''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Mälikguly Berdimuhamedow (1932 — 2021)

18-nji aprelde mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda Arkadag Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habar tutuş türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edildi. Özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden Mälikguly aga watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, Mälikguly Berdimuhamedowyň çagalyk döwri geçen asyryň gazaply uruş ýyllaryna gabat geldi. Onuň durmuşy tutuş halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrüldi.

Peýnirli gyzdyrma (Ýaşajyk aşpezlere maslahat)

Gerekli önümler: 1 sany baton çörek, 120 gram peýnir, 2 çemçe gaýmak, 20 gram mesge.

Taýajykly süýjülikler (Ýaşajyk aşpezlere maslahat)

Gerekli önümler 200 gram un, 2 çaý çemçesi kakao, 3 nahar çemçesi bal, 70 ml ösümlik ýagy, 250 ml suw, 5 çemçe şeker, 1 çaý çemçesi wanilin, 1,5 çaý çemçesi hamyrtozy, 90 gram şokolad.

Maşgala bagtynyň buýsanjy

Gelin-gyzlarymyz haly dokanlarynda, olaryň daraklarynyň sazlaşykly sesi ata Watanymyzyň asudalygynyň, ösüşleriniň waspyny edýän ajaýyp mukama çalym edýär. Biz bu hakykata Halaç etrabynyň Halaç şäherinde ýaşaýan Annageldiýewleriň maşgalasynda myhmançylykda bolanymyzda ýene bir ýola göz ýetirdik. Hawa, bu öýde daragyň sesi bilen çagalaryň şadyýan gülküleri belentden ýaňlanýar. Bu döwletli maşgalanyň öý bikesi, bagtyýar zenan, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýesi Göwher Annageldiýewa bilen söhbetdeşligimiz hem milli mirasymyz, perzent terbiýesi dogrusynda boldy. — Durmuşda öz ornumyzy tapyp, bir işiň başyny tutup, jemgyýete garylyp-gatylyp bilen bolsak, munuň aňyrsynda, ilkinji nobatda, ata-enelerimiziň irginsiz aladalary ýatandyr. Sekiz we şondan köp çagany dünýä indirip, il hataryna goşmak bagtyýarlykdan nyşan dälmi, eýsem?!

Ene hüwdüsi

Ene hüwdüsi... Bu halk döredijiliginiň iň ajaýyp nusgalarynyň biridir. Bu asyrlardan-asyrlara, nesillerden--nesle geçip gelýän kämil eserdir. Ene hüwdüsinde düşündirip bolmaýan jadylaýjy sungat, täsin ýakym bar. Eýsem, hiç zada düşünmän aglaýan bäbejigi rahatlandyryp, uka gidirýän hüwdi dälmi? Çagasyny huwwalap, hüwdi aýtmadyk ene öň hem ýokdy, häzirem ýok. Şu ýerde, men çagalykdan hakydamda galan we häzirem uly höwes bilen aýdylýan ene hüwdüsini ýatlasym gelýär.

Gaýynekeji

Gaýynekeji sözi zenan dünýäsinde ähmiýetli düşünje bolup ornaşandyr. Gelin we gaýynekeji gatnaşyklary barada pikir alyşmak, öz garaýyşlaryňy paýlaşmak üçin söhbet edere zat kän. Gaýynekeji sözündäki «eke» sözi käbir şiwelerde uly aýal dogan manysyny berýär. Diýmek, gaýynekeji bilen gelniň arasyndaky gatnaşyk uýalarça ysnyşykly, jebisleşikli bolmaly. Ýanýoldaşyň uýasy bolan gaýynekejiň bagtyňa şärik ynsandyr. Her bir maşgalada gelniň bagtdan paýlylygy gaýynenäniň hem-de gaýynekejiniň onuň bilen göwündeş, pikirdeşliginden alamat. Maşgala agzybirligi onuň agzalarynyň hemmesiniň gatnaşygynyň ylalaşykly bolmagyny talap edýär. Gaýynene, gaýynekeji, baldyz, gaýynaga, ýüwürji we beýleki maşgala ýakyn adamlar gelniň hossarlyk gurşawy. Hususan hem, durmuşda gelin-gaýynene, gelin-gaýynekeji, gelin-baldyz gatnaşyklarynda dürli ýagdaýlar ýüze çykyp durýar. Şol ýagdaýlardan parasatly baş alyp çykmakda gaýynekejiniň üstüne düşýän jogapkärçilik kiçi-girim däldir. Ol maşgalanyň içki meselelerinde, aýratyn hem, onuň zenan agzalarynyň arasynda sözi diňlenýän adam. Gelen gelni ýat saýman, edil özüňkiň biri ýaly saýmak, gaýynenä-de, gaýynekejä-de juda lazymdyr. Käbir maşgalalarda gaýynekejiler bilen gelinleriň arasyndaky hoşgylawlylygy, mähirli gatnaşyklar

