''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Sanly ulgam: maliýe sowatlylygy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny has-da artdyrmak, importyň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligini ýola goýmak, döwletiň hususy bölegini ösdürmek, ähli pudaklarda sanly ulgamy giňişleýin ornaşdyrmak ýaly ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bazar ykdysadyýetiniň döwrebap şertlerinde sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak, olary ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli ugurlaryna giňden ornaşdyrmak ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýär. Bazar ykdysadyýetiniň häzirki zaman şertlerinde ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak esasy maksatlaryň biridir. Şeýle hem ilatyň pul-karz, durmuş-ykdysady goraglylygyny üpjün etmek, bank we maliýe hyzmatlaryndan işjeň peýdalanmakda ýeňillikleri döretmek hem-de bu babatda höweslendirmek ýaly şertleriň gerimi barha giňeldilýär. Döredilýän ähli amatlyklar bolsa, bank hyzmatlaryndan peýdalanýan ilatyň we ýerine ýetirilýän amallaryň sanynyň yzygiderli artmagyna, netijede bolsa ýaşlarymyzyň maliýe taýdan başarnyklarynyň has hem ýokarlanmagyna getirýär.

Kämil tehnologiýalar ösüşe badalga

Döwrüň kämil tehnologiýalaryny — häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryny gündelik durmuşymyza ornaşdyrmak, onuň aňrybaş mümkinçiliklerinden peýdalanmak diňe bir adamzat jemgyýetiniň kämilleşmeginiň esasyny düzýän ykdysady, syýasy, medeni ösüşleri üpjün etmäge hyzmat etmän, eýsem ösen aňyýetli, intellektual babatda düýbünden täze gözýetimli nesilleriň kemala gelmeginde-de aýratyn ähmiýete eýedir. Bu babatda ýurdumyzda bütindünýä ylmynyň gazananlaryny halkymyz, aýratyn-da, ýaş nesillerimiz üçin elýeterli etmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ylmyň zamanabap ösüşler bilen aýakdaş gitmegini özüniň bilim syýasatynyň özenine öwren hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde bilim almagy, esasan hem, ylmyň soňky gazananlaryny özleşdirmekleri, bu ugurda dünýäniň ösen döwletleriniň ýeten sepgitleri bilen aýakdaş gitmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysady ulgamlaryna, senagatyna, oba hojalygyna, himiýa pudagyna, nebitgaz ulgamyna, lukmançylyk pudagyna, şeýle hem halk hojalygynyň beýleki ähmiýetli ulgamlaryna döwrebap açyşlary ornaşdyrmak üçin ylmy gözlegleriň alnyp barlyşyna aýratyn ähmiýet berýär.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri

Hormatly Prezidentimiz döwletimizi ösdürmegiň hemmetaraplaýyn maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şol sanda energetika ulgamynyň hem toplumlaýyn ösdürilmeginde ekologiýa abadançylygynyň, daşky gurşawyň arassalygynyň kesgitleýji ölçeg bolmagyny hemişe üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny möhüm ähmiýete eýedir. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmak bilen energiýany öndürmek, energetika ulgamynyň düzümini kämilleşdirmek, energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak hem-de ykdysadyýetiň durnukly ösüşini gazanmak bu ugurdaky kanunçylygyň esasy maksady bolup durýar. Gün energiýasy, ýel energiýasy, suw akymlarynyň tebigy hereketiniň energiýasy, Ýeriň we daşky gurşawyň ýylylyk energiýasy we beýlekiler gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini emele getirýär.

Gümrük gullugynyň sanly mümkinçilikleri

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işi döwrebap kämilleşdirilip, onuň hukuk we maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimizi döwrebap ösdürmegi netijesinde, Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri has-da artdy, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi ýokarlandy, maýa goýumlary giňeldildi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan döwletimizi dünýäniň ulag-logistika merkezine öwürmegi bilen ýurdumyzda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň giň tory döredildi. Ol Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça hereket edýär. Şeýle hem gury ýer, howa we suw ýollary arkaly söwda-ykdysady gatnaşyklar döwrebap häsiýete eýe bolýar. «Serhetýaka», «Ymamnazar» ýaly döwrebap gümrük nokatlarynda elektron ulgam hereket etmek bilen, demir ýol ulaglaryndaky ýükler awtomatik usulda kompýuterler arkaly barlanylyp, jikme-jik hem-de takyk gümrük gözegçiligi geçirilýär. Bu bolsa harby gullukçynyň wagtyny tygşytlaýar we işiň hiliniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Ine, şunuň ýaly innowasion tehnologiýalara we enjamlara daýanýan awtomatika ulgamy gullugyň harby gullukçylaryň öz hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmeklerini talap edýär.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Öňdebaryjy ulgamyň ähmiýeti Islendik döwletiň ösüşli ýoluny ykdysadyýetiň depginli we durnukly ösdürilmegi kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly ykdysady syýasaty Garaşsyz Türkmenistanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna kuwwatly itergi berýär. Ýurt Baştutanymyzyň öňe süren düýpli özgertmeleri öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň uly orna eýe bolmagy bilen sazlaşykly utgaşýar. Aýratynam, bu babatda sanly ykdysadyýetiň jemgyýetimiziň durmuşyna ornaşdyrylmagy uly ähmiýete eýedir.

