''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Maşgalam — baş galam

Halkymyz maşgala aýratyn mukaddeslik hökmünde garap, onuň abadançylygyny, agzybirligini ähli zatdan ileri tutupdyr. Maşgala gymmatlygyny gorap saklamak, aýamak, ony mertebelemek öz köklerini gadymyýetden alyp gaýdýar. Şonuň üçin hem «Maşgalam — baş galam» diýen paýhasly jümle il arasynda ýörgünlidir. Beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý nesli kemala getirmäge ömrüni bagyş edýän eneler aýratyn hormata mynasypdyr. Gadymdan bäri türkmen zenanlary, eneleri maşgala ojagynyň mukaddesligini saklamagyň, çagalary terbiýelemegiň nusgalyk ýörelgelerini döredip, biziň günlerimize ýetiripdirler. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde: «Türkmen maşgalasynda edep-ekramy, asyllylygy, mähremligi bilen ýaşlar üçin görelde bolýan käbelerimiz tükeniksiz döwletiň-döwletliligiň eýesidir» diýip belleýär. Ojagyň mukaddesligi, ata-enä we maşgaladaky uly ýaşlylara bolan hormat, sadalyk, zähmetsöýerlik ýaly halkymyz üçin adaty bolan ahlak häsiýetleri öz gözbaşyny maşgaladan alyp gaýdýar. Halkymyzyň arasynda bar bolan däbe görä, kimdir birini tanajak bolsalar, ilki bilen, onuň maşgalasy soralýar. Maşgalanyň agzybirligine, abadançylygyna, şol maşgalanyň il arasyndaky abraýyna aýratyn üns berilýär. Çünki sagdyn we berk maşgala her bir türkmeniň g

Aýal dogan

Tebigat hökmürowan bolýar. Onuň öz kadasy, öz kanuny bar. Wagtyň geçmegi bilen bir ojakda bileje oýnap, ulalan doganlaryň hersi özbaşyna maşgala bolup gidýär. Emma gözüňe görünmeýän, dil bilen düşündirip bolmaýan, diňe gudratdyr keramata deňäýmeseň suratyny hem çekdirmeýän bir baglanyşyk — täsin güýç welin, mydama ýüregiňi ataň öýüňe baglap goýýar. Ol ojakda eje mähri, kaka yhlasy, ene öwüdi, ata sargydy, doganlaryň bilen geçen gyzykly günleriň kalbyňy özüne dartyp durýar. Ýuwaş-ýuwaşdan ataň ojagyndan alan terbiýäň, mähriň, göreldäň bilen durmuşyň ähli synaglaryna döz gelip başlaýarsyň, esasan hem durmuşa çykan gyzlaryň tiz ene bolmagy bilen süýji ukular öz ornuny irginsiz zähmetdir yhlas bilen çalşanda, kirpik gatman, hüwdi aýdyp, sallançagyň başynda geçirilýän gijeler olara birbada ýiti täsirini ýetirýär. Şeýle pursatlarda özüňden uly aýal doganyň bolmagy uly bagtdyr. Çünki ulular bizden öň durmuşyň eleginden süzülendirler. Olaryň paýhasy goýazy güýze meňzeýändir. Saldamly pikirler, sabyrly garaýyşlar aýal doganlaryň ilkinji ygtybarly ýoludyr.

Maksadymyz — sagdyn geljek

Welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça 2021 ― 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly milli strategiýadan ugur alyp, sagdyn maşgala gatnaşyklaryny ündemeklige, eneligi we çagalygy goramaklyga gönükdirilen wagyz-ündew çäreleri geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we etrap birleşmeleriniň guramagynda geçirilen bu çärelere ýaşuly nesliň wekilleri, kümüş saçly eneler, bilim işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Sözle, sözüň şirin bolsun!

Geplemek, gepleşmek, sözlerden sözlem düzmek ynsana berlen, ýerini çalşyp bolmaýan ukypdyr. Ol ukyby çagalarda körpeliginden ösdürmek we kämilleşdirmek biz ― ulularyň möhüm borjudyr. Hut şu ukybyň üsti bilen çagalaryň gözýetimi giňelýär, dünýä akyl ýetirýär, jemgyýetde özüniň mynasyp ornuny tapýar. Bu meselede ene-atalaryň, şonuň ýaly-da körpeleriň edep-terbiýesi bilen meşgullanýan bilim işgärleriniň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Çaga ýaşlygynda eşidenlerini berk ýadynda saklaýar. Şonda ulularyň aýdanlary edil daşa ýazylan ýaly bolýar. Mysal üçin, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň atasy Döwletmämmet Azady onuň ilkinji halypasy bolupdyr. Görnükli türkmen ýazyjysy Ata Gowşudow bolsa çagalygynda ertekiçi enesinden örän köp zatlary öwrenipdir. Bu mysallara ýüzlenmek bilen, ulularyň öz çagalarynyň sözleýişlerini ösdürmekde halk döredijilik eserlerinden peýdalanmaklarynyň has oňat netije berýändigini nygtamakçy bolýarys.