Maşgala edebi – asylly terbiýe

Türkmen halky gadymy döwürlerden özüniň päk göwünliligi, maşgala wepalylygy, mertligi, şahandazlygy, parahatçylyk söýüjiligi bilen her bir işde rowaçlyk gazanyp, ençeme ruhy we maddy gymmatlyklary dünýä ýaýan beýik halk hökmünde tanalýar. Halkymyz gadymdan gelýän maşgala terbiýesindäki asylly däp-dessurlaryny döwrebap röwüşde sazlaşykly ösdürmek bilen, maşgalanyň doly kämil bolmagynyň esasy ýol-ýörelgesi hökmünde saýlap alýar. Bu babatda ruhy-ahlak gymmatlyklar maşgala terbiýesinde esasy orny eýeleýär. Türkmen maşgalasynda çagany ýokary ahlakly, watansöýüji, zähmetsöýer edip ýetişdirmek terbiýäniň özeninde durýar. Ahlak gymmatlyklaryň kämilligi, maşgalanyň durnuklylygy, berkligi, ilkinji nobatda, zähmet terbiýesine aýratyn üns berilýänligindedir. Her bir ene özüniň hüwdüsi, owaza öwrülen ajaýyp heňi bilen çaga dünýä inenden onuň kalbyna guýýar. Bu babatda aýratyn bellemeli zat perzendiň geljekde kämil hünäriň eýesi bolmagy, şol hünär bilen bolsa Watany gülletmek işine goşant goşmagydyr. Halkymyzyň müňlerçe ýyllaryň tejribesinde ýaş nesli terbiýelemegiň serişdesi hökmünde zähmeti esas hasaplandyklary hemmämize mälimdir. Şonuň üçin ene öz çagasyny hüwdülände, şeýle setirleri beýan edýär: Meniň gyzym Aý ýaly, Aýa, Güne taý ýa

Myhman almaklygyň edebi

Halkymyz durmuşynda myhman kabul etmeklige ýokary ähmiýet berlip, ony parz hasaplapdyr. Şonuň üçin gapydan gelen adamy taňry myhmany hökmünde garşy almaklyk türkmençilikde däbe öwrülipdir. Myhman isle, çagyrylyp gelsin, isle-de, çagyrylman, ony güler ýüz, açyk köňül bilen kabul etmek öý eýesiniň ilkinji borjudyr. Myhmanyň gelýänini gören dessine, onuň öňünden çykyp, garşylamak gerek. Myhmany garşylan öý eýesi: «Hoş geldiňiz, sapa geldiňiz!» diýer. Gelen kişi bu ýagşy dileglere: «Hoş gördük!» diýip jogap gaýtarar.

Sagdyn durmuş ýörelgesi maşgaladan başlanýar

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şäher we oba ýerlerinde gurlan sport mekdeplerine we desgalaryna diňe bir türgen ýaşlar däl, eýsem uly ýaşdaky, dürli kärde zähmet çekýän raýatlar hem gelip, sport bilen meşgullanýarlar, saglyklaryny berkidýärler. Oba adamlary sagdyn nesli kemala getirmek we terbiýelemek üçin bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýetine doly göz ýetirýärler. Şonuň üçin hem indi bütin maşgala bolup, döwrebap sport mekdeplerinde sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Şeýle maşgalalaryň biri hem Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň R.Ataýew adyndaky geňeşliginde ýaşaýan Tirkeş Babaýewiň maşgalasydyr. 10 çagany terbiýeläp ýetişdiren mährem ene, etrap hassahanasynda şepagat uýasy bolup işleýän Tawus Annaýewa öz durmuş tejribesinden sportuň adamyň saglygyna, çaga terbiýesine oňyn täsir edýändigine gowy düşünýär. Olaryň perzentleri Gahryman, Wepa, Körpe woleýbol bilen gyzyklansalar, gyzy Mamatäç taýboks bilen içgin meşgullanýar. Olar özleriniň boş wagtlarynda obada ýerleşen 3-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň bazasynda yzygiderli türgenleşýärler. Bu bolsa özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Golaýda «Biz

Edep mekdebi, mähir bulagy Käbe

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseri halkymyz tarapyndan elden düşürilmän okalýar. Okadygyňça-da, ýürege ornaýar. Bu eser «Sözden başlanýan ägirtlik», «Öý-ojagyň gelşigi», «Ene — ulus-iliň enesi, çäksiz hormat eýesi», «Ene — döwletlilik» diýen dört sany giň we çuň manyly bölümlerden ybarat bolup, onda Gahryman Arkadagymyz mähriban käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly barada gyzykly we täsirli wakalary çeper beýan edýär. Ýiti zehiniň miwesi bolan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserdäki Käbä deňelýän eziz we mähriban enä bolan çäksiz söýgi her bir okyjynyň mukaddeslige bolan duýgusynyň inçe taryna kakýar. Ene barada pikirlenip, ak kagyza köňül islegiňi ýazmaga ylham berýär.

Ata-enäniň guwanjy

Adam bolmagyň manysy uludyr. Ol söz öz içinde ulalmak, kemala gelmek, ynsaply bolmak, düşünişmek we beýleki birnäçe düşünjeleri jemleýär. Türkmençilikde «Her kim bol, adam bol» diýilýär. Haýsy kärde, kim bolup işleseň-de, adam bolmak gerek. Bu barada ussat şahyrymyz Kerim Gurbannepesow şeýle diýýär: Nanyňy goşgudan berse-de ykbal, Goşgudan öň adam bolmagyň hökman.

Asylly görelde (oýlanma)

Maşgalada üç aýal dogan bolup ulaldyk, men olaryň iň kiçileridim. Bu bolsa öýüň käbir işlerinden meni azat edýärdi. Ýöne ejem «sen uly, sen kiçi» diýmezdi. Öýde her kimiň öz ýerine ýetirmeli işleri bardy. Ejemiň aýratyn üns berýän zady bolsa biziň irden örüp, okuwa hemmetaraplaýyn taýýar bolmagymyzy gazanmakdy. Edep-terbiýe babatynda hiç hili gürrüň hem bolmazdy. Sebäbi biz — zenan maşgala, edebimiz, terbiýämiz, asyllylygymyz bolaýmalydy. Özi hem «Sen şeýle bol!» diýenokdy. Şu wagt pikir edip otursam, biz edepliligi, özümizi alyp barmagyň gerekli düzgünlerini, zenana mahsus aýratynlyklary ejemiziň edýän hereketlerinden nusga alyp öwrenipdiris. Özümi «elinden dür dökülýän» hasaplaýardym. Ýöne heniz ol sözi diýmegiň juda irdigine bolsa durmuş gurup, gaýyn öýümde ýaşap başlanymdan soň aýdyň göz ýetirdim. Edep-terbiýe, medeniýetlilik – bular durmuş ýolunda çagalykdan başlap, kämillige dowam edýär ekeni. Gowy gylyk-häsiýetleri diňe bir maşgala agzalaryndan ýa-da mekdepde bilim beren mugallymlaryňdan däl-de, «Gelen gelin däl, gelen ýeri gelin» diýlişi ýaly, gaýyneneňden hem öwrenip bolýar ekeni. Ilkiler bir zatlar öwretjek bolanynda känbir göwnejaýlyk bilen kabul hem etmezdim. Sebäbi ejemiň öwredeni ýeterlik ýaly duýardym. Men arasynda «Bulary bilý