Ösüşlerimiziň ygtybarly kepili

Gahryman Arkadagymyzyň ýöredýän oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginlerde ösdürilmegine güýçli itergi berýär. Garaşsyz döwletimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler döwrebap önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegine mümkinçilik berdi. Täze tehnologiýaly kärhanalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi ajap eýýamymyzda ykdysadyýetde ýokary netijeleriň gazanylmagyna getirdi. Döwrebap önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegine uly üns bermek bilen, milli Liderimiz täze usullaryň, has takygy, häzirki wagtda dünýäniň ähli döwletlerinde giň gerime eýe bolan sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna badalga berdi. 2019-njy ýylda Arkadag Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” kämil ulgamyň ornaşdyrylmagynda uly ähmiýete eýe boldy.

Oýlanyşykly syýasat rowaçlanýar

Gahryman Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly ykdysady syýasaty Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň dünýäniň öňdebaryjy ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagynda iňňän uly ähmiýete eýe bolýar. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda milli Liderimiz ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklaryna we beýleki ulgamlara sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, dünýäniň köp döwletlerinde giň gerime eýe bolan bu öňdebaryjy ugry ösdürmek bilen bagly giň möçberli işlere badalga berdi. Bu babatda döwlet Baştutanymyz tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” çäklerinde durmuşa geçirilmeli işler kesgitlenildi. Bu Konsepsiýanyň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşine itergi berer. Ykdysadyýetimiziň we beýleki dürli ulgamlaryň sanlylaşdyrylmagy ykdysady netijelilige, tygşytlylyga, bäsleşige ukyply önümleri we harytlary öndürmekde täze mümkinçilikleri açar. Indi ýurdumyzda kompýuter we telekommunikasiýa, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagynda netijeli işler bitirilýär.

Täze ugruň geljegi

Ajap eýýamymyzda Arkadag Prezidentimiziň başlangyçlary bilen milli ykdysadyýetimiz ösüş- -özgerişli menzilleri külterleýär. Şeýle ösüşli depgin bolsa, milli ykdysadyýetimize häzirki zaman tehnologiýalarynyň, innowasiýalaryň barha giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna gazanylýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň we beýleki ugurlaryň ösdürilmeginde iňňän wajyp orny eýeleýän sanly ulgamyň ösdürilmegine ýurt Baştutanymyz iňňän uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekmegi bilen täze ulgamyň ornaşdyrylmagyna badalga berildi. Dürli ýyllary öz içine alýan üç tapgyrdan ybarat bu Konsepsiýada maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar ulgamynyň şu günki ýagdaýy, öňde durýan maksady hem-de bu babatda çözülmeli wezipeleri kesgitlenendir. Ýurdumyzda kompýuter, telekommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen, oňa gatnaşýan taraplara dürli maslahatlary we ýaşlara bilim bermekde sanly gurluşy ösdürmekde giň mümkinçiliklere ýol açýar. Şonuň üçinem mekdebimizde sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagyna uly üns berlip, bu möhüm meseläniň oňyn çözgüdine tarap ynamly ädim ädilýär. Şeýle ädimler Türkmenistan — parahatçylygyň we ynan

Halkyň gymmatly baýlygy

Häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, onuň maddy binýadyny yzygiderli berkitmäge, ulgama sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky işler diňe bir paýtagtymyzda däl-de, eýsem, ähli welaýatlarda hem işjeň alnyp barylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda maksatnamalaýyn durmuşa geçirilýän sanly ösüşler medeniýet ulgamyny hem gurşap alýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen şu ýylyň 12-nji fewralynda tassyklanan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» medeniýet ulgamynda sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy döwrebap wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Ýurdumyzyň teatrlarynda, kitaphana we muzeý ulgamlarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Medeniýet edaralarynyň sanly ulgama geçirilmegi, olarda täze innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, kitaphanalaryň, muzeýleriň we teatrlaryň işi boýunça halkara giňişliginde hyzmatdaşlyk edilmegi boýunça maksatnamalaýyn wezipeler çalt ösýän döwürde sanly gurşawyň işjeň gatnaşyjysy bolmak üçin giň şertleri açýar. Jemgyýetimiziň döwrebap ýollar bilen ösýän häzirki döwründe milli köklerini dünýäniň öňdebaryjy gazan

Tehnologiýa dünýäsi

Täze amaly ulgamyny we enjamlaryny tanyşdyrdy ■ Hytaýyň «Huawei» kompaniýasy köp wagtdan bäri üstünde işlenilýän «HarmonyOS» amaly ulgamyny we bu ulgamda işleýän enjamlaryny tanyşdyrdy. Bu amaly ulgam telefon bilen beýleki enjamlary dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Ol «akylly» enjamlaryň arasyndaky aragatnaşygy aňsatlaşdyrjak ulanyjy interfeýsi bilen üpjün edilipdir. Şeýle hem bu amaly ulgamyň enjamyň zarýadyny uzak saklamaga mümkinçilik berjekdigi bellenilýär.

