''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Hurma

Şu günler saçaklaryň bezegi bolan hurmanyň ýygymy dowam edýär. Hurmanyň watanynyň Hytaýdygy, erigiň tagamyny ýatladýandygy üçin oňa «hytaý erigi» hem diýlipdir. Hurma sahawatly güýzüň ýene bir nygmatydyr. Ol ýurdumyzda öňden bäri meşhurdyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň arasynda Alma, Üzümgül atlaryň bolşy ýaly, Hurma atlylar-da az däldir. Hurma Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ýurtlarynyň arasynda «süýji» hyzmatdaşlygyň bolandygyny ýatladyp duran ajaýyp bir miwedir. Türkmen daýhanlary bu miwäni öz topragymyzda ösdürip ýetişdirmegiň abyny-tabyny ele alypdyrlar.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +7... +12 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +26... +31 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +20... +25 gradus maýyl bolar.

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň goragy üpjün edilýär

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli we netijeli peýdalanmakdan, ony geljekki nesillerimize ýetirmekden hem-de bu ugurda sebit we halkara derejesinde hyzmatdaşlygy üstünlikli alyp barmakdan ybaratdyr. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde we welaýatlarymyzda tokaý zolaklarynyň emele gelmeginiň, Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmeginiň, Garagum sährasynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagynyň hem-de ýerleriň zaýalanmagynyň we çölleşme hadysasynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň diňe bir ýurdumyz üçin däl-de, eýsem, tutuş sebit üçin hem örän uly ähmiýeti bardyr.

Tebigat — ýaşaýşyň çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek babatynda öňe sürlen maksatnamalaýyn işler, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty bilen üstünlikli dowam etdirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklary ylmy esasda, milli mirasymyz bilen sazlaşykly döwrebap ösdürilýär. Her bir pudakda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler bolsa, diňe bir ýurdumyzyň däl, sebitiň, dünýäniň ýaşaýjylarynyň abadan, bagtyýar durmuşyna gönükdirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň halkara giňişligindäki at-abraýy, sebitde we dünýäde parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty dabaralandyrýan döwlet hökmünde barha belende göterilýär. Ata Watanymyz BMG we onuň iri guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bu gazanylýan belent sepgitler, üstünlikler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar.

Gülzarly geljegimiziň meselesi

Dogrusy, ene topragymyzyň gözel tebigatyny goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak hemişe aladasy edilmegi derwaýys meseledir. Çünki, ajaýyp gözelligi özünde jemleýän tebigatymyz biziň öýümizdir. Güneşli Diýarymyzyň tebigaty gymmatly baýlygymyz bolup, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, köpdürlüligini aýawly goramak bilen geljekki nesillere ýetirmek biziň wajyp wezipämizdir. Şu wezipä hormatly Prezidentimiz hemişe uly üns berip, tebigatymyzy goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmak bilen bagly wezipeleri öňde goýýar. Gürrüňi edilýän ugruň kanunçylyk-hukuk kadalaryny kämilleşdirmekde netijeli işler alnyp barylýar. Bu ugurda kanunlaryň we hukuk namalarynyň 50-den gowragy kabul edildi. “Tebigaty goramak hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” we beýleki Kanunlarda hem-de Kodekslerde gürrüňi edilýän meseläniň kämil kanunçylygy kesgitlenendir. Tebigaty goramakda, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmakda, ýerasty baýlyklar gazylyp alnanda ekologiýa zyýan ýetirilmeginiň öňüni almakda we beýleki gurluşyk-gurnama işlerinde kanunçylygyň berjaý edilmeginiň ähmiýeti uludyr.

Reýhan

Türkmen topragy ösümlik dünýäsine baýdygy bilen tapawutlanýar. Şeýle ösümlikleriň biri hem reýhandyr. Reýhan — gök ekinlere degişli bolup, iýmitlik we dermanlyk häsiýeti boýunça gadymy döwürlerden bäri bellidir. Reýhan ösümligi irki döwürlerde Eýranyň, Hindistanyň we Aziýanyň tropiki etraplarynda 5 müň ýyl mundan ozal giňden ulanylyp, XVI asyrlarda Ýewropa döwletlerinde giňden ýaýrapdyr. «Reýhan» ösümliginiň ady grek dilinde «patyşa» diýen sözden gelip çykyp, oňa ysly otlaryň şasy diýipdirler. Hindistanda bolsa reýhan ösümligini keramatly hasaplapdyrlar. Şol döwürler aşpezler bu ösümligi terligine we guradylan görnüşde dürli tagamlary taýýarlamakda peýdalansalar, lukmanlar ys beriji, bezeg, dermanlyk we reňk almak üçin giňden ulanypdyrlar. Häzirki döwürde ylmyň, tehnikanyň ösmegi bilen reýhan ösümliginiň dürli häsiýetleri giňden öwrenildi. Aýratyn hem reýhanyň dermanlyk häsiýetleri barada dürli edebiýat çeşmelerinde ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar.

