''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Merwiň syrly söhbetleri

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde mekan tutan gadymy türkmen topragy asyrlaryň söhbedini süňňüne siňdiren taryhy ýadygärlikleriň, galalaryň, şäherleriň... mekany. Olaryň hersi halkymyzyň baý taryhynyň bellibir döwri hakdaky täsin eser. Şeýle eserleri özüne siňdiren ýadygärlikler gadymy Mary topragynyň hem her menzilinde öňüňden çykýar. Ýekedeşik. Tagtabazar etrap merkeziniň golaýynda, Murgabyň çep kenarynda ýerleşýän Ýekedeşik gowaklar ulgamy — hakyky täsinlikler mekany. Ýarym silindr görnüşli gümmezli uzyn däliziň ugrunda birleşýän jaýjagazlardan ybarat ýerasty şäheriň ýekeje girelgesi bolansoň, oňa «Ýekedeşik» diýip at beripdirler.

Paryzdepeden Arkadag şäherine çenli

Paryzdepe taryhy ýadygärliginden günbatarlygyna seredeniňde, ajaýyp Arkadag şäheri görünýär. Şol pursat ata-babalarymyzyň «Owal akan ýerinden akarmyş aryk» diýen jümlesi biygtyýar ýadyňa düşýär. 2016-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň hut şu topraga, şu ýadygärlige şa gadamynyň düşmegi bilen bu ýerde gadymy arheologik ýadygärlikleri düýpli öwrenmek işine badalga berlen bolsa, indi bu gadymy mekanda täze şäher — nurana binalar peýda boldy. Paryzdepe ýadygärliginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabynda görkezilen taryhy maglumatlary tassyklaýan gymmatlyklaryň üstünden baryldy. 2024-nji ýylyň ýazky gazuw-barlag möwsüminde Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary ýeriň, takmynan, 7,5 metr aşagyndan, ýadygärligiň 14-15-nji we degişlilikde, 16-njy medeni gatlaklaryndan gadymy Änew medeniýetine degişli ajaýyp taryhy maglumatlary ýüze çykardylar. Ýüze çykarylan gymmatlyklar gadymy suw ulgamy bolan käriz akabasynyň köne akymynyň ugrundan tapyldy. Bu ýerde geçirilen gazuw-agtaryş ylmy barlaglaryň dowamynda, eneolit döwri diýlip atlandyrylýan, miladydan öňki V-IV müňýyllyklara häsiýetli, Änew I medeniýetiniň döwrüne mahsus bolan hojalykda giňden ulanylan gaplaryň bölekleri

Beýik Seljuklaryň atabeglik mekdebi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly watansöýüjiligiň belent waspyny ajaýyp teswirleýän eserinde, milli taryhymyzdaky «atabeglik mekdebi» barada şeýle beýan edýär: «Türkmen soltanlyklarynda ýörite atabegler bolupdyr. Olar ähli ugurlardan okuwly, terbiýeli bolup, harby tälimleri çuňňur özleşdiripdirler». Atabeglik mekdebi ilkinji gezek Beýik Seljuk türkmenlerinde ornaşdyrylyp, döwlet derejesinde ähmiýet berlen terbiýe ulgamy bolupdyr. Seljuk soltanlary şazadalary terbiýeläp ýetişdirmekde «atabeg» adyna eýe bolan, ylymly-bilimli, goşun terjribeligine eýe mugallymlary wezipelendiripdirler. Sebäbi döwletiň ykbaly ynanyljak geljekki soltanlaryň ýaşlykdan türkmen milli däp-dessurlarynda, ynsanperwer, gaýduwsyz, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin uly ähmiýet berlipdir. «Atabeg» adalgasynyň ýüze çykyşy

Taryha bagyşlanan taryhy kitap

Her bir güni uly üstünliklere, taryhy wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda  hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň halkymyza gowuşmagy aýratyn guwandyryjy waka boldy. Hormatly Prezidentimiz pähim-paýhasdan dörän eserinde «Bu kitaby ýazmakdan maksadym, türkmen we daşary ýurtly okyjylarymy ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalarynyň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdyr» diýip, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen medeni we ruhy däpleri barada giňişleýin söhbet açýar. Täze kitap 3 bapdan we 7 bölümden ybarat bolup, «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplar hem-de «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar — Bagabat — Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan», «Änew medeniýeti we türki dünýä», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölümler türkmen halkynyň şanly geçmişini dabaralandyrýar.