Sanly ulgam arkaly ykdysadyýeti dolandyrmagyň möhüm ugry

Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň hojalyk subýektlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär we bu işler durmuşa ornaşdyrylýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin, sanly elektron we ylym-bilim ulgamyny ösdürmek meselelerine aýratyn uly üns berilýär. Arkadag Prezidentimiziň öndengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek maksady bilen, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanunyň esasy maksady ýurdumyzda elektron resminamalaryň, elektron resminama dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny hem-de olara bildirilýän esasy talaplary kesgitlemekden, bu ugurda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryndaky meseleleri düzgünleşdirmekden ybaratdyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda sanly elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlaryny döretmek hem-de olaryň işe girizilmegi bilen bagly birnäçe resminamalar kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň kararlary esasynda 2017-nji ýylda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Kon

Energiýany tygşytla — tebigaty gora!

Elektrik energiýasynyň oýlanyp tapylmagy adamyň gündelik durmuşynyň we önümçiligiň görnetin ýeňilleşmegine getirdi. Häzirki wagtda durmuşymyzy elektrik energiýasynda işleýän enjamlar bolmazdan göz öňüne getirmek kyn. Şol enjamlaryň peýdalanylmagy, bir tarapdan, bize köp amatlyklary döredýän bolsa, beýleki tarapdan, munuň üçin köp energiýa sarp edilýär. Geliň, şu ýerde hünärmenleriň elektrik energiýasyny tygşytlamak babatda berýän käbir ýönekeý maslahatlary bilen tanyş bolalyň! ►Energiýany tygşytlaýjy yşyklandyryş enjamlaryny ulanyň!

Jümle-jahan habarlary

Aýnada gören ýaly, ýanyňda duran ýaly Ylymdyr tehnika ösýär. «Project Starline» atly taslama söhbetdeşiň üç ölçegli şekilini döretmäge we «jadyly aýnanyň» kömegi bilen ony edil ýanyňda duran ýaly edip görkezmäge mümkinçilik berýär. «Project Starline» başga şäherdäki ýa-da alys ýurtdaky dostlaryň, maşgala agzalaryň we işdeşleriň bilen gepleşeniňde olary ýanyňdaky ýaly duýmaklygy üpjün edip biljek enjamy we programma üpjünçiligini öz içine alýar. Ondaky şekilleri goşmaça äýnek geýmezden görüp bolýar. Gepleşip oturan adam özüniň söhbetdeşini hakyky ululygynda we üç ölçegde görüp bilýär. Taslama entek durmuşa doly geçirilenok. Şonuň üçin hem häzirlikçe «jadyly aýnanyň» haçan satuwa çykaryljakdygyny aýtmak mümkin däl. Ýöne «Project Starline» taslamasy «Googleniň» käbir ofislerinde eýýäm elýeterlidir.

Elektron abunaçy bolmaga howlugyň!

Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanýan ildeşlerimiz häzirki wagtda durmuş zerurlyklarynda Internet torunyň üsti bilen köp amatlyklara eýe bolýarlar. Maglumat almak, ibermek, elektron resminama dolanyşygy arkaly birnäçe işleri ýerine ýetirýärler. Edil şonuň ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri, döwlet we dünýä ähmiýetli taryhy wakalar barada bilmek, gyzgyny bilen tanyşmak üçin watandaşlarymyz ýurdumyzda hereket edýän «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynyň elektron abunaçylary bolýarlar. Şu günler bolsa, bu internet sahypasynda eziz Diýarymyzda 2021-nji ýylyň ikinji ýarym ýyllygy üçin elektron abuna ýazylyşygy başlandy. Hormatly okyjylar, «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynyň elektron abunaçysy bolmaga howlugyň! Türkmenmetbugatyň elektron okyjysy bolmak isleseňiz, el öýjükli smart telefonlaryňyzdan ýazylmak has amatly! Abuna ýazylmazdan ozal, telefonyňyzdaky hasabyňyz 60 manatdan ýokary bolmaly.