«Köňül bir beden şahydyr...»

...Gazet-žurnallarda ýa-da radio-teleýaýlymlarda uzak ýaşly ildeşlerimiz baradaky söhbetleri okanyňda, diňläniňde dünýäňi giňeldýän, göwnüňi göterip, ýaşaýşa höwesiňi artdyrýan bir ýakymly duýgyny başdan geçirýärsiň. Nesip etse, ynsan ömri, gör, nähili uzak hem bolup biljek ekeni! Redaksiýanyň tabşyrygy boýunça 2021-nji ýylda Mary etrabynyň Babasary obasyndan 121 ýaşly Ajapsoltan eje bilen duşuşan pursatlarymyň täsiri henizem hakydamdan çykanok. Şol pursatda aňymda deňeşdiripdim: pensiýa ýaňyrak çykan adamlar, seredip otursaň, şu mährem enäniň ýaňy ýarpy ýaşyny ýaşapdyrlar ahyryn! Bu gün, nesip edenden, Alla sylap uzak ýaş beren, yrylmaz rysgal-döwletiň eýesi, il sylagly ýaşuly, Mary welaýaty boýunça heniz ýaşap ýören uruş weteranlarynyň iň soňkularynyň biri Aýdogdy Amadyýew bilen duşuşmaga barýaryn. Pikir edýän, tolgunýan, duşuşjak ýaşulym ýöne adam bolmaly däl. 105 ýaşynda yra-dara aýak üstünde girip-çykyp ýören, neberesi küren oba bolan, 24 sany ýuwlugyň garry atalary-babalary bolup oturan Aýdogdy aganyň Hakyň keramatly nazary düşen saýlantgy ynsandygyna ynanasyň gelip dur.

Bagtyýar çagalar — röwşen geljegimiz

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde tutumly işler, beýik özgertmeler amala aşyrylyp, çagalaryň eşretli durmuşyň hözirini görüp, bagtyýar ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanda maşgala, eneler we çagalar döwlet tarapyndan goralýar. Maşgalanyň döwlet tarapyndan goralmagy durmuş goldawy bilen birlikde, hukuk goragyny hem öz içine alýar. Esasy Kanunymyzyň 40-njy maddasynda maşgalanyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň döwletiň goragynda durýandygy, döwletiň ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýändigi we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýändigi kesgitlenendir. Konstitusiýamyzyň 54-nji maddasyna laýyklykda, ýaş maşgalalara, köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw we ýeňillikler kepillendirilýär. 20-nji noýabr — Bütindünýä çagalar güni we Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň kabul edilmeginiň şanly senesi. Bu sene 1954-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edildi we munuň hem öz sebäbi bar. 20-nji noýabr çagalaryň hukuklarynyň ösüşinde möhüm tapgyrdyr, çünki 1959-njy ýylyň 20-nji noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy Çagan

Ýatlamalaryň ýaýlasynda

Ejem güýz paslyny aýratyn söýerdi. Tomus aýlarynda agşam salkyn düşenden soň tamdyra çörek ýapýan ejem, güýz aýlarynda daň bilen basyran hamyryndan guşluk boluberende gyzgynjak çörek bişirip saçaga ýaýradardy. Onuň bişirýän tamdyr çörekleriniň şeýle datly tagamy, ýakymly ysy näçe ýaşan-da bolsam hiç aňymdan gidenok. Indi eneçeme ýyldyr sary ýapynjaly göwher güýzi ejemsiz garşylaýanlygym üçin gözüm tamdyra çörek ýapyp duran zenanlary gözleýär. Ýüzüne gyzgyn howruň çabyramazlygy üçin ýüzüni ýaglyk bilen saraýan zenanlaryň ählisi maňa ejem jan bolup görünýär. Tamdyr çöregini saçagyma dolasam ejemli günleriň ýakymly ýatlamasyna gaplanýaryn, ol kalbymyň hemrasy, göwnümiň ylhamy. Bu gün men ýene-de ejemiň ojagyna myhmançylyga geldim. Onuň giň howlusyna gaýyp gaçýan güýz ýapraklaryny syryp-süpürip çykdym. Göräýmäge, ejem janyň howlusynda özgeren zat ýok ýaly. Şol gäwmüş gaýtaryp duran akja köşeklije düýämiz, şol baglar... Emma, wagt ähli zadyň ornuny çalşypdyr. Ýaňy-ýaňylar hem towsup ýören çagadyk, eýýäm biz ene.

