''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Sanly bilim ulgamynyň giň gerimli mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işiniň gerimi barha giňeýär. Ylymly-bilimli ýaşlar biziň ertirimizdir. Häzirki wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap T

Birinji çärýekde smartfonlaryň satuwy möwsümde iň ýokary derejä ýetdi

Counterpoint Research halkara seljeriş kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde smartfonlaryň satuwy möwsümde iň ýokary derejä ýetdi. Tutuş dünýäde smartfonlaryň satylan möçberi 6% ýokarlanyp, 296,9 mln-a ýetdi. Barlag geçiren bilermenleriň aýtmagyna görä, häzirki wagtda smartfon bazarynda 800 dollardan gymmat bolan enjamlaryň satuwy depginli artýar. Bir ýyllyk görkeziji bilen deňeşdirilende satuwlaryň 10% az bolandygyna garamazdan Apple kompaniýasy satylan önümleriň bahasy boýunça öňdäki orny eýeleýär. Satylan önümleriň sany boýunça bolsa Samsung kompaniýasy öňe çykmagy başardy. Ol smartfon bazarynyň 20%-ni eýeledi.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösüşi – innowasion ösüşleriň badalgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterýär. Şunda ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçmeginiň aýratyn mümkinçiliklere eýe bolýandygyny bellemegimiz gerek. Sebäbi munuň özi döwrebap ösüşleri, tizligi üpjün edýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde durmuşa geçirilýän işleriň örän ýokary netijelere eýediginden habar berýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ösüşiň täze mümkinçiliklerini döredýär. Bu ilkinji nobatda döwrebaplyk bolup, işleriň tiz durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Şonuň üçin hem eziz Diýarymyzda dürli pudaklar sanly ulgama geçirilýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda elektron senagaty, elektron tehnikalaryň önümçiligi ýola goýulýar. Milli ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, eksport harytlarynyň möçberlerini artdyrmagyň, elektron senagatyny döretmegiň döwlet maksatnamalary hem üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýaponiýada 6G-interneti synag etdiler

Ýaponiýada 6G-interneti üstünlikli synag etdiler diýip, «24KZ» habar berýär. Täze ulgamyň maglumatlaryň geçirijiligi 5G-internetden 10 esse ýokarydyr we sekuntda 100 gigabite deňdir. Bu bir sekuntda 8 filmi ýüklemäge mümkinçilik berýär diýip, hünärmenler aýdýarlar. Olar tehnologiýanyň häzirlikçe synag nusgadadygyny belleýärler. Onuň işe girizilmegi şu onýyllygyň aýagynda mümkin bolar. Adaty ulanyjy üçin häzirki 5G ulgamyň mümkinçilikleriniň ýeterlikdigine garamazdan, täze tehnologiýa işewürlik pudagynda giňden peýdalanylar. Mysal üçin, ol ulaglary özbaşdak dolandyrmaga, 3D-aragatnaşygy ösdürmäge we lukmançylykda näsaglaryň ýagdaýyny öwrenmekde ulanylyp bilner.

Sanly ulgam hem-de döwrebap usullar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ylym, bilim ulgamyny döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, dünýä tejribesinden ugur alyp, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny, asylly ýörelgelerini öwretmek, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler depginli alnyp barylýar. Bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, umumybilim we ýörite orta bilim berýän mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň tertipnamasyna täze sapaklar girizilip, ýaşlaryň bilim ummanyna has-da çuňňur aralaşmaklary, dünýägaraýyşlarynyň giňemegi, pähim-parasada gol ýapan pederlerimiziň asylly ýörelgelerine, milli gymmatlyklarymyza ygrarly bolmaklary ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim işgärleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden giňişleýin peýdalanyp, okuw sapaklaryny täze usullaryň kömegi bilen gurnaýarys. Esasan hem, sapaklarda multimediýa tehnologiýalaryna ähmiýet bermek döwrüň talaby bolup durýar. Dünýä tejribesine esaslanyp, sapaklary kämil tehnologiýalary ulanyp guramak arkaly okuwçylaryň biliml