Tebigaty goramak – sagdyn durmuşyň kepili

Ýakynda Lebap welaýat Kärdeşler arkalaşyklarynyň agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň we Türkmenabat şäher Geňeşiniň guramagynda «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynda «Tebigaty goramak — sagdyn durmuşyň kepili» atly okuw maslahat geçirildi. Okuw maslahatyň çäklerinde «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň sözde wasp edip bolmajak gözel tebigatyna gezelençler guralyp, ondaky janly-jandarlara, haýwanat dünýäsine syn edildi we olar dogrusyndaky goraghananyň ylmy işgärleriniň täsirli çykyşlary diňlenildi. Okuw-maslahatyna gatnaşyjylaryň ünsüni çeken şatlykly wakalaryň biri hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji mejlisinde ýurdumyzyň «Repetek» döwlet biosfera, «Bereketli — Garagum», «Gaplaňgyr» goraghanalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky buýsançly çykyşlar boldy. Bulardan başga-da, çykyşlaryň dowamynda «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Ýerajy döwlet goraghanasynyň kölüniň haýwanat we tebigat dünýäsiniň aýratynlyklary barada gyzykly, täsirli gürrüňler berildi. Okuw maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerini

Gül­le­riň tä­sin dün­ýä­si

«7/24. tm» № 47 (182) 13.11.2023 Gül­ler hoş­boý ys­la­ry we aja­ýyp gö­zel­li­gi bi­len yn­san­la­ry haý­ran gal­dyr­ýar, ýö­ne gül­le­riň giz­lin hä­si­ýet­le­ri hem bar. Gül­ler we ösüm­lik­ler müň­ler­çe ýyl bä­ri der­man taý­ýar­la­mak­da ula­ny­lyp ge­lnip­dir. Lo­tus ýa­ly kä­bir gül­ler di­ni ýa-da ta­ry­hy taý­dan äh­mi­ýe­ti bar. Gül­le­riň kö­pü­si üýt­ge­şik aý­ra­tyn­lyk­la­ry hem-de gör­nüş­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Gül­le­riň owa­dan dün­ýä­si­ne ser sa­lyp, ola­ra tä­ze­den ba­ha be­riň.

«Gaplaňgyryň» gözellikleri — halkymyzyň baýlygy

Hormatly Prezidentimiz beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Birleşen Milletler Guramasyndan şatlykly habaryň gelip gowşandygy barada aýdyp, şeýle diýdi: «Bu guramanyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Bütindünýä mirasy komitetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklygyndaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizmek hakynda çözgüt kabul edildi. Bu sanawa ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary hem girizildi. Bu işleriň ählisi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň durnukly ösüşine goşýan goşandydyr». Bu ýakymly habar diňe bir mejlise gatnaşyjylary däl, eýsem tutuş halkymyzy, şol sanda welaýatymyzyň ýaşaýjylaryny örän guwandyrdy. Belli bolşy ýaly, şu sanawa goşulan «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanasy welaýatymyzyň günorta-günbatar çäkle

Tebigaty goramak — borjumyz

Tebigat ähli janly-jandarlaryň öýi hasaplanýar. Şol sebäpli daşky gurşawa aýawly çemeleşmek her bir ynsanyň borjudyr. Daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek, tebigatyň adamzada eçilen gymmatlyklaryny, ýagny agyz suwuny, topragy tygşytly ulanmak, şeýle hem ýitip ýok bolmak howpy abanýan jandarlary, ösümlikleri gorap saklamak wajyp wezipe hasaplanýar. Häzirki wagtda ekologiýa dünýäde esasy meseleleriň biri bolup, daşky gurşawy abat saklamaga gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda bu ugurda netijeli işler alnyp barlyp, daşky gurşawy goramagyň hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň kanunçylyk binýady düýpli kämilleşdirilýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň «Tebigaty goramak hakyndaky» Kanuny daşky gurşawy goramak babatdaky kanunçylygymyzda aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu kanun tebigaty goramagyň hukuk esaslaryny kesgitlemek bilen bir hatarda, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, hojalyk hem-de beýleki işleriň tebigata zyýanly täsirini ýetirmezligine, biologik köpdürlüligi gorap saklamaga we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda howanyň arassalygyny, daş-töweregimizi gurşap alýan «gök guşaklaryň» ösdürilmegini, suw, ýer we tokaý serişdeleriniň berk goraglylygyny üpjün etmekde, ösümlik, haýwanat dünýäs

Täsin ösümlikler...

Ekwador döwletiniň tropiki tokaýlarynda ösýän palma agajynyň aýratynlygy her ýylda öz oturan ýerinden 20 metr gapdala süýşýänligidir. Başgaça aýdylanda, bu agaç öz ýaşaýşyny dowam etdirmek üçin her günde 2-3 santimetr süýşmeli bolýar. Sebäbi ol oturan ýerindäki topragyň gurby kemelse oňup bilmeýär. * * *

Hasyl toýuna

Bereket-bolçulygyň baýramy Güýz pasly berekede baý pasyl. «Jüýjäni güýz sanaşarys» diýilýän döwürde edermen daýhanlarymyz bütin ýylyň dowamynda ene ýere hyzmat edip, ýetişdiren hasylyny ýygnaýar. Altyn güýzüň ajaýyp günlerinde janypkeş daýhanlaryň çekýän halal zähmetiniň şanyna Hasyl toýy uly dabara bilen bellenilýär. Ýurdumyzda galla, pagta we beýleki oba hojalyk önümlerini ýetişdirýän, topraga alyn derini siňdirýän daýhanlarymyza belent sarpa goýulýar. Hasyl toýy daýhanlaryň çekýän zähmetine goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýunyň bellenilmegi daýhanlaryň çeken zähmetiniň miwesini görmäge mümkinçilik döredýär.

Ýaşaýşyň «Ýaşyl» bezegi

4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ir bilen Köpetdagyň eteginde täze gurlan 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athana baryp, ol ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Soňra döwlet Baştutanymyz Arkadag şäherinde geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy we agaç nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümine badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmegiň ýazky hem güýzki möwsümlerini geçirmek indi ýurdumyzda köp ýyllardan bäri asylly däbe öwrüldi. Her ýyl iki tapgyrda tutuş ýurdumyz boýunça ählihalk ýowary guralyp, saýaly, miwеli hеm-de pürli agaçlaryň milliоnlarça düýbi оturdylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde — Köpetdagyň eteklerinde, her bir şäheriň, obanyň töwereginde, derýalaryň kenarlarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Garagumuň jümmüşinde kemala gelýän «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde tokaý we seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi halkymyzyň yhlasly zähmetiniň netijesidir. Mahlasy, ýurdumyzda bagy-bossanlygy döretmekde toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Çünki bag — dünýäniň bezegi, ýaşaýşyň ýakymy, durmuşymyzyň manysy.

Bägüle meňzeş ösümlik

Dodrentalis greenovia ýogyn baldaklylar maşgalasyna degişli bolan otjumak sukkulent ösümlik hasaplanýar. Bu ösümlik ilkinji gezek XVIII asyrda Ýewropa ýurtlarynda iňlis botanigi Filipp Barner we fransuz alymy Sabin Bertelo tarapyndan öwrenildi. Dodrentalis greenovia Kanar adalarynyň gurak, çägeli we daşly sebitlerinde giňden ýaýrandyr. Dodrentalis greenovianyň boýunyň uzynlygy 15 – 20 santimetre deň bolýar. Ösümligiň ýogyn, gysga, şahalanmaýan baldaklary bar. Onuň ýapraklary dürli ululykda bolýar. Dodrentalis greenovianyň ýogyn, şireli, ýylmanak, açyk ýaşyl reňkli ýapraklary dykyz ýerleşýär. Dykyz ýerleşen ýapraklary ýaşyl bägüli ýatladýar.

Pepino

Ýer ýüzünde duş gelýän täsin ösümlikleriň arasynda pepinony (latynça Solanum muricatum) agzaman geçmek mümkin däl. Pepino beýleki käbir ylmy çeşmelerde «gawun armydy» ýa-da «süýji hyýar» atlary bilen hem tanalýar. Bu täsin ösümligiň owadan, üýtgeşik miweleri bolýar. Itüzümler maşgalasyna degişli bolan bu köpýyllyk ösümlik mydama ýaşyl öwüsýän gyrymsy agaçdyr. Onuň şahalanýan baldagynyň boýy 1,5 metre çenli ýetýär. Pepinonyň miweleriniň ysy gawunyň, hyýaryň we az-kem kädiniň ysyna meňzeýär. Miweleri köplenç açyk ýaşyl we limon sary reňkli bolup, daşky gabygynda melewşe reňkli çyzyjaklar geçendir. Pepinonyň miwesiniň düzüminde 90 – 92 göterim suwuň, şekeriň hem-de C witamininiň ýokary mukdarynyň saklanýandygy sebäpli, tagamy turşumtyk süýjüdir. Miweleriniň ölçegi 180 – 400 gram aralygynda bolup, daşky görnüşi gawuna hem armyda meňzeýär. Edil gawunda bolşy ýaly, tohumlary miwesiniň merkezinde ýerleşýär.

Gözel Sumbaryň nary

Sumbar jülgesiniň bagbanlary noýabr aýynyň gelmegi bilen, bereketli güýzüň ýene bir nygmatyny — nar hasylyny ýygnamaga girişdiler. Şu ýyl şahalarynda sallanyşyp duran narlary göreniňde, «Hydyr görüpdir» diýen jümle ýadyňa düşýär. Her biri ýumruk ýaly narlar gözüňi dokundyrýar. Süýji nar, turşy nar, turşumtyk nar, ýumşak gabykly, gaty gabykly, dänesi suwly nar, guraksyrak nar... Sanasaň, sanabermeli. Olar reňki boýunça-da biri-birinden tapawutlanýar: ak nar, ol, adatça, süýji bolýar. Ýöne naryň reňki gyzyl, has dogrusy, goýy gyzyl bolýar. Bu gözümiziň öwrenişen nar reňki, «nar» diýilse, hemmeler ony şu reňki bilen göz öňüne getirýärler. Nar agajy, daşyndan seredeniňde, owadanlygy bilen ünsüňi özüne çekýär. Ol giden baga görk berýär. Şahyr bolsaň, şanyna goşgy düzübermeli narlar bizde bar. Aslynda, nar hakda, nar agajy hakynda aýdym-sazlar az däldir. Şunda, ilki bilen, Döwletgeldi Ökdirowyň «Gözel Sumbaryň nary» diýen aýdymy seriňe gelýär. Bu aýdymy heran-haçan eşitseň, kalbyňy süýji duýgular gaplap alýar. «Ýelpeselendi» halk aýdymyny diňläniňde bolsa, türkmen topragynyň müňlerçe ýyl bäri berekedini egismän gelýändigi barada oýlanýarsyň. Magtymguly Pyragynyň hem waspyny ýetiren miweleri barada halkymyzda: «Işe-de gutarma ý

Ýokary zähmet joşgunyna beslendi

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem ählihalk bag ekmek dabarasy baýramçylyk ruhuna beslendi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Rowaç» kottejler toplumynyň çäginde ýörite taýýarlanylan meýdanda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşululardyr mährem eneler, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, işgärleri, talyp ýaşlardyr ýaş çatynjalar we köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar.  Baglaryň ilkinji nahallaryny oturtmaklygyň ýaşuly nesliň wekillerine, ýaş çatynjalara  hem-de röwşen geljegimiziň eýeleri bolan körpelere ynanylmagy çuň many-mazmuna eýe bolup, çärä gatnaşyjylaryň ruhubelentliklerini has-da  belende göterdi.  Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren  döwrebap aýdym-sazlary hem-de tans toparlarynyň joşgunly  çykyşlary  bag nahallaryny oturtmak üçin ýygnanan adamlara ruhy lezzet paýlady. Şowhunly ýaňlanan aýdym-sazlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň rowaç ösüşleriniň, erkana durmuşymyzyň, tebigat gözellikleriniň waspy ýetirildi. Dabaranyň geçýän ýerlerinde  ýaşajyk  bag nahallarynyň we gülleriň dürli görnüşlerinden,

Ýaşasyn «Ýaşyl» dünýä!

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 4-nji noýabrda ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümi badalga aldy. Sahawatly güýzüň tylla öwüşginli gününi nurlandyran bu döwletli işe watandaşlarymyz agzybirlik bilen gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň dowamynda ýurdumyz boýunça dürli agaçlaryň 3 million düýbüni, şol sanda güýzki möwsümde şolaryň 1,5 million düýbüni oturtmak göz öňünde tutuldy.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +8... +13 gardusdan +12... +17 gardus aralygynda maýyl, gündizlerine +22... +27 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +17... +22 gradus maýyl bolar.

Baglar — zeminiň görki