''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Köp çagaly eneleri hormatlamak dabarasy

AŞGABAT, 7-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren enelerini hormatlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly ady dakyldy. Şeýle hem paýtagtymyzyň häkimliginiň binasynda köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda dabaralar we Halkara zenanlar güni mynasybetli guralýan çäreler milletiň ruhy gymmatlyklarynyň dabaralanýandygyny, halkymyzyň gadymy mukaddes däplerine, öý-ojagyň söýesi hasaplanylýan enelere hormat goýmak ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan wakalara beslenýär.

Enä tagzym — mukaddeslige tagzym

Edebiýat sapagyndan düzme ýazmaly bolanymyzda, muny biz, ilki bilen, ejem janyň okamagyny isleýärdik. Onuň sesini çykarman dymyp okamagy bolsa biziň «bäşligimizdi». Häzir ene hakdaky şol düzmämiň mazmunyndan ýadyma düşýäni: «Ejem jan asman ýyldyzy, ýyldyzsyz gijeler bolmaýar. Ejem jan baharyň mylaýymlygy, ony döredýän bolsa asmanyň güneşi. Güneşsiz gündiz bolmaýar, güller hem açylmaýar. Ejem jan! Sen meniň üçin ähli zat, muny beýan etmäge men başga söz tapyp bilmeýärin». Şonda men mugallymyň nähili bahasyna mynasyp bolandygyma üns hem bermändirin. Ýöne esasy zat, ejem jan maňa hiç zat diýmedigem bolsa, ony şonda begendirendirin diýip umyt edýärin. * * *

Dünýäniň bar görki enedir, ene!

Asylly däbe görä, her ýylyň 8-nji marty — Halkara zenanlar güni mynasybetli, olara baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagy, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen, terbiýeläp ýetişdiren enelere bolsa hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy hem enelere goýulýan aýratyn sarpanyň aýdyň subutnamasydyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda-da ýüzlerçe eneler bu abraý-mertebeli hem hormatly adyň eýeleri boldular. Düýn paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda olara bu hormatly adyň dakylmagy mynasybetli dabaralar geçirildi. Olarda Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan mährem eneler milli Liderimiziň adyna ýürek töründen çykýan alkyşlaryny buýsanç bilen beýan etdiler. Güljahan HEZRETGULYÝEWA, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabyndan, öý hojalykçy:

Zenanyň bagty — Zeminiň bagty

Baharyň gelşi üýtgeşik bolýar. Ýaz ýagşynyň damjasyna ezilen meýdanlardan dürterilip çykan ýaşyl maýsalar, akly-gyzylly güllere bürenen ýaşyl baglar — ähli zat özboluşly, göze ýakymly. Bu ýyl bahar köp çagaly enelerimiz üçin has-da üýtgeşik geldi. Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleriň 250-ä golaýyna, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy. Şeýle-de köp çagaly maşgalalara paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde ýerleşýän döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumyndan ähli amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşuryldy.

XXI asyryň

21-nji ýylynyň 121 ýaşly ýaşaýjysy

Syrly dünýä

Türkmen gözellerine bagyşlanýar Sen maňa: «Men hakda bir zatlar ýaz!» diýdiň. Menem ýazdym, ýöne bu sen hakynda ýazylmaly zatlaryň aňrybaşy däldir. Oňa gözüm ýetýär. Aslynda, bu hiç kime başartmasa gerek diýibem oýlanýaryn, sebäbi seniň özüň kämil bir esersiň, Allatagalanyň söýgi bilen ýazan eserisiň.

Eneleriň sarpasy

DÜÝN Änew şäherindäki Medeniýet öýünde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan köp çagaly eneleri sylaglamak dabarasy geçirildi. Welaýat häkimligi, welaýatyň jemgyýetçilik guramalary hem-de Medeniýet müdirligi tarapyndan guralan dabara toý ruhuna eýe boldy. Sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren we terbiýeläp ýetişdiren mährem enelere Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden dabaralandyrylýan Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda hem Gahryman Arkadagymyz şanly sene mynasybetli köp çagaly enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak bilen baglanyşykly Permana gol çekdi. Şol resminama esasynda, welaýatymyzyň bagtyýar eneleriniň 36-syna Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy. Şeýle bolansoň, hormatly ada mynasyp bolan bagtyýar eneler nobatdaky dabaranyň arzyly myhmanlary boldular.