Beýik geçmişimize çuňňur hormat

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby ýurdumyzda hem-de halkara jemgyýetçiliginde, şeýle-de ýakynda halkara çärelerine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly alymlarda, hünärmenlerde, dürli kärdäki myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Döwlet Baştutanymyzyň bu eseri gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanýar. TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilen bu çözgüt Watanymyzyň belent halkara abraýa eýediginiň, türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan uly goşandynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň güwäsidir. Şeýle-de bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda agzybir halkymyza ýapylan ajaýyp serpaýdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby giň okyjylar köpçüligi üçin gymmatly gollanma boldy. Çünki bu kitapda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin beýan edilip, dürli taryhy maglumatlar berilýär. Şeýle hem bu ajaýyp eserde halkymyzyň taryhy, asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy medeni, ruhy däp-dessurlary barada söhbet edilýär.

Seljuk beg

Jende gaýtmanka seljuklar musulman däldi. Täze gelen ýerinde ornaşmak üçin yslam dinine geçmegiň zerurdygyna düşünen Seljuk beg bu ýeriň musulman häkiminden özlerine bu diniň kada-kanunlaryny öwredýän ýolgörkeziji bellemegini haýyş edipdir. X asyrda 920 — 960-njy ýyllarda (bu sene takyk däldir. Seljuklaryň 915-nji ýylda (belki, 924-nji ýylda) Göktaňry dininden yslam dinine geçendigi barada hem maglumat bar) seljuklar yslam dinini kabul edipdirler (Босворт К.Э. Нашествия варваров появления тюрок в мусульманском мире. // Мусульманский мир. – М.: Наука, 1981. – С.23.). Yslam dinini kabul eden seljuklara Samanylar döwletiniň raýatyna girmäge, mal bakmak üçin öri meýdanlaryny almaga mümkinçilik döredilipdir. Seljuklaryň göçüp gelen Jent welaýatynyň aglaba bölegi oguzlaryň yslamy kabul eden çarwa taýpalaryndan ybarat bolupdyr. Oguzlar X asyryň ikinji ýarymyndan başlap, musulmançylyga geçip başlap, XI asyrda olaryň ählisi musulman boldy. Araplar musulman oguzlara musulman türkler diýen manysynda «türkmen» diýipdirler. XIII asyrda oguz ady ýitip, ýerini türkmen ady eýeläpdir. Seljuk öz urugy bilen musulmançylygy kabul edeninden soň, Ýaňykent oguzlarynyň hökümdary Aly hana musulmanlaryň kapyrlara salgyt tölemeýändigini

Gadymy Änewiň şöhratly taryhy

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz özü­niň «Öm­rü­miň ma­ny­sy­nyň do­wa­ma­ty» at­ly ki­ta­byn­da: «Ki­tap bi­ziň dur­mu­şy­myz­da dem al­ýan ho­wa­myz­dan, gün­de­lik azyk-ow­ka­ty­myz bo­lan çö­rek­dir su­wu­myz­dan soň­ra iň esa­sy ze­rur­lyk bo­lup dur­ýar. Se­bä­bi ýa­şaý­şa dü­şün­me­giň we öňe iler­le­me­giň, ösü­şiň öze­nin­de ylym-bi­lim ýa­tyr. Ylym-bi­li­mi bol­sa ki­tap­lar ar­ka­ly has öz­leş­di­rip bil­ýä­ris. Ki­tap hiç wagt ba­ha­sy eg­sil­me­ýän, gym­ma­ty gaç­ma­ýan gym­mat­lyk­dyr» di­ýip bel­läp geç­ýär. Ha­ky­kat­da­nam, ki­tap yn­sa­na ru­hy taý­dan gol­da­wy, sag­dyn pi­kir­len­me­gi, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bol­ma­gy ba­gyş ed­ýär. Ha­çan-da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dö­re­den eser­le­ri­ni alyp oka­ny­myz­da hem bu ha­ky­ka­ta ýe­ne bir ýo­la göz ýe­tir­ýä­ris.