Maşgala ojagy mukaddesdir

Nesil terbiýesinde milli ýörelgelere daýanmak parasatly pederlerimizden bize miras galan asyllyk ýol-ýörelge bolmak bilen birlikde biziň her birimiz üçin mukaddes borç bolup durýar. Ata-babalarymyzyň her bir ynsanyň, jemgyýetiň kämilliginiň maşgala ojagyndan başlanýandygyny takrarlaýyşlary ýaly, maşgala milletiň aýratynlygynyň emele gelýän we kämilleşýän ýeridir, terbiýe ojagydyr. Ahlak taýdan berk, ruhy taýdan belent maşgala, islendik döwletiň mizemez baýlygy, başynyň täjidir. Şu mukaddes ýörelgeden ugur alyp, biz welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary we syýasy partiýalary bilen bilelikde bilim, saglygy goraýyş we medeniýet edaralarynyň işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat çärelerini guraýarys. Olarda maşgalanyň jemgyýetdäki ähmiýeti, kanunçylyk taýdan goraglylygy barada gürrüň edilýär. Kümüş saçly enelerimiz çagalary milli ruhda terbiýelemekde, olary päk zähmete ugrukdyrmakda zenan maşgalalaryň ornunyň, görüm-göreldesiniň ähmiýetiniň uludygyny belleýärler. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda zenan mertebesini belende götermek, maşgalalaryň bagtyýarlygyny üpjün etmek babatda edilýän aladalar üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyklaryny bildirýärler.

Plastilinden balyjak

Mähriban çagalar, siziň araňyzda plastilinden multfilm gahrymanlarynyň şekiljiklerini ýasamagy halamaýanyňyz ýok bolsa gerek. «Nemonyň gözleginde» atly multfilme-hä ähliňiz diýen ýaly tomaşa edensiňiz. Aşa bilesigelijiligi sebäpli, öz öýünden uzaklara düşýän Nemo atly balyjak hakyndaky multfilm çagalaryň söýgüsini gazanan multfilmleriň biri. Teleýaýlymlarymyzda bu multfilme türkmen dilinde birnäçe gezek tomaşa edensiňiz. Multfilmde Marlin atly balygyň ogly Nemony gözleýşi, Nemonyň hem öz öýüne gaýdyp barmak üçin jan edişi gyzykly wakalaryň üsti bilen suratlandyrylýar. Nemo atly balyjagyň öz hossarlaryna gowuşmagy üçin ekranyň başynda oturyp, garaşan pursatlaryňyzam bolandyr. Geliň, onda žurnalymyzyň şu gezekki sanynda siziň söýgüli multfilm gahrymanyňyz Nemonyň şekiljigini ýasamagy öwreneliň!

Işdäaçar — işdäňizi açar!

Gerekli önümler: • 250 gram towuk eti;

Edepli ile ýarar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaş nesliň ylymly-bilimli, edep-ekramly kämil ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlarymyzyň geljeginiň nurana bolup, rowaçlyklara beslenmegi ugrunda ata Watanymyzda uly tagallalar edilýär. Terbiýe meselesinde mugallymlaryň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Mugallymlar sapaklarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew batly ösüşlerini, köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň düzgünlerini, däp-dessurlarymyzy, edep-ekram baradaky düşünjeleri giňişleýin öwretmelidirler.