Bagtdan paýly zenanlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlaryň bagtyýarlygy ugrunda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýylyň-ýylyna sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy we sowgatlaryň gowşurylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Halkara zenanlar gününiň uly şatlyk-şowhuna beslenýän şu günlerinde habarçymyz şeýle hormatly ada mynasyp bolan mährem eneleriň käbiriniň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdi. Ýazjemal MUHAMMETGULYÝEWA, Bäherden etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy:

Bagtyýar maşgalalaryň jaý toýlary

Hormatly Prezidentimiz 5-nji martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak bilen baglanyşykly Permana gol çekip, käbir köp çagaly enelere ýaşaýyş jaýlaryny bermek barada karara gelendigini aýtdy hem-de welaýatlarda hormatly ada mynasyp bolan enelere ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmagy welaýat häkimlerine tabşyrdy. Şonuň bilen baglanyşykly, bagtyýar maşgalalara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak mynasybetli welaýatymyzda uly ruhubelentlige beslenen dabaralar geçirildi. DÜÝN Änew şäheriniň ajaýyp künjeginde täze döredilen ýaşaýyş jaý toplumynda — 4 gatly 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň öňündäki meýdançada geçirilen dabara bagtyýar maşgalalardan başga-da, welaýatyň we Ak bugdaý etrabynyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler we beýleki myhmanlar gatnaşdy.

Ýaz bakyşly Mähribanlarymyza tagzym!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Ene ýaradylyşda dowamatyň dowam etmeginiň başlangyjydyr. Ene ähli ýaradylşa dahylly beýik düşünjedir. Enä minnetdar bolmak özüňe, şu dünýä, tutuş barlyga dahyllydygyňa soňsuz hoşallygyňdyr.

Zenan — öýüň diregi, ene — ojagyň söýesi

Halkymyzda zenanlara goýulýan sarpa belentdir. Ene diýlende, ozaly bilen, maşgalada ogul-gyz perzentlerini ile-güne haýyrly, Watana wepaly edip terbiýeläp ýetişdirýän mukaddeslik mekdebi göz öňünde janlanýar. Hormatly Prezidentimiz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde «Elbetde, adamyň kemala gelmegi üçin jemgyýetiň hem iňňän uly ähmiýeti bardyr. Ýöne jemgyýetiň ösüşlerine goşandyny goşýan şahsyýetiň, ilhalar ynsanyň kemala gelmegi ata-enäniň göreldesiniň, tälim-terbiýesiniň netijesidir, olaryň perzendi hakyndaky iň süýji arzuwynyň amala aşmasydyr» diýip belleýär. Şu parasatly jümlelerden hem görnüşi ýaly, ene hem-de ata terbiýesi perzendiň gowy adam bolup kemala gelmeginde jemgyýetiň terbiýesinden hem ilkinji zerurlyk bolup durýar.

Edep beren ýeňňem

Ol wagtlary ulugyz bolmagy juda arzuw edýän, ýöne çagalyk dünýäsi bilen hoşlaşmagyň kynçylyklaryny başdan geçirýän günlerimdi. Altynjy synpy gutaryp, ýedinjä geçen ýylym tomusky rugsada çykanymyzda, ejem bilen kakam saglyklaryny berkitmek üçin «Mollagara» şypahanasyna gidipdiler. Üç sany özümden kiçi jigilerime seretmek, öýüň arassaçylykdyr nahar-şory meniň boýnumady. Obada önüp-ösenler üçin bu işler uly bir zat däldi. Käbir joralarymdyr synpdaşlarymyzyň birnäçe sygyrlary bardy. Olary sagmak, ot-suw bermek öý işleriniň daşyndan edilmeli işlerdi. Bizde sygyr ýokdy. Olar kel dälem bolsa, enem aýtmyşlaýyn dört sany «kel toklymyz» bilen towuklarymyz bardy. Olara seretmek sygyrlary örä alyp gidip bakanyňdan, ir ertir giç agşam süsäýmeginden ätiýaç edip saganyňdan aňsatdy. Öýde nanymyzy bişirmek agyr maşgalaly, köp çagaly diýilýän enemiň boýnunady. Indi men hem gündelik, käte-de günaşa bir tegelek nan alyp gaýdýardym. Gelnejelerim gezekleşip hamyr edýärdiler. Enem welin gündelik tamdyra nan ýapmalydy. Şol gün irden jigilerime ertirlik berdim-de, saçakdaky galan nany meniň mal-garamyzy sananymda ýadymdan çykaran Aždarymyza bermäge howlukdym. Goýunlara ot berip, suw guýulýan gaplarynyň suwuny täzeledim. Towuklara iým sepdim. Öýdäki jigilerime etmeli işlerini bölüp b

Aý, gün dursun dünýäde, ejem dursun dünýäde...

