''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Keçe basmagyň ussady

2003-nji ýylda dünýäniň iň uly halysy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun alan «XXI asyr — Türkmeniň Altyn asyry» atly haly barada, onuň dokalyş aýratynlygy hakynda köpiňiz eşiden bolsaňyz gerek. Paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp, bu ajaýyp gözelligi ýakyndan synlanlaryňyz hem bardyr. Hawa, hakykatdan-da, hem türkmen gelin-gyzlarynyň ýiti zehininden dörän bu täsin haly göreniň ünsüni özüne çekýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 10 ýyllyk baýramyna çeper elli gelin-gyzlaryň özboluşly toý sowgady bolan äpet halyny dokamaga halyçylaryň 40-sy gatnaşdy. Şolaryň biri-de Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy Gurbangözel Amanmyradowadyr. Haly dokamaga höwes onda çagalygyndan döräpdir. Entek mekdep okuwçysydygyna garamazdan, Gurbangözel ökde halyçylar bilen haly dokamaga başlaýar.

Çaga terbiýesinde nakyllaryň orny

Ata-babalarymyzyň bize galdyran ruhy gymmatlyklarynyň hatarynda, ýagny halk döredijiligi eserleriniň iň esasylarynyň biri hem nakyllardyr. Munuň özi halkymyzyň gadymy döwürlerden şu günki günlere çenli gelip ýeten ruhy baýlygydyr, edep-terbiýe mekdebidir. Nakyllar çagalara öwüt-ündew, terbiýe bermekde uly ähmiýete eýedir, çünki olaryň edepli, tertipli, abraýly, ilhalar adam bolup ýetişmeginde ata-babalarymyzyň döreden nakyllaryna salgylanmak oňyn netije berýär. Çaga her bir hereketinde, özüniň geljekki durmuşynda ony sapak edinýär.

Halkymyzyň asylly ýörelgesi

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň biri il-gün bolup ýygnanyşmakdyr. Birek-biregiň didaryny görüp, hal-ahwal soraşmakdyr. Şeýle däp-dessurlara halk döredijiligi eserlerinde ýygy-ýygydan gabat gelýäris. Il-gün bolup ýygnanyşmak dessury soňlugy bilen maşgala myhmansöýerligi ýaly ajaýyp däpleriň halkymyzyň durmuşyna ornaşmagyna itergi beripdir. Halkymyzyň myhmansöýerlik däp-dessurlarynyň aňyrsynda birwagtky köpçülik bolup ýygnanyşmak dessurynyň bardygyny nygtasymyz gelýär. Birek-birekden habar almak, halyny bilmek, ýagdaýlaryny soramak, özgäniň ykbaly bilen gyzyklanmak ýaly asylly häsiýetler adamda duýgudaşlygy terbiýeleýär. Onuň diňe özüni bilýän adam däl-de, özgeleri hem pikir edýän ynsan bolmagyna getirýär. Ynsan bolsa hemişe ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan gatnaşyklaryň, pikirleriň gözleginde gezmelidir.

Nesil terbiýesinde maşgalanyň orny

Her jemgyýetiň ahlak ýörelgesi raýatlaryň edep-ekramlylygy, watansöýüjiligi, ata-enäniň, çagalarynyň, il-günüň öňündäki borjy bilen kesgitlenýär. Terbiýäniň düýp binýady, ilkinji nobatda, maşgalada goýulýar. Maşgala — bu kiçijik döwlet. Türkmen maşgalasy agzybirligiň ojagy, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Maşgala agzalary näçe agzybir, maşgalabaşynyň sözi ýerinde ýöreýän bolsa, şol öýe döwletem, mertebe-de ýaraşýar. Türkmençilikde «Bina bolmasa, binýat bolmaýar» diýlişi ýaly, maşgalanyň binýadyny gurýan ata-enelerdir. Ata-enäniň yhlasy, söýgüsi bilen bina bolan maşgala berk, abat bolýar. Türkmeniň islendik maşgalasynda atanyň orny gaýduwsyzlygyň, edermenligiň, merdanalygyň, enäniň orny mukaddesligiň, mähribanlygyň nusgasy bolup çykyş edýär. Maşgalada aga ata çekse, uýa enä meňzese, şol öýe gelen gelnem öýüň ody bilen girip, küli bilen çyksa, bagtam şol öýe hemişe gülüp bakýar. Agzybirlik, oňşuklylyk diýlen düşünjelerem ulularyň sözi ýöreýän ýerde bolýar. «Ulynyň aýdanyny etmedik uwlar» diýilmegem, ulularyň sözüniň ýöremeýän ýerinde, diýeni edilmeýän öýünde agzalalygyň, dawa-jenjeliň, oňşuksyzlygyň bolýandygyny aňladýar. Maşgala agzalarynyň hersi öz ornunda durup, birek-birege düşünişseler, ol ojak

Ene hüwdüsinden başlanýan söýgi

Ene söýgüsi — keramatly güýç. Oňa taý geljek zady näçe uzak oýlansagam tapmak mümkin däl. Çünki ol edil ylym ýaly çäksiz barlyk. Perzendiniň sallançagyny üwräp, gijäni ukusyz geçiren ene: «Ýadadym, irdim» diýmez, gaýta «Aýlanaýyn adyňdan» diýip hüwdi aýdar. Ýer togalagyny ýyladýan — bu ene mähriniň ýylysydyr. Eneleriň gasyn-gasyn elleriniň mähirden dokalan aýasynyň sypan başlaryna hatda keselem kär edip bilmez. Enäniň bagtlylygyny artdyrýan zat perzendiniň durmuşda ilhalar, Watana wepaly perzent bolup ýetişmegidir. Ene bilen perzent — olar iki ten we bir jandyr. Perzent enäniň bagrynyň parasydyr. Ýetginjeklik ýaşyna ýeten çaganyň goýberen ýalňyşlygy sebäpli ene ýüregi näçe ezilse-de, balasyna käýemez. Gaýtam: «Oglum ýigit çykyp barýar» diýip, oňa öwüt berer. Soňra mähriban ene perzendini çagyryş boýunça Watan gullugyna ugradar. Şol pursat enäniň gözleri ýaşlam bolsa, ýüregi ganatlydyr. Sebäbi ähli türkmen enesi-de perzendine näçe «Balam, balam» diýse-de, jigerbendiniň Watan ogludygyny her pursatda duýup ýaşaýar, perzendini il-gün üçin, Watan üçin kemala getirýär. Hatda özüniň ýekeje dikraram bolsa, halkyň bagty ugrunda alnyp barlan söweşlere ogluny ugradan merdana türkmen zenanlarynyň sanardan kändigine taryh gözli şaýatdyr. Şol sebäpli-

Bagtyň asman belentligi

Arzuwlaryň, umytlaryň şol belentlige çykmagy söýgi diýlen müň bir syrly duýgynyň tebigatynda bar. Ýöne siz bagt toýuny asmanda tutan jübütleri görüpmidiňiz? Hawa, seýrek, onda-da juda seýrek ýagdaý. Seýrek hem bolsa, edil şeýle toý 23-nji iýunda Lebap welaýatynda tutuldy. Türkmenabatly ýigit Arslan Çaryýew Hojambaz sebitlerinde önüp-ösen magşugy Aýgül Jepbarowa bilen durmuş toýuny hut uçaryň üstünde, ýerden müňlerçe metr belentlikde tutdy. Şeýdip, bagt ýene bir gezek asman belentligine çykdy. Ýöne bagt şeýle bir belentlige çykyp bilýän eken welin, onuň ýanynda asman dagy ho-ol aşakda galyberýär. Aslynda, Arslan bilen Aýgülüň bagty düýn ilki bilen şol belentlige çykdy-da, jübütler laçyn kamatly uçaryň biline gonansoň, asman belentligine çenli indi. Biziň nygtamak isleýän belent bagtymyz — bilelikdäki durmuşa gadam goýan jübütleriň ak patany hut hormatly Prezidentimiziň özünden almagydyr.

Çagalaryň goragynyň kanunçylyk esaslary

Ýurdumyzyň röwşen geljeginiň binýadyny tutjak edepli, terbiýeli, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek her bir adamyň öňünde durýan esasy wezipedir. Döwletimizde çagalaryň hukuk goragyna degişli kanunçylygy kämilleşdirmäge we halkara kadalaryna laýyk getirmäge aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda döwletimizde çagany goramak, olaryň hemmetaraplaýyn ösmegini gazanmak, saglygyny gorap saklamak, olary özbaşdak durmuşa we zähmete taýýarlamak bilen bir hatarda, maddy we durmuş ýeňillikleriniň ygtybarly hukuk, durmuş kepillikleri döredilýär. Ýurdumyzda «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriniň Milli meýilnamasy» we ondaky çäreler giň gerim bilen durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde Birleşen Milletler Guramasy bilen örän netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Türkmenistan BMG-niň Çagalar gaznasy bilen köp ýyllardan bäri hyzmatdaşlyk etmek bilen enäniň, çaganyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, wagyz etmek bu babatda milli kanunçylygy halkara talaplarynyň derejesine ýetirmek boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giňden alyp barýar. Türkmenistan BMG-niň çagalar babatynda kabul eden resminamalarynyň onlarçasyna gatnaşýar. Olaryň hatarynd

Ejeli günlerim — eziz günlerim

Kitap — keramat diýilýär. Onuň sahypalaryny agdardygyňça, çuň many-mazmunyny aňyňa ýazdygyňça gözleriň nurlanyp, ýüregiň aram tapýar. Şeýle ajaýyp kitaplaryň birnäçesini bize Gahryman Arkadagymyz serpaý berdi. «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly gymmatly eseri okanymdan soň kalbymda gatbar-gatbar bolup, dünýä inip bilmän ýatan ene hakyndaky pikirlerim ak kagyzda aýan boldy. Ah, çagalyk ýyllary, çagalyk ýyllary! Görsene, eýýäm ol döwürlerden bäri näçe ýyllar geçipdir. Ýaşlygymyň süýji ýatlamalaryny alyp galan obamyzyň seleň säherleri, güneşe baý gündizleri, mahmal gijeleri edil häzirki ýaly ýadymda. Şol gijeleriň dymyşlygyny diňe jyzlanlar bozaýmasa, başga hiç zat bozanokdy. Jyzlanlaryň sesi eşidilip başladygy biz ýerli-ýerden gozgalaň tapyp, ozal ejemizdir kakamyzy ýadadan sowallarymyzy ýene gaýtalap başlardyk. Birimiz: «Kaka, kaka, jyzlan diýdiňmi, olar uzak ýaşamaýar diýdiňmi?! Nämüçin?! Ýogsa-da, olar näme üçin görnenoklar?!» diýip sowal bersek, ýene birimiz: «Eje, jyzlanlar diňe gije oýanýarlarmyka?! Olaryň sesi gündiz-ä eşidilenok» diýen ýaly sowallar bilen uzyn günki agyr zähmetden soň zordan başlary ýassyga ýetýän ezizlerimize azar ýamanyny bererdik. Olar bolsa gapymyzdaky ullakan sekiniň üstüne al-elwan düşekleri düşäp,

Ömrüňiz uzak bolsun, Merjen, Aşgabat!

Asuda, eşretli durmuşda ýaşalýan ýurtda günde baýram, günde toý. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem toýlar toýa ulaşýar. Ýüregi joşgundan möwç alýan türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerinde, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramynyň dabaraly bellenilen günleriniň saba säheri Arşdan: «Buşluk, rysgal-döwletli türkmen topragyna iki sany akja melek inendir» diýen şatlykly habary aldy. Ýyldyrym çaltlygynda daglary, derýalary, sähralary aşan bu habaryň sebäpkärleri Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary Orazmyradowlaryň we Atajykowlaryň maşgalasynda dünýä inen ilkinji perzentleri, ene-atanyň göz guwanjy Merjen bilen Aşgabat. «Çagaly öý bazar» diýlişi ýaly, gujagy ogul bäbekli Selbi Orazmyradowany döwletli ojagynda dogan-garyndaşlary, goňşy-golamlary, dost-ýarlary pişme bişirip, nogul saçyp, şatlyk-şagalaň bilen garşyladylar. Akja bäbejigi ýüzlerine sylyp:

Nesil dowamaty

«Buşluk, ogul agtygyňyz boldy, ene bolduňyz!» Buşluk habary ene ýüregimde täsin duýgyny oýardy. Ine, balajyk, bu gün sen enelik dünýäme üýtgeşik nur çaýyp geldiň. Ene sözüniň keramaty, ene söýgüsiniň gudraty barada şu wagta çenli il arasynda näçe gürrüň etsemem, joşup şygyrlar okasamam, bir-ä, ilkinji perzendim dünýä inende, bir-de ilkinji agtygym doglanda kalbymda dörän ýakymly duýgularyň waspyny etmäge söz tapmadym. Nesil dowamaty eziz bala, seni ilkinji gezek elime alanymda, ene ýüregimiň gürsüldisi has-da üýtgeşik eşidildi. Lukman gelin: «Hany, enesi, ilkinji agtygyňyzy eliňize alyň. Goý, bu bala nesliňiziň dowamaty, hemmäňiziň buýsanjyňyz bolsun! Watanymyza, il-günümize abraý, nesline mertebe getirýän goç ýigit bolup ýetişsin!» diýende, gözlerimden begenç ýaşlary syrykdy. Bu arzuwlaryň yzy başga-da bäbek çykarmaga gelen enelerdir gelnejeleriň arzuwlary bilen utgaşyp gitdi. Gelinleriň biri: «Ene-mamalarymyzyň aýdyşy ýaly, çilehanada edilen arzuwlar hasyl bolýandyr» diýip, içki joşgunyny daşyna çykardy.

Dürüşdeli işdäaçar

Gerekli önümler: 1,5 kg pomidor, 75 g käşir, 200 g gyzyl bulgar burçy, 30 g  düýp sogan, 1—2 sany ajy burç, 4 nahar çemçe ösümlik ýagy, 5 diş sarymsak, 1 nahar çemçe duz, 50 g şeker, 70 g 9 derejeli sirke, tagamyna görä şibit, arpabadyýan.

Gaýratly gallaçy zenan

(Oçerk) ...Säher çagy. Tamdyrdan ýaňyja çykan mele-myssyk çörege meňzäp, ýylgyryp dogan Gün özi deý tyllaýy öwüşginli bugdaý meýdanlaryna nuruny bolluk bilen eçilýär. Bu görnüş özboluşly sazlaşygy döredip, altyn başly bugdaýlary has-da nurana görkezýär. Daş-töwerek bolsa ümsümlik. Diňe, adatdakylar ýaly, säheriň şeýle ajaýyp çagynda perişdeleriň rysgal-bereket paýlaýandygyny buşlaýan bilbilmidir mollatorgaýyň bugdaýly meýdanlaryň daş-töweregindäki baglardan eşidilýän ýakymly owazy bilen säheriň mymyjak şemalyna tolkun atýan altynbaş bugdaýlaryň birenaýy ygşyldysy gulagyňa hoş ýakýar... Şol pursat durşy bilen nuranalyga gark bolan bu bereketli pelleriň gyrasynda elleri gabarçakly, ýüz-gözi ýele-Güne gaýzygan, hortapdan gelen galdaw göwresi bilen gaýratly gadam urýan, tüýs daýhansypat bir bugdaýreňk zenan peýda bolýar. Ol bugdaý peliniň bir gyrasyndan girişine, öz ýüküni göterip bilmeýän ýaly, aşak eglen altyn başlardan birini alagada, ony elleriniň aýasynda owkalap, däneleriniň birki sanysyny dişläp görýär: «...Bişipdir. Kemsiz bişipdir. Tüweleme, dänelerem dok. Indi oraga başlabersegem bolýa...».

Peýnirli dolama

Gerekli önümler: 3 sany lawaş, 100 gram peýnir, 1 sany ýumurtga. Taýýarlanylyşy: Ilki bilen, ýumurtganyň sarysyny agyndan aýyrmaly we peýniri gyrgyçdan geçirmeli. Soňra taýýarlanan peýnir bilen ýumurtganyň sarysyny bir gaba salyp, gowuja garyşdyrmaly. Lawaşymyzy alyp, ony 8 sany üçburçluk şekilindäki böleklere bölmeli. Soňra her lawaş böleginiň inli tarapynyň gyrasynda bir çemçe peýniri keseligine, uzynja şekilde ýerleşdirmeli-de, emaý bilen lawaşy dolamaly. 1-2 aýlawdan soňra lawaşyň gyralaryny içine eplemeli we bişirilende açylmaz ýaly, lawaşyň gyralaryna ýumurtganyň agyny çalmaly. Gyzyp duran ýagly saja seresaplyk bilen lawaşly dolamalaryňyzy atyp, ähli tarapyny deňje gyzartmaly. Gyzaryp bişen dolamalary artykmaç ýagy siňer ýaly, içine kagyz süpürgiç düşelen gaba salmaly. Olary 5-10 minutdan soňra saçak başyna alybermeli. Işdäňiz açyk bolsun!

Dorogly işdäaçar

Gerekli önümler: 2 sany hyýar, 7-8 sany rediska, 4 nahar çemçesi dogralan arpabadyýan, 400 gram dorog, 4 nahar çemçesi gatyk (gaýmak), islegiňize görä duz. Taýýarlanylyşy: Gök önümleriň hemmesini ýuwup, arassalap, dörtburç şekilde ownujak dogramaly. Soňra olary bir gaba salyp, islegiňize görä duzlap, üstüne dorog bilen gatygy goşup, gowuja garmaly. Taýýar bolan özboluşly tagamly işdäaçary saçaga alyp bilersiňiz.

Maşgala mukaddesligi ojakdan başlanýar

Ojak diýlende ýaş döwürlerimizde boz sähralykdan, çöl ýerlerden getirilip, howlynyň bir çüňküne üýşürilip goýulýan üýşmek sazak göz öňüne gelýär. Onuň sebäbem öýde bir işe güýmenip ýörkäň, ojaga käte bir bölek sazak oklarsyň welin, onuň çoguna jaýyň içi gyzýardy. Onsoň, günuzyn gübürdäp ot ýanan ojaklaryň ýylysyna uzak gije üşemän ýatyp bolýardy. Şonuň üçinem ol döwürler ojak gaty ýoňdy, ol öýsaýyn bardy. Çünki maşgala ojakdan başlanýardy. Täze maşgala öý dikilende-de, ilki bilen, maşgalada rysgal-döwlet bolmagy niýet edilip gurulýan zatlaryň biri ojakdy. Biziň özümizi bilip gulagymyzda galyşyna görä, türkmen öýünde ojak hem tamdyr ýaly mukaddes saýylýar, ol häzirem şeýle. Aradan ep-eslije ýyl geçenem bolsa, ojaga ot ýakyp, onda bişirilýän duz-tagamlardan dadyp göremizsoň, halkymyzyň milli miraslarynyň biri hasaplanýan ojaklar barada bilen-gören zatlarymy aýtmak juda ýakymly. Paýhasly ata-babalarymyz ojagyň dürli-dürli görnüşlerini arkama-arka geçiripdirler. Şondan ugur alybam üstünden ençeme aýlaryň, ýyllaryň geçmegi bilen mukaddes ojaklaryň dürli görnüşlerini gurmak ýoň bolupdyr we biziň günlerimize gelip ýetipdir. Obada howlularyň içinden uly toý gazanlaryny atarmak üçin goşa ojaklar gurulýardy. Onuň gapdalynda çaý gaýnatm

Perzent terbiýesinde enäniň orny

Asylly hem örän jogapkärli zähmetlerini ýaş nesillere bagyş edýän, olardan zähmetsöýer, watansöýüji, ynsanperwer, ösen aň-düşünjeli, kämil şahsyýeti kemala getirmekde irginsiz zähmet çekýän bilim işgärleri okuwçylaryň, talyplaryň ata-eneleri ýa-da hossarlary bilen söhbetdeşlikleri we duşuşyklary yzygiderli guraýarlar. Bilim işgärleri ýaşlary hakyky manysynda terbiýelemekde zerur bolan çäreleri durmuşa geçirýärler. Munuň özi ata-ene bilen mugallymyň sazlaşykly iş alyp baryp, çaga bilim-terbiýe bermekde garaşylýan netijeleri almaga işjeň gatnaşýandyklaryny aňladýar. Bilim edarasy öz gezeginde şeýle işleri alyp barsa-da, çagany terbiýelemek körpelikden başlanmalydyr. Şonuň üçin hem çaga dünýä inen gününden başlap, ata-enesi tarapyndan üns bilen gurşalyp alynmalydyr. Täze dünýä inen çaga söýgi-mähre, idege we terbiýä mätäçdir. Ony terbiýelemekde maşgalanyň orny hemme zatdan belentdedir. Çagany jemgyýete uýgunlaşdyrmakda, ösdürip ýetişdirmekde, bilim bermekde, has takygy, kämil ynsan edip ýetişdirmekde maşgala agzalarynyň ählisiniň hem öz orny bar. Bu babatda ata-ene terbiýä aýratyn üns bermelidir. Ata-enäniň göz-guwanjy bolan balasyny terbiýelemäge çuňňur ymtylmagy garaşylýan netijeleri almaga esas bolup biler. Ýöne perzent terbiýelemekde enäniň ö

