''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Emeli aň we geljegiň eserleri

Häzirki wagtda emeli aňyň (EA) mümkinçilikleri günsaýyn ösýär. Ylym, lukmançylyk we sport ýaly ugurlarda emeli aňyň kömeginiň zerurdygy hemmeler üçin mälim bolsa gerek. Häzir emeli aň keseliň alamatlaryny ýazsaňyz, aňsatlyk bilen size kesgitleme çykaryp berer. Emeli aň size edebiýat barada özboluşly düzme ýazmaga hem kömek eder. Isleseňiz, size islendik eseri dilden okap berer. Eger türgen bolsaňyz, emeli aňyň kömegi bilen berhiziňizi dykgatly meýilleşdirip bilersiňiz. Soňa galyberse-de, emeli aň siziň şahsy meseleleriňizde hem psiholog bolup berer. Soňky wagtda internet ulgamynda emeli aňyň adam aňy gerek bolan ähli hünärleriň ornuny tutup biljekdigi hakda gürrüňler köpelýär. Ýogsam-da, temasyny salgy berseň, eliňe taýýar ýazgy berýän emeli aňlar ýazyjylaryň, žurnalistleriň hem-de terjimeçileriň ornuny eýeläp bilermi? Eýsem, bu barada dünýä metbugatynda nähili pikir-garaýyşlar öňe sürülýär.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw mümkinçilikleri täze ýörite enjamlar bilen üpjün ediler

Ýakynda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMCA 10) durmuşa geçirilmeginiň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezi ýöriteleşdirilen okuw we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny aldy. Ýeňil we ýük awtoulaglaryny barlamak üçin iň täze tehniki çözgütlere laýyk gelýän bu ýörite enjamlar okuw merkezinde amaly okuwlar wagtynda ulanylar we gümrük işgärleriniň bikanun daşalýan harytlary ýüze çykarmak üçin serhet nokatlarynda netijeli barlag geçirmek boýunça başarnyklaryny güýçlendirer.

«Agzybirlik tilsimaty» Arkadag şäherinde

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça öňe süren başlangyjy esasynda döredilen «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy Türkmenistanda ilkinji iri innowasion kompýuter enjamlaryny öndüriji kärhanalaryň biridir. «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy türkmenistanlylaryň millionlarçasyny elýeterli, döwrebap kompýuter we ykjam smart enjamlaryny edinmäge mümkinçilik berýän milli kärhanadyr. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen biziň watandaşlarymyz «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy tarapyndan öndürilýän iň döwrebap noutbuk we planşetleri amatly bahalardan satyn almak mümkinçiligine eýe boldular. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy ýurdumyzda kompýuter tehnikalaryny öndürmäge girişmegi bilen, birinji iş ýylynyň dowamynda, ýagny 2019-njy ýylda ýurdumyzda birinji synpa okuwa barýan ähli körpelere Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ilkinji gezek gowşurylan, daşary ýurt kompaniýalarynyň öndürýän önüminiň ornuny tutýan milli brendimiz — «Okuwçy» noutbuk kompýuterleri bilen doly üpjün edildi.

Angliýanyň mekdeplerinde ykjam telefonlar doly gadagan edilýär

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri Angliýanyň mekdeplerinde ykjam telefonlaryň ulanylmagyna doly gadaganlyk girizýän görkezmäni neşir etdiler. Bu barada Birleşen Korollygyň Bilim ministrliginiň metbugat relizine salgylanyp, TASS habar berýär. Resminamada bellenilişi ýaly, Angliýanyň mekdeplerinde ykjam telefonlaryň gadagan edilýändigi baradaky görkezmäni müdirler synp otaglarynda bidüzgünçiligi azaltmak we okuwçylaryň özüni alyp barşyny gowulandyrmak üçin ulanarlar. Bu düzgüni bozan okuwçylar sapakdan soň galdyrylar. Täze düzgünlere laýyklykda, mugallymlar okuwçylaryň ýantorbalaryny barlap bilerler, şeýle-de alnan ykjam telefonlaryň ýitirilendigi ýa-da zyýan ýetirilendigi üçin ene-atalar tarapyndan beriljek şikaýatlardan hukuk goragyny alyp bilerler.

Eýýäm 18-nji gezek öňdebaryjy boldy

«Samsung» kompaniýasy 2023-nji ýylda yzygider 18-nji ýyl telewizor bazarynyň lideri boldy. Bu barada «Omdia» analitik firmasynyň täze hasabatyna salgylanyp, «SamMobile» neşiri habar berýär. Hasabata görä, 2023-nji ýylda «Samsung»-yň dünýäniň telewizor bazaryndaky paýy 30,1 göterime deň boldy. Geçen ýyl kompaniýa 8,31 million «QLED» we «Neo QLED» telewizoryny satdy. 2017-nji ýylda ilkinji «QLED» telewizorlary çykyp başlaly bäri, «Samsung» şeýle gurluşdan 44 milliondan gowragyny satdy.

