''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Güýzki bag ekmek möwsümine badalga berildi

Şu gün, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň güýzki bag ekmek möwsümine dabaraly badalga berildi. Şu mynasybetli, çäräniň geçirilýän ýerine — Şabat etrabynyň günbatar çägindäki giň meýdana welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň wekilleri, il sylagly ýaşulular, talyp ýaşlar ýygnandylar.

Bag ek­mek — geljek hakda alada

Şu gün ýur­du­myz­da äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy ge­çi­ri­lip, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, eko­lo­gik aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek ba­bat­da bu mö­hüm äh­mi­ýet­li çä­rä­niň güýz­ki möw­sü­mi­ne ba­dal­ga be­ril­ýär. Her ýy­lyň ýaz we güýz möw­süm­le­rin­de ýur­du­myz­da şeý­le giň ge­rim­li çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi in­di asyl­ly dä­be öw­rül­di. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň äh­lu­mu­my eko­lo­gik aba­dan­çy­ly­ga my­na­syp go­şant goş­ýan­dy­gy­nyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu ugur­da alyp bar­ýan iş­le­ri­niň uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­niň aý­dyň gü­wä­si­dir. Bi­ziň ýur­du­myz gu­rak­lyk gu­şak­da ýer­le­şen­soň, to­mus­da ys­sy, gyş­da so­wuk, çyg­ly­lyk, köp­lenç, pes de­re­je­de bol­ýar. Şo­nuň üçin to­mus­da ys­sy­dan pe­na­lan­ma­ga, gyş pas­lyn­da so­wuk­dan ykyş­lan­ma­ga meý­dan­da da­ragt­dan mäh­rem zat ýok. Mil­li däp­le­ri­miz­de aga­jy ge­re­gin­den ar­tyk çap­mak, mi­we­li we gök aga­ja pal­ta ur­mak ma­kul­lan­man­dyr. Gu­rak­sy te­bi­gat­da ýa­şan ata-ba­ba­la­ry­myz su­wa, top­ra­ga, ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­ne, esa­san h

Hemmämiz agzybirlikde bag ekeliň! (Tebigat — umumy öýümiz)

Ýurdumyzda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýbüni ekmek meýilleşdirildi. Ýazky köpçülikleýin bag ekişlik döwründe oturdylan ýaşajyk nahallaryň 1,5 milliony eýýäm ene topraga kök urup, joşgunly ýaşaýşa goşuldy. Şu gün hem hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berilmegi diňe bir ýaýlalaryň däl, eýsem, tutuş ynsan ömürleriniň gül-pürçüge bürenjekdiginiň nyşanydyr. Mele toprak baglary bilen görkli. Bag-bakjaly, dal-daragtly, gül-gunçaly, çeşme-çaýly ýerler bize lezzet eçilip, ýadawlygymyzy aýyrýar, ruhumyzy ganatlandyrýar. Şoňa görä-de, atalarymyz perzentlerini zähmet atly uly şaýola salanlarynda, ilki bilen, olara bag ekmegi ündäpdirler. Bag nahalyny oturtmak, bakjalary gämikletmek sogap saýylypdyr. Ekerançy pederlerimiz miweleriň iň oňat görnüşlerini ýetişdiripdirler. Her biri ýumruk ýaly alýaňak almalar, agzyňda eräp barýan gyzyl şetdalylar jahankeşdeleri haýran galdyrypdyr. Taryha ser salanymyzda, Gaznaly türkmen döwletini dolandyran Mahmyt Gaznaly (962 — 1030) öz döwrüniň iri şäherlerinde baglary köpçülikleýin oturtdyrypdyr, uly

Bag — Zeminiň görki

Hormatly Prezidentimiziň aladalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak babatda möhüm işler amala aşyrylýar. Ertir, 4-nji noýabrda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda biziň welaýatymyzda-da Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň güýzki bag ekmek möwsümine dabaraly bilen badalga berilýändigi muny aýdyň görkezýär. Welaýatymyzda ählihalk bag ekmek dabarasyny, şonuň ýaly-da badalga berilýän möwsümi ýokary derejede geçirmäge ykjam taýýarlyk görüldi. Täze bag nahallarynyň müňlerçe düýbüni, olaryň oturdyljak meýdanlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirildi.

Bag barsyz bolmaz

Her bir başlangyjyň üstünlige beslenmegi üçin, ilkinji nobatda, edilýän işe yhlas, söýgi gerek. Muny durmuşyň islendik ugruna nazar aýlanymyzda-da görüp bilýäris. Şu zatlar barada oýlananyňda: «Megerem, bagy-bossanlyk ynsanyň öz ýaşaýan topragyna söýgüsiniň, perzentlik yhlasynyň nyşanydyr» diýen pikir seriňe dolýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynyň «Neçjarçylygyň asly agaçdandyr» atly bölüminde şeýle diýilýär: «Häzirki wagta çenli ülkämiziň tebigat dünýäsini öwrenmek boýunça alnyp barlan ylmy-barlag işleriniň netijeleri güneşli Diýarymyzyň gymmatly agaç tokaýlarynyň mekanydygyny tassyklady. Agaçlaryň käbir görnüşleri bolsa Orta Aziýa döwletleriniň çäklerinde duş gelmeýän tebigy baýlykdyr. Munuň aňyrsynda türkmen halkynyň asyrlarboýy ylham çeşmesi hasaplanýan gözel tebigatymyzy gözüň göreji ýaly gorandygy we ösümlik dünýäsini özüniň medeniýetine, ruhy ýörelgelerine ornaşdyrandygy hakyndaky hakykat ýatandyr». Ata-babalarymyz bag ýetişdirmeklige uly ähmiýet berip, bu babatda: «Bag barsyz bolmaz, at — timarsyz», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Bag aýdypdyr: «Bak maňa, bakaýyn saňa», «Bagy — bagban, sürini çopan iýer», «Bagym bar — barym bar» ýaly nakyllary hem döredipdirler. Çynar, Ser

Gözelligiň goragynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň  Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna ýaramaz täsirini peseltmegiň, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini azaltmagyň üstünde işlemek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Her ýylyň güýz we ýaz aýlarynda ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli agaçlary hem-de üzüm nahallaryny ekmek, bar bolan baglara ideg etmek asylly däbe öwrüldi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 4-nji noýabrynda ähli halkymyzyň gatnaşmagynda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berler.

Watana bolan söýginiň beýany

Şu ýylyň 4-nji noýabrynda mähriban Diýarymyzda ählihalk bag ekişliginiň güýzki möwsümine badalga berilýär. Biziň welaýatymyzyň ýaşaýjylary hem bu çärä işjeň gatnaşýarlar. Ildeşlerimiziň bag ekmek ýaly watançylyk hereketine her ýyl işjeň goşulmaklary olaryň Watana bolan söýgüleriniň guwandyryjy güwäsine öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bag ekmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek ajaýyp däplerimiziň birine öwrüldi. Sebäbi biz mähriban Watanymyza bolan söýgimiziň tebigat bilen baglanyşyklydygyna oňat düşünýäris. Bag ekýäniň kalby hem gözel, ruhy hem belent. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu ajaýyp däbimiz täze röwüşlerde ösdürilýär. Bag ekmek ýaly sogaply iş diňe bir oba-şäherlerimizde däl, eýsem, ýurdumyzyň tutuş çäginde ýaýbaňlandyrylýar. Gadymy Lebabyň ýaşaýşylary hem bag ekişligiň ýazky we güýzki möwsümlerine işjeň gatnaşýarlar.

Jümle-jahan habarlary

Gara suwly derýa Şweýsariýanyň Tehniki uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlaglary Rukiniň dünýäniň iň gara suwly derýasydygyny subut etdi. Olar Afrikadaky iň bol suwly Konga derýasynyň çep goşandy bolan Rukiniň suwunyň reňkiniň gara bolmagyny ondaky organiki maddalaryň örän köpdügi bilen düşündirýärler. Alymlaryň tassyklamalaryna görä, derýanyň suwunyň şeýle reňkli bolmagyna onuň kenar ýakalarynda ýerleşýän torfly uly batgalyk öz täsirini ýetirýär. Ýagyş suwlarynyň şol batgalygyň üstünden akyp, derýa goşulmagy sebäpli Rukiniň suwy şeýle görnüşe eýe bolýar. Uzynlygy 1300 kilometre ýetýän derýanyň suwy 173,8 müň inedördül kilometr giňişligi eýeleýär.

Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda

Suw üpjünçiliginiň hukuk we guramaçylyk esaslary

Suw ynsanyň durmuş abadançylygyny kesgitleýän tebigy baýlyk hasap edilýär. Ýurdumyzyň 80 göterimine golaý meýdanyny tutýan Garagum sährasynda janly tebigat üçin suwuň gadyr-gymmaty başgadyr. Şoňa görä-de, janly zat hökmünde garaýan türkmen halky suwa uly sarpa goýýar. Ata-babalarymyzyň «Suw damjasy — altyn dänesi» diýmegi hem halkymyzyň suwa bolan hormatynyň çäksizdiginiň aýdyň subutnamasydyr. Daşky gurşawy goramak we ekologiýany abat saklamak ählumumy mesele bolup, şeýle meseleleriň biri hem Aral deňziniň suwunyň çekilmegidir. Merkezi Aziýada ýaşaýan ilatyň sanynyň artmagy, bu sebitde senagatyň ösmegi we oba hojalygynda täze ýerleriň özleşdirilmegi hem suwa bolan talabyň barha ýokarlanmagyna getirdi. Aral deňziniň suwdan boşan böleginde duzlaryň emele gelmegi, ýelleriň, tupanlaryň netijesinde duz bölekleriniň ýokary göterilip, ekerançylyk we öri meýdanlarynyň şorlaşmagyna getirdi. Şonuň üçin Aral deňziniň suwunyň möçberini öňki kaddyna getirmek boýunça birnäçe taslamalar öňe sürüldi we ony halas etmek dogrusynda ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Häzirki wagtda «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.

Biz seniň dostlaryň, gözel tebigat!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daş-töweregimiziň abadanlygyny, arassalygyny we kadaly ösüşini berkitmek işine ýaş nesilleri işjeň çekmek, olarda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Bu buýsandyryjy işler häzirki wagtda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan işjeň häsiýetde alnyp barylýar. Bu guramalaryň geçirýän köpçülikleýin çärelerine mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar we ýaş nesliň beýleki wekilleri gatnaşýarlar. Tebigaty goramak ýörelgesini giňden wagyz edýän «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleriniň alyp barýan işiniň oňyn netijelere eýe bolýandygyny nygtamak bolar. Geçen, 2022-nji ýylda döredilen guramanyň iş tejribesiniň heniz köp däldigine garamazdan, onuň ýaş nesli ekologiýa medeniýetini öwrenmäge çekmekde, daş-töweregi gorap saklamagy öwretmekde durmuşa geçirýän işleri az däl.

Güýz oýlanmasy

Güýzüň iň soňky aýyna gadam basdyk, ýogsa «Güýz geldi» diýip begenip ýörenimiz ýaňy ýalydy. Bagtly pursatlaryň tiz geçýändigi hem hakykat. Güýzde sergin howanyň täsiri ýüreklerimizi heýjana salsa, asmany bezäp, hatar gurap barýan durnalaryň gykuwlaşmagy müň dürli oýlara batyrýar. Durnalaryň kerweni indi ençeme gezek gözlerimiziň öňünden galgap geçýär, her gezek olar ganatyny galgydanda: «Ine, adamlar, ömrüňiziň ýene bir ýylyny alyp biz mähir tapan mekanymyzdan alyslara uçup barýarys» diýýän ýaly zaryn hoşlaşýarlar. Biz bolsa olaryň ýene-de gaýdyp gelerine umyt bildirip, ýagşy dileg edip galýarys. Ir döwürler enem janyň durnalar hakyndaky aýdanlary bolsa häli-häzirem ýadymdan çykanok. Ol: «durnalaryň uçup gidenini görmek oýlandyrýan duýgy bolsa-da, gaýdyp gelenini görmek ykbalyň iň uly sowgadydyr» diýerdi. Çünki durnalaryň hatar gurap uçmagy, olaryň hoşlaşyk aýdymy kysmy mukamy adam ömrüniň görnüp duran mysalyna meňzeýär. Tebigatyň kanunynyň üýtgewsizligi pasyllaryň hem-de nesilleriň çalşygyny amala aşyrýar.

Möhüm möwsüme taýýarlyk bilen

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri seýrek duş gelýän haýwanlary goramak, olaryň baş sanyny artdyrmak, ylmy taýdan öwrenmek işlerini utgaşykly alyp barýarlar. Bu möhüm işlere gyş paslynyň öň ýanynda has-da guramaçylykly çemeleşilýär. Ýörite habarçymyz Hudaýberen Palekeýew bu babatda häzirki günlerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, goraghananyň ylmy bölüminiň başlygy Ahmetjan Sadykowa ýüz tutdy. Şonda ol şeýle gürrüň berdi: — Hormatly Prezidentimiz türkmen tebigatyny asyl durkunda gorap saklamak, ony has-da baýlaşdyrmak we abadan ýagdaýda geljekki nesillere ýetirmek boýunça biziň öňümizde anyk wezipeleri goýdy. Şu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda giň maksatnamalaýyn işleri alyp barýarys. Edilýän tagallalar ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ýaly umumadamzat ähmiýetli meseleleriň oňyn çözülmegine gönükdirilýär.

Guşlar dünýäsi

Halkaly gumry Halkaly gumry Türkmenistanyň çäklerinde ilkinji gezek 1940-njy ýylda Guşgy derýasynyň jülgesinde hasaba alyndy. Häzirki döwürde ol Amyderýadan Hazara çenli Türkmenistanyň ähli ýerinde gabat gelýär. Bu oturymly guş derýalaryň jülgelerinde, dag eteklerinde we ekinzarlyklarda ýaşaýar. Gyrymsy agaçly ýerlerde aýratyn jübüt bolup höwürtgeleýär, kiçiräk tokaýlary, baglary, seýilgähleri, ýaşyl zolaklary halaýar. Adamlaryň arasynda bolmakdan gaça durýar. Ol dürli ösümlikleriň tohumlary, şeýle-de däneli ösümlikler bilen iýmitlenýär. Güýzüne we gyşyna iýmitlenmek üçin ekerançylyk meýdanlaryna uçup gidýärler.

Çalasyn jandar

Owadan, örän çalasyn hem-de gazaply ýyrtyjy haýwanlaryň biri daglaryň ýokarky çäklerinde gabat gelýän alajagaplaňdyr. Ýurdumyzyň uly we kiçi Balkan daglarynda, Köpetdagda, Bathyzda, Köýtendagda gabat gelýän bu täsin jandaryň bedeniniň uzynlygy 130 — 180 santimetre ýetýär. Onuň uzyn aýaklary örän çeýe, diýseň berdaşly bolup, penjeleri ýaýbaňdyr. Alajagaplaňyň ömrüniň dowamlylygy 12 ýyldan 17 ýyla çenli bolup, boýunyň beýikligi 60 — 70 santimetre ýetýär. Alajagaplaň daglardaky beýikligi 5 — 6 metr bolan arçalara säginmän münüp, aşak düşende başaşaklygyna düşýär. Onuň ýene-de bir täsin tarapy özünden 3 esse agyr awunyň etini şol 5 — 6 metrlik arça dessine galdyryp bilýänligidir. Alajagaplaň, adatça, ýeke ýaşaýar. Alajagaplaňyň erkeginiň gezýän meýdany 2-3 sany ene ýyrtyjynyň ýaşaýan çägini öz içine alýar. Esasy iýmiti ot iýýän jandarlardyr. Ol awuny 1,5 kilometrden görýär.

Gülleriň soltany

Her gülüň özboluşly ysy we owadanlygy bar. Ýöne biziň ählimiz bägüli gülleriň soltany hasaplaýarys. Arheologik barlaglaryň netijelerine görä, bägüller Ýer ýüzünde 25 million ýyldan bäri, medeni ösümlik hökmünde bolsa 5000 ýyldan bäri ösdürilip ýetişdirilýär. Şol döwürden bäri ol dostlugyň, söýginiň nyşany hasaplanylýar. Bägüller köp ýurtlarda ekilip, ynsany diňe bir gözelligi bilen däl, eýsem, janyňa hoş ýakýan ysy bilen hem özüne melul edipdir. Aslynda, bägülleriň mekany gadymy Parsiýa döwleti hasaplanylýar. Beýik soltanlaryň köşkleri, äpet derwezeleri, toýundan, altyn-kümüşden ýasalan gap-gaçlar, küýzeler, haly we palas önümleri, Müsür faraonlarynyň mazarlary bägülüň ajaýyp keşbi bilen bezelipdir. Tebipler bägül gülünden alnan ýagdan dertlilere derman ýasapdyrlar. Biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda ýaşap geçen Geradot öz ýazgylarynda bägüli taryplapdyr. Gadymy Hytaý akyldary Konfusiý bu täsin gülüň ösdürilip ýetişdirilişi barada ýazyp gidipdir.

Reňki dürli, tagamy datly

Miweleriň we gök önümleriň bişip ýetişýän döwründe olaryň diňe bir tagamlylygy, ýokumlylygy däl, eýsem, reňkleriniň köpdürlüligi, şeýle hem adam bedenine ýetirýän täsirleri ylymda nähili düşündirilýärkä?! Şu babatdaky täsin maglumatlary okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik. Ilki düwen miweleriň ählisiniň reňki ýaşyl bolýar. Olarda fotosintez hadysasynyň geçmekligi dowam edýär. Diýmek, şeýle miwelerde hlorofill tegmili saklanyp, ýaşyl reňkiň ýüze çykmagyna getirýär. Miweleriň ulalmagy bilen hlorofill dargap başlaýar we olarda beýleki reňkleri ýüze çykarýan tegmiller emele gelýär. Miweleriň şeýle köpdürli reňkleriniň bolmaklygy tebigatdaky jandarlaryň ünsüni çekmek bilen, ösümlikleriň tohumynyň ýaýramagyna itergi berýär.

