Saglyk başymyzyň täjidir
Adamyň bedeniniň islendik agzasynda dürli sebäplere görä sowuklama we beýleki keseller ýüze çykyp bilýär. Ýiti respirator keselleri çagalaryň hem-de uly ýaşly adamlaryň arasynda aýratyn ýygy duş gelýän keselleriň biridir. Ýokary dem alyş ýollarynyň ýiti ýokançly keselleriniň toplumy bolan respirator ýokanç keseller 2 topara bölünýärler, ýagny bakteriýalaryň döredýän ýiti respirator keselleri hem-de wiruslaryň döredýän respirator keselleri. Ýiti respirator keselleriň ählisi syrkawdan sagdyn adama howanyň üsti bilen ýokuşýar hem-de, esasan, birmeňzeş kliniki alamatlar (gyzdyrma, üşütme, burun dykylma, kellagyry, ysgynsyzlyk) bilen ýüze çykýar. Köplenç wirus keseliniň üstüne bakteriýalar goşulyp, dem alyş, ýürek-damar, nerw, peşew çykaryş ulgamlaryny zeperleýär. Keseliň ýaýraýan güýz-gyş möwsümlerinde onuň wirusly gaýraüzülmeleri ýygy duş gelýär. Ýiti wirusly kesel bilen kesellän näsagy maşgala lukmanyna görkezmek hökmandyr. Lukman syrkawyň umumy ýagdaýyny barlaýar, onuň bilen sorag-jogap alyşýar, burun-damakdan alnan çyrşagyň barlagynyň geçirilmegini üpjün edýär. Barlaglaryň netijesine görä bejeriş belleýär we syrkawa ýatymlaýyn şertlerde bejeriş almagy maslahat berýär. Ýiti wirusly keseliň aýak üstünde geçirilmeginiň ýüregi, böwrekleri,