Beýik Seljuklaryň binagärlik sungaty
Halkymyzyň bina gurmak, döretmek taglymaty öz gözbaşyny gadymlardan alyp gelýär. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny okanyňda hem muňa aýdyň göz ýetirýärsiň. Döwlet Baştutanymyzyň bu kitabynda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin beýan edilip, halkymyzyň binagärlik sungaty barada dürli taryhy maglumatlar berilýär. Bu ajaýyp eserde halkymyzyň taryhy, asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy medeni, ruhy däp-dessurlary barada söhbet edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Pikirler, düşünjeler, garaýyşlar, taryhy we ylmy maglumatlar biri‑biriniň üstüni ýetirip, biziň bereketli we derejeli döwletde, bagtyýar we beýik döwürde, topragy mukaddes Watanda ýaşaýandygymyzy ýene bir ýola tassyklaýar» diýip belleýär. XI-XII asyrlarda Beýik Seljuklar döwründe şäher gurluşygynyň meselelerine köp üns berlipdir. Merkezi Aziýanyň gadymy ýadygärliklerini öwreniji G.A.Pugaçenkowa Seljuklar zamanasynda özboluşly ýörite mekdepleriň bolandygyny ylmy taýdan aýdyp geçýär. Olara mysal hökmünde Gündogarda ady belli bolan Sarahs binagärlik mekdebini aýtmak bolar. Onuň ymaratçy ussalary Gündogaryň köp şäherleriniň gurl