''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Döredijilikli ösüşiň sanly ugry

Häzirki döwürde ylym we tehnika örän çalt depginler bilen ösýär, telekommunikasiýa durmuşymyzyň köp bölegini eýeleýär. Islendik ýurduň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösmeginde telekommunikasiýa ulgamynyň uly paýy bar. Milli Liderimiziň tagallasy bilen, Türkmenistan kosmosy we innowasion tehnologiýalary özleşdirmekde köp öňegidişlikleri gazanmagy başardy. «Türkmen Älem 52° E” emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy, Tehnologiýalar merkeziniň açylmagy, elektron hökümeti döretmekde geçirilýän çäreler, ýurduň bank ulgamynda elektron hasaplaşyklaryň çäginiň giňeldilmegi we beýleki durmuşa geçirilýän işler ösüşiň bu ugruna täze badalga berdi. Hemra aragatnaşygy ylmyň we tehnikanyň soňky onýyllyklarda dörän täze ugrudyr. Ol älem tehnikasynyň, kosmos tilsimatlarynyň, informatikanyň hem-de sanly aragatnaşyk tehnikasynyň ulanylyş çäkleriniň iň soňky gazananlaryna esaslanýar. Elektrik aragatnaşyk torunyň dünýä boýunça ösüş depgini adamzat jemgyýetiniň senagat taýdan ösüş tapgyryndan maglumatlar tapgyryna geçmäge esaslanýar. Bu ösüş depgini geçen asyryň ahyrlarynda, aragatnaşyk ulgamynyň maglumat alyş-çalşygynyň sanly görnüşine geçenden soňra emele gelip başlady. Kiçi ölçegli antennaly aragatnaşyk terminallar toruny ulanyşa ornaşdyrmak işl

Sanly neşiriň uly mümkinçilikleri

Dünýäniň ösüşleri bilen deň gadam urýan ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän sepgitleri şöhlelendirýän, şeýle hem dürli ugurlary öz içine alýan makalalary okyjylara hödürleýän döwürleýin neşirleriň köp sanlysy çap edilýär. Okyjylarymyza şol neşirleriň çap edilýän we elektron nusgalaryna abuna ýazylmak mümkinçiligi döredildi. Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgamy ösdürmek boýunça tabşyryklaryndan ugur alnyp döredilen «Türkmenmetbugat» internet neşiriniň ýurdumyzda çap edilýän ähli gazet-žurnallary raýatlarymyz üçin elektron nusgada elýeterli etmekde möhüm ähmiýeti bolup, onuň meşhurlygynyň barha artmagy netijesinde gazet-žurnallara elektron görnüşde abuna ýazylýanlaryň sany günsaýyn köpelýär.

«Aşgabat-siti» — kämil binýatly şäher düzümi

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwrebap özgertmeler ýoluna düşüp, «akylly şäher» konsepsiýasyny durmuşa geçirýär. Öňňin paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Aşgabadyň demirgazygynda düýbi tutulan täze döwrebap ýaşaýyş toplumy hem ýurdumyzyň şäher medeniýetiniň täze nusgasyna öwrüler. Ylmyň we tehnologiýalaryň günsaýyn kämilleşýän zamanasynda «akylly şäher» konsepsiýasy bütin dünýäde ululy-kiçili şäherleriň ýüzlerçesi tarapyndan durmuşa geçirilýär. «Akylly şäher» düşünjesi dürli çeşmelerde dürlüçe kesgitlenilýär. Mysal üçin, Ýewropa Bileleşiginde bu düşünje bilen maglumat-aragatnaşyk serişdeleriniň hasabyna jemgyýetçilik meselelerini çözmäge gönükdirilen işi amala aşyrýan şäherler göz öňünde tutulýar. Russiýa Federasiýasynda bolsa bu düşünje arkaly daşky gurşawyň we ýaşaýjylaryň bähbidine toplumlaýyn çözgütleri ornaşdyrýan «innowasion şäherler» aňladylýar.

Sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň giň mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiziň öndengörüjilikli, parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi has-da döwrebaplaşdyryp, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ylmyň soňky gazananlaryny, döwrebap ösen innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýete «Internet arkaly amala aşyrylýan ykdysadyýet» diýlip düşünilýär, şeýle-de innowasion sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary özünde jemleýän bu sanly elektron ulgama «Dördünji senagat rewolýusiýasy» diýlip hem aýdylýar. Milli Liderimiz «Dördünji senagat rewolýusiýasynyň» ykdysadyýetimiziň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamyna täsir edip başlamagyna üns berilmelidigini, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durmuş-ykdysady wezipeleri çözmäge bütinleý täzeçe çemeleşilmelidigini belleýär.

Döwrebap bank işi: ösüşiň täze belentliklerine tarap

Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda ýokary sepgitlere ýetmekde guwandyryjy netijeleri gazanmakda maliýe-bank, ylym-bilim ulgamlarynda hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Muňa şu ýylyň geçen döwründe milli ykdysadyýetimizde gazanylan netijeler hem şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň ähli pudak edaralary boýunça indi birnäçe ýyllaryň dowamynda durnukly ýokary ösüş depginleri üpjün edilýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ähli pudak edaralaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, önümçilik-ykdysady gatnaşyklary kämilleşdirmek we oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmak babatda birnäçe işler durmuşa geçirildi. Döwlet tarapyndan ykdysadyýetiň hususy bölegine uly maliýe goldawy berildi. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, bank ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Bu günki günde ýurdumyzyň karz edaralary iri maglumat geçiriş ulgamyna eýedir. Pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giňeltmek hem-de halkara tejribesiniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň prosessing merkezinde hasaba alnan b

Sanly ulgam — üstünlikleriň açary

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary ýokary depginler bilen sanlylaşdyrylýar we innowasion ykdysadyýet kemala getirilýär. Diýarymyzda bu ugry ösdürmek boýunça onuň kanunçylyk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär we maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga hem-de milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge gönükdirilen işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagyna hem-de onuň pudaklaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we kämil innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatda amala aşyrylýan özgertmeler «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle resminamalaryň hatarynda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hem bar. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekligiň döwlet syýasatynda öňde duran durmuşa geçirilmeli möhüm wezipeleriň biridigine doly

jümle-jahan habarlary

Dünýäde iň uzyn asma köpri Demirgazyk Portugaliýanyň Aroka şäherçesiniň golaýynda uzynlygy 516 metre barabar bolan pyýadalar üçin iň uzyn asma köpri guruldy. «516 Aroka» diýlip atlandyrylan köpri 175 metr çuňlukdaky dereden akýan Paiwa derýasynyň üstünden geçýär. Gurluş V şekilli beton diňlere birikdirilen polat urganlardan asylandyr. Köprini gurmak üçin iki ýyl töweregi wagt sarp edildi we oňa takmynan, 2,3 million ýewro harçlanyldy. «516 Aroka» köprüsi dört ýyldan bäri saklanyp gelýän dünýä rekordyny täzeledi. Şu wagta çenli Şweýsariýadaky pyýadalar üçin niýetlenilen Çarlz Kuonen adyndaky köpri iň uzyn diýlip hasap edilýärdi. Ol Randa obasynyň golaýyndaky Mattertal jülgesiniň gündogar böleginde ýerleşýär. Onuň uzynlygy 494 metre barabardyr.

Innowasiýalar – önümçilige

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly «Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanan forumyň işi berkarar döwletimiziň okgunly innowasiýa ösüşinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň gazananlarynyň ähmiýetini beýan etmekden ybarat boldy. Ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, alymlaryň we hünärmenleriň täze işläp taýýarlamalaryny milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda netijeli peýdalanmak meseleleri hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Ýurdumyzyň tehnologiýa binýadynyň döredilmegi, sanlylaşdyrmak, informatizasiýa, elektron tehnikasy, senagat biotehnologiýasy ýaly ugurlaryň ösdürilmegi döwlet innowasiýa syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar.

Innowasiýa ösüşinde gazanylan üstünlikleriň beýany

3-4-nji maýda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly «Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanan bu forumyň işi berkarar döwletimiziň okgunly innowasiýa ösüşinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň gazananlarynyň ähmiýetini beýan etmekden ybaratdyr. Milli Liderimiz Hökümetiň 30-njy aprelde geçirilen mejlisinde ylym-bilim işlerini ösdürmek, häzirki zaman işläp taýýarlamalary we innowasion tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak, giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň aýratyn möhümdigini belledi. Bu we beýleki möhüm meseleler şu halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenildi.