Maşgala we ömür

Her näçe gözel ýerlerde gezseňem, birnäçe gün geçenden soň, göze görünmeýän ýüp bilen, onda-da beýleki ujy edil ýüregiňe baglanan jadyly ýüp bilen dogduk depäň seni özüne çekip dur. Giň älemde-de, öz Watanymyzyň çäklerinde-de göbek ganyň daman toprakdan has owadan, has gözel ýerler kän. Ýöne öz dogduk depäň ýaly mähriban, ýürege ýakyn ýer hiç ýerde ýok. Seň üstüňde atalaryň yzyn gördüm bakan çagym,

DORAGLY, ALMALY PIROG

Bereketli güýz paslynyň dowam edýän günlerinde pirogyň alma goşulyp taýýarlanylýan görnüşleri islendik öý bikesi üçin elýeterli bolsa gerek. Tiz wagtda taýýar bolýandygyna garamazdan, tagamly pirog her bir maşgalanyň saçagynda çaý başynyň bezegidir. Žurnalymyzyň bu gezekki sanynda şeýle pirogyň doragly gönüşiniň taýýarlanylyşyny siziň bilen paýlaşmagy makul bildik. GEREKLI ÖNÜMLER:

Çagalara puly tygşytlamagy öwredeliň!

Ulularyň durmuşy bilen gyzyklanmak, olaryň edýän hereketlerini gaýtalamak çagalara körpe ýaşlardan mahsusdyr. Şonuň üçinem ösüp gelýän nesle görelde bolmak, olaryň ýanynda özüňi gowy alyp barmak, her bir mesele babatda dogry terbiýäni kemala getirjek hereketler bilen nusga bolmak ulularyň, hususan-da, her bir ene-atanyň borjudyr. Çalt depginler bilen ösýän hem özgerýän häzirki zaman dünýäsinde çagalara ykdysady terbiýäniň berilmegi derwaýys meseleleriň biridir. Çünki pul bilen iş salyşmak, ony harçlamagyň ýollary, maddy serişdeleri tygşytlamak, puly öz zerurlyklaryň üçin sarp etmek, ulular, aýratynam, ene-atalar tarapyndan çagalara sowalga diýlip berlen puly peýdalanmagyň usullary dogrusynda pikir alyşmak geljekde ýaş nesilleriň ykdysady meselelerde dogry netije çykaryp bilmegi üçin iň bir wajyp çemeleşmeleri saýlamagymyza goltgy berip biler. Dürli ugurlar barada özleriniň gymmatly hem baý tejribä esaslanýan durmuş ýörelgelerini miras goýan pederlerimiziň jaýdar aýdan sözleriniň birinde bellenilişi ýaly, «çagany — ýaşdan, edebi — başdan».

Ýagşy ýörelge — ýaşlara görelde

Perzendi akylly-başly, edep-terbiýeli edip ýetişdirmek her bir ene-atanyň baş maksadydyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Ýaş nesillerimize mynasyp terbiýe bermek biziň üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, maşgala gymmatlyklaryna biz uly üns berýäris. Sebäbi ýaşlarymyzyň ýokary ahlak häsiýetleri şu gymmatlyklaryň esasynda kemala gelýär. Çagalarda milli buýsanjy, beýleki halklara, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazanan üstünliklerine hormat goýmagy terbiýelemek maşgaladan başlanýar» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlar biziň geljegimizdir. Şoňa görä-de, ýaş nesliň oňat bilim we terbiýe almagy, beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn ýaşlar bolup ýetişmekleri ýaly möhüm wezipe biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýip belleýşi ýaly, döwletimizde adam hem-de onuň bagtly geljegini üpjün etjek ýaş nesil jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy hökmünde ykrar edilýär. 

Çagaly öý bazar

Çaga doglansoň, onuň uzak ýaşdan soň ile peýan bermegi, Watanyny söýmegi, ata-enä wepaly bolmagy dilenýändir. Çünki ýagşy perzent terbiýeläp ýetişdirseň, il-ulsuňa miweli daragt miras galdyran ýaly görülýär. Gürrüňini berjek bagtyýar maşgalamyz — Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy Toýly Saryýewleriň maşgalasy. Sekiz çagany ösdürip terbiýelän maşgalada 6 gyz, 2 ogul bar. Gelnejemiz Annagözel Saryýewa bolsa, munuň üçin 2020-nji ýylda «Ene mähri» medaly bilen sylaglanan.

Gymmatly hazyna

Ynsany bezeýän ajaýyp häsiýetleriň biri onuň edebidir. Ata-ene perzentlerini terbiýeli, süňňi halal, päk ahlakly, adamkärçilikli, Watana wepaly, zähmetsöýer, ar-namysly edip ýetişdirmek üçin uly alada edýär. Bu geçmişde-de şeýle bolupdyr. Nusgawy edebiýatymyza ser salanymyzda, olaryň ençemesiniň öwüt-ündew äheňlidiginden çen tutsaň, munuň şeýledigine aňyrýany bilen göz ýetirýärsiň. Olardan miras galan bu asylly gymmatlyklarymyz häzirki bagtyýar döwrümiziň buýsançly, gujurly, asylly ýaşlaryna ýol görkezijidir. Bu mukaddes ýörelgede sagdyn jemgyýet, kämil döwlet, abadan ojak bitewüligi jemlenýär. Edep-ekram, arassa ahlaklylyk maşgalanyň berkliginiň görkezijisi bolupdyr. Terbiýeli, sagdyn ruhly maşgala bolsa, jemgyýetiň, döwletiň daýanjy bolup durýar. Näme üçindir, edep-ekram hakynda söz açanymyzda, ilki bilen, şirin sözli zenanlarymyz göz öňüne gelýär. Türkmen zenanlarynyň ajaýyp keşbi asyrlarboýy halkymyzyň aýawly garaýan mukaddesligi bolup gelipdir. Olar taryhyň ähli döwürlerinde-de özleriniň asyllylygy, mähribanlygy, maşgalasyna wepalylygy, eliniň çeperligi bilen saýlanypdyrlar. Olar ata Watany, ene topragy, milletiň ar-namysyny goramakda gaýduwsyzlyk görkezipdirler. Ata-babalarymyz «Ata sözi hikmet, ene sözi rehmet», «Gyz edebi — il edebi», «Enäniň mä

Maşgala ― mukaddes gala

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we Halaç etrap birleşmeleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň hem-de etrap polisiýa bölüminiň işgärleri bilen bilelikde wagyz-nesihat çäresini geçirdiler. Etrap medeniýet öýünde geçirilen çäre «Sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekde, halkymyzyň milli däp-dessurlaryna eýermekde maşgala mukaddesliginiň möhüm orny» diýip atlandyryldy. Adyndan hem belli bolşy ýaly, çäre maşgala mukaddesligini goramak bilen bagly meselä bagyşlandy. Çärede maşgalanyň bagtyýarlygyny üpjün etmek, ýaşlary hünäre höweslendirmek babatynda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalaryna esaslanyp, berlen maslahatlardyr maglumatlar ýygnananlaryň ünsüni özüne çekdi. Şunda sagdyn durmuş ýörelgesiniň hem maşgaladan başlanýandygyna üns çekilip, hut şu mesele babatynda ýaşlara görelde bolmak maslahat berildi.

Ene hüwdüsi — keramat

Eje diýmek mukaddeslik diýmekdir. Bu mähriban ynsan kiçiligiňden tä ulalýançaň, seniň aladaňda bolýar, saňa ýol görkezýär we hakyky terbiýe mekdebi bolup durýar. Enäniň öz perzendine bolan söýgüsini, mährini onuň owazly hüwdi setirlerinde-de görmek bolýar. Bu gün bu ajaýyp, şirin owazy eşidip, çagalygyma dolanan ýaly bolýaryn. Enem jigim Suraý jany şol owadan sesi bilen hiňlenip hüwdüleýärdi. Öý işlerimi edip ýörşüme, ol jadylaýjy owazy eşidip, enemiň ýanyna nädip gelenimi-de bilmän galdym. Enem: Allan-allan öwmeli, Öň ýakasy düwmeli.Saňa gelen belany,Daga-daşa kowmaly

Ýakymly pursatlar

Howlynyň töründäki sekide ýanýoldaşy Nurberdi aga bilen kişmişdir maňyzdan agyzlaryna salyp, gök çaýyň lezzetini alyp oturan Güljemal enäniň bu gün keýpi has-da çagdy. Ol düýn merjen paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatyndan gaýdyp gelipdi. Gürrüň berere zat kändi. Has hem ýurdumyzda Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi ýakymly pursatlaryň biridi. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur parasady bilen, türkmeniň döwletlilik ýörelgelerine mahsus bolan her bir işde ýaşululara geňeşmek, sala salmak, olar bilen meseläni «Ýedi ölçäp, bir kesmek», maslahatlaryny diňlemek indi däbe öwrüldi. Ine, maslahatda şular barada edilen gürrüňleri Nurberdi aga aýalynyň hut öz dilinden ünsli diňläp otyrka, ogullary Nurýagdydyr Sapargeldi, gyzlary Ogulmaraldyr Ogulşeker çagalary bilen gapydan girip geldiler. Çagalar ylgap gelip, Güljemal enäniň gujagyna doldular. — Ene, biziň-ä seni göresimiz gelip gitdi. Indi beýdip köp wagtlyk gitme, bolýarmy?! — diýip, körpe agtyjagy Bägül enesiniň ýüzünden sypady.