeler, wyşkalar... hakda oýlana-oýlana, özüm üçin açyş etdim. Hudaý türkmen kowumyna gezek gelende gaty ezmaýyşlyk — elaçyklyk edipdir. Biziň howamyzyň gaty gyzgynlygy topragymyzyň astyndaky gudrat bilen bagly bolsa nätjek?! Depen ýeriňden güwläp gaz, gazan ýeriňden çogup nebit çykyp dursa, eýsem, saňa başga näme gerek?! Sowuk ýurtlarda gür tokaýam, çaýkanyp ýatan durnagöz kölem kän. Aram guşaklykdaky ýurtlarda agaçdan-jeňňelden ýaňa üsti görünmeýän dagam bar, hemişe suwa düşüp ýörmeli deňzem. «Mawy ýangyç» diýlip atlandyrylýan Alla beren baýlyk bolsa hemişe, gyş-u-ýaz, hemme ýerde gerek. Onsuz ýaşamagam, ykdysady taýdan öňe gitmegem müşgil. Şükür, türkmen topragynyň asty bolsa «mawy ýangyçdyr» «gara altyndan» ýaňa deňiz bolup çaýkanýar.

Köpetdag kyssalary

Gaýadaky aýak yzy we çeşmeden çykýan alma Şri-Lankada bir dag bar. Dag — adaty dag. Oty ot ýerinde, suwy suw ýerinde, tropiki agaçlar bar — gözel ýer. Howasy-da gowy. Iň beýik nokady 2524 metr. Bu babatda ol Köpetdagdan pesräk: Köpetdagyň iň beýik ýeri deňiz derejesinden 3191 metr ýokarda. Şri-Lankadaky dagda kebelek şeýle bir kän welin, ol daga «Kebelekli dag» hem diýýän ekenler.

Baly melhem balary

Dünýäde arylaryň 20 müňe golaý görnüşi bar. Olardan toýun gülarysy, melewşe balarysy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Olar san taýdan azalýan görnüşleriň biridir. Bu arylar Günbatar Köpetdagda kösükli ösümlikleri tozanlandyrýarlar, uly bolmadyk maşgala bolup ýaşaýarlar. Maşgalada arylaryň 50-den 100-e çenlisi bolýar. Balarylar ösümlikleriň güllerini tozanlandyrmakda, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmakda, gymmatly azyk önümlerini öndürmekde uly ähmiýete eýedir. Arylar ösümlikleriň güllerini biri-birinden tapawutlandyrýarlar. Olar öň gonan gülüni ýadynda saklap, ikinji gezek şol güle gonmaýarlar. Balarylar güllerden toplan nektaryny bala öwürýärler. Ýygnalýan möwsümine we ösümligiň görnüşine görä balyň hili üýtgeýär.

Gözel tebigatymyz — mukaddes baýlygymyz

Ýurdumyzyň gözel tebigatyny, ondaky hemme janly-jandarlary, derýadyr deňizleri, çeşmeleri, çaýlary, daglyklary, düzlükleri, ýabany we adam eli bilen döredilen tokaýlyklary, bagy-bossanlyklary, umuman aýdanyňda, tebigatda bar bolan baýlyklary geljekki nesillerimize asyl durkunda miras galdyrmak esasy wezipe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň ähli ýerinde tebigaty has hem gözelleşdirmek, bagy-bossanlyga öwürmek babatda köp işler şundan ugur alýar. Sähralardaky, daglardaky ajaýyp ýerlerde tebigy ýagdaýda ösüp oturan üzärlikleri, itburunlary, yşgynlary, buýanlary ýa-da çopantelpekleri görýäris. Paýtagtymyzyň günortasyna baryp seretseň, goja Köpetdagyň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ajaýyp arça tokaýlyklaryna nazaryň düşýär. Şeýle hem Ýanbaş çeşmesini hem öz içine alyp, gadymy Bagyr obasynyň günortasy bilen, tä Gökdere çaýynyň demirgazyk gädiginden çykýan ýerine çenli ýüzlerçe gektar meýdany tutup oturan tokaýlar uzakdan gözleriňi nurlandyryp, kalbyňy joşdurýar.