Innowasion çözgütler — ösüşlere badalga

Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi ýurdumyzda uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli ulgamlaryň ýola goýulmagyny üpjün eder. Sanly ulgam durnukly ösüşi üpjün etmäge, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň artdyrylmagyna, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, esasy önümçilik-ykdysady işleriniň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna we merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyna, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder. Şeýle hem sanly aragatnaşyk babatda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudyň aradan aýrylmagyna we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da özgerdilmegine giň mümkinçilikler açylar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi maglumat-kommunikasiýa amatlyklaryny, maglumatlaşdyrmak amatlyklaryny göz öňünde tutýar. Şunlukda, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda we sebitlerinde işlenip taýýarlanýan maglumat ulgamlary umumydöwlet awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamyna birikdiriler. Ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly özgertmeler ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň awtomatlaşdyrylmagyny, senagat, ulag, oba hojalygy, elektron söwda ulgamlarynda, döwlet dolandyryş we döwlet hyzmatlary, mal

Sanly ykdysadyýet — ösüşleriň özeni

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek barada berýän tabşyryklary bu ugurda bilimlerimiziň yzygider artdyrylmagyny, dünýä jemgyýetçiliginde bolup geçýän ykdysady hadysalar barada gözýetimlerimiziň has-da giňeldilmegini talap edýär. Sanly ykdysadyýet — başgaça «elektron ykdysadyýet» diýlip hem atlandyrylýar we onuň esasy aýratynlygy sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysady işi aňladýar. Bu adalgada «ykdysadyýet» sözi esasy kesgitleýji söz bolup durýan hem bolsa, ykdysady özgertmäniň netijesinde adamlaryň jemgyýetçilik gatnaşyklarynda, özlerini alyp baryşlarynda, dünýägaraýyşlarynda belli bir özgerişlikleriň bolup geçýändigi aýratyn bellärliklidir. Bu ýagdaý, sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen täze durmuş hakykatynyň ýüze çykandygyny görkezýär. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet hojalyk işi bolup, onda önümçiligiň esasy delili sanly görnüşdäki maglumatlardyr. Uly göwrümli maglumatlaryň gaýtadan işlenilmegi we seljermäniň netijeleriniň giňden ulanylmagy hojalygy ýöretmegiň adaty görnüşinden tapawutlylykda, dürli önümçiligiň tehnologiýa enjamlarynyň, şeýle-de harytlaryň saklanyşynyň we ýerleşişiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle oňaýlyklar, sanlylaşdyrylan ykdysadyýet köp döwletler üçin özüne

Täze tehnologiýalar — ilatyň hyzmatynda

Sanly ykdysadyýeti durmuşa ornaşdyrmakda iň täze we döwrebap tehnologiýalara aýratyn ähmiýet berilýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda möhüm çözgütleriň biri boldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, Ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak müdirligine hem elektron maglumat gorlaryny döretmek ýaly häzirki zaman innowasion täzelikler girizilip, halka ýokary derejeli döwrebap hyzmatlar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň geçen ýyl gol çeken «Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Permanyna laýyklykda, raýatlarymyzyň pasportlaryny resmileşdirmek, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak hem-de ýazgydan çykarmak wezipeleri ýurdumyzyň içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklendi. Resminama laýyklykda, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, beýleki ähli edara-kärhanalar we guramalar zerur maglumatlaryň Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň görkezilmegi bilen tassyklanyp bilinjek ýagdaýynda indi ilatdan dürli hili delil hatlaryny talap edenoklar. Bu pasport ulgamy boýunça alnyp barylýan işleriň has-da kämil, döwrebap ýerine ýetirilmeginde örän uly mümkinçilikleri döretdi.

Ösüşleri nazarlaýan özgertmeler

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar. Diýarymyzda halk hojalyk pudagynyň işini has-da kämilleşdirmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak hem-de ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Öz nobatynda döwrebap innowasion tehnologiýalara esaslanýan sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleriniň artýan häzirki zaman şertlerinde ýurdumyzy kuwwatly senagat döwletine öwürmek babatda amala aşyrylýan şeýle özgertmeleriň ählisi ata Watanymyzda uzak möhletleýin durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilýär. Bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da artýar. Degişli ugurda ýetilýän sepgitler döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen kabul edilýän maksatnamalaryň esasynda amal bolýan özgertmelerden gözbaş alýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýar. Bu resminama esasynda ýurdumyzda ösen bazar ykdysadyýetini kemala getirmek, milli ykdysadyýetimizi köpugurlaşdyrmak, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryny we müm