Biziň ählimiziň mekdep döwrümizde bu goşgy setirlerini ýat tutup, aýtmadygymyz ýok bolsa gerek?! Eneler barada näçe söhbet açsaňam az. Olar barada köp zat aýdylan ýaly hem bolsa, ondan-da köp zat aýdylmagyna garaşýar. Çaganyň çagalar bagyna ýa-da mekdebe gatnap başlan günlerinden, ejesine bolan garaýşy düýpleýin üýtgäp ugraýar. Hemişe ýanynda gezip, ejesiniň mährinden isledigiçe ganyp ýören çagajyk birden başga dünýä düşen ýaly ýagdaýa düşýär. Tizräk ejesiniň didaryny görmäge howlugyp ugraýar. Agşam çagalar bagyndan gaýdyp gelen ýa-da mekdepden dolanan okuwçynyň öýleriniň gapysyny açan badyna ilki aýdýan sözi, berýän sowaly, ýüzlenmesi «Eje!». Bu endik has ullakan adam bolanymyzdan soň hem dowam edýär. Gyz maşgala has-da ejä höwrügen bolýar. Gyz maşgala «kişi maşgalasy» diýilýär. Şol ada mynasyp bolup dogduk öýüňi gaýyn öýüne, gyzlyk dünýäňi gelinlik dünýäsine çalşan günüňden ataň öýüňe myhmansyň. Arzyly myhman bolup ataň öýüne myhmançylyga barsaň, öz ýanyňda ikiden-üçden çaga bolsa-da, birdenkä öňüňden kakaň çykyp: «Tüweleme, geliň bakaly, gyzym, sag-gurgun gezip ýörmüsiňiz, öý-içeriler saglykmydyr?!» — diýip, gara-gadyr bolup, beren sowallarynyň ählisine bir agyz: «Hudaýa şükür, saglyk, kaka, hany ejem?”–diýip

Arzuwlaryň gujagynda

Adamzat ýaşaýşynda maşgala gurmak, öý-ojak bolmak, öz yzyňda galdyran nesliň salamatlygyny görmek uly bagt hasaplanýar. Maşgala agzalarynyň agzybir, öý-ojagyň abadan bolmagy üçin, ilkinji nobatda, ene söýgüsiniň, yhlasynyň hem-de göreldesiniň orny örän uludyr. Türkmençilikde enä maşgala abatlygynyň binýady hökmünde garalýar. Her bir maşgala ojagynda mähriban enelerimiziň Watana, il-güne wepaly nesli kemala getirmekdäki edep-terbiýe mekdebi tapylgysyz mirasdyr. Enäniň ýyly mähri gözel duýgulary oýarsa, mylaýym hüwdüsi adamzat neslini gözel ýaşaýşa höweslendirýän jadyly mukamdyr. Dünýäde meşhurlyk gazanan aýdymdyr saz kän. Ýöne, ene kalbynyň arzuwly owazy bolup ýaňlanýan hüwdiler adamzat ähliniň iň söýgüli aýdymydyr. Mährem ene hüwdüsini pessaý sesi bilen şirin mukama besleýär-de, asuda ýatan perzendine älem gowulyklaryny arzuwlaýar. Şol arzuwlar biz — perzentlere şu durmuşda öz bagtymyzy tapmaga ak ýoly salgy berip, şamçyrag deýin nuruny eçilýär.

Eziz eneler siz!

Zeminiň gül-görki, zerden lälesi,Merdi-merdana hem mährem ene siz!Dana perzentleriň dilde senasy,Gülden görkana siz, mährem eneler! Ile-güne söýgiňizi berip siz,Watanmyzy jandan eziz görüp siz,Ýaşlara ýörelge — nusga bolup siz,Ýaşaň erkana siz, mährem eneler!