«Nova-C» kosmos gämisi Aýa gondy

«Intuitive Machines» amerikan kompaniýasynyň «Nova-C» älem gamisi Aýyň üstüne gonmagy başardy diýip, NASA kosmos edarasynyň habaryna salgylanýan «Trend.az» ýazýar. Habara görä, bu soňky 50 ýylda Amerikanyň kosmos gämisiniň Ýeriň tebigy hemrasyna gonan ýagdaýydyr, özem ol hususy kompaniýa tarapyndan amala aşyryldy. 

SpaceX käbir emeli hemralary ulanyjylara has amatly ýerleşdirmek isleýär

SpaceX kompaniýasy Starlink internet-hyzmatynyň käbir hemralaryny ulanyjylara ýakynrak ýerleşdirmek isleýär. Munuň üçin kompaniýa ABŞ-nyň Aragatnaşyk boýunça federal komissiýasyna öz hemralaryny Ýeriň üstünden 340-360 km belentlikde ýerleşdirmäge rugsat almak üçin ýüz tutdy. Bu häzirki ulanylýan orbitalardan 200 km pesdir. Netijede, Starlink internetini ulanýan ulanyjylara, kärhanalara we degişli gulluklara hödürlenilýän hyzmatlaryň hili ýokarlanar.

Türkmenistanda milli habar alyş-çalyş hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Türkmenistanda döredilen elektron habar alyş-çalyş hyzmatlary ýurtda ulanyjylaryň arasynda meşhurlyk gazanyp başlady diýip, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde gürrüň berdiler. Hususan-da, tekst habarlaryny, suratlary, wideolary we beýleki faýllary çalt alyşmak üçin «Start» messenjeri häzirki wagtda 350 müňden gowrak adam tarapyndan ulanylýar. Hyzmat «Google Play» we «App store» dükanlarynda ýükläp almak üçin elýeterlidir. Ykjam programma ses we wideo jaňlary üçin hem ulanylyp bilner.

Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda täze mümkinçilikleri açýan taslama işe girizilýär

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) “Sanly Çözgüt” kompaniýasy we “Sanly Bilim” bilim merkezi bilen bilelikde telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmäge gönükdirilen täze taslamany işe girizýär. “Zenanlaryň arasynda “Salesforce” işläp taýýarlaýjylar üçin okuw kursy” diýlip atlandyrylýan bu taslama maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda zenanlaryň iş üpjünçilik mümkinçiliklerini ösdürmegi maksat edinýär. Taslamanyň çäklerinde Aşgabat şäherinde ýaşaýan we 18 ýaşdan geçen zenanlar web-işläp taýýarlamalar we maglumat tehnologiýalaryny dolandyrmak boýunça bilimleri alarlar. Bu olara özleriniň özbaşdak işlerini açmagyna şert döreder. Mundan daşary, olar bu ugurda ozal bar bolan ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirerler.

Tutum uly, depgin ýokary

Oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmeginde Türkmenabat tejribe-synag abatlaýyş zawodynyň hünärmenleriniň paýy uludyr. Bu ýerde ýylyň dowamynda kombaýnlar, traktorlar üçin ätiýaçlyk şaýlary taýýarlanylýar, könelişenleri bolsa täzeden dikeldilýär. Zawodda gerekli şaýlaryň wagtynda we ýokary hilli öndürilmegi gazanylýar. — Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk işgärleriniň öňünde ene topragyň hasyllylygyny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän gök-bakja önümlerini, miweleri özümizde öndürmek wezipesini goýdy. Bu köp babatda tehnikanyň netijeli işledilmegine bagly. Munuň üçin tehnikalaryň «onki süňňi» gurat bolmaly. Şonuň üçin hem biz şaýlaryň ählisiniň buýrulyşy ýaly taýýarlanylyşyna gözegçilik edýäris — diýip, zawodyň gözegçi inženeri Aziza Hallyýewa gürrüň berdi.

Önümçilik täze binada

Kerkili hususyýetçi Samandar Mustapakulowyň ýolbaşçylygyndaky et we şöhlat önümleri önümhanasy täze binasynda işläp başlady. Önümçiligiň ýakynda göçüp baran täze binasy işleri has giň gerimde ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde 10-a golaý işgäriň zähmet çekmegi bilen, et we şöhlat önümleriň 11 görnüşi öndürilýär. Kärhanada öndürilýän «Sähra», «Abadan», «Daşrabat», «Hazar», «Bitaraplyk» atly önümler etrapdaky we welaýatymyzyň beýleki etrap-şäherlerindäki söwda merkezlerinde elýeterli bahalardan ilata hödürlenilýär.

«Türkmenpoçta» PAK we «Demirýollary» AGPJ Türkmenistanda ýük daşamalaryny ýeňilleşdirýär

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde ýük daşaýjylary dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny işe girizdi. Bu ulgam ýük daşaýjylara resminamalary has aňsat we çalt resmileşdirmäge hem-de Türkmenistanda ýükleri yzarlamaga ýardam berer. Täze ulgam ýük daşamagyň bahasyny onlaýn hasaplamaga, zerur bolan resminamalary taýýarlamaga we ýüküň görnüşine baglylykda wagonlaryň görnüşini saýlamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem Türkmenistanyň çäginde wagonlaryň ýükli hereketini yzarlamak şerti hem ýola goýuldy.

Bank ulgamynda «bulut» tehnologiýalarynyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak, ähli işlerdir hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Şunda «bulut» tehnologiýalary häzirki wagtda ykdysady aragatnaşyklaryň we geljegiň biznes-modelleriniň aglabasynyň esasyny düzýär. Bank ulgamynda «bulut» tehnologiýalarynyň giňden peýdalanylmagy müşderilere bökdençsiz we dessin bank hyzmatlaryny hödürlemegiň mümkinçiliklerini has-da artdyrýar. Bu ugurda maliýe guramalary soňky wagtda halkara giňişliginde şeýle möhüm işi has-da çaltlandyrdylar. «Accenture»-niň maglumatlaryna görä, Ýewropanyň we ABŞ-nyň banklarynyň 95%-i «bulut» çözgütlerini eýýäm bir görnüşde durmuşa geçirdi we soňky birnäçe ýylda «Cloud»-a bolan maýa goýumlary 30% artdy. «Bulut» hyzmatlaryny ulanýan banklar, ortaça hasap bilen, girdejilerini bäsdeşlerinden iki esse köpeldip, amal çykdajylaryny bolsa 10-20% azaldýarlar. Şeýdibem, bazara 30-50% täze çözgütleri getirýärler. Mundan başga-da, täze meseleler üçin IT çeşmelerini paýlamak 40-50% derejede tiz ýerine ýetirilýär.

«OpenAI» ýazgydan wideo döretmäge ukyply neýroulgamy döretdi

Özüniň «ChatGPT» çat-boty bilen belli bolan «OpenAI» amerikan kompaniýasy «Sora» ady bilen emeli aňyň esasynda täze gural döretdi. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär. «Sora» ýazgy beýany esasynda dowamlylygy 1 minuta çenli bolan hakyky we döredijilikli wideolary döredip bilýär. Neýroulgam rekwizitiň we personažlaryň takyk şekilleri bilen hakyky sahnalary hem döretmäge ukyply. Şol bir wagtyň özünde, wideodaky personažlar ynandyryjy emosiýalary görkezip bilerler. Mundan başga-da, «Sora» hereketsiz şekilleri «janlandyryp», taýýar wideolara kadr goşup ýa-da olaryň üstüni ýetirip bilýär.

Täze döwür — innowasiýa asyry

Häzirki zaman dünýäsi örän çalt depginde özgerýär. Her gün dünýäde mundan 10 — 15 ýyl öň hem mümkin däl ýaly görnen açyşlar, oýlap tapyşlar peýda bolýar. Ýokary tehnologiýalara (high tech) we innowasiýalara bolan talap, şonuň bilen baglylykda-da olaryň önümçiligi hem günsaýyn artýar. Bir söz bilen aýdanymyzda, dünýä innowasion eýýamyň bosagasyndan ätläp, dördünji senagat öwrülişigini başdan geçirýär. Şulary göz öňünde tutmak bilen, makalamyzda sanlylaşma prosesiniň döwletleriň ykdysadyýetlerine ýetirýän täsiri, dünýäde ylma, bilime we emeli aňa maýa goýmak barada alnyp barylýan işler hakda gürrüň gozgamagy makul bildik. Dördünji senagat öwrülişiginiň ozalkylardan tapawutly tarapy, onuň gutarnykly amala aşmasy netijesinde öňküler ýaly çig mala ýa-da energiýa serişdelerine baý döwletler däl-de, ylym-bilim ulgamyny kämilleşdiren, tehnologiýa we innowasiýalar babatda öňdebaryjy bolan ýurtlar has uly artykmaçlyga eýe bolarlar. Başgaça aýtsak, biziň döwrümizde oýlap tapyşlaryň we açyşlaryň ähmiýeti çig mala garanyňda has ýokary orunda durýar. Muny gysgaça mysal bilen düşündirsek, biziň hemmämiziň ulanýan «Apple» kompaniýasynyň önümleri bolan «iPhone» smartfonlarynyň çig mal görnüşinde özüne düşýän bahasy 250 — 300 amerikan do

USAID Türkmenistanyň raýat jemgyýetinde sanly innowasiýalary ilerledýär

16-njy fewralda Aşgabatda Türkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Türkmenistanyň Mejlisiniň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň we 15 sany jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky dördünji raýat forumy geçirildi. Bu forum Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny we Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler baradaky çärelere bagyşlandy. Häzirki zaman çalt özgerýän dünýäde sanlylaşdyrmak öndürijiligi, çeýeligi we durnuklylygy ýokarlandyrmak bilen her bir üstünlikli guramanyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu düzüm böleginiň uly ähmiýetine göz ýetirip, USAID Türkmenistanyň raýat jemgyýetini innowasion sanly ukyp-başarnyklar bilen üpjün etmekligi özüne maksat edindi. Forum raýat pudagynda özara sanly gatnaşyklaryň strategiýalaryny, şol sanda sanly ulgamda raýat jemgyýetini özgertmekligiň faktorlaryny we mümkinçiliklerini, sanlylaşdyrmak pudagynda milli hukuk binýadyny, şeýle-de durmuş üpjünçiliginde, saglygy goraýyşda we bilimde sanly tehnologiýalaryň peýdalaryny ara al

BAE dünýäniň emeli intellekt synaglarynyň geçirilýän merkezi bolmaga taýýar

Birleşen Arap Emirlikleri emeli intellekt pudagynda täze ösüşleri netijeli ulanmagyň düzgünlerini döretmek üçin ählumumy synag meýdançasyna öwrülmäge taýýardyr. Bu barada BAE-niň emeli intellekt, sanly ykdysadyýet we uzak aralykdan işlemek üçin programmalar ministri Omar Al Olama “Bloomberg” habarlar agentligi bilen geçiren söhbetdeşliginde mälim etdi.

Wakuum otlusy tizlik rekordyny goýdy

Wakuum otlulary taryhda öz ornuny XX asyryň başlaryndan alýar we ýene-de bir gezek dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Hytaý bu düşünjäni ösdürmekde esasy rol oýnaýar, gury ýer ulagynyň tizligini kesgitlän T-Flight prototipinde täsirli netijeleri ýüze çykardy. T-Flight Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki CASIC (China Aerospace Science and Industry Corporation) tarapyndan döredilen wakuum otlusynyň prototipidir. Wakuum turbasynyň ýörelgesine esaslanýan innowasiýa ulgamy, bu gämi gatnawynyň täsirli tizlige ýetmegine mümkinçilik berýär.

Türkmen ýaşlary – sanly ösüşleriň eýesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, maglumat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly sanly hyzmatlary hödürlemegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün edilýär. Sanly serişdeleriň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyp, sanly hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda, sanly maglumat gorunyň alnyp barylýan işlerde hemmeler üçin elýeterliligini üpjün etmekde hem-de sanly ulgamy yzygiderli kämilleşdirmekde ýaş nesillere esasy orun berilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleriň durmuş-ykdysady ösüşleri we döwrebap hukuk üpjünçiligi bilen sazlaşykly alnyp barylmagy Türkmenistan döwletimiziň ösüşler ýoly bilen öňe barýandygyny alamatlandyrýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy durnukly ösüşiň binýady bolup hyzmat edýär. Okgunly ösýän sanly tehnologiýalar dünýä hojalygyny alyp barmagyň adaty görnüşleriniň we usullarynyň üýtgemegini şertlendir

Ýaşlaryň arasynda innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigini yglan edýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 35 ýaşa çenli raýatlaryň arasynda innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigini yglan edýär. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň web-saýtynda habar berilýär. Bäsleşige gatnaşýanlar özleriniň taýýarlan mobil programmalaryny, web sahypalaryny, innowasion ykdysady ulgamlaryň modellerini, kiberhowpsuzlyk, biotehnologiýa, maglumat tehnologiýasy, lukmançylyk, oba hojalygy we beýleki ugurlardaky täzeçil pikirlerini hödürläp bilerler. Hödürlenilýän ylmy aslamalarda tehniki täzelik ýa-da ýokary öndürijilikli ösen tehnologiýa bolmaly.