Çülçiniň gözlegi

«Görüp — gaçdy» türkmen milli oýunlarynyň biri bolup, çagalar ony höwes bilen oýnaýar. Bu oýny kiçi, ýagny 5 — 10 ýaş aralygyndaky oglan-gyzlar dynç alyş meýdançalarynda bukular ýaly amatly ýerlerde agşamara oýnaýarlar. Oýunçylar meýdançanyň bir gyrasynda ýa-da ortasynda ýörite ýer (pellehana) belleýärler. Şondan soňra olar öz aralarynda bije atyşyp, sanawaç sanaşyp, bir oýunçyny çülçi saýlaýarlar. Galanlary bolsa döwçi bolýarlar. Çülçi pellehanada gözüni ýumup durýar. Döwçüler çar tarapa ýaýrap bukulýarlar. Olar buky ýerlerde gizlenenlerinden soň, çar tarapdan «guk» diýip gygyryp, çülçä gözlege çykmaga habar berýärler. Çülçiniň esasy wezipesi bukulan oýunçylaryň hemmesini gözläp tapmak we olary oýundan çykarmak bolýar. Şonuň üçin ol ilki ýakyn töwerekdäki oýunçylaryň ýanyna ýuwaşlyk bilen ýakynlaşyp, bukulanlaryň birini tanap, adyny tutup, pellehana tarap ylgaýar. Eger tapylan oýunçynyň ady dogry tutulsa, onda ol derrew gizlenen ýerinden çykyp, çülçini kowalap başlaýar. Şu ýagdaýda çülçi tutdurman pellehana gelse, onda ady tutulan döwçi oýundan çykarylyp, çülede oturdylýar. Ýöne çülçi döwçiniň adyny nädogry tutaýsa, onda ol, bilmediň men däl diýip, ýerinden turmaly. Şeýle ýagdaýda çülçi oýny täzeden başlamaly bolýar.

Edebim — mertebäm

«Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýlişi ýaly, çaga maşgalanyň ezizligi bolup, ata-ene onuň terbiýe mekdebidir. Maşgalada çaga terbiýesini ata-ene özüniň ilkinji borjy hasaplap, çaganyň gylyk-häsiýetine ünsli garamalydygyna, oňa söýgüsini, mährini gaýgyrmaly däldigine düşünmegi zerurdyr. Hemmelere mälim bolşy ýaly, çaga görenini etmegi, ulularyň hereketini gaýtalamagy endik edinýär. Şonuň üçin hem çaga terbiýesinde ilki bilen maşgalanyň agzybirligi, asyllylygy möhümdir. Çaganyň edýän hereketlerine «aý, çagadyr» diýip biperwaý garamak bolmaýar. Her bir ata-ene öz perzentleriniň köpçülik ýerlerinde, mekdepde, çagalar baglarynda deň-duşlary we uly ýaşly adamlar bilen özlerini alyp baryşlaryny gözegçilikde saklamalydyr. Çagany heniz kiçilikden oňat häsiýetlere höweslendirmek zerurdyr. Alymlaryň aýtmagyna görä, ata-eneler ýaş çagalaryna has köp wagt sarp etmelidir. Çagany heniz kiçilikden oňat häsiýetlere ugrukdyrmak, ulalansoň edepli-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegine uly täsir edýär. Çaga terbiýesinde halallyk, arassa ahlaklylyk, agzybirlik, watansöýüjilik ýaly häsiýetlere aýratyn üns berilýär.

