''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Goýunlaryň et-ýag önümliligini ýokarlandyrmagyň usullary

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladalary netijesinde ýurdumyzyň maldarçylyk pudagynyň işini döwrebaplaşdyrmak babatda hem uly işler geçirilýär. Bu pudagyň ilatymyzy zerur azyk önümleri bilen üpjün etmekdäki ähmiýeti günsaýyn ýokarlanýar. Ýurdumyzyň maldarçylygynda öndürilýän umumy etiň möçberinde dowardarçylyk pudagy agramly orny eýeleýär, has takygy, öndürilýän ähli etiň 45 — 47 göterimi bu pudaga degişlidir. Türkmenistanda goýunlaryň garaköli, saryja we az möçberde gissar hem-de merinos tohumlary ösdürilýär. Garaköli goýunlary ähli welaýatlarda, saryja goýunlary Ahal welaýatynyň günbatar etraplarynda, gissar goýunlary Lebap welaýatynyň Köýtendag sebitinde we merinos goýunlary bolsa Günorta-Günbatar Köpetdagyň maldarçylyk hojalyklarynda ösdürilýär.

Bereket bulagy

Gözbaşyny Garagum derýasyndan alýan Türkmengala — Zähmet abzalýabyny Mary welaýatynyň ilaty bereket bulagyna deňeýär. Akabanyň Baýramaly, Türkmengala, Murgap etraplarynyň ekerançylyk meýdanlaryny suwlulandyrmakda we ilatyň agyz suw üpjünçiligini gowulandyrmakda bitirýän hyzmaty uludyr. 2014-nji ýylda bu eşret çeşmesiniň durkunyň täzelenip, beketlerindäki ozaldan bar bolan suw sorujylarynyň kuwwatly enjamlar bilen çalşyrylmagy, işçi-hünärmenler üçin amatly şertleriň döredilmegi akabanyň suw geçirijilik mümkinçiligini sekuntda 40 kub metre çenli ýokarlandyrdy. Bu welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň 44 müň gektaryny suwlulandyryp, sebitde ýaşaýan müňlerçe ilatyň agyz suwuna islegini kanagatlandyrýar. Abzalýabyň goýnunda üç sany suw göteriji beket bolup, olaryň umumy uzynlygy 46 kilometre barabar. Bereket akabasynyň suw getirijilik mümkinçiligini kadaly saklamakda, hanasyny arassalamakda, beketlerdäki suw sorujylaryň abatlygyny gazanmakda we elektrik üpjünçiligine gözegçilik etmekde Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Marysuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Zähmetabzalýap» önümçilik dolanyşygynyň işgärleri egin-egne berip zähmet çekýärler.

Tohumlyk gowaça çigidi taýýarlanýar

Ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek işleri Köneürgenç etrabynda hem barha giň gerime eýe bolýar. Kärendeçi daýhanlary ýeterlik mukdarda tohumluk pagta çigidi bilen üpjün etmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda pagta arassalaýjy kärhanada alnyp barylýan işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Açylyp ulanmaga berlenine on ýyla golaý wagt bolan bu kärhana her ýyl kärendeçileri ýeterlik mukdarda tohumlyk gowaça çigidi bilen üpjün etmekde ýokary netijeleri gazanýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem kärhana «Gubadag-3», «Jeýhun», «S-4727», «Daşoguz-114» ýaly gowaça görnüşlerinden 2397 tonna tohumlyk çigidi taýýarlamagy göz öňünde tutýar. Kärhana daşary ýurtlaryň ösen tehnologik enjamlary ornaşdyrylyp, bu ýerde zähmet çekýän hünärmenler olara başarjaňlyk bilen erk edýärler. Bu ýerde işler üç çalşykda alnyp barylýar. Kärhanada hereket edýän barlaghanada tohumlyk gowaça çigidiniň hil derejesini kesgitleýär. Kärhananyň zähmetsöýer, göreldeli işgärleri hökmünde Ejebaý Gurbanowany, Güljemal Kurbankulyýewany, Arazmyrat Iskenderowy, Baýramgeldi Ilamanowy görkezmek bolar. Ähli işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy, meýilnamada bellenen tohumlyk gowaça çigidini öz wagtynda ýokary hilli taýýarlamaga giň mümkinçilik berýär.

Göwnejaý ideg edilýär

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «8-nji Mart» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary şu ýyl bugdaýyň bereketli hasylyny kemala getirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Daýhan birleşigi boýunça 1200 gektar meýdana bugdaýyň welaýatymyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan görnüşleri ekilip, birtekiz gögeriş alyndy. Şonça ýere gallaçy kärendeçileriň 313-si eýeçilik edip, gyş paslynyň häzirki günlerinde bugdaý maýsalaryna göwnejaý ideg edýärler. Olar ekinleri ýerli we mineral dökünler bilen iýmitlendirip, ýaş maýsalaryň gurplanmagy üçin oňaýly şert döredýärler. Her ýyl bugdaýyň bereketli hasylyny öndürmekde Aýgül Sähedowa, Jemal Baýarowa, Berdimät Atamedow ýaly kärendeçiler köplere görelde bolmagy başarýarlar. Ene toprakdan bol hasyl öndürmegi başarýan gallaçy daýhanlaryň eýeçiligindäki meýdanlarda yhlasly zähmet çekip, ekinlere edýän idegini synlanyňda olaryň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watan harmanyna «guşgursak» ak bugdaýyň bereketli hasylyny goşmak barada öňde goýýan maksatlaryna ýetjekdiklerine ynamyň artýar.

Bol hasylyň düýbi tutulýar

Ösüş-özgerişleriň ýoly bilen

Rowaçlyga beslenýän pudak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, eziz Diýarymyzda ähli ulgamlarda şöhratly belent sepgitlere ýetilýär. 2023-nji — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny ýokary zähmet üstünliklerine beslän halkymyz täze, 2024-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylady.

Netijeli işler — üstünlige badalga

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bereketli galla hasylyny kemala getirmek ugrundaky derwaýys aladalary giňden ýaýbaňlandyrýan welaýatymyzyň kärendeçi daýhanlary häzirki günlerde meýdanlarda ýaşajyk bugdaý maýsalaryna ideg işlerini ýokary derejede alyp barýarlar. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň ene topragymyzdan öndürilýän gallanyň mukdaryny artdyrmak babatda öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegi üçin düýpli şertler döredilýär. Şeýle belent maksatlardan ugur alýan Akdepe etrabynyň S.Çerkezow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileri geçen ýylyň güýzünde 1200 gektar meýdana bugdaý tohumyny ekdiler. Häzirki wagtda daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň gözegçiligindäki şol ýerler ýaşyl öwsüp, töwerege ajaýyp bezeg berýär.

Ýazky ekişe taýýarlyk

Gyş pasly sahawatly topragyň kadaly dynç alýan hem-de günsaýyn gurplanýan wagtydyr. Golaýda ýagan gar Daşoguz welaýatynyň ekerançylyk meýdanlaryna ak düşek ýazdy. Munuň özi bereket-bolçulykdan nyşandyr. Möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary hilli geçirmek, ýazky ekişe talabalaýyk taýýarlyk görmek babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça möhüm agrotehniki işler alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýat boýunça 140 müň gektar meýdanda gowaça ekişini bellenilen möhletlerde geçirip, 265 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