Perzendi bolşy ýaly kabul etmek

Redaksiýadan: Gadyrly okyjylar! Gazetimiziň şu sanynda professor, çaga terbiýesi hakynda köp sanly kitaplaryň, makalalaryň we ylmy işleriň awtory, 91 ýaşly psiholog Ýuliýa Borisowna Gippenreýteriň 1995-nji ýylda neşir edilen «Ene-atalar üçin iň möhüm kitap» atly kitaplar ýygyndysyndan bölekleri size ýetirmegimizi dowam edýäris.

Nesil terbiýesi mukaddesdir

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy we gülläp ösmegi, ýaşaýyş-durmuş derejämiziň has-da ýokarlanmagy üçin yhlasly, döredijilikli zähmet çekýän halkymyzyň päk zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy, dynç almagy, saglygyny berkitmegi barada yzygiderli aladalar edilýär. Munuň üçin ýurdumyzda, ak şäherimiz Aşgabatda köpugurly mümkinçilikler, ähli şertler döredilendir. Häzirki wagtda hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen beýik ösüşlere beslenýän gözel paýtagtymyz Aşgabady görmäge göz, taryplamaga şirin söz gerek. Ak mermere beslenen beýik-beýik binaly, gür baglary bolan seýilgähli paýtagtymyz gözelligiň dürdänesine öwrüldi. Onuň edebiýatdaky, sungatdaky waspy has belentdir. Ak şäherimiz Aşgabadyň şanyna döredilýän şygyrlar aýdym bolup kalplara dolýar. Ýaş nesil, onuň sazlaşykly ösüşi we saglygy barada hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýerine ýetirilýän ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Gahryman Arkadagymyz: «Ýaş nesillerimize mynasyp terbiýe bermek biziň üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, maşgala gymmatlyklaryna biz uly üns berýäris. Sebäbi ýaşlarymyzyň ýokary ahlak häsiýetleri şu gymmatlyklaryň esasynda kemala gelýär» diý

Bulary bilmek gyzykly

Ýarganatlar gowakdan mydama çepe tarap uçup çykýarlar. * * *

Ýuwluk gören ýuwlar

Tanyşlarymyň biri paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýunyň toýlanýan günleri Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Bagyr obasynda iki asyryň şaýady bolan, 100 ýaşyny toýlaýan enäniň bardygyny aýtdy. Hoş habary eşiden badymyza, biz bu ene bilen gürrüňdeş bolmagy niýet edinip, onuň öýüne bardyk. Sugra Şirmämmedowa, tüweleme, 100 ýaşy arka atana meňzänok. Saglyk-amanlykdan soň, onuň bilen gürrüňimiz alşyp gitdi. Sugra Şirmämmedowa 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy başlananda ýaňy 20 ýaşyndaky gyzdy. Obadaky eli ýarag tutmaga ýaramly erkekleriň ählisi söweş meýdanyna gidýär. Obada gelin-gyzlar, garrylar, ýaş çagalar galýar. Olaryň işe ýaramlylarynyň ählisi daýhan birleşiginde işlemeli bolýar. Sugra eneleriň maşgalasyndan hem kakasy Seýitesger aga Beýik Watançylyk urşuna gidýär. Ejesi Şirwan daýza bäş çagany eklemeli bolýar. Olar agzybirlikde maşgala bolup daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda gije-gündize parh goýman işleýärler. Sugra ene şeýdip ene topraga yhlasyny siňdirýär, ýylyň-ýylyna ýüpek gurçuklaryny idedýär, gysga wagtyň içinde boýdaşlaryndan tapawutlanyp, öz işiniň ussady bolýar.