''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Agzybirlik–rysgala gözbaş

(Oçerk) «Garryly öý — gaznaly öý» diýlip ýönelige aýdylmaýar. Ak sakgally atalar, kümüş saçly eneler — paýhas käni, görüm-göreldäniň mekdebi. Bir danadan: «Baş gatymy, daş?» diýip soranlarynda, ol: «Baş» diýip jogap beripdir. Çünki ynsan balasy başa düşen iň agyr kynçylygy hem erki, eradasy bilen ýeňip geçmegi başarýar. Uruş ýyllarynyň horlugy, ýeter-ýetmezligi adamzat üçin synag döwri boldy. Şonda «Başa düşen işi başarmak gerek» diýen pähime gulluk edýän türkmen ýigitleri hakda-ha gürrüň ýok, gyz-gelinler hem mertligiň belent nusgasyny görkezdiler.

Ene söýgüsi

Zähmet adamy taplaýar, şol bir wagtyň özünde-de wagtyňy bisarpa geçirmekden halas edýär. Durmuşda belent derejä, abraý-mertebä diňe tutanýerli we irginsiz zähmet bilen ýetilýändigine düşünýäris. Gündelik iş pursatyňda bolup geçýän wakalaryň aň äleminden çykman, uzak wagtlap oýlanyp gezmegiňe sebäp bolýan halatlary-da bolýar. Bu ýagdaý, esasan hem, eneler bilen bagly wakalarda köp gabat gelýär. Sebäbi enelere bolan hormatdyr sarpa her bir ynsanyň gursagynda ýaşaýar. Eneleriň ukusyz geçirýän gijelerinde, perzendiň daşynda perwaz urup atyrýan daňlarynda, ajaýyp arzuw-umytlardan doly hüwdülerinde perzendine bolan ummasyz uly söýgi bardyr. Her bir adamyň ýüregindäki duýgy damarlarynyň tarlaryny owazlandyrýan ene sözüniň özi mähriban. Ene ýagşy umyt-arzuwlara gol berip, özi hakyndaky aladany unudyp, perzendini kemala getirýär. Hemişe öz çagalaryna ilhalar, halal bolmagy ündeýän ata-eneleriň sözüni tutmak perzentler üçin mukaddes borçdur. Ogul-gyzyna ak süýdüni, ak arzuwlaryny, gijäniň süýji ukularyny, zähmetini, yhlasyny hem ömrüni bagyşlaýan eneleriň hormaty uludyr. Halal zähmet çekmek bilen halal ýola bil baglamak her bir adamy arzyly menzillere ýetirýär. Goý, ajaýyp döwrümizde halal zähmet bilen abraý gazanmak her birimize miýesser etsin, halkymyzy baky bagta ýet

Kömelekli tagamlar

Bahar geldigi ak çabgalar şabyrdap inende giň sähralardaky selmeler birenaýy ýuwlup, kümüşsöw ýapraklaryny güjeňlärler. Asmanda müň öwüşginli älemgoşar peýda bolup, ýazyň ýakymly nygmatlaryny wada berýäne meňzär. Ana, şol günden soň, oba çagalary gaty uzaklaşdyrman ellerine taýajykdyr sebetjik alyp, gidibererler toparlanyşypjyk kömelek gözlemäge. Ene toprak inine siňen behişdi nemiň güýjüne posurdap özi diýip gelene «aýasyny açar-da» sahylyk görkezer. Mährem topragyň ynsan saglygy üçin bahasyz derman hasaplanýan şeýle tagamly nygmatlarynyň biri-de kömelekdir. Olaryň arasynda «gelin kömelek» adyny alan görnüşi has hem bereketli we peýdalydyr. Eneler aýtmyşlaýyn, «Höwür-höwür» diýip, kömelek gözläp ugrasaň, olar biri-biriniň syryny açarmyşlar. Topragy çalaja galdyryp, güberlipjik duran kömelejigi tapan ugruňa syn etseň, töweregindäkilere hem bada-bat gözüň düşer. Şeýdip, oglanjyklar nädip sebetjiklerini dolduranlaryny duýman galarlar. Olar çaltrak öýe ýetmäge howlugarlar.

Agyz bir bolsa, köňül jem bolar

Agşamlyk edinmäge ýygnanan maşgalanyň bir saçagyň daşyna jem bolmagy buýsandyrýar. Saçakdaky naz-nygmatlara «bissimilla» diýip, ilkinji bolup el uzatmak türkmen däbine görä öýüň ýaşulusyndan başlanýar. Nahar başynda kän gürlenmeýär. Iýip bolanyňdan soň, eliňi ýuwup, täzeden saçak başyna geçip, çaý içişlikde gürrüň başlanýar, durmuşda, okuwda, işde bolup geçen gündelik täzelikler bilen tanşylýar. Agtykdyr çowluk ata-enesiniň gujagyna dolup, täsin gürrüňleri berýär. Ulular bolsa döwletli işleriň maslahatyny edýär. Daş-töwereginde bolup geçýän hereketlere ata-enäniň guwanjynyň çägi ýok. Maşgalada bagtyýarlyk, agzybirlik höküm sürýär. Bu bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen maşgalasynyň binýadynyň berkliginden nyşan. Türkmen maşgalasy her bir döwürde-de özüniň agzybirligi, sabyrlylygy, wepalylygy, zähmetsöýerligi bilen tapawutlanypdyr. Sebäbi, çaga dünýä inenden, onuň gulagyna ene hüwdüsi bilen bilelikde ynsanperwerlige ýugrulan häsiýetler baradaky düşünjeleri guýupdyrlar. Ata-babalarymyz maşgalada «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýen nakyla hem-de milli ýol-ýörelgelere eýermek bilen edepli perzentleri kemala getiripdirler. Birek-birek bilen salamlaşmagyň, görüşmegiň, hal-ahwal soraşmagyň her bir ynsan üçin edebiň baş

Döwletliligiň müdimi binýady

Hormatly Prezidentimiz Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde: «Halk Maslahatynyň agzalary halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilen täze konsepsiýalary, döwlet maksatnamalaryny, meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga hem-de durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmalydyr» diýmek bilen, öňde möhüm wezipeleri goýdy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary hem-de Zenanlar birleşigi bu wezipeleri durmuşa geçirmek, şeýle-de maşgala gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlary hem-de ata-babalarymyzyň Watana, maşgala ojagyna wepalylyk, tutanýerli zähmete ygrarlylyk ýaly belent ýörelgelerini wagyz etmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýarlar. Milli Liderimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, ilat arasynda, esasan hem, ýaşlaryň arasynda döwletimiziň her bir adamyň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, milli kanunçylygy wagyz etmäge ýakyndan gatnaşýarlar. Zeminiň ähli ýerinde gülleriň açylyp, guşlaryň erkana saýramagy, çagalaryň dilinden şirin aýdymlaryň ýaňlanmagy üçin adamyň adama hormat goýmagy gerek. Halkymyzda her bir ynsanyň adamkärçiligi öwrenmeginiň, sylaşygy, hormat goýmagy we özara gadyrlylygy nusga edinmeginiň binýady maşgalada diýlip hasap edilýär. Çünki hiç bir adamyň diňe özi

Biler bolsaňyz

Braziliýa döwletiniň ady hoz sözünden gelip çykan. Ilkinji doňdurma 1923-nji ýylda tötänlikde döräpdir. Satyjy Frank Epperson bulgurdaky limon süýjüsini ýadyndan çykaryp daşarda galdyrypdyr. Şol gije sowuk bolup, süýji doňupdyr we şondan soň biziň gowy görýän doňdurmamyz döräpdir.

Milli terbiýäniň ähmiýeti

Mähriban halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelip, wagtyň geçmegi bilen has kämilleşip, jemgyýetimiziň özboluşly kadasyna öwrülen ýörelgelerine aýratyn hormat goýýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda zähmetsöýerligi, myhmansöýerligi, dostlukly gatnaşyklary, ynsaplylygy, agzybirligi, paýhas pentlerini şol ýörelgeleriň esasylary hökmünde öňe çykarýar. Bu ýörelgeleriň her biri aýratyn bir bölüm hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň kitabynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär, öz halkyny, ata Watanyny, ene topragyny, däbini-dessuryny, durmuş ýörelgelerini, pederlerimizden miras galan öwüt-nesihatlardyr pentlere uýýan, olara hormat goýýan her bir adamda buýsanç duýgusyny döredýär.

Örki — örlän öýünde

(Oçerk) «Göbek ganyň daman ýeri» diýlen düşünje hemme halklarda-da bar, ýöne türkmençilikde muňa aýratyn uly ähmiýet berilýär, ondan aýratyn çuň many agtarylýar. Ynsanyň dünýä inen ýerine-ojagyna, obasyna, topragyna, ýurduna ömür örki baglanýar, oňa mukaddes ýer hökmünde garaýar, şoňa sygynýar. Ynsanyň giň dünýä bilen tanyşlygy, adamlar bilen goşulyp-garylmasy, dogum-gaýraty, ukyp-başarnygy göbek ganynyň daman ýerinden başlanýar...

Mähribanlyk bossany

Ata Watan, ene toprak ynsanyň durmuşynda iň eziz mukaddeslik hasaplanýar. Ynsan ýüregine ýakyn bu mukaddeslik adam ömrüniň ilkinji sallançagy bolan maşgaladan başlanýar. Maşgala gymmatynyň näderejede mukaddesligine, ezizligine adam wagtyň geçmegi bilen has-da çuňňur düşünip başlaýar. Bagtly bolmagam, megerem, maşgala abadançylygynda, agzybirliginde, berkligindedir. Biz maşgalamyzdan tapýan bagtyýarlygymyzy başga hiç bir ýerden tapmarys. Maşgalada toý bolanda ýa-da begençli waka bolanda, şol gün Günüň dogşy hem üýtgeşik, ýakymly, lezzetli bolýar. Döwletiň binýady maşgaladan başlanýar. Maşgala hem kiçijik döwlet. Onuň hem özboluşly däp-dessurlary, kada-kanunlary, berjaý etmeli hökmany dessurlary bar. Bularyň ählisinde hem birmeňzeş mähribanlyk, ýylylyk, ezizlik, tämizlik bar. Şol sazlaşygyň gujagynda agaýana ýaýnap, şonuň aladasy bilen ýaşaýan ynsanyň kalbynda hiç hili ýaramazlyga orun bolmaz. Şol jadylaýjy mähriň nuruna ýagtylanan, ýylysyna çoýunan ömrüň manysy başgaça, hümmeti uly bolýar. Türkmençilikde ene, zenan, gelin, gyz sözleri bilen bilelikde köplenç maşgala sözi aýdylýar. Maşgala baş gala bolsa, perzentler şol galanyň, döwletli törüniň bezegidir. Maşgalasynyň abraýyny gorap, ony abat, abadan saklamagyň aladasy bilen ýaşaýan, sagdyn ruhly, sagdyn b

Çaga terbiýesi

MAŞGALAMYZ — BAŞ ALADAMYZAta-eneler çagalarynyň janynyň sag, akylly, terbiýeli, zähmetsöýer, Watanyna wepaly bolup ýetişmeklerini isleýärler. Munuň üçin, ilki bilen, ata-eneleriň özleriniň janlarynyň sag, dogruçyl, tutanýerli, janypkeş, mähirli, talapkär, ruhy dünýäleriniň baý bolmagy zerur. Olar öz çagalaryna hemmetaraplaýyn görelde bolýarlar. Çaga bir ýaşaýança boýunyň ösüşine, agramynyň artyşyna, hereketleriniň kämilleşişine, kesellere garşy göreşip bilşine gözegçilik edilýär. Diýmek, çaganyň iýmitine, arassaçylygyna, howa şertlerine öwrenişmegine, arassa howadan dem almagyna hem üns bermelidir. Çaga dünýä inen ilkinji günlerinden başlap ene-atasynyň mährini, aladasyny duýýar. Şonda çaga öz hossarlaryna mähirli bolýar, gowy düşünýär. Netijede, çagany terbiýelemek hem aňsatlaşýar.

Tamdyr çöregi

Türkmen ojagynyň rysgaly, mukaddes nygmaty bolan bugdaý çöregi saçaklarymyzyň berekedidir. Türkmeniň mele-myssyk tamdyr çöregi özüniň datly tagamy, hoşamaý ysy bilen irki döwürlerden bäri halkymyzyň mukaddes suprasyna bereket goşup gelýär. Türkmen ojagyna myhman gelende, ilki bilen, oňa saçak ýazylyp, duz-çörek hödür edilýär. Maşgala binýadynyň ilkinji basgançaklarynda, gudaçylyk gatnaşygy açylanda hem öňi bilen çörekli saçak eltilýär. Täze jaýa göçülende hem duz-çörekli barylýar. Munuň özi çöregiň mukaddesligini görkezýär. Halallygy hemra edinýän halkymyz päk zähmete ykbalyny baglap gelipdir. Ene-mamalarymyz çörek ýapjak tamdyrlaryny özleri ýasapdyrlar. Onuň düýbüni bolsa sähetli gün tutupdyrlar. «Petir çörek gordan gorkmaz» diýen pähime eýerilip, birkemsiz gyzdyrylan täze tamdyra, ilki bilen, petir çörek ýapylýar. Tamdyrda ilkinji bişen çörekler goňşy-golama paýlanylýar. Çörek bişirmek hem özboluşly sungat. Zenan maşgala çörek bişirjek bolanda, hamyr etjek ýerine, ilki bilen, kendirik ýazýar. Soňra näçe çörek bişirjek bolsa, şoňa laýyk un eleýär.

Maşgala agzybirligi — jemgyýetiň jebisligi

Öwrenmek islegi zandyna guýlan adam orta mekdepden soň ýokary okuw mekdebinde we ýene-ýeneki mekdeplerde bilimden, sowatdan paýyny alýar. Ýöne başga bir mekdep bar. Onda doglan günüňden başlap, ömür boýy okar, öwrener ýörersiň. Munda öwrenenleriň gymmatyny başga zat bilen deňär ýaly däldir. Oňa «maşgala mekdebi» diýilýär. Göwni mydama alysdadyr adamyň. Ýöne, niçikmi, uçar göge galyp, müňlerçe kilometr uzaklykdaky syýahatyňa badalga berer welin, çep gursagyňda söz bilen düşündirip bolmajak, täsin küýseg dörär. Oňa «maşgala küýsegi» diýilýär.

Ýalkym saçýan çyragym

Türkmenistanyň Prezidentiniň: «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan: «Ynsanyň çagalykdaky arzuwy ulalmak, «ulalmak» hem «oňalmak» diýen manyda aňyňa ornaýar. Wagtyň mizanynda «ulalmak» düşünjesiniň düýp maksady — «gowy adam» bolmak islegini aňladýar. Çagalykdaky şu arzuw ata-enäniň perzendine mähirli, pähimli gatnaşygynyň esasynda has-da owadan bolýar. Ulalmak islegi diňe bir uly adamlara mahsus işleri berjaý etmek däl, eýsem, adamlaryň ykbalyna biparh garamazlyk, ýagşylyk edip göwnüň açylmagy ýaly isleg-arzuwlar bilen kämilleşýär. Şonda hem perzent üçin ata-enäniň orny edil ýaş daragta arassa akardan dup-dury suwuň barmagynyň zerurlygy ýalydyr. Çünki ol suw näçe arassa hem-de kadaly mukdarda bolsa, daragt gününi sanap ösýär hem gözüňi dokundyrýar». Şu jümleleri gaýta-gaýta okap, aňymda aýladygymça-da çagalyk ýyllarym biygtyýar kerwen gurap, göz öňümde janlanýar. Käbäm ejem janyň sekiz çagany dünýä inderip, ile-güne ýaraýan adamlar edip kemala getirişine haýran galýaryn hem-de buýsanýaryn. Ejem şunça çagany kemala getirmek üçin eneke tutunmady, enemlerdir gelnejelerim hem bizden daşrakda ýaşaýandyklary üçin, olar hem ejeme ýardamçy bolup bilmediler. Ejem munuň üçin aljyramady. Säher bilen turanyňdan soň, ýatan ýeriňi

Soraň, jogap berýäris

Redaksiýamyza ýurdumyzyň gelin-gyzlaryndan dürli mazmundaky sowallar gelýär. Olary durmuşda gabat gelýän ähli sowallar gyzyklandyrýar. Alma Seýidowa,

Syrly dünýäm — eziz käbäm

Türkmen maşgalasynda ata-enä hormat goýmak däbi giňden ýaýrandyr. Bu ýörelgäniň ruhy mirasymyzyň nesil terbiýesinde oňyn netije berýändigini durmuş tejribesinde görmek bolýar. Ene-mamalarymyzyň rowaýatlary, tymsallary, nakyllary ýerlikli gürrüň bermegi maşgaladaky agzybirligi has-da pugtalandyrýar. Şonuň üçin milli terbiýe bilen baglanyşykly «Alty aga birigip, ata bolmaz, ýedi ýeňňe birigip — ene», «Ata-ene üçin eliň aýasynda heýgenek bişirseň-de az», «Garryly öý — gaznaly öý» ýaly nakyllar aýdylýar. Gelniň dilinden aýdylýan nakylda maşgalanyň agzybirligi hakda gaýynata bilen gaýynenä hormat goýlup «Gaýynatam — ganarym, dolup durar dulumda, gaýynenem — gazanym, getirip goýar ýanymda» diýilýär. Birek-birege hormat goýlanda, şol maşgala agzybir, bagtly ýaşaýar. Öý-ojak, maşgala terbiýesi hakda danalarymyz: «Erkek daşdan, aýal içden gazansa, ol öý bitmän galmaz», «Erkek daşdan, aýal içden ýok etse, ol öý ýitmän galmaz» diýýär. Hut şol jähetden-de, ene-mamalarymyz hiç kimden ýüz görmän, her bir zada dogry baha berýär. Agzybirligiň oňat şertleri döredýändigi, şol maşgalanyň abraýynyň artýandygy öwüt-nesihat edilýär. «Gyz edebiniň il edebidigi» hakynda käbäm bize ýatladyp durýardy. «Bäş barmagyň deň bolmaýşy» ýaly, adamlaryň hem

Mähir beren mähribanlarym

«Aýal doganymyň agtygy bolupdyr» diýen hoş habar giň öýümiň içinde ýaňlanyp gitdi. Dünýäni ýagtylandyrýan, ynsanyň göwnüni, öýüni, ömrüni, içki dünýäsini joşdurýan balajyk dünýä inipdir. Bu pursat kakamyň aýal doganlary, meniň «Aýal doganym» diýip ýüzlenýän ejekelerimiň keşbi göz öňümde janlanýardy. Indi görüp otursam, doganlarymyň her bir öwüdi göýä ýüregime mähir nuruny paýlap duran ýalydy. Her bir aýdan sözleri, beren maslahatlary gulagymda ýaňlanyp durdy. Bu zatlara ýyl geçdigisaýy, her biriň bir döwletli maşgalaň ejesi, enesi bolanyňdan soň-a, has aýdyň göz ýetirýärsiň. Gulpajygymyzy tasadyp ýören günlerimizden alan terbiýämiziň durmuşyň manysyna öwrülýändigine şaýat bolanyňdan soň ol zatlaryň gadyr-gymmatyna has içgin düşünýärsiň. Alty ýigidiň arasynda bir özüm bolsamam, aýal doganymyň ýokdugyny duýmadym. Çünki maňa kakam janyň dört aýal dogany ganat bolupdy. Bu gün aramyza alys ýollar düşenem bolsa, olar bilen aramyzdaky göze görünmeýän baglanyşyk meni özüne tarap dartyp dur. Men käbäm ejeme aýdyp bilmeýän syrlarymy aýal doganlaryma aýdýaryn. Olar bilen aladamyzam-ünjimizem, şatlygymyzam bir. Hatda başdan geçirmelerimizem, durmuşy wakalarymyzam bir-birimiziňkä meňzeşräk ýaly. Meniň çagalarym heniz ýaş. Olar hakyn

Süýjülikler barada

XV asyryň Osman döwletiniň aşpezlik kitabynda süýjülikleriň biri bolan pahlawanyň ilkinji gezek Mehmet Fatih soltanyň döwründe taýýarlanandygy barada aýdylýar. Ol ony ähli baýramçylyklaryň hödür-keremi bolmagyna mynasyp tagam hasaplapdyr. Emma bu tagamyň has irräk döwürde-de taýýarlanandygy barada hem pikirler bar. * * *

Zenanlara maslahat

Arassalap dogran ýeralmalaryňyzyň garalmagyny islemeýän bolsaňyz, olary buzly suwa salyp goýuň. Çünki sowuk suw ýeralmanyň düzümindäki krahmalyň howa bilen okislenip, garalmagynyň öňüni alýar. * * *

Bägül şiresi

5—6 sany bägül ýapragy, 100 g şeker ýa-da 50 g nabat. Taýýarlanylyşy:

Bägül şiresi

Gerekli önümler: 5—6 sany bägül ýapragy, 100 g şeker ýa-da 50 g nabat.