Sagdynlygyň mekany
Türkmenistanda adamlaryň jan saglygyny gorap saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Saglygy goraýyş ulgamyndaky ösüşiň täze belentlikleri Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan giň gerimli işleriň ajaýyp miwesidir. Ata Watanymyzda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek doly derejede amala aşyryldy. Eziz Diýarymyzda dünýä ülňülerine gabat gelýän sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de welaýat merkezlerinde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar gurlup ulanylmaga berildi. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak saglygy dikeltmegiň, dürli keselleriň öňüni almagyň ajaýyp serişdesidir. Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Häzirki wagtda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilip, guwandyryjy netijeler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan