''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Ekerançylaryň yhlasly zähmeti

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen daýhan birleşiklerinde, daýhan hojalyklarynda bugdaý, gowaça bilen bir hatada, gök-bakja ekinleriniň köp ekilip, olardan bereketli hasylyň öndürilmegine gönükdirlen işler barha giňden ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi halkymyzyň gündelik sarp edilýän gök, bakja önümleri bilen ygtybarly üpjün edilmegine, olaryň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltmaga mümkinçilik berýär. Bu ugurda gazanylýan şeýle guwandyryjy netijeler ekerançylarymyzyň çekýän agzybirlikli zähmetleriniň miwesidir. Bu babatda welaýatymyzyň Akdepe etrabynyň kärendeçi daýhanlarynyň alyp barýan işleri-de örän guwandyryjydyr. Olar her ýyl ýeralmanyň, pomidoryň, kelemiň we beýleki önümleriň bereketli hasylyny ýetişdirip, halkymyzyň saçagyna ýetirmegiň hötdesinden gelýärler.

Daýhan baýasa, ýurt baýar

9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dowamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler baradaky maglumatlary diňläp, buýsançly başymyz gök diredi. Çünki olaryň ählisi halkymyzyň bagtyýar, bolelin ýaşaýşy bilen baglanyşykly. Ýöne esasy ünsümizi çeken zat rysgal-döwletimiziň binýady däneçilik we pagtaçylyk pudaklary bilen bagly gürrüňlerdir kabul edilen taryhy çözgütler boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz öň hem pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhyna garaljakdygyny aýdypdy. Bu habara tüýs ýürekden begenipdik. Bu habar täze ýylyň hasylynyň düýbüni tutmaga girişen daýhanlaryň süňňüni ýeňledip, biline-bilegine kuwwat beripdi. Ýöne nyrhlar beýle derejede ýokarlanar öýdüp hyýalam etmändim. Kärdeşlerimiz bilen telefonda birek-biregi gutlaşsagam, ýüzbe-ýüz bolsagam, şeýle begençli gürrüňleri eşidýäris. Beýik Biribar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürlerine bereket, işlerine rowaçlyk bersin!

Azyk bolçulygyna goşant

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Uly ynam» daýhan hojalygy Daşoguz welaýatynyň agrosenagat önümçiliginiň dürli ugurlarynda üstünlikli işleýär, döwrüň ösen isleglerine laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürip, azyk bolçulygyny üpjün etmäge önjeýli goşant goşýar. Ýedi ýyldan gowrak wagt bäri hereket edýän bu köpugurly hojalygyň Köneürgenç etrabynyň «Hakykat» daýhan birleşiginde ýerleşýän maldarçylyk toplumynda mallara talabalaýyk ideg etmek, ekologik taýdan arassa hem ýokumly ot-iým bolçulygyny döretmek, et we süýt önümçiliginiň möçberini artdyrmak boýunça ähli işler ylmy esasda, iň täze usullar bilen alnyp barylýar. Bu ýerde gara mallardan aýda 15 tonnadan gowrak süýt alynýar. Simmental tohumly bu mallaryň süýdi özboluşly tagamy, ýaglylygy bilen tapawutlanýar. Taýýarlanan süýdüň esasy bölegi etrabyň ösümlik ýag kärhanasynyň süýt önümlerini öndürýän bölümine, şeýle-de konditer ugurly önümçilik bilen meşgullanýan telekeçilere ugradylýar. Häzirki wagtda maldarçylyk toplumynyň işini has-da döwrebaplaşdyrmak hem-de gerimini giňeltmek maksady bilen, etrabyň çäginde sowadyjy ammarly soýumhana toplumyny işe girizmek göz öňünde tutulýar.

Yhlasly zähmet — bol hasylyň kepili

Daýhançylyk bilen bagry badaşan adam islendik ýaşda-da elinden iş guralyny goýmaýar. Olaryň aýtmaklaryna görä, dynç alyp oturanyňdakydan işläp ýören mahalyň alýan lezzetiň has üýtgeşik bolýar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Ak üzüm» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Ýusup Bäşimow hem şeýle adamlaryň biri. Ol ýaşynyň segsene ser urandygyna garamazdan, häzir hem pilini elinden düşürmeýär. Şu günler bolsa Ýusup aga gyş möwsüminiň aladalary bilen gümra. — Daýhan hojalygynda 11 gektar üzüm meýdany bolup, olarda hatararalaryny sürmek işleri alnyp barylýar. Bu bolsa agajyň köküniň oňat dem almagy, haşal otlardan arassalanmagy, hasylyň bol bolmagy üçin möhümdir. Bu işi kuwwatly tehnikalaryň kömegi bilen bökdençsiz amala aşyryp bolýar. Mundan başga-da, üzümleri gyrkmak işlerini hem talabalaýyk ýerine ýetirmeli. Özem bu iş ýerine ýetirilende, çybyklar çem gelen ýerinden gyrkylmaýar, bagbançylygyň öz usullary bilen hereket etmeli.

Ak ekine ideg edilýär

Kaka etrabynyň gallaçylary şu günler ak ekini yhlas-alada bilen gurşaýarlar. Üstümizdäki ýylyň hasyly üçin 42 müň 400 gektarda däne ýetişdirýän etrabymyzyň gallaçy daýhanlary ekiniň ideg işlerinde agrotehnikanyň talaplaryna berk eýerýärler. Ideg işleriniň her biriniň wagtynda ýerine ýetilmegine aýratyn üns gönükdirilýär. Bu bolsa ýaşajyk maýsalaryň günsaýyn boý almagyna itergi berýär. Etrabymyzyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň we daýhan birleşikleriniňdir hojalyklarynyň tehnikalary ideg işlerinde giňden ulanylýar. Öz işine ökde mehanizatorlar bolsa şol tehnikalara başarjaňlyk bilen erk edip, dänäniň bol hasylynyň ýetişdirilmegine goşant goşýarlar.

Tehnikalar ekişe taýýar

Şu günler welaýatymyzyň ekin meýdanlarynda gowaça ekişine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýär. Bu möhüm işde ulanyljak tehnikalaryň guratlygy doly gözden geçirilýär. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň hünärmenleri daýhan birleşikleriniň inženerlerine, mehaniklerine we mehanizatorlaryna bu ugurdan ýakyndan ýardam berýärler. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginden alnan maglumatlara görä, bu çäreleri ýokary hilli geçirmek üçin gerekli gurallaryň hemmesi: geriş çekijiler, boronalar, çizeller, ýer tekizleýjiler abatlanylyp, taýýarlyk hatarynda goýlupdyr. Bu işe etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň, hojalyklaryň merkezleşdirilen ussahanalarynyň hünärmenleri hem saldamly goşant goşupdyrlar. Netijede, dişli boronalaryň we malalaryň 7 müň 200-den gowragy, azallaryň 510-a ýakyny işe taýýar edilipdir. Çizeller, motygalar, çuň ýumşadyjylar we beýleki gurallar hem doly abatlanylypdyr. Bu bolsa gowaça ekişiniň wagtynda we agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçiriljekdigine ynam döredýär.

Dowarlar dok gyşladylýar

«Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýip ýöne ýerden aýtmandyrlar. Şonuň üçin çopanlar gyş günlerinde ätiýajy elden bermeýärler. Dowarlary gijelerine ýyly we dok saklamagyň aladasyny edýärler. Maljanly çopanlar dowarlaryny gijelerine goşmaça iýmitlendirýärler. — Çöl gijeleri sowuk bolýar. Sowukda mallar tiz ajygýarlar. Otuna-suwuna seretmek hökman. Mal dok bolsa, gijelerine sowuk kär etmeýär. Rahat ýatýar. Mallaryň üşemeýändigine, dokdugyna gözümiz ýetensoň, biz hem biraz arkaýynlaşýarys — diýip, Gyzylgumdaky «Gyzguýy» guýusynyň töweregindäki öri meýdanynda dowarlaryny bakýan baş çopan Rozmämmet Hoşwagtow bize gürrüň berdi.

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Hasyl idege bagly Üstümizdäki ýyly guwandyryjy zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýän Murgap etrabynyň pagtaçy kärendeçileri şu günler meýdan işlerine jogapkärli çemeleşýärler. Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamagyň şu günüň möhüm talabydygyna oňat düşünýän kärendeçiler agrotehnikanyň talaplaryna görä iş alyp barýarlar. Göwnejaý ýerine ýetirilen sürüm gowaça ekişini bökdençsiz geçirmäge we hasylyň düýbüni berkden tutmaga mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigine daýhanlar iş tejribelerinde doly göz ýetirýärler.

Bolçulygyň çeşmesi

Halkymyzda tebigy baýlygymyz hasaplanýan suwy tygşytly ulanmak, ösüp gelýän ýaş nesliň aňynda oňa bolan garaýyşlary terbiýelemek aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda beýan edilýän «Ýer görki — suw, suw görki — guw», «Suw ýygnanyp köl bolar, köp ýygnanyp — il», «Damja suwdan tal çykar», «Tereň suwlar bulanmaz», «Wagt dagy gemrer, suw — daşy» diýen ajaýyp nakyllar hem onuň näderejede gymmatly hazynadygyny tassyklaýar. Türkmen halky ýere, suwa uly hormat goýýar. Tebigatyň janly-jandarlara eçilen bu gymmatly baýlygyny aýawly saklamak, her bir damjasy altyna deňelýän suwy tygşytly ulanmak her birimiziň mukaddes borjumyz hasaplanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryny akar suw bolçulygy bilen üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň suw çeşmesi Amyderýa, Murgap, Tejen, Etrek, Sumbar we Türkmen derýalary bolup durýar. Garagumuň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy ekologiýa üçin hem-de oba hojalyk pudagynda ähmiýetli bolup, täze suwarymly ekerançylyk meýdanlarynyň peýda bolmagyna getirýär. Şeýle hem ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, ý

Gallaçylaryň yhlasly zähmeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda gazanylýan oňyn netijelere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşup gelýän Şabat etrabynyň «Nowbahar» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri geçen ýylyň güýzünde 1182 gektar meýdana bugdaý ekip, ondan oňat gögeriş aldylar. — Daýhan birleşigimiz boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bugdaýlara ideg etmek işleri ýokary derejede alyp barylýar. Ondan şu ýyl Watan harmanyna 2200 tonnadan gowrak galla hasylyny tabşyrmak meýilleşdirilýär — diýip, hojalygyň baş agronomy Bagtyýar Jumamyradow sözüni dowam etdirdi.

Bagym bar — barym bar

Halkymyzda gadymdan bag ekmek, oňa ideg etmek sogaply hem haýyrly iş hasaplanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda hem bag baradaky pähimlere, paýhasly sözlere giň orun berilýär. «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Agaç barly bolsa, başy aşak», «Agaç iýmişinden belli, adam kylmyşyndan», «Agajy ne jüre bolsa, miwesi hem şo jüre», «Edenli adam topragy altyna öwrer» ýaly parasatly jümleleriň ata-babalarymyz tarapyndan döredilmegi halkymyzda bag ýetişdirmäge aýratyn uly ähmiýet berlendigini aňladýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek babatda öňde goýýan wezipeleriniň berjaý edilmegine goşant goşýan tejribeli bagbanlar welaýatymyzyň ähli ýerlerinde-de bar. Olaryň çekýän ýadawsyz zähmeti netijesinde, häzirki wagtda bag-bakjaly meýdanlaryň çäkleri barha giňeýär.

Azyk bolçulygyna mynasyp goşant

Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda maldarçylygy çalt depginler bilen ösdürmek, bu babatda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak barada öňde goýýan wezipelerinden ugur almak bilen derwaýys çäreler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde bu ýerde mallaryň baş sanyny artdyrmak, ýylyň dowamynda olardan bol önüm öndürmek boýunça guwandyryjy üstünlikler gazanylýar. Munuň özi hojalygyň kärendeçi maldarlarynyň yzygiderli hem-de ýadawsyz çekýän zähmetleriniň ýerine düşýändigini alamatlandyrýar. Paýdarlar jemgyýetinde 650-ä golaý iri şahly mal bolup, olaryň esasy bölegi ýokary önümli sygyrlardyr we tohum öküzlerdir. Şonuň ýaly-da bu ýerde ýaş göleleri öndürmek we idetmek barada berjaý edilýän işler hem talaby doly ödeýär. Şeýlelikde ol mallaryň baş sanyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Maýsalar boý alýar

Sarahs etrabynyň oba zähmetkeşleri güýzlük bugdaý ekilen meýdanlardaky ekine ideg etmek işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň hasyly üçin 22 müň 900 gektar meýdanda däne ýetişdirýän etrabyň gallaçy daýhanlary maýsalaryň ideg işleriniň her birine jogapkärli çemeleşýärler. Ideg işlerinde etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň, daýhan birleşikleriniň tehnikalarynyň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanylýar. Işleriň sazlaşykly guralmagy netijesinde maýsalar kadaly boý alyp, ýaşyl ýapynjaly meýdana özboluşly öwüşgin çaýýar. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň wekilleri bolsa häli-şindi möwsümleýin işleriň alnyp barylýan ýerlerinde bolup, zähmetkeşleriň armasyny ýetirýärler.

Gowy önümleriň hyrydarlary ýetik

Ýurdumyzyň bazarlaryny ýylyň ähli paslynda ter gök önümler bilen üpjün edip, alyjylaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmakda ýyladyşhanalaryň belli bahasy ýok. Hususy önüm öndürijiler bu mesele bilen baglanyşykly işleri ilerletmekde döwre mynasyp iş bitirip, köpüň alkyşyny almagyň hötdesinden gelýärler. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýän, «Mähriban obam» hususy kärhanasy hem şolaryň biri. Pomidoryň irki ýetişýän görnüşine talabalaýyk ideg edip, 14 gektar meýdany tutýan ýyladyşhanada bu ekiniň bol hasylyny kemala getiren zähmetsöýer işgärler şu günler ýetişdiren önümlerini öz wagtynda ýygnap, ýerlemek üçin tutanýerli zähmet çekýärler.

Daýhan erjelligi

— Daşyndan göräýmäge, daýhançylyk ýeňil kär ýaly bolup görünýär. Daýhançylyk işine içgin aralaşdygyňça, onuň beýle däldigine, azaplydygyna göz ýetirýärsiň. Onsoňam daýhanyň işi tebigat bilen baglanyşykly. Her bir agrotehniki çäräni geçirmekçi bolanyňda, howanyň amatly pursatlaryny peýlemeli. Bu kärde: «Haşara barsam ýeter, yransam günüm öter» diýilmegine asla ýol bermeli däl. Şonuň üçin gowy hasyl aljak bolsaň, bar yhlasyňy, başarnygyňy ene topraga bagyş etmeli — diýip, Saýat etrabynyň «Awçy» daýhan birleşiginiň bugdaý kärendeçisi Haýtmyrat Ahmedow gürrüň berýär. Hawa, zähmete bişişen daýhan muny ýöne ýere aýdanok. Ol, hakykatdan hem, sahy toprakdan dür öndürmegi başarýar. Bu edermen daýhan geçen ýyl 1 gektar kärende ýerinden 3,8 tonna derek 6,2 tonna azyklyk bugdaýy Watan harmanyna tabşyryp, her gektaryň hasyllylygyny 62 sentnere ýetirdi. Oňa ak ekini ösdürip ýetişdirmek işlerinde aýaly Tawus, ogly Yhlas ýakyndan ýardamçy boldular.

Köşekler köpelýär

Ýurdumyzda maldarçylygyň ösmegine, aýratyn hem düýedarçylykda gowy netijeleriň gazanylmagyna mynasyp goşant goşup gelýän Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky «Sakarçäge» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary gyş paslynda düýeleriň abatlygyny üpjün etmek, olary ýyly gyşlatmak üçin bar bolan mümkinçilikleriň ählisinden netijeli peýdalanyp, zähmet çekýärler. Bu döwür üçin zerur bolan ätiýaçlyk ot-iým gorlaryny taýýarlandyklaryna garamazdan, olar mallary «Şyhmansur», «Galandar», «Gamyşly» ýaly düýeleriň otlaýan öri meýdanlarynda — meýdan otlaryna baý ýaýlalarda bakmak bilen, jemgyýetçilik mallarynyň gowy gyşladylmagyny gazanýarlar. Hojalygyň maldarlary iň jogapkärli döwre — köşek almak möwsümine-de taýýarlykly geldiler. Geçen ýyl bu ýerde düýelerden 607 baş köşek almagy başaran sarwanlar, bu ýyl bu sany 700 başa ýetirmegi öz öňlerinde baş wezipe edip goýdular. Şonuň üçin şu ýyl jemi 3 müň 28 baş düýäni bakýan 22 sany çopan toparynyň hemmesi hem ýanwar aýynyň ortalaryndan bu möwsüme guramaçylykly girişdiler. Dörtguly Baýramow, Agamyrat Tuwakmyradow, Rahym Jumanyýazow ýaly tejribeli hem-de öňdebaryjy sarwanlaryň düýe sürülerinde eýýäm ençeme sagdyn köşekler alyndy. Möwsümiň gyzgalaňly döwrün

Gowaçanyň «Ýolöten – 54» täze sorty

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ekilýän oba hojalyk ekinleriniň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hilli, bol hasylly sortlaryny döretmegi we önümçilige ornaşdyrmagy oba hojalykçy alymlaryň öňünde esasy wezipe edip goýdy. Bu wezipäni ýerine ýetirmekde ýokary hasylly, ir ýetişýän, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan gowaça sortlaryny döretmek üçin Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynda naýbaşy tohumlary özleşdirmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Gowaçanyň täze sortlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy öndürilýän önümiň mukdaryny we hilini ýokarlandyrmakda esasy serişde bolup, köp hasyl öndürmäge hem-de girdejiniň artmagyna ýardam edýär. Pagtanyň öndürilişini gitdigiçe artdyryp, bu barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde seleksiýa ylmynda kabul edilen dürli usullary ulanyp, ýokary hilli, bol hasylly gowaça sortlaryny döredip, önümçilige ornaşdyrmak bolsa döwrüň talaby bolup durýar. Gowaça hasylynyň 80 göterimi geçirilýän agrotehniki, galan 20 göterimi bolsa sortuň zandyna (genotipine) baglydyr. Täze sorty döretmegiň esasy aýratynlygy köp harajat sarp edilmezden, önümçilige uly goşant goşmaga mümkinçilik berýänligidir. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk in

Täze hasylyň aladalary

Işler utgaşykly alnyp barylýar Babadaýhan etrabynda ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak işleri giň gerimde ýaýbaňlanýar. Häzir etrabyň hojalyklarynda taýýarlyk işleriniň çäklerinde şüdügär edilen ýerlerde tekizlemek, çil çekmek işleri bilen birlikde, ekiş geçiriljek meýdanlary ýerli we mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri utgaşykly dowam edýär.

Daýhanyň ygtybarly daýanjy

Adam saglygy üçin peýdaly iýmit

Ýurdumyzda süýt önümçiligi bilen meşgullanýan telekeçileriň sany ýylsaýyn artýar Maldarçylyk toplumlarynda öndürilýän süýt gaýtadan işlenip gatyk, gaýmak, dorog, ýogurt, aýran, syr, peýnir, mesge, başga-da ençeme tagamly, jana lezzetli, ynsan saglygy üçin peýdaly süýt önümleri öndürilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli süýdi gaýtadan işleýän kärhanalarda öndürilýän «Aýaz baba», «Gönezlik», «Sahawatly», «Zamana», «Şabat», «Hepdelik», «Her gün«, «Täze aý«, «Ak çeşme» şeýle hem beýleki haryt nyşanly süýt önümleri ilatda uly islegden peýdalanýar.