Elektron söwdanyň ilerleýän ugurlary: sanly taslamalar, giň mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Häzirki döwür biziň ählimizden alyp barýan işlerimize täzeçe çemeleşmegi talap edýär» diýip nygtamak bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösüşiň möhüm ugurlary esasynda täze sepgitlere çykarmagy derwaýys wezipeleriň hatarynda goýýar. Bu wezipe döwlet maksatnamalarynda aýdyň beýanyny tapyp, milli ykdysadyýetiň her bir pudagy döwrüň talaby esasynda yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň şeýledigine söwda ulgamynyň ösüşlerinden hem göz ýetirmek bolýar. Ministrler Kabinetiniň 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde, beýleki ugurlar bilen birlikde, söwda ulgamyny kämilleşdirmegiň, onuň işini täze usullar esasynda ilerletmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Aprel aýynda ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisiniň geçirilmeginiň maksady hem müşderileri ýerli önümler bilen tanyşdyrmak we olara bolan islegi dünýäde ýokarlandyrmak bilen bagly boldy. Sergide türkmen önümleriniň internet arkaly satuwyny ilerletmek babatdaky tagallalar hem beýanyny tapdy. Munuň özi söwda gatnaşyklarynyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmeginden başlap, elektron söwdanyň döwrebap ösdürilmegine çenli wajyp ugurlary öz içine alýar. Elektron söwda häzirki wagtda Ýer ýüzüniň 5 milliarda golaý ilatynyň işjeň peýdalanýan hyzmaty bolm

Nebitgaz pudagyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda nebit önümleriniň eksport edilýän esasy harytlaryň biridigini bellemelidiris. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň energetika syýasaty netijesinde bu pudagyň kuwwatlyklary has-da artdyryldy we uglewodorod çig mallaryny gaýtadan işlemek, gazhimiýa pudagynyň binýatlaýyn esaslaryny ösdürmek boýunça ägirt uly taslamalar durmuşa geçirildi. Ylmyň, tehnologiýanyň yzygiderli ösýän şertlerinde nebitgaz toplumynyň önümçilik pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak meseleleri-de milli ykdysadyýeti ösdürmegiň gün tertibinde durýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, «akylly» enjamlar bilen enjamlaşdyrmak we dünýäniň soňky gazanan tehnologiýalary arkaly işiň netijeliligini artdyrmak, galyberse-de wagty tygşytly ulanmagy ýola goýmak işleri diýseň oňyn netijesini berýär. Şol sanda ýurdumyzyň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny ösdürmekde hem sanly tehnologiýalara örän möhüm orun degişlidir. Bu pudakda sanly ulgam arkaly dolandyrmak, bu babatda hünärmenleriň bilimlerini we tejribelerini artdyrmak, okuw sapaklaryny yzygiderli guramak işleri alnyp barylýar. Hut şol işleriň durmuşa geçirilmeginde soňky ýyllarda Diýarymyzyň köp künjeklerinde geologi

Ýaponiýada 6G ulgamy synag edildi

Ýapon alymlary dünýäde ilkinji ýokary tizlikli 6G ulgamyny döredip, üstünlikli synagdan geçirdiler. Bu täze ulgam maglumatlary 100 metr aralyga sekuntda 100 gigabaýt tizlik bilen geçirmäge ukyplydyr. Deňeşdirmek üçin bu 5G ulgamyndan 20 esse ýokarydyr. Başgaça aýtsak, 6G ulgamynyň kömegi bilen 5 sany HD filmini bary-ýogy 1 sekuntda geçirmek mümkin. 6G torunyň 2030-njy ýyla çenli ýola goýulmagyna garaşylýar. Tehnologiýanyň has ýokary ýygylykly diapazonlary ulanýandygy sebäpli, ulgamy ornaşdyrmak üçin tolkunlary geçirmeklige we güýçlendirmeklige niýetlenen düýbünden täze infrastrukturany döretmek zerurdyr.

Ýaşlaryň arasynda sanly ulgam usuly-okuw maslahaty geçirildi

Ýurdumyzyň welaýatlarynda sanlylaşdyrma we ýaşlaryň sanly ulgam sowatlylygy boýunça okuw-usuly maslahatlary geçirilýär. «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek» şygary astynda geçýän bu maslahatlara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kärhanalarda we edaralarda işleýän ýaşlar, ýokary okuw mekdepleriniň we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, umumy bilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary we okuwçylary gatnaşýar.

