''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Ekine yhlasly çemeleşilýär

Güýzlük däne ekişini üstünlikli tamamlan welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary ak ekine ideg işlerini ýokary talaplara laýyklykda alyp barýarlar. Geljek ýylda däne ekilen 195 müň gektardan bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biri-de ekin meýdanlaryndan kadaly gögeriş alyp, her bir agrotehniki çäräni wagtynda geçirmekden ybaratdygyna oňat düşünýän oba zähmetkeşleri bu günler tutanýerli zähmet çekýärler. Gögeriş suwuny tutmak, gögeriş gazanylan meýdanlardaky ýaşajyk maýsalara ideg etmek işlerinde öňdebaryjy tejribeler we agrotehnikanyň usullary ulanylýar. Welaýatymyzyň Gökdepe, Ak bugdaý etraplarynyň gallaçy daýhanlary ekin meýdanlaryna gögeriş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerinde aýratyn tapawutlanýarlar.

Oba milli maksatnamasy: azyk bolçulygy – il abadançylygy

13-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi. Iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Hasyl toýy – halkyň toýy

Halkymyz il-ýurt bähbitli, döwletli tutuma başlansa, «Toýdan bolsun!» diýen jümläni dile getirýär. Çünki ähli başlangyjyň toýlara beslenmegi bagtyýarlykdan, döwletlilikden nyşan hasaplanylýar. Ynha, şeýle toýlaryň biri hem geçen hepdäniň ýekşenbe güni — 12-nji noýabrda uludan toýlanan, türkmen ekerançylarynyň zehininiň we zähmetsöýerliginiň, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatynyň beýany bolan Hasyl toýudyr. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bu toý bilen bagly baýramçylyk çäreleriniň esasy ýaýbaňlandyrylan ýeri boldy. Bu ýerde geçirilen baýramçylyk dabarasyna ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösmegine mynasyp goşant goşan öňdebaryjy kärendeçiler, mehanizatorlar, alym-agronomlar, seçgiçiler we beýleki oba hojalykçy hünärmenler gatnaşdylar.

Ýer – hazyna, daýhan onuň eýesi

Biz «Günbatar topragy» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy, tejribeli oba hojalyk işgäri Hojadurdy Ýegendurdyýew bilen onuň ekin meýdanynda duşuşdyk. Dogrusy, uzaklara ýaýylyp gidýän giň gowaçaly, bugdaýly ekin meýdanlaryny göreniňde, daýhan yhlasynyň bu mes toprakly meýdany gülzarlyga öwürendigine buýsanýarsyň. Ak dona bürenip oturan 20 gektar gowaçaly meýdan, ýaşyl dona bürenip oturan 130 gektar ýaşyl maýsaly ýerler görenleriň gözüni dokundyrýar. Bu bolsa bellenilen şertnamalaýyn meýilnamalaryň üstünlikli berjaý ediljekdigine bolan ynamyňy artdyrýar. — On ýyldan gowrak wagtdan bäri daýhan hojalygyny ýöredip gelýärin. Eziz Diýarymyzyň bu mes toprakly ekin meýdanlary oba hojalyk önümlerini öndürmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Ene ýere daýhan yhlasy bilen hyzmat etseň, bol önüm almaga giň mümkinçilikleriň bardygyny uzak ýyllaryň dowamyndaky baý iş tejribämde doly göz ýetirdim. Kakam daýhançylykdan baý iş tejribe toplan adam. Onuň beren maslahatlary, her bir aýdan bellikleri ýol-ýörelgäm bolup, alyp barýan işimde tejribe toplamagyma itergi berdi.

Ammarlar ýerli gök-bakja önümleri bilen doldurylýar

Daşoguz «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň agzybir işgärleri şu günler daýhanlarymyzyň ösdürip ýetişdiren ekinlerinden alynýan oba hojalyk önümlerini ammarlara ýerlemekde arman-ýadaman zähmet çekýärler. Olaryň arasyndan Magtymguly Orazmuhammedowy, Rahman Meretmedowy, Alişir Işanmedowy, Şamuhammet Işangulyýewi, Ogulmeňli Tirkeşowany, Soltanmyrat Amankulyýewi agzap geçsek ýerlikli bolar. Bu kärhanada daýhan birleşikleriniň we daýhan hojalyklarynyň ençemesi, şeýle-de aýry-aýry kärendeçi ýer eýeleri bilen özara şertnama baglaşylyp, olaryň ýetişdiren önümlerinden şu güne çenli 3 müň 817 tonna ýeralma, 599 tonna sogan, 221 tonna bakja önümleri (gawun, garpyz, kädi), şeýle-de 10 tonna golaý pomidor we 5 tonna golaý hyýar, 525 tonna golaý käşir, 41 tonnadan gowrak kelem ýaly azyk önümleri üçin doly hasaplaşyk geçirilip, ammarlara ýerleşdirildi. Şeýle-de, häzirki wagtda käşir, sogan, kelem, kädi ýaly önümleri kabul etmek we ýerlemek işleri doly güýjünde dowam edýär. Ýakyn günlerde ady agzalan önümleriň üsti ýetirilip, indiki möwsüme çenli ilatymyzyň gök-bakja önümlerine bolan islegi doly kanagatlandyrylar. Bizem ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň biri bolan oba hojalygyny ösdürmekde bitirýän beýik işleri üçin hormatly Gahryman Prezidentimize alkyş sözlerini a

Sebitiň öňdebaryjylary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 162 müň gektar meýdana gowaçanyň biziň toprak-howa şertlerimize kemsiz uýgunlaşan, kesellere durnukly, hasylly, orta we inçe süýümli sortlaryny ekip, bereketli hasyly kemala getiren Mary welaýatynyň «ak altyn» ussatlary ýetişdirilen pagtany öz wagtynda zaýasyz ýygnap, şu oba hojalyk ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek üçin ähli ukyp-başarnyklaryny, ekerançylykda toplan baý iş tejribelerini işleriň ilerlemegine gönükdirýärler. Özara bäsleşikli ýaryşy giň gerimde ýaýbaňlandyrmak bilen, el güýjünden, pagta ýygyjy kombaýnlardan ýerlikli peýdalanýarlar. Netijede, pagtaçylyk bilen meşgullanýan 9 etrabyň pagtaçy daýhanlarynyň hem-de dynuwsyz işledilýän «meýdan gämileriniň» birleşen tagallasy bilen, her günde onlarça tonna «ak altyn» ýygylyp, mähriban Watanymyzyň belent pagta harmanyna goşulýar.

Tejribeler ösüşiň ygtybarly binýady

Ýakynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň hünärmenleri Günüň dogýan ýurdy bolan Ýaponiýa döwletinde iş saparynda boldular. Olar Ýaponiýanyň Aýdzuwakamasu şäherinde JICA halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň guramagynda oba hojalyk pudagyna bagyşlanyp geçirilen okuw maslahatyna gatnaşyp, oba hojalygy babatda ýaponiýaly kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar. Biz hem şol okuw maslahatyna gatnaşan ýaş hünärmenler — Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikleri goramak gullugynyň esasy hünärmeni Yslam HUDAÝGULYÝEW hem-de bu ministrligiň Agrar özgertmeleri we dünýä tejribesini öwreniş müdirliginiň Maglumatlar we dünýä tejribesini öwreniş bölüminiň baş hünärmeni Meýlis MUHAMMETGULYÝEW bilen guran söhbetdeşligimizi gazetimiziň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik. — Yslam, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň köpugurly oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn hem-de döwrebap ösdürmek, daşary ýurtlaryň ösen tehnologiýalaryny, tejribelerini ornaşdyrmak, şeýle hem oba hojalykçy hünärmenleriň hünär derejelerini kämilleşdirmek bilen bagly asylly işler durmuşa geçirilýär. Ynha, sizem Ýaponiýa döwletinde bolup, ol ýerde agrosenagat pudagynda gazanylan üstünlikler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldyňyz. Umuman, bu döwletiň oba hojalygy, şeý

Maldarçylykda süri dolanyşygynyň ähmiýeti

Ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmek, önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan ýokary önümli mallaryň biziň tebigy şertlerimize uýgunlaşmagyny ylmy taýdan öwrenmek, önüm berijiligini ýokarlandyrmak döwrüň talaby bolup durýar. Süýt ugurly maldarçylykda tohumçylyk işleri döwrebap guralanda, çarwa pederlerimiziň «Tohum öküz sürä ýarpy» diýip aýdyşy ýaly, mallary tohumlandyrmakda ulanylýan öküze uly ähmiýet berilýär. Şonuň üçin süýt ugurly mal sürüsi ýaş toparlary boýunça sygyrlara, bogaz gulajynlara, bir ýaşa çenli tüwelere, bir ýaşdan uly tüwelere, bir ýaşa çenli öküzçelere we bir ýaşdan uly öküzçelere bölünýär. Et ugra gönükdirilen hojalyklarda adat bolşy ýaly, mallaryň erkin usulda öküz bilen tohumlandyrylýandygy sebäpli, süriniň düzüminde ýokardakylardan başga-da, höwür öküzleriň we baka goýlan mallaryň toparlaryna aýratynlykda ideg edilýär.

Üzüm baglarynyň güýzki idegi

Üzüm baglaryna ideg etmek işleri sebitleriň toprak-howa şertlerine hem bagly bolup durýar. Ýurdumyzyň demirgazyk sebiti bolan Daşoguz welaýatynyň üzümçi bagbanlarynyň bu babatda gazanan tejribeleri beýleki sebitleriňkiden has tapawutly. Güýz paslynda üzüm baglarynyň hasyly doly ýygnalandan soň, olara agrotehnikanyň talaplaryna görä mineral, ýerli dökünler berip, baglaryň ara boşlugynda sürüm işlerini geçirmeli. Ýerli dökünlerden has peýdalysy çüýrän mal dersidir. Ol her üç–dört ýyldan gektara 30 – 40 tonna, beýleki mineral dökünlerden: superfosfat 600 kilogram, karbamid 200 kilogram, hlorly kaliý 100 kilogram döküni, 3 ýyldan bir gezek sink 3 kilogram, 2 ýyldan 5 kilogram margens, her ýylda 1,5 – 2 kilogram bor ýaly mikrodökünlerini, güýz aýlarynda sürümiň aşagyna dökmek maslahat berilýär.

Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Hasyl toýunyň uly dabaralara beslenýän gününde Balkan welaýatynyň edermen daýhanlary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler. Olar 16 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän täze tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Pagta süýüminiň ýurdumyzyň kärhanalarynda gaýtadan işlenilmegi taýýar önümi eksport etmegi ugur edinýän dokma senagatynyň strategik wezipeleriniň biridir. Diýarymyzyň başga sebitleri bilen bir hatarda, Balkan welaýatynda hem döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen pagta arassalaýjy zawod, pagta egriji we tikinçilik fabrigi guruldy.

HEMMÄ HALAL HÜNÄR

Ol hakyndaky dessany diňlänleriň ýadyndadyr, geljekki pygamber Ybraýym Halyl ençeme gezek dürli pişä hyýallanyp, başyna baranda, her gezek gulagyna owaz gelýärmiş: «Eý, Ybraýym, bu iş saňa buýrulmandy! Eý, Ybraýym, sen bu iş üçin ýaradylmandyň!». Elbetde, bu keramata gurşalyp, dessana öwrülen rowaýat. Ýöne adaty durmuşda-da her gezek aýgytly çözgüde gelmeli pursatlarda aňyp bilene Alla yşarat edýändir. Hernäçe höwesiň-meýliň bolanda-da, aslynda, ezelden buýrulmadyk ýa ata-babaňdan miras berilmedik bolsa, hemme hünäriň-kesbiň başyna arkaýyn barybermeli däl. Kesp hem, edil durmuş hemrasy ýaly, öran oýlanyp-ölçerip saýlanmaly zat. Ýar we kär — bular biziň ömürlik hemralarymyz, durmuşymyzyň datlylygam, berekedem şulara bagly. Özüne hezil bermejek kesbe ulaşan adamyň özi-de hiç kese hezil berip bilmeýär. «Öz atyňy tapyp münmek» ýa-da «özüňi tapmak» diýen jümleler howaýy däl, hakyky kesp-hünäriňi tapman, bu durmuşda öz ornuňy tapyp, tebigy ukyp-başarnygyňydyr mümkinçilikleriňi doly açyp we sarp edip bolmaýar.