Çarlak tokaýy

Ýurdumyzyň tebigatynyň gözel ýerleri barada näçe aýtsaň, aýdybermeli. Aýratyn goralýan tebigy meýdanlar hökmünde ýurdumyzyň daşky gurşawyny goramakda goraghanalara uly üns berilýär. Golaýda, ÝUNESKO-nyň Biosfera goraghanalarynyň bütindünýä ulgamyna girizilen Repetek döwlet biosfera goraghanasy diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, Merkezi Aziýada döredilen ilkinji goraghanadyr. Bu goraghananyň tutýan meýdany öz içinde aýratyn tebigy meýdançalara bölünýär. «Ýaman tokaý» gara sazakly jülgesi, «Çarlak tokaýy», «Demirgazyk jülgesi», «Günorta jülgesi», «Repetek saharasy» ýaly aýratyn goralýan tebigy meýdanlar biri-birinden tebigy keşbi, gözelligi bilen tapawutlanýarlar. «Çarlak tokaý» goraghananyň meýdany merkezi bagyndan 8 – 10 kilometr gündogar tarapda ýerleşendir. «Çarlak tokaýyna» goraghananyň merkezinden gumak ýol arkaly baryp bolýar. Sebäbi bu tokaý gara ýoldan uzakda ýerleşýär. Käbir ylmy edebiýatlarda tokaýyň «Çarlak» ady bu ýerde mesgen tutan çarlak guşlarynyň ady bilen baglanyşdyrylýar. «Çarlak tokaýynyň» tutýan meýdany 450 gektara golaý bolup, bu sähralyk tokaýy beýleki käbir ylmy çeşmelerde «geografiki täsinlikleriň watany» diýlip hem atlandyrylýar. Goraghananyň bu meýdany özüniň örän ajaýyp tokaýlary bilen tapawutlanýar. Bu sebit go

Kaktus miwesi

Pitaýýa kaktuslar maşgalasyna degişli bolan ösümlikdir. Pitaýýanyň watany Meksika hasaplanýar. Häzirki wagtda bu ösümlik Ýaponiýada, Awstraliýada, Günorta-Gündogar Aziýada, Merkezi we Günorta Amerikada giňden ýaýrandyr. Onuň iki görnüşi tapawutlandyrylýar. Olara: lian şekilli we gür agaçlaşan pitaýýa kaktuslary degişlidir. Pitaýýanyň güli gijesine açylýar. Onuň iri, ýakymly ysly gülleri bolýar. Bu ösümligiň miwesi onuň gülleýiş döwründen 30 – 50 günden soň bişýär. Bir ýylyň dowamynda pitaýýadan 5 – 6 gezek hasyl alyp bolýar. Onuň şireli miwesiniň agramy 150 – 600 gram, käwagt bolsa 1 kilograma deň bolýar. Miwäniň ululygy almanyň ululygynda bolup, süýnmek şekilli bolýar. Miwäniň daşky gabygy ýiti gülgüne ýa-da sary reňkli, ýumşak etlek bölegi bolsa ak reňkli bolýar. Onuň ýumşak etlek böleginde kiçijik gara reňkli tohumlar bolýar. Miwe içki gurluşy we tagamy boýunça kiwä meňzeýär. Pitaýýanyň kaktuslar maşgalasyna degişlidigi üçin onuň miwesine «kaktus miwesi» diýilýär.

Garagum — genji-hazyna

Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini, ajaýyp tebigy gözelliklerini gorap saklamak işinde döwlet goraghanalaryna möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň döredilmegi-de dünýäniň iň uly çölleriniň biri bolan Garagumuň özboluşly, gaýtalanmajak ekologiýa ulgamlaryny we tebigy baýlyklaryny gorap saklamak maksadyna esaslanýar. Bu goraghananyň hem-de «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi giň sähranyň has-da baýlaşmagyna getirdi. Şeýlelikde, gözel Garagum soňky ýyllarda has özgerdi. Goraghananyň çägine girýän ümmülmez sährada sazak, sözen, ojar, gandym, çerkez, çeti ýaly ösümlikleriň tokaýlyklary döräp, ol ýerde towşan, gum käkiligi, togdary... ýaly guşlar, jandarlar günsaýyn köpelýär. Türkmen kölüne demirgazykdan gyşlamaga gelýän guwdur gazlaryň, ördekleriň sany barha artýar. Munuň özi ýakyn ýyllarda kölüň daş-töwereginde uly tokaýlyklaryň döräp, ýaşaýşyň gülläp ösjekdigine güwä geçýär.