Dok we ýyly gyşladylýar

Lebap welaýatynyň maldarlary şu günler Garagumuň we Gyzylgumuň ýaýlalarynda dowarlary gyşlatmak işini göwnejaý alyp barýarlar. Welaýatyň «Türkmenmallary» önümçilik birleşigine degişli bolan bäş sany maldarçylyk hojalygynda dowarlaryň 166 müň 300-den, düýeleriň 2 müň 300-den gowragy gyşladylýar. Gyş — maldara synag döwri. Şu synagdan geçip bilseň, göwün diýen önümiňi alýarsyň. — Çöle çopan bolmak üçin gelýänler köp, ýöne olaryň hemmesinden çopan çykanok. Çopan bolmak üçin örän düşbi, ugurtapyjy, malyň sesinden onuň ýagdaýyny bilýän, ýadaman-ýaltanman ylgap ýören kişiler gerek. Men-ä halypa hökmünde öz ýanyma alýan şägirtlerimden, ilki bilen, şu häsiýetleri talap edýärin — diýip, Saýat etrabynyň «Jeýhun» maldarçylyk hojalygynyň çopany Öwezmyrat Jumadurdyýew aýdýar. Köýtendag etrabynyň «Köýtendag» maldarçylyk hojalygynyň tejribeli halypa çopany Gahryman Azylow bolsa: «Ata-babalarymyz mala höwesli ýaşlary ýaşlygyndan terbiýeläpdirler. Diýmek, geljekki çopany ýaşlygyndan taplamaly, oňa çopançylygyň ähli tilsimlerini öwretmeli» diýip, biziň gürrüňimize goşuldy. Bu çopanlaryň biri malyny Garagumda baksa, beýlekisi Köýtendagyň eteklerinde, baýyrlyklarda bakýar. Ikisiniň-de özlerine ýetik tejribeleri bar. Şondan hem

Atajan ussanyň bagy

Sarahs etrabynyň Alam obasynyň deňinden geçeniňde gür baglyga gözüň düşýär. Şonda obanyň zähmetsöýer adamlarynyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky asylly işlere işjeň gatnaşýandyklaryna göz ýetirýärsiň. Gürrüňi edilýän obanyň ýaşaýjylary bilen gürrüňdeş bolanyňda, Atajan bagbanyň adyna öwgüli we alkyşly sözlerini aýdýarlar. «Adam eli gyzyl gül» diýleni. Ata-babasynyň kesp-kärine gol beren Atajan uzak ýyllaryň dowamynda ussaçylyk käri bilen meşgul bolýar. Ol halypa ussalardan bu käriň inçe syrlaryny irginsizlik bilen öwrenip, yhlasly çeken zähmetiniň netijesinde baý tejribe toplaýar. Onuň obadaşlarynyň arasynda «Atajan ussa» ady bilen tanalmagy hem ýönelige däl.

Göwnejaý sürüm — bereketli hasyl

Hasyl tohuma-da baglydyr welin, topragyň ekiş möwsümine taýýarlygyna-da has bagly. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň gündogar sebitiniň oba hojalykçylary ýerleri ýazky ekişe taýýarlamak maksady bilen, sürüm işlerini ýokary derejede geçirýärler. Ýylyň bütin dowamynda daýhanlar bilen sazlaşykda işleýän welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň mehanizatorlary sürüme işjeňlik bilen gatnaşýarlar. Welaýatda sürüm üçin kuwwatly tehnikalaryň 432-sini ulanmaga mümkinçilik bar. Häzirki günlerde şolaryň 245-si meýdanlarda işledilýär.

Maldarlaryň gyş aladalary

«Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýleni. Gyş möwsüminde howa çalt-çaltdan üýtgäp durýar. Hatda käbir ýyllarda howa örän sowuk, ygally gelip, maldarlaryň öňünde kynçylyklary döredýär. Maldarlaryň jogapkärçiligi artýar. Şol kynçylyklaryň aradan aýrylmagy üçin etrabyň edermen maldarlary gyş döwrüne tomus paslyndan başlap, ýeterlik ätiýaçlyk ot-iým gorlaryny döretdiler. Şu günler etrabyň dowarlaryny gyşlatmak Merkezi Garagumuň gyş döwründe amatly bolan ýaýlalarda geçirilýär. Mallar üçin oňaýly örüleriň saýlanyp alynmagy, daýhan birleşikleri tarapyndan çarwalaryň hal-ýagdaýlary bilen günde-günaşa gyzyklanylyp durulmagy mallaryň oňat hilli gyşlamagyna uly ýardam berýär. Dowarlary göwnejaý, zootehnikanyň talaplaryna laýyk saklamakda, iýmitlendirmekde we gyşlatmakda etrabymyzyň S.A.Nyýazow, Şaja Batyrow adyndaky hem-de «Mürçe», «Garaşsyzlyk» daýhan birleşikleriniň maldarlary görelde alarlyk zähmet işjeňligini görkezýärler.

Ykbal bize gülüp bakdy

Muhammetmyrat ATAÝEW,Murgap etrabynyň «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň kärendeçi çopany: — Ynsan balasynyň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly pursatlar, günler az bolanok. Şeýle begençli, guwançly günleri ençeme gezek başymdan geçirdim. Ýaňy-ýakynda durmuşymyzda bolup geçen, ýatdan çykmajak bagtly pursatyň welin, hakydamda ömürlik orun tutjakdygyny buýsanç bilen aýdyp bilerin. Çünki Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň ilkinji aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurt çäginde ilkinji iş saparyny Mary welaýatynda amala aşyrmagy Murgap jülgesiniň ýaşaýjylaryny, zähmetkeşlerini diýseň begendirdi. Biziň maşgalamyza bolsa goşa şatlyk, ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalary getirdi. Kalbymyzy guwançdan, serimizi buýsançdan doldurdy. Çünki Garagumuň jümmüşine — biziň dowar bakyp ýören ýerimize Gahryman Arkadagymyz dikuçar bilen gelip, biziň bilen didarlaşdy, hal-ahwal soraşdy. Ýaşaýyş-durmuş şertlerimiz, gün-güzeranymyz bilen gyzyklandy. Belent mertebeli myhmanymyz çopan çalmarynda oturyp, köp zatlary gürrüň berdi. Milli Liderimiz maldarçylyk, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, işlemegi barasynda döwlet derejesinde edilýän aladalar hakynda

Topragy gowaça ekişine taýýarlamagyň döwrebap usullary

Topragy gowaça ekişine taýýarlamak işleri şol meýdanda öň ösdürilip ýetişdirilen ekine baglylykda ýerine ýetirilýär. Pagta hasyly ýyglan meýdanlarda gowaça çöpüni traktora asylýan ýörite gural bilen 10 — 15 santimetr çuňlukda köküni çapyp, meýdandan çykarmaly ýa-da gowaça çöpüni kerçeýji gural bilen maýdalap, ýere ýaýratmaly. Bu ýagdaý gowaça meýdanlaryny belli bir derejede organiki çüýrüntgiler bilen baýlaşdyrýar. Ekin meýdanlarynda topragyň esasy bejergisiniň hilini gowulandyrmakda sürümden öň berlen suwuň uly ähmiýeti bar. Bu suw meýdanlarda gowaça çöpi çapylmazdan öň, köne keşler boýunça her gektara 600 kubmetr kadada berilýär. Sürümden öňki suwaryş işleri ýerasty suwlaryň golaý ýerlerinde geçirilmeýär.

Gün energiýasynyň oba hojalygyndaky orny

Häzirki döwürde tebigy baýlyklarymyzy geljekki nesiller üçin gorap saklamak maksady bilen, ekologiýa taýdan arassa önüm bolan energiýanyň alternatiw, adaty däl, gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinde yzygiderli ylmy-barlag işleri geçirilip, bu ugurda uly açyşlar edilýär. Gün energiýasy dünýäde iň amatly we ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmeleriniň biridir. Ol soňky ýyllarda oba hojalygy ulgamynda giňden peýdalanylyp başlandy. Bu ulgamda Gün energiýasynyň ulanylmagy ykdysady, daşky gurşaw we sosial meseleleri çözmäge mümkinçilik berýär. Oba hojalygynda Gün energiýasyny ulanmagyň ilkinji we ähtimal iň möhüm tarapy, energiýa çykdajylaryny tygşytlamak ukybydyr. Gün panelleri elektrik nasoslary, suwaryş, yşyklandyryş we beýleki ýagdaýlar üçin ulanylyp bilner. Bu adaty energiýa çeşmelerine baglylygy, energiýa çykdajylaryny azaldýar.

Taýýarlyk işleri ýaýbaňlanýar

Armalary ýetirildi Şu günler welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Türkmengala etrabynda hem gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşigi sürüm, tekizleşik işlerini geçirmekde öňdäki hojalyklaryň hatarynda tanalýar.

Ösüşlerde mynasyp paýlary bar

2023-nji ýylda türk pissesi 96 ýurda iberildi

Türkiye pisse öndürmekde we eksport etmekde uly kuwwata eýedir. Bu ýurtda pisse, esasan, Şanlyurfa we Gaziantep welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Günorta-gündogar Anadoly eksportçylar birleşiginiň habaryna görä, ýurtda 2022-nji ýylda 179,695 million dollarlyk pisse eksport edildi. Geçen ýyl 96 ýurda, şol sanda Germaniýa, Italiýa, Yrak, Gyrgyzystan, Hytaý, Täjigistan, Angliýa, Albaniýa, Katar, Hindistan, Türkmenistan, Şweýsariýa, Ispaniýa, Polşa, Malta, Gana, Ýaponiýa, Kuba we Rumyniýa ýaly ýurtlara eksport edildi. «BazaarTimes»-iň habaryna görä, Türkiýe pisse eksportyndan geçen ýyl 151,57 million dollar girdeji gazanypdyr. Pissäniň köpüsi Germaniýa eksport edildi. 2023-nji ýylda Türkiýe Germaniýa, takmynan, 36 million dollarlyk pisse eksport etdi. Soňra 22,46 million dollarlyk möçberinde Italiýa, 12,62 million dollar möçberinde hem Yraga eksport edilipdir.

2023-nji ýylda Moldowa miweleriň eksportyny 82 göterim ýokarlandyrdy

2023-nji ýylda Moldowadan erigiň, üljäniň, alçanyň we şetdalynyň eksporty 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 82 göterim ýokarlandy. Bu maglumaty wise-premýer, ykdysady ösüş we sanlylaşdyrma ministri Dumitru Alaýba MOLDPRES-de beýan etdi. Onuň sözlerine görä, bu miweleriň eksporty 81 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Eksportyň 61 göterimi Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara iberildi. Moldowanyň miweleriniň esasy bazarlary Rumyniýa (16 göterim), Polşa (12 göterim), Germaniýa (10 göterim), Latwiýa (4 göterim) we Gollandiýa (3 göterim).

Maldarçylyk — oba hojalygyň wajyp ugry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maldarçylyk oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş saparynyň dowamynda Garagum sährasynyň jümmüşinde ýerleşýän Murgap etrabynyň «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň öri meýdanlaryna baryp, çopan bilen hal-ahwal soraşmagy, olaryň alyp barýan işleri, dowarlaryň ýagdaýy bilen gyzyklanmagy maldarçylyga döwlet derejesinde üns berilýändigini aýdyň şöhlelendirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda maldarçylygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işleriň dowam etdirilmegi hem meýilleşdirilýär. Şonuň bilen birlikde, Milli maksatnamada mallaryň we guşlaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, maldarçylygyň ot-iým binýadyny gowulandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmak bellenilýär. Hususan-da, maldarçylyk toplumlary ot-iýmleri gaýtadan işlemek üçin enjamlar bilen üpjünçiligine ýardam edilmegi, ekerançylykda gowaça-ýorunja ekin dolanyşygynyň ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek wezipeleri kesgitlenen.