Tölegiň döwrebap görnüşleri

Häzirki wagtda bank işini kämilleşdirmäge, bu ulgama döwrebap halkara ülňüleri ornaşdyrmaga, dünýäniň abraýly maliýe düzümleri we banklary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň çäklerinde ykdysadyýetimiziň bank ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, şol sanda töleg kartlarynyň döwrebap görnüşlerini ornaşdyrmaga hem möhüm ähmiýet berilýär. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ykdysadyýetimize sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, milli töleg ulgamynyň işini dünýä ülňülerine laýyk guramak, sanly bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, pul-karz dolanyşygyny düzgünleşdirmek arkaly müşderileriň ösen isleglerini kanagatlandyrmak ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurlar ilatyň wagtlaýyn peýdalanmaýan süýşürintgilerini möhletli we talap edilýänçä görnüşli bank goýumlaryna çekmegi, elektron resminama dolanyşygynyň we elektron şahsyýetnamalar ulgamynyň gerimini artdyrmagy, elektron senagaty döretmegi, san

Döwlet hyzmatlar portalynda «şahsy otaglardan» peýdalanýanlar 50 müňe golaýlady

Häzirki wagtda Türkmenistanda internet ulanyjylaryň sany 3 million 205 müň 250-den geçdi. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan taýýarlanyp, tapgyrlaýyn işe goýberilýän taslamalaryň artmagy bu ugurda gazanylýan üstünliklere şaýatlyk edýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Sanly hyzmatlaryň dürli görnüşlerini bir ýerde jemleýän e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portaly özünde maglumatlary ýygnamak bilen bir hatarda, aragatnaşyk boýunça, ýagny ýurduň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikleri tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlary onlaýn görnüşde amala aşyrmaga, sanly ulgam arkaly raýatlaryň durmuş-jemgyýetçilik işlerinde köp ýeňillikleri döretmäge, elektron hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmäge uly mümkinçilik döretdi. Häzirki wagtda bu portalda jemi 500-den gowrak hyzmatlara salgylanmalar ýerleşdirildi. Şolaryň hatarynda 40-dan gowrak onlaýn töleglere we hyzmatlara, 270-den agdyk sanly maglumatlara, döwlet edaralarynyň 150-den hem köp web saýtlaryna, şeýle-de olaryň amala aşyrýan 50-ä golaý hyzmatlaryna salgylanmalar bar.

«Nokia» 25 ýyl mundan öňi düwmeli el telefonyny täzeden öndürmäge başlamakçy

«Nokia» brendi astynda elektronika önümlerini öndürmäge ygtyýarly «HMD Global» kompaniýasy meşhur düwmeli Nokia 3210 el telefonynyň önümçiligine täzeden başlamakçydygyny habar berdi. Bu barada «GSMArena» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Nokia 3210 asyl nusgadaky el telefony 1999-njy ýylda öndürildi. Ol içki antennaly ilkinji köpçülikleýin ykjam telefon boldy.

“CAMCO Technologies” kompaniýasy türkmen bazaryna girmäne gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow şenbe güni Belgiýanyň Lýowen şäherinde “CAMCO Technologies” kompaniýasynyň Söwda ösüş müdiri Werner Piters bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda kompaniýanyň wekili türkmen bazaryna girmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Werner Piters şeýle hem kompaniýanyň önümlerini türkmen kärhanalaryna we edaralaryna tanyşdyrmak maksady bilen Türkmenistana barmagy meýilleşdirýändigini belledi.

Geljege uzaýan hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň köpşahaly we möhüm ähmiýetli howpsuz halkara ulag düzümlerini kemala getirmek boýunça başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän taslamalar milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Geçen ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. 2016-njy ýylda hut şol senede Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat geçirilipdi. Döwletimiziň başlangyjy boýunça 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilendigini bellemek möhümdir. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hormatly Prezidentimiziň ýöredýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Geçen ýylyň 3-4-nji maýynda 40-dan gowrak döwletden wekilleriň gatnaşmaklarynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahatyň, şeýle-de geçen aýyň 15-19-y

