''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Tehnologiýalaryň döwrebap usullary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşleriň nurana geljegini nazarlaýan ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, milli bilim we ylym ulgamyna hem döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berlip, ol hil taýdan kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda bilimli ýaş nesilleri kemala getirmäge, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan kämil hünärmenleri taýýarlamaga uly mümkinçilikler döredilýär.

Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyň agzalary BMG-niň işinde emeli aňy ulanmak barada öwrendiler

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Öňüni alyş diplomatiýa akademiýasynyň agzalary «Innowasiýalar we emeli aň parahatçylygyň hyzmatynda» atly onlaýn maslahata gatnaşdylar. BMG-niň Syýasy meseleler we parahatçylyk döredijilik boýunça müdiriýetiniň Syýasat we araçylyk bölüminiň Innowasiýalar bölümçesiniň başlygy Martin Weliş maglumatlary we hasabatlary gaýtadan işlemek üçin has ygtybarly mümkinçiliklere, innowasiýalara we sanly özgertmelere, strategiki çaklamalara, özüňi alyp baryş ylymlaryna, öndürijilige we netijelere gönükdirilen BMG-niň 2.0 «Özgertmeler kwinteti» syýasaty bilen gatnaşyjylary tanyşdyrdy.

«Gazprom» iýul aýynda öz emeli hemralarynyň önümçiligini ýola goýar

Russiýanyň transmilli energetika kompaniýasy «Gazprom» beýleki pudaklara hem işjeň gatnaşyp başlady we «Smotr-W» toplumyna degişli kosmos enjamlaryny öndürmek üçin gurnama liniýasyny işe girizmäge taýýarlanýar. Gurnama liniýasy eýýäm indiki aýda işe giriziler.

«Huawei»: 2030-njy ýyla çenli bazaryň 90%-ni emeli aň aýratynlygy bilen enjamlaşdyrylan smartfonlar eýelär

«Huawei» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň infrastrukturasy pudagynda işewürligi dolandyrmak boýunça komitetiniň başlygy Wan Tao geljekde emeli aň tehnologiýalary bolan smartfonlaryň paýynyň ep-esli artjakdygyny aýtdy. Wan Tao Şanhaýda synag maksatly 5G-A ählumumy täjirçilik maksatnamasyny işe girizmek boýunça geçirilen maslahatda eden çykyşynda 2030-njy ýyla çenli emeli aň tehnologiýalary bolan smartfonlaryň bazaryň 90%-ini eýelejekdigini aýtdy.

«Türkmentel — 2024» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär

28-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Sanly çözgüt — 2024” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

“Sanly çözgüt — 2024”: emeli aň ugry hem girizildi

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Sanly çözgüt — 2024” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgama geçmek, programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp, ýokarda agzalan bäsleşigi geçirmek we onuň jemlerini “Türkmentel — 2024” atly halkara serginiň çäklerinde jemlemek göz öňünde tutulýar.

Ösüşli menzilleri külterleýän pudak

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Ata Wa­ta­ny­myz­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi top­lum­la­ýyn we hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ýyl­la­ry için­de halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ryn­da be­lent üs­tün­lik­le­re ýe­ten ýur­du­myz dur­mu­şyň äh­li ul­gam­la­ry­na hä­zir­ki za­man in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­jeň or­naş­dyr­ýar. Mu­ňa yk­dy­sa­dy­ýe­tiň mö­hüm ug­ry bo­lan hi­mi­ýa pu­da­gy­nyň yl­my esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak, mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de ber­kit­mek ba­bat­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­ler hem aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Hal­ka­ra yl­my-teh­no­lo­gi­ýa par­ky döredildi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zi 2014-nji ýy­lyň 12-nji iýu­nyn­da Gah­ry­man Arkadagymyzyň gat­naş­ma­gyn­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lyp ulan­ma­ga ber­lip­di. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» şy­ga­ry as­tyn­da be­ýik akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan giň ge­rim­li da­ba­ra­la­ra bes­len­ýän şu ýyl­da onuň dö­re­dilenine 10 ýyl dol­ýar. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 7-nji iýun­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len mej­li­sin­de bol­sa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zi­ne hal­ka­ra yl­my-teh­no­lo­gi­ýa par­ky­nyň hu­kuk ýag­da­ýy­ny ber­mek ha­kyn­da» Ka­ra­ra gol çek­me­gi bi­len, bu mer­ke­ziň ady we hu­kuk ýag­da­ýy üýt­ge­dil­di. Onuň Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Hal­ka­ra yl­my-teh­no­lo­gi­ýa par­ky diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy we hal­ka­ra de­re­jä­niň be­ril­me­gi bu ýer­de zäh­met çek­ýän­le­riň, äh­li türk­men aly

Teh­no­lo­gi­ýa­lar – dur­mu­şy­my­zyň aý­ryl­maz bö­le­gi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň eý­ýa­my bo­lan XXI asyr­da san­ly ul­ga­myň, in­no­wa­si­on en­jam­la­ryň müm­kin­çi­li­gi gün-gün­den art­ýar. In­di bi­ze dur­mu­şy­my­zy, hat­da ýe­ke­je gü­nü­mi­zi hem olar­syz göz öňü­ne ge­tir­mek kyn. Teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ry bi­ziň gün­de­lik dur­mu­şy­my­za yk­jam or­na­şyp­dyr we­lin, iň bär­ki­si jü­bi te­le­fo­ny­ny ulan­man ýa­şa­mak bi­zi ýürekgysgynç ýag­da­ýa sa­lyp bi­ler.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýar

Golaýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylýandygyny, sanly ykdysadyýete geçmekde hem-de ony ösdürmekde netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna we ykdysady mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda netijeli innowasion ösüş ýolunda ynamly öňe barýar. Şol bir wagtyň özünde, milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti hökmünde ähli pudaklara sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýurdumyzda 2025-nji ýyla çenli döwür üçin Konsepsiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär. Konsepsiýa döwlet maksatnamalary we geljek üçin niýetlenen meýilnamalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, ähli pudaklardaky tehnologik özgertmeler, olaryň döwlet tarapyndan dolandyrylyşy, ýurdumyzyň ägirt uly serişde we önümçilik mümkinçiliklerine esaslanýan ykdysady bilimleriň emele gelmegi üçin «Ýol kartasy» bolup durýar.

Türkmenistanda statistika ulgamy sanlylaşdyrylýar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow statistika ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek, maglumatlary toplamakda we döretmekde täze usullary, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, döwlet statistikasynyň hyzmatlarynda döwlet edaralarynyň statistiki hasabatlylygyny elektron kabul etmek, maglumatlary ýygnamagyň elektron usulyny, ýagny internet arkaly ýygnamak usulyny girizmek göz öňünde tutulýar.

Italiýada tahograf gözegçilik nokatlary artdyrylýar: Galp enjamlary bolan ýük awtoulaglar onlaýn tertipde kesgitlenýär

Ýylyň ahyryna çenli Italiýanyň awtoulag ýollarynda — Kazale şäherindäki A1 Milan — Neapol we A4 Milan — Breşiýa awtoulag ýollarynda ýene iki sany tahograf gözegçilik stansiýasy gurlar. Ulgam agyr ulaglara gözegçilik eder we Fiorenzuoladaky A1 Milan — Neapol hem-de Rimini-Suddaky A14 Bolonýa — Taranto awtoulag ýollarynda häzirki wagtda işleýän ulgamlara goşuljak islendik düzgün bozulmalar ýa-da näsazlyklar barada ýol polisiýasyna habar berer.

«Ferrariniň» ilkinji elektromobili ýarym million amerikan dollaryndan hem gymmat bolar

Italiýanyň «Ferrari» kompaniýasynyň öndürjek ilkinji elektromobiliniň bahasy 500 müň amerikan dollaryndan ýokarda bolar. Şeýle-de hünärmenler her bir ulagyň enjamlaşdyrylyşyna görä, bahanyň ýene-de 15 — 20 göterim ýokary bolup biljekdigini çaklaýarlar. Meşhur italýan brendi tarapyndan öndüriljek ilkinji elektromobil 2025-nji ýylyň ahyrynda bazara çykar. Elektromobilleriň önümçiligi kompaniýanyň Italiýanyň demirgazygynda Maranello şäherinde täze gurulýan zawodynda alnyp barlar. Zawodyň açylyşynyň ýakyn günlerde bolmagyna garaşylýar. Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, täze zawod ýylda 14 müňden 20 müňe çenli elektromobilleri öndürmäge ukyply bolar.

Ýylda 100 müň ulag öndürilerH

Hytaýyň «China Xiaou Group» kompaniýasy Özbegistanyň Fergana welaýatynda awtoulaglary ýygyjy önümçiligi ýola goýmagy meýilleşdirýär. Taslamanyň umumy bahasy 1,5 milliard amerikan dollary möçberinde bahalanýar. Taslamanyň birinji tapgyryna 50 million amerikan dollary möçerinde maýa goýlup, onda ulaglary ýygyjy we reňkleýji kärhana işe başlar. Birinji tapgyrdaky kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 60 müň ulaga deň bolar.

Maglumat eýýamynda kiberhowpsuzlyk

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň maglumat giňişliginde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bu ugurda kiberhowpsuzlyk ulgamynda hem zerur çäreler ýola goýulýar. Maglumat tehnologiýalarynyň ähmiýetiniň barha artýan zamanasynda sanly giňişlikdäki wehimleriň öňüni almak möhüm meseledir. Kiberhowpsuzlyk — ulgamlary, torlary we programmalary sanly hüjümlerden goramaga gönükdirilen iş. Täze döreýän we kämilleşýän howplardan goranmagyň umumy seljermesini kiberhowpsuzlyk düşünjesi bilen beýan etmek bolar.

Türkmenistan 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny we tehniki häsiýetnamalaryny öwrenýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 14-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzda öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hytaýda adam derisiniň elektron taýy döredildi

Hytaýyň Singhua uniwersitetiniň alymlary bionik 3D arhitekturaly dünýäde ilkinji elektron derini döretdiler. Ol adamyň beden agzasynyň gurluşyna we wezipelerine öýkünýär. «Science» žurnalynda beýan edilen täze önüm bar bolan analoglardan adam derisi ýaly, fiziki derejedäki basyşy, sürtülmäni we deformasiýany tapawutlandyryp bilýär. «Elektron deri» üç gatlakdan durýar. Olar epidermise (iň ýokarky gatlak, adam derisiniň üstki gurluşyny ýada salýar), dermise (datçikleriň we reseptorlaryň köpüsiniň ýerleşýän orta gatlagy) we derasty kletçatka (aşaky gatlak, adam derisiniň aşakky gatlagynyň teksturasyny gaýtalaýar) öýkünýär.

Bio­teh­no­lo­gi­ýa — «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýe­tiň mö­hüm pu­da­gy

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Her döw­rüň çöz­gü­di­ni tap­ma­ly me­se­le­si, öz düz­gü­ni bar. Yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­nyň ösen hä­zir­ki döw­rün­de bu me­se­le­ler yk­dy­sa­dy, dur­muş we eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni öz içi­ne al­ýar. Bu­lar bol­sa «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet diý­len dü­şün­je bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. «Ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet, esa­san, dört ugur bo­ýun­ça ös­dü­ril­ýär. Olar eko-, na­no-, bio- we mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na esas­lan­ýar. Bu­la­ryň her bi­ri­niň yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ös­me­gin­de aý­ra­tyn uly or­ny bar­dyr. Bio­teh­no­lo­gi­ýa yl­my hem şo­la­ryň bi­ri hök­mün­de mö­hüm we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär.

AŞTU täze “Smart Goldaw” hyzmatyny işe girizdi

“Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) ýörite programma üpjünçiligi hem-de aragatnaşyk torlary arkaly habar beriş howpsyzlyk we gözegçilik ulgamynyň “Smart Goldaw” hyzmatyny girizdi. AŞTU-nyň duşenbe güni habar bermegine görä, häzirki wagtda bu habar beriş howupsyzlyk we gözegçilik ulgamy dolandyryş enjamlaryny, hereketleri belleýji we magnit-kontakt gurluşlary (datçikler) öz içine alýar. Şeýle hem bu ulgama ýangyn duýduryjy, gaz analizatorlary we suw akmasyny anyklaýjy gurluşlary birikdirmäge mümkinçilikler bar.

Günorta Koreýa Aerokosmos müdirligini döretdi we 2045-nji ýyla çenli Marsa ýetmegi maksat edinýär

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol KASA Aerokosmos müdirligini açdy, munuň özi ýurt üçin kosmos gözlegleriniň täze döwrüni alamatlandyrdy. Bu bolsa ýurduň kosmosdaky ornuny giňeltmek maksadyna we 2045-nji ýyla çenli Marsa gonmak hakyndaky meýilnamalaryna laýyk gelýär. 2045-nji ýyla çenli kosmos maksatlaryna ýetmek üçin ýurt 100 trillion won (72,6 milliard dollar) bölüp berdi.