''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Edepli ile ýarar

Edep dürdäneleri hakynda köp okansyňyz, olar dogrusyndaky tymsallardyr rowaýatlar hem ýadyňyzdadyr. Köpçülik ýerlerinde ulularyň çagalara özlerini alyp barmak bilen baglanyşykly käbir wesýetleri berýän pursatlaryna şaýat-da bolansyňyz. Emma meniň perzent edebi, perzent zehini barada pikir öwürmegime, iş sapary bilen welaýatdan gaýdyp gelýärkäm otluda bir küpede ýoldaş bolmak nesibäme ýazylan enäniň aýdan sözleri sebäp boldumyka diýýän. Üstünden köp wagt geçenem bolsa, köpügören enäniň aýdanlary pikir-hyýallarymdan daşlaşyberenokdy. Ene edepli perzentler barada söz açyp: «Dünýäde rysgal örän köpdür, ol rysgalyň gymmatyny mal bilen kesgitläp bilmersiňiz. Seni söýýän perzentleriň bardygy hem rysgaldyr. Oňat terbiýeli, ata-enesiniň diýenini edýän ogul perzent hem rysgaldyr. Perzent edebi, perzent zehini nesibäňe atylan nygmatdyr» diýipdi. Enäniň bu sözleri meni köp oýlandyrdy. Oýlandygymça-da kalbym giňeýär, ýüregim aram tapýar. Göz dikip ýetişdirýän ogul-gyzyň edebi bilen ile ýarap, zehini bilen halkyna, Watanyna hözir berip bilse, ene-atanyň ondan başga bagty islemejegi görnüp durandyr. Il-günüň oňlaýan, halkymyzyň iň eý görýän perzent terbiýesi maşgalada pyntyk ýaryp, ol soňlugy bilen jemgyýetde täsin bag ýaly boý alyp, gülläp, miwesini eçilýär.

Maşgalam — baş galam

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe maşgala mukaddesligine aýratyn ähmiýet berilýär. Jemgyýetiň iň kiçi topary bolan maşgala mukaddes ojak hasaplanylýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, onuň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynda, şol sanda Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde maşgalany berkitmek, är-aýalyň, çagalaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak babatda ähli üpjünçilikler göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 9-njy maddasynyň 1-nji böleginde «Maşgala hukuklary kanun bilen goralýar» diýlip bellenilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Maşgalanyň esasynda garyndaşlyk gatnaşyklary durmak bilen, şol gatnaşyklar är-aýalyň bir-birleriniň, ata-enäniň we çagalaryň, şeýle hem ýakyn garyndaşlaryň arasyndaky gatnaşyklary sazlaýar. Maşgala gatnaşyklarynda, ilkinji nobatda, terbiýeleýjilik wezipesi öňde durýar. Sebäbi terbiýäniň düýp binýady, ilkinji nobatda, maşgalada goýulýar. Türkmeniň aňyrdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn, halal, päkize nesil ýetişýär. Çünki maşgala terbiýe ojagydyr.

Sapaly gökdere

Sapaly tomus paslynyň gelmegi bilen, bagtyýar çagalaryň şatlykly owazlary tutuş giňişlige ýaýrap gidýär. Okuw möwsümini tamamlan çagalary Awazadaky, gözel Gökdere jülgesindäki hem-de ýurdumyzyň beýleki ajaýyp künjeklerindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri gujak açyp garşylaýar. Bagtyýarlygyň bar ýerinde çagalaryň şatlyk-şowhuny has belentden ýaňlanýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary, atalyk aladalary netijesinde bu günki gün ata Watanymyz bagtly çagalygyň ýurduna öwrüldi. Ýurdumyzyň ýagty geljegini, aýdyň ertirlerini ösüp gelýän ýaş nesillerde görýän hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen çagalaryň kämil bilim almagy bilen bir hatarda, olaryň şadyýan dynç alşyny üpjün etmek ugrunda hem netijeli işler amal edilýär.

Buratinonyň başdan geçirmeleri

Mähriban çagalar! Siziň ähliňiz «Buratinonyň başdan geçirmeleri» atly multfilmi bilýän bolsaňyz gerek. Indi bu multfilm 60 ýyldan gowrak wagt bäri ýaýlyma berlip gelinýär. Biziň käbirimiz multfilmi «Altyn açar» ady bilen tanaýarys. Multfilm «Soýuzmultfilm» studiýasy tarapyndan, tanymal rus ýazyjysy Alekseý Nikolaýewiç Tolstoýyň 1936-njy ýylda çap edilen «Buratinonyň başdan geçirmeleri» atly kitaby esasynda döredildi. Ýazyjynyň bu eserini italýan ýazyjysy Karlo Kollodiniň «Pinnokionyň başdan geçirmeleri» atly romanyndan ruhlanyp ýazandygy aýdylýar. Buratino Alekseý Nikolaýewiç Tolstoýyň bu meşhur eseriniň başdan aýagyna çenli esasy gahrymany bolup hyzmat edýär. «Buratino» italýan sözi bolup, «agaç gurjagy» diýmegi aňladýar. Dowamlylygy altmyş ýedi minuta barabar bolan «Buratinonyň başdan geçirmeleri» atly multfilm «Soýuzmultfilm» studiýasy tarapyndan 1959-njy ýylyň 31-nji dekabrynda ýaýlyma berildi. Bu bolsa çagalara iň gowy täze ýyl sowgady boldy. Wagtyň geçmegi bilen, multfilm dürli dillere, şol sanda türkmen diline hem terjime edilip, dünýäniň dürli künjeklerinde görkezilýär. Multfilm birnäçe abraýly baýraklara mynasyp boldy. «Buratinonyň başdan geçirmeleri» multfilmi «Soýuzmultfilm» studiýasynyň iň şowly çykan ekran eserleriniň birine öwrü

Gizlenpeçek

Gizlenpeçek türkmeniň iň gadymy we gyzykly oýunlarynyň biridir. Bu oýny çagalar toparlaýyn yzygiderli oýnaýarlar. Gizlenpeçek ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan çagalaryň arasynda meşhurdyr. Oýun şäheriň ýaşaýyş toplumlarynyň dynç alyş meýdançalarynda, obalarda bukular ýaly ýerlerde oýnalýar. Oýna başlamazdan öň, pellehana bellenilýär. Onuň üçin hemme oýunçylaryň gatnaşmagynda agajyň ýüzüne tegelek çyzylyp, dikligine iki sany göni çyzyk geçirilýär. Şondan soň oýunçylar bije atyşyp, sanawaç sanaşyp, deň iki topara bölünip, haýsy toparyň döwçüdigini we haýsy toparyň çülçüdigini kesgitleýärler. Döwçi toparyň oýunçylary gizlenýärler, çülçüler bolsa olary gözleýärler.

Ýaşlary terbiýelemekde gezelençleriň ähmiýeti

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň ähli eýýamlarynda ata-babalarymyz ýaş nesillere gowy gylyk-häsiýetleri, arassa ahlaklylygy we watansöýüjiligi terbiýelemegi örän wajyp iş hasaplapdyrlar. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerinden ugur alyp, hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna, gowy gylyk-häsiýetli, arassa ahlakly terbiýelenmeklerine uly üns berýär. Ýaşlaryň terbiýelenmeginde, olaryň häsiýetiniň kemala gelmeginde maşgalanyň täsiri uly bolýar. Şeýle hem uly adamlaryň maslahaty, öwüt-ündewi ýaşlar üçin gymmatly gollanmadyr. Esasan hem ýaşlaryň durmuşda gözleri bilen görenleri has täsirli bolýar, sebäbi alymlaryň aýtmaklaryna görä, adam kabul edýän maglumatlarynyň togsan göterimini göz üsti bilen kabul edýär. Ýaşlary terbiýelemekde ulanylýan usullar we serişdeler döwre görä üýtgäp durýan bolsa-da, aýdylýan sözleri mysalda görkezip terbiýelemek usullary özüniň ähmiýetini ýitirmändir. Muňa mysal edip, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Eşiden deň bolmaz, gören göz bile» diýen sözlerini beýan edip bileris. Görlen maglumatlary adamyň, has-da ýaş nesliň beýnisi has çalt kabul edýär we ýatda galyjylygy uzak bolýar.

60 sekuntda...

Göräýmäge, 60 sekunt kän wagt däl. Ýöne ýaşaýyş bir sekuntlyk hem togtamaýan goja Zeminde şeýle ujypsyzja müddetde-de gaty köp hadysalar bolup geçýär. Bary-ýogy bir minutda dünýäde bolup geçýän ahwalatlary sanasak, köpleri geň galdyrsa gerek. Geliň, çagalar, olaryň käbiri bilen tanyş bolalyň! Dünýäde 60 sekuntda...

Winni Puh

Multfilme tomaşa etmek çagalaryň iň halaýan güýmenjeleriniň biri. Şonuň üçin olar her gün telewizoryň başynda halaýan multfilminiň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Çagalaryň halaýan multfilmleriniň biri bolan «Winni Puh» atly multfilm kiçigöwünli, enaýyja aýyjyk Winni baradadyr. Bu multfilmiň sýužeti 1920-nji ýyllarda dramaturg we gazet işgäri A.A.Miln tarapyndan ýazylan gysga hekaýalardan ybaratdyr. Onuň esasy gahrymanlary Winni, Ýemşijek atly jojuk, gaplaň, towşan we La atly taýhardyr. Şeýle-de Kristofer Robin, baýguş we kiçijek kenguru bar. Winni Puhuň döreýşi hem täsindir. A.A.Miln 1921-nji ýylda ogly Robine bir ýaşynda oýnawaç aýyjygy sowgat edýär. Robin ulaldygyça oýunjaklarynyň üstüne bir eşek, bir jojuk, bir gaplaň, bir towşan we iki kenguru goşulýar. Robin 4 ýaşyna gadam basanda kakasy ony haýwanat bagyna äkidipdir. Bu ýerde olar Kanadanyň Winnipeg diýilýän ýerinden getirilen aýyny görüpdirler. Doglan ýerine esaslanyp Winni diýen ady alan aýy soňra Milniň 1925-nji ýylda «London Evening News» gazetinde çap etdiren hekaýasynyň esasy gahrymany bolupdyr.

Milli terbiýäniň gözbaşy

Bu­la­ry bil­mek gy­zyk­ly

Süý­jü­li mons­te­ra Süý­jü­li mons­te­ra­sy lia­na ösüm­lik­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lup, ol mek­gejöwene meň­zeş ha­syl ge­tir­ýär. Bu ösüm­li­giň wa­ta­ny Mek­si­ka bo­lup, Kos­ta-Ri­ka­da, Awst­ra­li­ýa­da hem-de Hin­dis­tan­da giň­den ýaý­ran­dyr. Mons­te­ra­nyň bo­ýy 9 met­re ba­ra­bar bo­lup, onuň mi­we­si­niň ulu­ly­gy 20-30 san­ti­met­re ýet­ýär. Edil mek­gä­niň da­şyn­da ga­byk bol­şy ýa­ly, mons­te­ra­nyň mi­we­si­niň hem ti­ke­nek­li ga­by­gy bo­lup, mi­we biş­me­dik ha­la­tyn­da ol zy­ýan­ly­dyr.

Çaga eziz, edebi ondan hem eziz

Halkymyzda çagalary maşgala gymmatlyklary hem-de milli ýörelgeler esasynda terbiýelemek ene-atalaryň, jemgyýetiň esasy wezipesi bolup durýar. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz  «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýen pähimi döredipdirler. Ýaş nesillerimizi terbiýelemegiň bahasyna ýetip bolmajak kadalaryny we maşgala gymmatlyklaryny döreden halkymyz bu meselä örän çynlakaý çemeleşipdir. Halallyga, ynsanperwerlige gol berýän dana pederlerimiz öz perzentlerine doglan gününden başlap gowy endikleri ündäp başlapdyrlar. Çaganyň gowy hereketlerini goldap, berekellasyny ýetirmek, ýaramaz endikleriniň netijesini düşündirip, dogry ýola gönükdirmek halkymyzyň terbiýe mekdebiniň esasy maksatlarynyň biridir.

Mugallym ykbally ynsan

— Ussat mugallymlar öz okuwçylarynyň ykbalynda ýaşaýar. Okuwçylygam çagalykdan başlanýar. Çaga özünden ula öýkünegen bolýar. Bu öýkünjeňlik tebigatyň ynsan nesliniň dowam bolmagyny üpjün edýän gudraty mysalydyr. Çaga seniň hereketiňi gaýtalar. Yzyňa düşer. Sowal berer. Tutuş durky-düýrmegi bilen öwrenjekdendir. Çaga edil ak kagyz ýaly bir zat. Onuň ýüzünde gowy ýazgylary galdyrmak ilki ene-atanyň, soňra mugallymyň borjy. Mugallymyň hyzmaty has-da zerur, sözüň doly manysynda ol çaga üçin görelde mekdebi bolmaly — diýip, Omar mugallym gürrüň berýär. Ýarym asyrdan gowrak biregne mugallym bolup işlän, mugallym bolup ýaşan Omar Orazmuhammedowyň ýanynda ençe ýyldan soň özümi ýene okuwçy ýaly duýdum. Bir göwnüme, türkmen gojasynyň maslahatyny diňleýän ýaly bolsam, bir göwnüme mugallymlaryň ählisi meňzeş bolsa gerek diýýän. Häzir Omar mugallym ýigrimi ýyl mundan öň maňa «A» harpyny öwreden mugallymyň agynjak özüdi.

Maşgala — mukaddes ojak

Görelde öýden başlanýar

Ýurdumyzda milli medeni mirasymyzy, urp-adatlarymyzy gorap saklamak we ýaş nesillere öwretmek hem-de olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Halkymyzyň geçmişini bilýän, döwletimiziň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, buýsanýan, jemgyýete, maşgala, dogan-garyndaşa, dost-ýara wepaly, ylymly-bilimli, berkarar Watanymyzy beýgeltmäge ukyply hakyky watansöýüji nesilleri ýetişdirmek biziň baş maksadymyzdyr» diýip belleýär. Şundan hem görnüşi ýaly, häzirki döwürde ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, olaryň bilim derejesini, dünýägaraýşyny ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň biridir. Edep-ekram şahsyýetiň zynatydyr. Edeplilik arassa ahlakly, ýagşy terbiýeli, utanç-haýaly we gowy gylyk-häsiýetli bolmak diýmekdir. Maşgalada, adamlar bilen gatnaşyklarda, iýmek-içmek, geýinmek, dynç almak ýaly, ynsanyň tutuş durmuşynda ahlak esaslaryna tabyn bolmak edeplilikdir.

Peder pendi — perzent borjy

Şeýle at bilen Gökdepe etrabynyň jemagat hojalygy müdirliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýörite meýilnama esasynda geçirilen duşuşygy etrabyň hukuk goraýjy edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Oňa agzalan müdirligiň işçi-hünärmenleri gatnaşdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilat arasynda geçirilýän her bir maslahata duşuşykda ýurdumyzyň bedew batly ösüşleridir özgertmeleri, durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, şeýle-de häzirki eşretli döwrümiziň gadyr-gymmaty dogrusynda gürrüň edilýär, olaryň taryhy ähmiýeti düşündirilýär. Nobatdaky duşuşykda ýokarda agzalanlar bilen bir hatarda, perzent — ata-ene gatnaşyklary, maşgala mukaddesligi, milli ruhy-ahlak ýörelgelerimiz, gymmatly däplerimiz barada täsirli söhbet açyldy.

Salam tomus, hezil döwrüm, şatlandyrýaň çaga göwnün!

Her ýylyň tomus pasly mekdep okuwçylary üçin iň gyzykly we iň hezil döwür bolup, bu döwürde çagalar wagtlaryny şatlyk-şagalaňly geçirýärler. Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, welaýatymyzda hereket edýän «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» we «Gunça» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hem-de orta mekdeplerde döredilýän çagalar dynç alyş meýdançalary körpeleri gujak açyp garşy alýar. Golaýda welaýat häkimliginiň hem-de welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň howlusynda aýdym-sazly dabara boldy. Dabarada şadyýan çagalaryň şowhunly çykyşlary oňa gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi. Bu ýerden mekdep okuwçylarynyň ýüzlerçesi «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine tomus hezillikleriniň hözirini görmäge ugradyldy. Dürli reňkli şarlardyr toý baglary bilen bezelen awtobuslara münen çagalar dostluk aýdymyny aýdyp, ady agzalan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine tarap ýola düşdüler.

Maşgalanyň abatlygy — döwrüň rowaçlygy

Döwletimiziň binýadynyň berkligini onuň bir ülüşi bolup durýan maşgalalaryň bagtyýarlygy bilen ölçerýän hormatly Prezidentimiziň «Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr» diýen dürdäne sözlerini şygar edinip, golaýda Görogly etrap medeniýet merkezinde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň guramagynda geçirilen maslahata bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän işjeň zenanlar gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibinde döwlet durmuşyny ösdürmekde zenanlaryň orny, maşgala gymmatlygyny gorap saklamak, ýaş nesilleri döwrüň ruhuna laýyk terbiýelemek, hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň durmuş mekdebini açyp görkezýän gymmatly taraplaryny wagyz etmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, etrap zenanlar guramasynyň başlygy Bahargül Garaýewa çykyş edip, jemgyýetimiziň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ahlak we demokratik gymmatlyklaryna aýawly garalýan häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň zenanlarynyň halk hojalygynyň dürli ugurlarynda zähmet çekmek bilen, gazanylýan üstünliklere öz goşantlaryny goşýandyklary, maşgala ojaklarynyň abat, abadan bolmagyny üpjün edip, Watanymyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesli döwrebap ter

Terbiýe bermegiň ähmiýetli ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, geljegimiz bolan çagalarda döwrebap bilimi, giň dünýägaraýşy, sagdyn pikirlenmegi kemala getirmek üçin hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Aýratyn hem ýaş nesillerimiziň sagdyn ruhda, kämil ýetişmegi üçin bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işini pugtalandyrmak boýunça uly çäreler durmuşa geçirilýär. Psihologiýa bilimleri terbiýede aýgytlaýjy orny eýeleýär. Şoňa baglylykda mugallym her bir okuwçynyň psihologiýasyny öwrenip, terbiýe beriş işinde ondan doly peýdalanýar. Mugallymyň psihologik, pedagogik tejribesi okuwçylaryň diňe bir sapakda däl, eýsem, olaryň dynç alşyny guramakda, wagtlaryny peýdaly geçirmeklerinde hem möhümdir. Ýaş aýratynlyklaryna baglylykda mekdep ýaşly çagalaryň ösüşinde indiwidual psihofiziologik hadysalar bolup geçýär. Çaga sosial gurşaw hem uly täsir edýär. Sosial gurşawyň oňyn häsiýetde bolmagyny gazanmak mugallymyň we ata-enäniň paýyna düşýär. Kähalatda, ulularyň üns bermeýän ýönekeýje ýagdaýlary çagalar üçin kynçylyk döredýär. Bu ýerde mugallymyň psihologik tejribesi kynçylyklary çaganyň psihikasyna zyýan ýeti

Maşgala ojagy mukaddesdir

«Öý», «mesgen», «mekan», «ýurt» diýen düşünjeler manydaş ulanylýar. Bularyň esasynda-da, bu gadymy mekana biz «ene topragym» diýýäris. Ol pelsepäniň manysyny ýüpek çöşlän ýaly kelepleseň, halkymyzyň agzybirlik ýoluna alnyňy dirärsiň. Ildeşlerimiziň her biriniň göwnüne ýakyn bu ýol, elbetde, adam ykbalynyň ilkinji sallançagy bolan maşgaladan başlanýar. Öý-ojagyň bezegi, ýylysy, mähri enedir. Ol mukaddes ojagyň oduny söndürmän saklaýan mähriban adam. Daş-töweregindäkilere ýüreginiň ýylysyny bolluk bilen paýlaýar, eçildigiçe-de şol mähriň bollugy artýar. Şol jadylaýjy mähriň nuruna ýagtylanan, ýylysyna çoýulan ömrüň manysy başgaça, hümmeti uly bolýar. Şeýle maşgalada önüp-ösen adamyň adamkärçiligi artykmaç, ýüzi ýagty, ýüregi tämizdir. Olary köpçülik arzylaýar. Olara hemme ýerde, hemişe garaşylýar. Toýda-beýlekide saý-sebäp bilen baryp bilmedik ýagdaýynda-da, olaryň ýeri gädilip durandyr. Olaryň bar ýerine sylaşyk, ylalaşyk aralaşýar. Şeýle adamlar öz maşgalasynda-da paýhasly, baran ýerine-de agzybirlik getirýändir. Il içinde ýüze sylynyp, «tüweleme» diýdirýän maşgalaly bolmagyň ilkinji şerti hem, düýp özeni hem hut şol agzybirlikdir.

Gyzgyn mähre gurşalýan çagalar

“Bal süýji — baldanam bala süýji” diýlişi ýaly, eziz çagalar her bir ene-atanyň göz-guwanjydyr. Ene gujagynda yssy mähirden ganýan bagtyýar çagany göreniňde göwnüň ganatlanyp, şatlyk duýgulary gaplap alýar. Bagtyýar ojaklary gülki sesleri bilen bezeýän perzentlerimiz bizi özleriniň näzijek mährine maýyl edýär. Ýolöten etrabynyň Goýunjy geňeşliginde ýaşaýan Çary Meredowlaryň bagtyýar maşgalasyny hem çagalaryň şatlykly gülküleri gurşap alýar. Çary aga bilen Maýa gelnejäniň 6 çagasy bolup, olaryň üçüsi 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda dünýä indi. Üçem çagalaryň atlaryna Mähri, Wepa, Sapa diýip at dakylyp, üçemler şu ýylyň 1-nji maýynda 1 ýaşlaryny doldurdy. Güler ýüzli mähriban ene özüniň mähir-söýgüsini berip, beýleki çagalary bilen birlikde üçemleri hem döwrebap terbiýeleýär.