Yhlasly zähmetiň sarpasy

Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň Hasyl toýunyň öňüsyrasynda gol çeken Permanyna laýyklykda, öňdebaryjy oba hojalyk işgärlerine Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ene ýerden bol hasyl alyp, tapawutlanan zähmetkeşlere ýokary döwlet sylagynyň berilmegi mynasybetli olaryň birnäçesiniň ýürek sözlerini ýazga geçirdik. Serdar EKÄÝEW,Bäherden etrabynyň «Garry Nohur» daýhan birleşiginiň kärendeçisi:

Balkanly pagtaçylaryň guwandyryjy üstünligi

Hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan anyk wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmegi maksat edinip, gaýratly zähmet çekýän balkanly hasyl ussatlary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gowaça ösdürip ýetişdirmekde hem guwandyryjy üstünlige eýe boldular. Olaryň 13 müň gektar meýdanda agrotehniki talaplara laýyk ösdürip ýetişdirilen gowaçadan häzire çenli ýygnap alan hasyly 16 müň tonnadan hem geçip, döwlet tabşyrygy artygy bilen berjaý edildi. Bu zähmet üstünligine welaýatyň Magtymguly, Gyzylarbat, Esenguly we Etrek etraplarynyň «ak altyn» ussatlary saldamly goşant goşdular.

Hasyl toýy — rysgal-bereketliligiň baýramy

12-nji noýabrda ýurdumyzda türkmen ekerançylarynyň zehinini we zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy baýramçylyk çäreleriniň esasy ýaýbaňlandyrylan ýeri boldy. Dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ähli welaýatlardan hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Rysgal-berekediň toýy

Toý halkymyzyň durmuşynda möhüm wakalar, bagtly pursatlar bilen manydaş düşünjedir. Milli senenamamyzy bezeýän, biri-birinden zyýada baýramlaryň arasynda uly ruhubelentlik bilen bellenilýänleriniň biriniň ene topragyň rysgal-berekediniň we daýhan yhlasynyň sarpalanmasynyň nyşany bolan Hasyl toýy bolmagy tötänden däl. Çünki bereketli toprak bilen yhlasly zähmetiň sazlaşygy ynsanyň bolelin we abadan durmuşynyň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, Ýer ýüzünde ýaşaýan halklaryň aglabasy eýýäm ençeme asyr bäri altyn güýzüň bereket eçilýän günlerinde hasyl baýramçylyklaryny belläp gelýärler. Berkarar Watanymyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Hasyl toýy hem türkmeniň dünýäni haýran galdyrýan toýlarynyň ruhuna beslendi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň netijesinde, edermen daýhanlarymyz däneli ekinleriň, pagtanyň, gök-bakja önümleriniň, miwedir ir-iýmişleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan çuňňur oýlanyşykly özgertmeleriň çäklerinde ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Önüm öndürijiler üçin ýer böleklerini uzak möhletleýin peýdalanmaga bermek boýunça ýörite ýer gaznalary döredilýär. Örküni

Ajaýyp zähmet üstünligi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň merdana pagtaçylarynyň azabyňy gaýgyrman, agrotehniki kadalara laýyk ideg etseň, dökünini, suwuny kem etmeseň hasylyny bolluk bilen eçilýän sahawatly topragymyzdan 16 müň tonnadan gowrak «ak altyn» ýygnap, ýurdumyzda ilkinji bolup pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmekleri hemmeleri begendirdi. Munuň özi daýhan zähmetiniň, bereketli topragymyzyň hormatyna ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uly dabaralara beslenen Hasyl toýuna welaýatymyzyň pagtaçy daýhanlarynyň ajaýyp zähmet sowgady boldy. Berkarar döwletiň täze  eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde welaýatymyzyň oba hojalyk pudagynda hem uly özgerişler amala aşyrylýar. Ene topraga eýeçilik gözi bilen garap, jany-teni bilen hyzmat etjek hakyky ýer eýeleriniň ösüp ýetişmekleri, olaryň bol girdeji alyp, halal baýamaklary üçin ähli şertler döredilýär. Bu gün welaýatymyzda hem daban azaby bilen ene topragy gülledýän, ata Watanymyzyň bedew batly okgunly ösüşlerine saldamly goşant goşýan zähmetsöýer daýhanlar ýeriň, suwuň hakyky eýeleri boldular. Bol hasyl ösdürip ýetişdirmekde oňat netije berýän peýdaly usullaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, döwrebap, kuwwatly oba hojalyk tehn

Hasyl toýy

ARZYLY BAÝRAMYŇ DABARASY Düýn Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda armazak daýhanlarymyzyň arzyly baýramy — Hasyl toýy giňden we dabaraly bellenilip geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwlet derejesinde bellenilýän Hasyl toýy zähmetsöýer, tutanýerli, işbaşarjaň ussat babadaýhanlarymyzyň baýramydyr. Bütin ýylyň dowamynda daýhanlarymyzyň çekýän ýadawsyz zähmeti netijesinde ene toprakdan bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň, gök-bakja ekinleriniň ýokary hasyly ýetişdirilip, ýygnalýar, ýurdumyzda azyk bolçulygy döredilip, azyk howpsuzlygy gazanylýar.

“Çekseň zähmet - ýagar rehnet”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen parasatly syýasaty baş ýörelgesine öwren hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň il-ulusymyzyň bolelin durmuşda bagtyýar ýaşamagy üçin durmuşa geçirýän taýsyz tagallalary halkymyzda çuňňur kanagatlanma we buýsanç duýgularyny oýarýar. Her bir güni ýokary ösüşlere beslenýän ajaýyp döwrümizde türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hemaýat-goldaw bermegi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde gysga döwrüň içinde ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamyny düýpgöter özgerdip, oba senagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak işlerinde hem aýdyň çözgütler ýola goýuldy. Ata-babalarymyz: “Çekseň zähmet - ýagar rehnet” diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Haçan-da, yhlas bilen ene ýere hyzmat edilse, onuň sahawat-käni egsilmeýär. Döwletimiz tarapyndan oba zähmetkeşlerine döredilýän mümkinçilikler, tehnikanyň, döküniň, suwuň we gaýry zerur zatlaryň elýeterli bolmagy ene toprakdan rysgal-döwletini tapýan zähmet ussatlaryna hyjuwly we yhlasly zähmet çekmek üçin galkynmalary bagyş edýär. Il-halkyň bähbidini nazarlaýan ägirt uly bu işler ýeriň hakyky eýeleri bolan babadaýha

Daýhanlaryň zähmeti bilen türkmen topragynyň berekedi artýar

Ýurdumyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi 12-nji noýabrda ýurdumyzda türkmen ekerançylarynyň zehinini we zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy baýramçylyk çäreleriniň esasy ýaýbaňlandyrylan ýeri boldy. Bu ýerde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösmegine mynasyp goşant goşan öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri we beýleki hünärmenleri hormatladylar.

Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Hasyl toýunyň uly dabaralara beslenýän gününde Balkan welaýatynyň edermen daýhanlary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler. Olar 16 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän täze tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Pagta süýüminiň ýurdumyzyň kärhanalarynda gaýtadan işlenilmegi taýýar önümi eksport etmegi ugur edinýän dokma senagatynyň strategik wezipeleriniň biridir. Diýarymyzyň başga sebitleri bilen bir hatarda, Balkan welaýatynda hem döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen pagta arassalaýjy zawod, pagta egriji we tikinçilik fabrigi guruldy.