Ene arzuwlary wysala ýetýär

Ene arzuwy, elbetde, parahatçylyk, agzybirlik, birek-birege ynanyşmak hem hormat-sarpa bilen bagly. Çünki eneleriň mukaddeslige deňelip, arzylanýan, çagajyklaryň şadyýan gülküleriniň belentden ýaňlanýan asuda hem parahat ýurdunda arzuwlar wysal tapýandyr. Garaşsyzlygy baýdak edinip, baky Bitaraplyk ýoluny saýlap alan eziz Watanymyzda-da ene arzuwlary wysal tapýar. Mähriban Arkadagymyz hem: «Biziň ähli maksatlarymyz, amala aşyrýan işlerimiz ýurdumyzda abadan, bolelin we parahat durmuşy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Asuda durmuş bolsa ähli eneleriň köňül arzuwydyr, maksat-myradydyr» diýýär. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda mähriban enelerimiz, gelin-gyzlarymyz ýaşaýşyň gözbaşyna, durmuşymyzyň bezegine deňelip, «Gözümiziň guwanjy, halkymyzyň buýsanjy» diýip arzylanýar. Olaryň kemally perzentleri terbiýeläp ýetişdirmekleri, dürli kärlerde ak ýürek bilen zähmet çekmekleri üçin ähli amatlyklar we ýeňillikler döredilýär. Mähriban Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her ýylyň bahar pasly eziz enelerimiz, gelin-gyzlarymyz üçin ýatdan çykmajak şatlykly wakalara beslenýär. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, paýtagt şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilýän, «Türkmenistan — parahatçylygyň we yn

Eli — em, dili — melhem

Bahar göwünli käbäm

Goja Zemine ýaz gelende, meýdan gül-pürçüge beslenýär. Bahar paslynyň enelere meňzedilmegi ýöne ýerden däl. Bahara eneleriň mylaýymlygy, gözelligi, mähri siňen. Bary-ýogy bir pasyllyk döwürde dünýäni ala-ýaz edip, gül-güläleklige, gözellige büräp, gözleriňde hemişelik galýan bahar mydama küýsegli. Ol edil ene ýaly, özüni küýsedýär. Ýaşaýşyň ýaraşygy bolan bahar ot-çöplere jan berýän bolsa, ene öz çagasyna janyndan jan berýär. Bahar — özüniň tebigy güýji bilen gök maýsalygy döredýän bolsa, ene perzentleriniň on iki süňňüniň sagat, akylly-başly, ilhalar ynsan bolup ýetişmegi üçin elinde baryny gaýgyrmaýar. Bahar — mymykdan mylaýym ýelleri bilen ösümlikleri, baglary beýiklige sary ugrukdyrýan bolsa, mähriban ene çagalaryna paýhaslylygy ündäp, olary aklyga sary, dogry ýola gönükdirýär. Hawa, daşdan seleňläp görünýän dag gerişleriniň her ýerlerinde gar görünse-de, eýýäm, howa maýlap, älem-jahan ukudan oýandy. Käbäm bilen ýazlaga gidenimizde, gatyja örülen goşa örüm saçlaryma meýdan güllerinden gysdyryp, meni bezärdi. Ýaz paslynyň gelmegi bilen baýyrlar ýaşyl dona bürenip, depe-düzler gyzyl güläleklerden ýaňa elwan haly ýazylan ýaly bolardy. Şeýle bir owadan güller açylýar welin, giň jahan olaryň ysyndan ýaňa burk urup durandyr. Ol

Şekerpara

Gerekli önümler: 125 g saryýag, 2 sany ýumurtga, 0,5 bulgur mannyý sülesi, 2 bulgur un, 1 nahar çemçe şeker tozy, 1 gap gabartma tozy, 2 nahar çemçe kakao.

Şokoladly çörek

Gerekli önümler: 1 bulgur ýyly süýt, 1 gap pakmaýa, 1 sany ýumurtga, 1 gap wanilin, ýarym bulgur şeker tozy, ýarym çaý çemçe duz, 50 g ýumşan saryýag ýa-da margarin, 2 bulgur un, 100 g şokolad.

«Öm­rü­miň ba­ha­ry» (hekaýa)

Bahar hemişekiler ýaly, doglan gününiň ilkinji gutlagyny ýanýoldaşyndan eşitmek isledi. Ýöne bu gün beýle bolmady. Garaşylýan eziz sözler eşidilmän galdy. Soňky wagtlar Kemal juda işlidi. Uzyn gününi işde geçirip, çagalaryna wagtam aýryp bilmeýärdi. Hemişekisi ýaly, bu günem entek çagalar oýanmanka daňa ýüzüni tutup, çykyp gidişidi.