Sanly hyzmatlar portalynyň giň mümkinçilikleri

Ýurdumyzda innowasion ösüş babatda uly üstünlikler gazanylýar. Şunda maglumat-aragatnaşyk ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylyp, sanly hyzmatlaryň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Sanly tehnologiýalar hyzmatlaryň hiliniň barha ýokarlanmagyna we ulanyjylaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär. Takmynan, 30 ýyl çemesi mundan öň maglumatlary öwrenmek üçin kitapdyr gazet-žurnallary satyn almak zerurlygy bardy. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen sanlylaşdyrmak milli ykdysadyýetimizi döwrebap şertlerde ösdürmegiň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Indi sanly ykdysadyýet maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady işiň esasy bolup durýar. Tehnologik taýdan ösen ýurtlaryň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýete geçmek ýurduň öňe ilerlemeginde, öňdebaryjy döwletleriň hataryna goşulmagynda möhüm ädim bolup durýar. Maglumat hökmünde belläp geçsek, häzirki wagtda ýurdumyzda internet ulanyjylaryň sany 3 million 205 müň 250-den geçdi. Şeýlelikde, ykjam telefonlarda, kompýuterlerde, umuman, internete baglanyşygy bolan enjamlarda maglumatlary göz açyp-ýumasy salymda ýükläp, olar bilen tanşyp bolýar.

“TürkmenÄlem52.0E” – 9 ýyl Älem giňişliginde

“TürkmenÄlem52.0E” Milli emeli aragatnaşyk hemramyzyň älem giňişligine çykarylanyna hem-de “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilenine 9 ýyl doldy. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, “TurkmenAlem52.0E”, “Thales Alenia Space” kompaniýasy tarapyndan öndürülen we “SpaceX” kompaniýasy tarapyndan älem giňişligine çykarylan ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasydyr. 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde ABŞ-nyň Kanaweral burnyndaky kosmodromdan uçuryldy. Hemra geostasionar orbitada ýerleşýär we signaly bilen Ýewropanyň, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň köp bölegini öz içine alýar. Arkadagly Serdarymyzyň ýol-ýörelgesinden ugur alyp, 9 ýyl bäri “TürkmenÄlem52.0E” aragatnaşyk hemrasy arkaly, “Türkmen Hemrasy” ÝGPJ-i ýokary hilli hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek işlerini üstünlikli amala aşyrýar.

“Google” umumy bahasy 2 trillion dollardan geçen ABŞ-nyň dördünji kompaniýasy boldy

“Google” kompaniýasynyň esasy firmalaryndan “Alphabet” ýakynda garaşylýandan has köp girdeji gazanandygyny habar berdi. Bu habardan soň kompaniýa 2 trillion bazar bahasyna ýetdi. “Alphabet” kompaniýasy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde garaşylýandan has ýokary netijeler gazandy. Çap edilen maglumatlarda kompaniýanyň umumy girdejisiniň 80,54 milliard dollara ýetendigi mälim edildi.

Emeli hemra tehnologiýa kompaniýalary “Türkmenaragatnaşygyň” maýa goýum taslamalaryna Parižde ýokary baha berdiler

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew maglumat merkezini döretmek, ikinji milli emeli hemrany işe girizmek, optiki süýüm kabelini we serwer enjamlaryny öndürmek boýunça bilelikdäki kärhanalary gurmak babatdaky taslamalar bilen tanyşdyryp, daşary ýurtly maýadarlary özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bu geljegi uly ugurlaryna garamaga çagyrdy. Parižde TEIF 2024 halkara maýa goýum forumynda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýolbaşçysy öz çykyşynda IT-hyzmatlary we “akylly” şäherleri dolandyrmak ulgamlaryny ösdürmek, öýjükli aragatnaşyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we stasionar telefon ulgamyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, pudagyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine 30-dan gowrak ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň ünsüni çekdi.

Kononenko we Çub 2024-nji ýylda ilkinji gezek açyk äleme çykdylar

Russiýaly kosmonawtlar Oleg Kononenko we Nikolaý Çub bu ýylda ilkinji açyk kosmosa çykyşy amala aşyrdylar diýip, «Ren.tv» habar berýär. Tehniki işler üçin kosmonawtlara 6,5 sagat möhlet berildi, emma olar işleri iki sagat öň tamamlamagy başardylar.

«Toyota Motor» 2023-nji maliýe ýylynda 10,3 milliondan gowrak awtoulag satdy

Ýaponiýada iň uly awtoulag öndüriji kompaniýa bolan «Toyota Motor» 2023-nji maliýe ýylynda (2023-nji ýylyň aprel aýy — 2024-nji ýylyň mart aýy) dünýädäki zawodlarynda 9,97 milliondan gowrak awtoulag çykardy, bu hem kompaniýanyň taryhynda rekord boldy. Bu barada kompaniýanyň resmi hasabatynda habar berildi. Maglumata görä, önümçiligiň mukdary geçen ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, 9,2 göterim ýokarlandy.