Röwşen geljegiň binýady

Halkymyz ähli döwürlerde guran döwletlerinde ylym-bilim ojaklaryny — metjit-medreseleri, kitaphanadyr obserwatoriýalary bina edip, nesilleriň bilim-sowatlylygyny artdyrmak, edep-terbiýesini kämilleşdirmek, ukyp-ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döredipdir. Gadymy türkmen topragynda ýaşap, ylym ummanynyň jümmüşine aralaşan pir-danyşmentleriň paýhasly ýörelgeleri döwlet gurluşynyň berkemegine, jemgyýetiň maddy we ruhy taýdan kuwwatlanmagyna itergi beripdir. Dana-akyldarlaryň döreden «Ylym köp, ömür az, geregiňi al — daşa ýaz», «Ylymsyza ynanç ýok, hünärsize — guwanç», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» diýen paýhasly jümleleri şahsyýetiň dürdäne pikirlerini oýaryp, ony kämillige galkyndyrýar. Döwletiň we jemgyýetiň gülläp ösmegini ylym-bilim bilen baglanyşdyran pederlerimiziň miras goýan meşhur eserleri, bu günki ýaş nesliň ruhy-ahlak, aň-düşünje we beden taýdan ösüşine, ýurduň jemgyýetçilik-medeni durmuşyna gatnaşmagynyň işjeňleşdirilmegine aýdyň ýollary açýar.

Özgerýän döwrüň talaby

Dünýä tejribesinden mälim bolşy ýaly, iş bilen üpjünçilik — önümçilik — sarp ediş üçburçlygyna uly täsirini ýetirýän sanly ykdysadyýet häzirki döwürde önümçilik pudaklarynyň tasdan ählisini öz içine alýar. Aragatnaşyk ulgamy we senagat pudagy sanly ykdysadyýetiň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýar. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek barada hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary bu ugurdaky bilimlerimiziň yzygiderli artdyrylmagyny, jemgyýetimizde bolup geçýän ykdysady hadysalar babatda gözýetimimiziň has-da giňeldilmegini talap edýär. Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary esasynda işlenilip taýýarlanylan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna hem-de durmuş ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara topary döretmek hakynda» kabul eden Karary hem sanly ykdysadyýete geçmegiň şertlerini emele getirmek üçin möhüm çäreleriň biridir. Toparyň esasy wezipesi döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli derejelerinde sanly tehnologiýalaryň iş ýüzünde ornaşdyrylmagyna hem-de ösdürilmeg

Sanly resminama ulgamy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda we guramalarynda sanly elektron resminamalar dolanyşygy ulgamynyň we internet web-saýtlarynyň döredilmegi hem-de olaryň işe girizilmegi bilen bagly birnäçe resminamalar toplumy kabul edildi. Olaryň hatarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» hem tassyklandy. Şol Resminamalara laýyklykda, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly ösüşiň täze mümkinçilikleri döredilýär. Häzirki döwürde sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýetiň görnüşlerini ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Sanly elektron resminama dolanyşygy ýurdumyzyň ministrliklerinde, bank ulgamynda, pudak edaralarynda we olaryň garamagyndaky edara-kärhanalarynd

Sanly ykdysadyýetde innowasion tehnologiýalar

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamy kadalaşdyryş-hukuk ýagdaýy bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şeýlelikde, «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» hem-de beýleki Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň tassyklanandygyny bellemek gerek. Konsepsiýa ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýlelikde, ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek üçin zerur bolan düzüm döredildi.

Jümle-jahan habarlary

Kuwwatly batareýaly smartfonlar Biz telefon saýlap aljak bolanymyzda, hökmany suratda onuň batareýasynyň göwrümine üns berýäris. Çünki akkumulýatoryň kuwwaty ol enjamy näçe wagtlap zarýad bermezden ulanyp boljakdygyny kesgitleýär. Hut şu maksat bilen hünärmenler göwrümi has uly batareýalary öndürmek ugrunda aladalanýarlar. Häzirki wagtda telefonlary kuwwatly smartfonlaryň hatarynda ilkinji orunda durýar. Olaryň 16 gegabaýtly operatiw ýady bar. Ähli maglumatlar 144 gers ýygylykda Full HD+ formatda telefonyň 6,8 dýuýmly ekranyna çykarylýar. Bu bolsa energiýany köp sarp etmegi talap edýär. Hut şu esasdan bu smartfonlar iki batareýaly, ýagny, 6000 мАч göwrümli bir batareýany ikä bölüpdirler. Hersi 3000 мАч bolan batareýalar prosessoryň iki gapdalynda oturdylypdyr. Akkumulýator 50 minudyň içinde 100 göterim doly kuwwatlanýar. Şondan soňra ol telefony 2 günläp ulanmak mümkindir.

Sanly ulgam arkaly bank hyzmatlary ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiziň döredijilikli başlangyçlary bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak meselesine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek we bu ugurda ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanly ulgam arkaly ösdürmek boýunça ýurdumyzyň bank edaralary tarapyndan yzygiderli işler durmuşa geçirilýär.