Sanly bank ulgamy kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýurdumyzda netijeli pul-karz syýasatyny alyp barmak, maliýe bazaryny düýpli ösdürmek, bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak, ilatyň erkin duran pul serişdelerini bank ulgamyna möhletli we talap edilýänçä görnüşindäki goýumlara çekmek, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini has-da giňeltmek babatynda anyk wezipeler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ulgama sanly bank önümleri giňden ornaşdyrylýar, elektron töleg ulgamy kämilleşdirilýär. Bank kartlary arkaly ýerine ýetirilýän amallaryň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy, sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank terminal» ulgamlary arkaly amallaryň ýerine ýetirilmegi, internetiň giň mümkinçilikleriniň hödürlenilmegi halkyň artýan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Sanly bilim ulgamy — ösüşiň möhüm şerti

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda ýaýbaňlandyrylýan özgertmeleriň çäklerinde halk hojalygynyň pudaklaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar yzygiderli amala aşyrylýar. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we ýaş nesilleriň kämil bilim almagyna, geljekde Watanymyzyň kuwwatyny artdyrjak ussat hünärmenleriň ösdürilip ýetişdirilmegine gönükdirilendir. Bu babatda ýaşlara berilýän bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmak hem-de okadylýan dersleriň dünýä derejesine çykarylmagy üçin döwlet tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Şonuň bilen bir hatarda, ulgama sanly tehnologiýalaryň we innowasion tilsimatlaryň ornaşdyrylmagy babatda göz öňünde tutulan maksatlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol maksatdan ugur alnyp, 2017-nji ýylda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi we bu konsepsiýadan gelip çykýan wezipeler häzirki wagtda üstünlikli amala aşyrylýar. Konsepsiýada ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksatlary, we

Sanly dünýä syýahat

Sanlylaşdyrma: innowasion ösüşiň ýoly we täze mümkinçilikler XX asyryň ahyrynda sanly ykdysadyýet düşünjesi ýüze çykdy we bütin dünýäde durmuşyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak barada pikirler öňe sürlüp başlandy. Şondan soňky geçen çärýek asyra golaý döwrüň dowamynda kämil tehnologiýalaryň täze-täze görnüşleri döredilip, durmuşymyza giňden ornaşdyryldy. Bu gün akylly telefonlar, telewizorlar, sowadyjylar we beýleki öý hojalyk tehnikalary, şol sanda tutuşlygyna sanly ulgam arkaly dolandyrylýan öýler adaty zatlara öwrülip barýar. Hatda dünýäniň dürli ýerlerinde «akylly şäherleriň» onlarçasy döredildi. Halkara guramalarynyň berýän statistika maglumatlaryna laýyklykda, häzir bütin dünýäde akylly enjamlaryň 26 milliarddan gowragy peýdalanylýar.

Sanly ulgam — döwrüň derwaýyslygy

Häzirki döwürde jemgyýetiň ähli ugurlaryny sanly ulgam gurşap aldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň Döwlet maksatnamasy işlenip düzüldi. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy zähmet öndürijiliginiň artmagyna, ilata edilýän hyzmatyň hiliniň gowulandyrylmagyna, wagtyň tygşytlanmagyna giň mümkinçilik döredýär. Ýaş nesillere döwrebap bilim bermekde sanly tehnologiýalaryň möhüm orny eýeleýändigini bellemelidiris. Munda uzak aralykdan bilim bermegiň usullaryndan peýdalanmaga şertleriň bolmagy, özara tejribe alyşmaga mümkinçiligiň bardygy ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysadyýetinde hem sanly ulgama esaslanýan ykdysadyýet döreýär. Häzirki döwürde islendik pudagy sanly ulgamsyz göz öňüne getirmek kyn.

Şanly döwürde — sanly ulgam

Sanly ulgamda täze mümkinçilikler

Ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň başlangyjy esasynda işlenip düzülen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeler bellärliklidir. Sanly ykdysadyýete geçmegiň şertlerinde döwletiň wezipesi esasy üç ugra gönükdirilýär. Olaryň ilkinjisi kämil kanunçylyk ulgamyny döretmek, ikinjisi innowasiýa tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, üçünjisi häzirki zamanyň döwrebap sanly tehnologiýalaryndan, innowasiýalaryndan baş çykarýan kämil hünärmenleri taýýarlamak bolup durýar.

Ýaşlar we maglumatlar jemgyýeti

Ozal habar berlişi ýaly, 13 — 15-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşik geçirildi. «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, talyplary, ýaş alymlarydyr hünärmenleri işjeň gatnaşdylar. Şonda olaryň innowasion şäher, sanly bilim, söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar, ýörite ugur, maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça taýýarlan taslamalarynyň 150-ä golaýy hödürlendi. Olaryň arasynda iň gowulary hasaplanan taslamalara emin agzalary tarapyndan ýokary baha berildi.