Terbiýäniň gözbaşy

Her bir halkyň öz milli häsiýetine gabat gelýän edep-ekram kadalary bar. Alym Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde türkmen halkynyň ahlaklylygynyň milli nusgalaryna, baý mirasyna göz ýetirýäris. Öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli ruhy gymmatlyklarymyzyň arasynda türkmen halkyny dünýä tanadan onuň özboluşly milli edepliligidir. XIX asyryň 60-njy ýyllarynda Türkmenistana gelen wenger alymy A.Wamberiniň ýazgylarynda: «Olaryň her bir hereketini gadymdan höküm sürüp gelýän, göze görünmeýän, emma özüniň bardygyny ykrar etdirýän «edep» diýen düşünje ugrukdyrýar» diýlip bellenilmegi hem muny aýdyň tassyklaýar. Kämilleşip, sungat derejesine ýetirilen bu milli edep häzirki döwür üçin hem, geljek üçin hem ähmiýetini ýitirmeýär. Türkmen edebini ata ogla, ene gyza öwredip, asyrdan asyra geçirip, şu günlere alyp gelipdir.

Ene hakynda dürdäneler

Adamzat durmuşynda maşgala iň gymmatly baýlyk bolup, ol ynsana tükeniksiz güýç hem-de joşgun berýär. ***

Maşgala gymmatlygyny goramak – esasy wezipe

Ýurdumyzda maşgala gymmatlyklaryny goramak, aýamak, ony mertebelemek ýaly asylly ýörelgeler öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. «Maşgalam — baş galam» diýilýär. Diýmek, sagdyn we berk maşgala her bir türkmeniň gymmatly hazynasy bolup durýar. Maşgalada edep-terbiýe, görüm-görelde bolan wagty şol ýerde beden hem ruhy taýdan sagdyn, zähmetsöýer çagalar kemala gelýär. Belent Serkerdebaşymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýiti zehininden syzylyp çykan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bir tymsal getirýär. Onda türkmenleriň artykmaçlygyny suratlandyrýan on sebäbi tapmak barada arap halyfynyň beren buýrugyna küt-küt kitaplaryň içinden toplanan maglumatlaryň diňe ýekejesini, ýagny ýeňmek, üstün çykmak, gurmak, döretmek hem-de parahatçylygy gorap saklamak üçin ýaradylan halk diýen ajaýyp jümläni mysal getirmek ýeterlik bolupdyr.

Jadyly mukam (Hekaýa)

Nabat ejeleriň öýleri hem edil beýleki oba jaýlary ýaly giň otaglydy. Ýöne Maksadyň göwnüne bolmasa şu öýde üýtgeşik bir mähir, iliňkä meňzemeýän nur bar ýalydy. Her gezek dosty Merdan ony çaýa çagyranda, ol ikirjiňlenmän razy bolýardy. Bu gezek hem şeýle boldy. Maksat nädip gapynyň öňünde säginenini duýman galdy. Içerden eşidilen zenan maşgalanyň mylaýym owazy onuň kalbyny heýjana saldy: Allan, allan ak guşlar,Guşlar gaýada gyşlar.Ak guşlar öz mukamyn,Meň balama bagyşlar.

Uýalarym

Uýa sözi janyňa melhem ýaly bolup eşidilýär. Çünki ol ýürekdeşiň, kalbyňa iň golaý ynsanlaryň biri. Şahyrda: «Ah, uýajyklarym, uýajyklarym, meni ömürboýy aýajaklarym» diýen setirler uýalaryň mähribanlygynyň, jana-janlygynyň nyşany bolup ýaňlanýar. Şol pursat olaryň baryndan bazar eýläp, daşyňda hozanak bolşy hoşuňa geler. Hakydaň bolsa dessine ejeli günleriň ýatlamalaryna berlersiň. Ejem bizi gözüniň röwşeni, ykbalynyň merjeni saýardy. «Gyzlarym—göwher genjim» diýip söýgülärdi. Öý-hojalyk işlerinde biz ejeme mydama kömek bererdik. Ýanlyk ýaýanda onuň her bir hereketini gözigidijilik bilen synlardyk. Ejemiň keşbini, häsiýetlerini özünde jemleýän uýalaryma köňül hemdemim, arzyly ezizlerim diýýän. Olar bilen didarlaşmagyň özi hem ullakan bagt. Balalarynyň daşynda perwana bolup ýören uýalarymyň her biriniň hereketi ejem janyň bizi ulaltjak, kemala getirjek, il hataryna goşjak bolup yhlas edişini ýatladýar. Elbetde uýalarym meniň üçin mähriban käbämiň keşbi siňen ezizlerimdir. Olaryň owadan didary käbämiň ýürek ýylysy ýaly maňa juda ýakyn. Herdem-herdem oba gidip, çaý başynda guraýan uýa söhbetlerimiz meni birneme rahatlandyrýar, güýç-kuwwat berýär: