''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

«XIAOMI» KOMPANIÝASY ITI ROBOTLAŞDYRDY

Hytaýyň «Xiaomi» kompaniýasy «CyberDog» ady bilen özüniň ilkinji robot-itini tanyşdyrdy. Täze enjamyň agramy 3 kilogram bolup, sekuntda 3 mert aralygy geçmäge ukyplydyr. Tanyşdyrylyş dabarasynda kompaniýanyň bilermenleri täze enjamlaryny «sanly intellektiň iň kiçi superkompýuteri» diýip mahabatlandyrdylar. Şeýle-de bilermenler «CyberDog» enjamyndan ilkinji tapgyrda 1000 sany öndüriljekdigini hem-de bahasynyň 1500 dollara golaý boljakdygyny aýtdylar. «CyberDog» robot-iti ýörite programma arkaly dolandyryp bolýar. Ol taksi çagyrmak, salgy anyklamak hem-de daş-töwerekden gelýän howplary eýesine duýdurmak ýaly wezipeleri ýerine ýetirip bilýär.

«APPLE» KOMPANIÝASY «IPHONE»-YŇ INDIKI ÖSÜŞINDE WIDEO AÝRATYNLYKLARA ÄHMIÝET BERER

«Apple» kompaniýasy indiki hödürlejek «iPhone»-larynda smartfon kameralaryny, esasanam wideo düşüriş işlerini täzelemäge ünsi güýçlendirýär. «Bloomberg News»-iň habar bermeginä görä, kompaniýa geljekki enjamlar üçin kamerany gowulandyrmagyň bir bölegi hökmünde portret režiminiň aýratynlygynyň wideo funksiýasyny hödürlär.

Ilkinji äýnek

Tomusda gü­neş äý­nek­le­ri­niň ula­ny­lyş ge­ri­mi bar­ha gi­ňe­ýär we onuň dür­li gör­nüş­le­ri ön­dü­ril­ýär. Müm­kin bol­du­gy­ça, bu pa­syl­da ho­wa­nyň aşa gyz­ýan wag­ty da­şa­ryk çyk­maz­lyk mas­la­hat be­ril­ýär. Em­ma mej­bu­ry ýag­daý­da da­şa­ryk çyk­ma­ly bo­la­ny­myz­da hem açyk reňk­li egin-eşik­le­ri we baş­gap geý­mek ýa-da sa­ýa­wan ulan­mak, Gün­den go­raý­jy äý­nek­le­ri dak­mak ze­rur­dyr. Gün şöh­le­sin­den go­ran­mak üçin da­kyl­ýan äý­nek gö­zü­mi­zi nä­hi­li go­ra­ýar? Il­kin­ji äý­nek ni­re­de we nä­dip oý­la­nyp ta­pyl­dy? Ge­liň, äý­nek­ler ba­ra­da kä­bir mag­lu­mat­lar bi­len ta­nyş bo­la­lyň! Gün­den Ýe­re düş­ýän ult­ra­me­lew­şe şöh­le­ler (UV) gö­zü­mi­ze we de­ri­mi­ze ze­per ýe­ti­rip bi­ler. Gö­zü­mi­zi Gün şöh­le­si­niň zy­ýan­ly tä­sir­le­rin­den go­ra­mak üçin ön­dü­ri­len äý­nek­ler­de UV şöh­le­si­ni do­ly di­ýen ýa­ly (99%) sak­lap bil­ýän aý­na­lar ula­nyl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, äý­nek­ler­de ula­nyl­ýan aý­na­lar reň­ki­ne gö­rä dür­li şöh­le­le­ri özü­ne siň­dir­ýär we bu şöh­le­le­riň göz­le­re ýet­me­gi­niň öňü­ni al­ýar.

Süýn­ýän ulag

Okatmagyň innowasion ugurlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň bilim-terbiýeli, giň düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi üçin oňyn şertler döredilýär. Bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça köp işler edilýär. Häzirki döwürde sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmagy zerur. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak üçin bilim işgärleriniň hünär taýýarlygy kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan her ýylyň 1-nji sentýabrynda 1-nji synpa okuwa gelýän körpelerimize kompýuterleriň sowgat berilmegi hem ýaş nesillerimiziň kompýuter serişdelerinden peýdalanyp bilmeklerini üpjün edýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek wezipesini durmuşa geçirmek boýunça mekdebimizde dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly gollanmalar, wideo-audio materiallar, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredildi. Elektron gündelikler, elektron žurnallaryň gorlary, ýagny, portal saýtynyň gorlary döredildi. Mugallymlar okuwçylaryň bilimlerini fizika, informatika, himiýa, biologiýa derslerinden elektron testler arkaly barlaýarlar. Bu bolsa «T

Tehnologiýa dünýäsi

ÝEWROPA BAZARYNA ÇYKARAR ■ Ulag görnüşleriniň sanyny artdyrýan «Volkswagen» kompaniýasy birnäçe ýyldan bäri Braziliýada satylýan ulagyny Ýewropa bazary üçin täzeden öndürer. Latyn Amerikasy ýurdunda «Nivus» ady bilen müşderilere ýetirilýän ulag Ýewropada «Taigo» ady bilen satylar. «Taigo»-nyň benzinli 1 litrlik hereketlendirijisi bolan görnüşiniň kuwwaty 95 we 110 at güýjüne, şeýle hem 1,5 litr göwrümli ulurak nusgasynyň kuwwaty 150 at güýjüne barabar bolar. Tizlik geçirijisi el bilen amala aşyrylýan ulag awtomat sürüşiň ikinji derejesi bilen enjamlaşdyrylar. Kompaniýanyň Ispaniýadaky zawodynda öndüriljek ulag 2022-nji ýyldan başlap, Ýewropa bilen bir hatarda, Aziýa ýurtlaryna hem iberiler.

Mo­bil go­şun­dy­la­r köpeldi

Häz­ir­ki wagt­da smart­fon­lar­da­ky mo­bil go­şun­dy­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Ula­ny­jy­la­ryň işi­ni ep-es­li de­re­je­de ýe­ňil­leş­dir­ýän­di­gi üçin köp hyz­mat bu go­şun­dy­lar ark­aly hö­dür­len­ýär. Şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da te­le­fon ula­ny­jy­la­ry mo­bil go­şun­dy­lar üçin 65 mil­liard dol­lar sarp edip­dir­ler. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 24 gö­te­rim ýo­ka­ry bo­lup­dyr. «Sen­sor To­wer» at­ly mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy­nyň taý­ýar­lan mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, mo­bil go­şun­dy­la­ryň 41,5 mil­liard dol­la­ry­ny «App Sto­re», 23,4 mil­liard dol­la­ry­ny «Go­og­le Play Sto­re» ula­ny­jy­la­ry sarp edip­dir. Di­ňe mo­bil go­şun­dy­lar üçin bol­sa, 44,7 mil­liard dol­lar sarp edi­lip­dir. Mag­lu­mat­da ýy­lyň al­ty aýyn­da dün­ýä­de 72,5 mil­liard mo­bil go­şun­dy­nyň gö­çü­ri­lip al­nan­dy­gy mä­lim edil­di. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­de 71,3 mil­liard bo­lan eken.

«Go­og­le» öz­baş­dak çip ön­dü­rer

Esa­san, in­ter­net ar­ka­ly hö­dür­le­ýän hyz­mat­la­ry bi­len ta­nal­ýan bol­sa-da, «Go­og­le» baş­ga ugur­lar­da hem iş alyp bar­ýar. Kom­pa­ni­ýa şu ýy­lyň güý­zün­de sa­tu­wa çy­kar­jak «Pixel 6» we «Pixel 6 Pro» te­le­fon­la­ryn­da «Go­og­le Ten­sor» at­ly öz ön­dü­ren çip­le­rin­den peý­da­lan­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ame­ri­kan bren­di mun­dan soň­ra «Qualcomm» ýa-da «In­tel» ýa­ly çip ön­dü­ri­ji­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­ny azal­dar. Ge­çen ýyl «App­le» hem smart­fon­la­ryn­da öz taý­ýar­lan çip­le­ri­ni otur­dyp baş­lap­dy. «Go­og­le»-yň tä­ze ýa­rym­ge­çi­ri­ji­le­ri has du­ry su­rat al­ma­ga we ýaz­gy et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. «Go­og­le»-yň mik­rop­ro­ses­so­ry edil «App­le»-iň­ki ýa­ly «Arm» ba­za­syn­da dö­re­di­ler. Bu bol­sa ýa­rym­ge­çi­ri­ji­niň di­ňe smart­fon­lar­da däl, eý­sem, plan­şet­ler­de we ýan­komp­ýu­ter­ler­de hem ula­nyl­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär. «Qualcomm» bol­sa «Snapd­ra­gon» plat­for­ma­sy­na esas­lan­ýan hä­zir­ki we mun­dan soň­ky önüm­le­rin­de «Go­og­le» bi­len ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­ly­gy­ny do­wam et­dir­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.

Sanly ylym we bilim ulgamy

«7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021.   Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan işleriniň hata-rynda ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Sanlylaşdyrmak çäksiz mümkinçilik

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» yzygiderli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegine, şol bir wagtda işewürligi we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary, öňdebaryjy halkara tejribeleri, döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylyp, ýokary ykdysady netijeler gazanylýar. Sanly ykdysadyýetiň giňden ösdürilmegi, sanly tehnologiýalaryň ykdysady işe ýokary derejede aralaşmagy ýurdumyzyň dünýäniň bazar giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýär, sanly giňişlige işjeň goşulyşmagyny, onuň halkara bazarda bäsdeşlige ukyplylygyny şertlendirýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny, esasan, iki maksada gönükdirilýär. Birinjisi, täze ýagdaýlara uýgunlaşan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginden, şol sanda önümçilik serişdeleriniň hasabatlylygynyň ygtybarlylygyny we senagat derejesinde internet ulgamyny ornaşdyrýan kompaniýalaryň hukuk goraglylygyny üpjün etmekden ybar

Teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry gir­de­ji­le­ri­ni art­dyr­dy

ABŞ-nyň teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry «Apple», «Micro­soft» we «Alp­ha­bet» şu ýy­lyň ap­rel-iýun ara­ly­gyn­da­ky yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri­ni ýaý­rat­dy­lar. De­giş­li dö­wür­de bu kom­pa­ni­ýa­la­ryň gir­de­ji­le­ri­niň we peý­da­la­ry­nyň ar­tan­dy­gy gö­rün­ýär. Ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­de «App­le»-iň gir­de­ji­si ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 36 gö­te­rim ýo­ka­ry bo­lup, 81,4 mil­liard dol­la­ra ýe­tip­dir. 2020-nji ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­de kom­pa­ni­ýa 59,7 mil­liard dol­lar gir­de­ji ga­za­nan eken. Kom­pa­ni­ýa­nyň ge­çen ýy­lyň ap­rel-iýun aý­la­ryn­da­ky 11,3 mil­liard dol­lar bo­lan aras­sa peý­da­sy 93 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp, 21,7 mil­liard dol­la­ra ýe­tip­dir. Teh­no­lo­gi­ýa ägir­di­niň her bir paý­na­ma­sy­nyň ba­ha­sy 0,65 dol­lar­dan 1,30 dol­la­ra çy­kyp­dyr.

Peýdasy ga­ra­şy­lan­dan köp bol­dy

Elekt­ro­ulag önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan «Tes­la» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gir­de­ji­si şu ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­de ga­ra­şy­lan­dan örän ýo­ka­ry bol­dy. Kom­pa­ni­ýa ap­rel-iýun aý­la­ry ara­ly­gyn­da 200 müň­den gow­rak ulag sa­typ­dyr. Bu dö­wür­de kom­pa­ni­ýa 1,1 mil­liard dollar aras­sa peý­da ga­za­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Şeý­le­lik­de, kom­pa­ni­ýa il­kin­ji ge­zek çär­ýek­lik peý­da­da 1 mil­liard dol­lar sep­gi­din­den geç­di. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­de 104 mil­li­on dol­lar bo­lan eken. Ge­çen ýyl­ky gör­ke­zi­ji­niň pes bol­ma­gy­na dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar se­bäp bo­lup­dyr. Pan­de­mi­ýa­nyň yz­da gal­ma­gy bilen adam­la­ryň aw­tou­la­ga bo­lan is­le­gi­ ýo­kar­lan­ýar. Elekt­rou­lag ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­nyň ge­çen ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­de 0,44 dol­lar bo­lan her bir paý­na­ma­sy­nyň ba­ha­sy hä­zir­ki wagt­da 1,45 dol­la­ra ýe­tip­dir.

Ýew­ro­pa­nyň iň aras­sa şä­her­le­ri

«McLa­ren» kom­pa­ni­ýa­sy üs­ti açyl­ýan iň kuw­wat­ly ula­gy «765LT Spi­der» mo­de­li­ni köp­çü­li­ge gör­kez­di. Tä­ze mo­del ge­çen ýyl di­ňe 765 sa­ny­sy ön­dü­ri­len we äh­li­si sa­ty­lan «765LT coupe» ula­gy­nyň üs­ti açyk gör­nü­şi­dir. «Coupe» mo­de­li­niň äh­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän «Spi­der»-yň ag­ra­my öň­ki mo­del­den 50 ki­log­ram köp. Ula­gyň üs­ti sa­gat­da 50 ki­lo­metr­den pes tiz­lik­de bar­ýan wag­ty 11 se­kunt­da açyl­ýar. «Spi­der»-den hem edil «do­ga­ny» ýa­ly 765 sa­ny­sy ön­dü­ri­ler. Şu ýyl ön­dü­ri­lip gu­ta­ryl­jak ula­gyň äh­li­si eý­ýäm sa­ty­lyp­dyr. Ula­gyň 4.0 litr­lik go­şa tur­bo­ly V8 mo­tory bar. Aw­to­mat tiz­lik ge­çi­ri­ji­si bo­lan ulag 0-dan 100 km/sa­gat tiz­li­ge 2,8 se­kunt­da ýet­ýär. Ula­gyň ýokary tiz­li­gi 330 km/sa­gat. Bu bol­sa kom­pa­ni­ýa­nyň üs­ti açyl­ýan iň ýo­ka­ry tiz­lik­li ula­gy diý­me­gi aň­lad­ýar.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sanly ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Biz, ilki bilen, ýurdumyzy sanly ulgama esaslanýan ösüşiň täze derejesine çykarmaga gönüden-göni gatnaşjak ýaşlarymyzy okatmaly we taýýarlamaly. Ylym-bilim we tehnologiýa ulgamlarynda özgertmeleri çaltlaşdyrmaly» diýip nygtamagy doly tassyklaýar. Munuň özi ýurdumyzyň milli ylym-bilim kuwwatynyň yzygiderli ýokarlanmagyna aýdyň ýollaryň açylýandygyny alamatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek üçin döwrebap maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Ähli mekdepler kompýuter bilen doly üpjün edilen hem-de internet ulgamyna birikdirilen. Ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini dünýä derejesine laýyk getirmek, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Sanly ulgam — kämilligiň binýady

Hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Maglumat tehnologiýalaryna we innowasiýalara esaslanýan täzeçil çözgütler durmuşymyzyň ähli ugurlaryna işjeň ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ähli ulgamlar bilen bir hatarda gurluşykda we binagärlikde hem döwrebap sanly çözgütler netijeli peýdalanylýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde gurlup, ulanylmaga berilýän durmuş-medeni maksatly desgalarda täzeçil tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Durmuşymyzy ýeňilleşdirýän «akylly» tehnologiýalar täze gurulýan binalarda ulanylýar. Muňa mysal hökmünde geçen ýylyň ahyrynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan ajaýyp binalarda we beýleki düzümleýin desgalarda ornaşdyrylan energiýa tygşytlaýjy yşyklandyryş ulgamlaryny görkezmek bolar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen düýbi tutulan «Aşgabat siti» — kämil durmuş düzümine eýe bolan akylly şäher bolsa, tutuşlygyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy esasynda gurlup, ildeşlerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli zerur şertleri özünde jemlär.

Sanly tehnologiýalara daýanyp

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylmyň dürli ugurlaryny döwrebap ösdürmek üçin ähli şertler döredilýär. Hukuk ylymlary hem ylmyň özboluşly, wajyp ugry hökmünde yzygiderli ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzda beýleki ulgamlarda bolşy ýaly, hukuk goraýjy edaralarda hem innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Innowasiýalar, ylym-bilim ulgamlaryndaky kämilleşmeleriň özenini düzýär. Döwlet Baştutanymyzyň Kararlary bilen «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynyň», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanmagy ähli ulgamlaryň ylma esaslanyp, innowasion çemeleşmelerden ugur alnyp ösdürilmegine mümkinçilikleri has-da artdyrdy. Innowasion ösüş kazyýet işlerini alyp barmakda hem giň gerime eýe bolýar.

Sanly ulgamyň hünärmenleri

«7/24.tm», №30 (61), 26.07.2021. Ähli döwletlerde dünýä ykdysadyýetiniň geljekki ösüşi sanly innowasiýalara daýanýan, ösen döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň netijeliligine bagly bolýandygy sebäpli, sanlylaşdyrmagyň ösüşine we onuň durmuşa ornaşdyrylyşyna aýratyn uly ähmiýet berilýär.

Zenanlaryň täsin açyşlary

Durmuşymyzda giňden ornan enjamlaryň, esbaplaryň birnäçesi zenanlar tarapyndan oýlanyp tapylandyr. Olardan gap-gaç ýuwujy enjamy, awtoulag üçin niýetlenen aýna arassalaýjyny, bir sapar ulanylmaga niýetlenen çaga arlygyny mysal getirmek bolar. Gap-gaç ýuwýan enjam

11 mi­nut­da kos­mo­sa gi­dip gel­di

«Ama­zon» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Jeff Be­zo­syň eýe­çi­lik ed­ýän «Blue Ori­gin» kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li ra­ke­ta il­kin­ji adam­ly uçu­şy­ny ama­la aşyr­dy. Bu uçu­şa Be­zos bi­len bi­le­lik­de onuň ini­si Mark, kos­mo­sa çy­kan iň gar­ry adam ady­na eýe bo­lan 82 ýaş­ly Wal­li Fank, kos­mo­sa çy­kan iň ýaş adam bo­lan 18 ýaş­ly Oliw­ýer Dea­mon gat­naş­dy. Kos­mos sy­ýa­ha­ty­nyň tä­sin ta­ra­py kos­mos gä­mi­si­ni do­lan­dyr­ýan hiç hi­li eki­pa­žyň ýok bol­ma­gy. Ra­ke­ta­nyň ýo­kar­sy­na ýer­leş­di­ri­len gä­mi kos­mo­syň çä­gi­ne ýe­ten­den soň­ra ra­ke­ta­dan bö­lü­nip aý­ryl­ýar. Ra­ke­ta dik­li­gi­ne ýe­re gon­ýar we ony gaý­ta­dan ula­nyp bol­ýar. «New She­pard» at­ly kos­mos gä­mi­si bol­sa aw­to­mat usul­da pa­raş­ýut ar­ka­ly ýe­re düş­ýär. ABŞ-nyň Te­has şta­tyn­dan ho­wa gö­te­ri­len kos­mos gä­mi­si bi­len 107 ki­lo­metr be­len­de çy­kan adam­lar Ýe­riň dar­tyş güý­jü­niň bol­ma­dyk ýe­rin­de ba­ry-ýo­gy 1,5 mi­nut wagt ge­çir­di­ler. Tä­sin uçuş in­ter­net ar­ka­ly gö­ni ýaý­lym­da köp­çü­li­ge ýe­ti­ril­di. Bu uçuş adam­za­dyň Aýa il­kin­ji aýak ba­san gü­nü­ni

Zy­ňyn­dy­la­ryň tä­si­ri

Daş­ky gur­şa­wyň ha­pa­lan­ma­gy döw­rü­mi­ziň iň mö­hüm me­se­le­le­rin­den bi­ri­dir. Bü­tin dün­ýä­de ila­tyň kö­pel­me­gi­niň we se­na­gat­laş­ma­gyň tä­si­ri se­bäp­li uly ga­lyn­dy me­se­le­le­ri ýü­ze çyk­yp, te­bi­ga­ta zy­ýan­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Plas­tik ga­lyn­dy­lar te­bi­ga­ta iň zy­ýan­ly önüm­ler ha­sap­la­nyl­ýar. Bu ga­lyn­dy­la­ryň ýe­tir­ýän zy­ýa­ny dün­ýä­de eko­lo­gi­ýa­nyň de­ňag­ram­ly­ly­gy­nyň bo­zul­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Ýa­şa­ýyş dün­ýä­si we eko­lo­gik de­ňag­ram­ly­ly­gy sak­la­mak üçin plast­mas­sa­nyň te­bi­gata taşlanmazlygy we gaý­ta­dan iş­len­me­gi örän mö­hüm­dir. Şol se­bäp­li dün­ýä­de ga­lyn­dy­la­ry gaý­ta­dan peý­da­lan­mak üçin dür­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Gaý­ta­dan iş­le­me­giň äh­mi­ýe­ti