Gadymy Änewiň suw desgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli dowam edýär. Bu ajaýyp döwürde ýurdumyzyň taryhyny ylmy esasda öwrenmek, milli mirasymyzy sarpalamak we ony wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu gadymy şäheriň baý taryhynyň öwrenilmegine, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň mümkinçilikleriniň artmagyna ýardam edýär. Änew özüniň taryhy, gadymy we orta asyr medeniýeti bilen ençeme ýyllardan bäri alymlaryň ünsüni çekip gelýär. Änewiň orta asyrlara degişli öwrenilmeli desgalarynyň biri hem suw desgasy bolan orta asyr sardobasydyr. Bu desga orta asyrlarda Änewde gyzgalaňly ýaşaýşyň bolandygyny, ýerli ilatyň ekerançylyk bilen meşgullanandygyny görkezýändir. Bu sardoba barada Änew medeniýeti bilen gyzyklanan A.W.Komarow, R.Pampelli, A.A.Semýonow, Ý.A.Kobranow ýaly alymlar birnäçe maglumatlary beripdirler.

«Türki dünýäsiniň medeni paýtagty»

* Döwletimiziň üstünlikleri, toý-baýramlary bu ýyl hem goşa-goşadan gelýär. Bu ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrdyk. Sebäbi bu ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde dabaraly belleýäris. Gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bular, hakykatdan hem, tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekjek wakalardyr. * Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän wakalaryň umumylygy «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda jemlenýär. Çünki döwletiň iň uly maksady adamlaryň bagtyýarlygydyr, geljege ynamly garaýşydyr. Bagtyýarlyk bolsa, bir sözde beýan edilmeýär, adamyň bagtyýarlygy onuň islegi, arzuwlary, garaýyşlary, duýgy-düşünjesi bilen baglanyşykly durmuş ýagdaýlarynyň esasyndaky düşünjedir. Bu düşünje dogrusyndaky umumy garaýyş Watan diýen sözde jemlenýär.

Garagum sährasy – gymmatlyklar hazynasy

Ümmülmez Garagum sährasy diňe bir ösümlik hem-de haýwanat dünýäsine baý bolman, eýsem, taryhy-arheologiýa ýadygärliklere, syýahatçylyk ýerlere hem baýdyr. Aýratyn hem, «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasy tutýan meýdany, tebigy gözelligi, şeýle hem syýahatçylar, zyýaratçylar üçin zyýarat edilýän ýerleriniň köpdügi bilen tapawutlanýar. Biz hem şolaryň käbiri bilen okyjylarymyzy tanyşdyrmagy müwessa bildik. Minara galasy — Merkezi Garagumda Minara çäkli goraghanasynyň çäginde, Minara guýusynyň ýanynda ýerleşýär. Antik döwründen galan bu arheologiýa ýadygärligi dörtburç görnüşde bolup, diwarlarynyň ölçegi her tarapdan 40 metre ýetýär. Minaranyň derwezesi hem-de gala girelgesi günorta tarapynda ýerleşýär. Onuň demirgazyk-günbatar burçunda taraplary 11x11 metr bolan, goranmak üçin niýetlenen kiçi gala hem gurlupdyr. Galanyň ortasynda diametri 4,5 metr we beýikligi 7 metr bolan diň bar. Gala adyny minarasyndan alypdyr. Galanyň günorta tarapynda gonamçylyk ýerleşýär. Bu gala gadymy Gürgenjiň serhedinde goranyş desgasy bolup hyzmat edipdir. Х — ХII asyrlarda ony düýpli abatlap, kerwensaraýa öwrüpdirler. Giçki orta asyrlarda Hywa hanlary galany üýtgedipdirler.

Änew — gadymy ekerançylygyň Watany

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, öndürilýän önümleri senagat taýdan işläp, harytlyk görnüşe getirmek, ekerançylygyň medeniýetini döwrüň ösen talaplaryna gabat getirmek ýaly möhüm meseleler döwletimiz tarapyndan elmydama üns merkezinde saklanýar. Biziň ýurdumyzda ekerançylygyň taryhy bolsa, öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Ony hormatly Prezidentimiziň golaýda halkymyza peşgeş eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabyndaky: «Änew irki eýýamlardan bäri adamzat ýaşaýşynyň, esasanam, ekerançylyk, daýhançylyk medeniýetiniň ilkinji dörän hem-de ösen merkezleriniň biri bolup durýar» diýen jümle-de subut edýär. TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, bu topragyň dünýä derejesinde belli açyşlaryň mekany bolandygyndan habar berýär. Taryhda «Änew medeniýeti» ady bilen belli bolan bu gadymy mekanda dürli döwürlere degişli tapyndylar bilermenleriň ünsüni egleýär. Sebäbi olar özboluşly sünnäligi hem-de gaýtalanmajak çeper

Gorgandepe, Öredepe, Ýolbarslydere...

Taryhyň gatlarynda türkmen, türk, gök oguz, gyrgyz, gazak, özbek, tatar, alpan, azerbaýjan, garagalpak, uýgur, gumuk, garaçaý, bulgar, nogaý, tywa, kabardi, ýakut, hakas, altaý, başgyrt ýaly dünýäniň türki dilli halklary adamzat medeniýetiniň, siwilizasiýasynyň kemala gelmegine, ösmegine mynasyp goşantlaryny goşupdyrlar. Bu ugurdan iş alyp barýan alymlar türki dilli halklaryň gelip çykyşynyň oguz-türkmen kabylasyndan bolup, soňy bilen daşky täsirler esasynda gün-güzeranlary üçin aýratyn halka öwrülendigi hakynda ýazýarlar. Etnograf, edebiýatçy, arheolog alymlaryň belleýşi ýaly, biziň eýýamymyzdan ozalky dört müň ýyllyk taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan, hersi özboluşly, ýeňil bolmadyk ýollary özbaşdak ýa-da egin-egne berip geçen bu halklar barada kän zatlar ýazyp, il-ulsa ýetirip bolardy... Emma biz häzirlikçe goňşy ýurtlaryň birinde kowçum bolup ýaşaýan arkadaşlarymyz hakynda bilenlerimizi okyjylara ýetirmegi makul bildik. Täjigistanyň Wagyş derýasynyň sag kenarynda, gadymy Etbaş obasynyň günbatarynda Türkmen atly polkunyň harby mekdebi hökmünde döwrüniň ýaşlaryna harby tälim beren mekany Gyzylgala ýerleşýär. Atly polkuň serkerdesi, asly daşoguzly türkmen Mährem Sapaýewiň başa-baş göreş, nyşana çenäp ok atmak we beýleki söweş tilsimleri boýunça diýs

Seljuk soltanlary

Dowamy. Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanlarynda. Ömür beýanyII jilt2.

Ýedi asman, dokuz pelek üstünde

Astronomik görkezijilerde deňiz derejesinden ýüz kilometrden ýokary bolan belentligiň howa giňişliginiň çäklerinden daşary uzaýan gurşawy kosmos barlaglary hökmünde kabul edilýär. Mähriban Watanymyz Ýer ýüzünde ylmy, ykdysady, ekologiýa, maglumat we beýleki durmuş maksatlary üçin kosmos giňişligini, älem gözelligini, taglymatlary, asman jisimlerini, tizliklerini, şöhlelerini, hadysalaryny, galaktikanyň gurluşyny, biologiýasyny barlamaga, özleşdirmäge, peýdalanmaga, taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilen netijeli işlerde, tebigat bilimleriniň syrlaryny, baýlyklaryny öwrenmekde öňdebaryjy hem-de tejribeli ýurtlaryň biri hasap edilýär. Birleşen Milletler Guramasy 1999-njy ýylda her ýylyň 4 — 10-njy oktýabr aralygyny «Bütindünýä Kosmos hepdeligi» diýip yglan etdi. Altmyş üç ýyl mundan ozal zeminiň ynsan wekili ilkinji gezek kosmosa uçdy. Şol uçuş 108 minut dowam etdi. 2011-nji ýylyň 7-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 12-nji apreli Adamyň kosmosa uçmagynyň halkara güni diýlip yglan edildi. 2011-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Milli kosmos gullugy döredildi. 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnunda ýerleşýän kosmodromyň dolandyryş merkeziniň badalga meýdançasyndan Aşgabat wagty bilen

Seljuk beg

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Seljuklar nesil şejeresini Oguz hanyň altynjy ogly Deňiz handan alyp gaýdýar. Neberä öz adyny beren Seljuk begdir. Alym Arkadagymyz dünýäniň ýüzünde ýetmişden gowrak döwlet guran türkmenleriň öz guran beýik döwletlerini öz baştutanlarynyň atlary, diýmek öz atlary bilen atlandyrmak däbini nygtap, muňa Oguzlar döwletini, Seljuklar döwletini, Osman döwletini mysal getirýär (Gurbanguly Berdimuhamedow. Ömrümiň manysy. – A.:TDNG, 2022. – 335 s.).

Änew — täsin bir älem

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi gadymy Änew medeniýetiniň taryhynyň öwrenilişine täze badalga berdi. Hormatly Prezidentimiziň şu taryhy waka mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etmegi bolsa ildeşlerimize juda buýsançly duýgulary bagyşlady. Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda bellenilişi ýaly, Änew medeniýetiniň taryhy indi bassyr 120 ýyl çemesi wagtdan bäri dünýä alymlarynyň üns merkezinde saklanylýar. Dogrudan-da, bu medeniýetiň taryhyna bagyşlanyp, köp ylmy işler edildi. Olaryň ilkinjisi Rafael Pampelli tarapyndan 1908-nji ýylda Waşingtonda «Türküstandaky barlaglar» ady bilen çap edilen iki jiltlik ylmy işdir. Taryhçy alym Änewiň demirgazyk depesinden tapylan ak bugdaýyň dänelerini, zähmet gurallaryny we süňkleriň galyndylaryny öwrenip, bu ýerde, esasan, ekerançylygyň, maldarçylygyň ösendigini tassyklaýar. Änew medeniýetiniň ýadygärliklerini öwrenmek XX asyryň 30-njy ýyllarynda hem dowam etdirilipdi. Aýratyn-da, bu medeniýeti arheologiýa maglumatlarynyň üsti bilen öwrenmekde türkmen-amerikan arheologlary köp işleri etdiler. Bu ugurda amerikaly alym, Pensilwaniýa uniwersitetiniň professory Frederik Hibertiň ady hem bellenilmäge mynasyp. O

Geçmişiň geljek nukdaýnazaryndan beýany

Kitap — geçmiş bilen geljegiň arasyndaky ruhy köpri. Bu gadymy dünýäniň hakyda barlygyny hasyl edýän ençeme subutnamalar bar. Ynsan eli bilen gurlan binalaryň, döredilen medeniýetleriň ählisi, gynansak-da, maddy subutnama görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetmändir. Ýöne her milletde öz aslynyň çuňluklaryna göz ýetirmäge gyzyklanma uly. Ol oňa ata-babalarynyň ganyndan geçýär. Gan bilen geçýän, nesil yzarlaýan zatlara bolsa müňýyllyklar hem täsir etmeýär. Millete öz aslyna ylmy taýdan göz ýetirmekde taryh kömege gelýär. Beýleki ylymlardan tapawutlylykda, wakalary yzyna gaýtaryp, synagdan geçirip bolmaýandygy üçin bu ylym wakalary öz islegiňe görä taraşlaman, döwrüň hakyky ýagdaýyndan ugur alyp, adalatly, hakyky bolşunda beýan etmegi talap edýär. Başda nygtalyşy ýaly, adamzadyň döreden ähli medeniýeti maddy subutnama hökmünde biziň üçin elýeterli däl. Heňňamlar dolanyp, döwürler döndügiçe, olara Wagt diýen «aždarha» öz hökümini ýöredýär — käbiri uruşlar, dawa-jeňler zerarly ynsan eli bilen ýumrulsa, galany tebigy hadysalaryň netijesinde Ýer üstünden Zeminiň astyna garyşyp gidýär. Ýöne ynsan kowmy öz bilesigelijiligi bilen topraga garyşan gymmatlyklary yzyna çykaryp, ikinji ömür berip, gaýtadan «gürledip», taryhy hakydanyň uşlybyny çöşle

Gadymy Änew medeniýetiniň waspy

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralara badalga berilmeginiň öňüsyrasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gönüden-göni gadymy topraga bagyşlanan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze eseriniň çapdan çykmagy kalbymyzy buýsanja besledi. Gymmatly eserinde: «Dünýä kartasyndaky ummanlardan başga, adamzat aňynda ýene bir umman bar, oňa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýilýär» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň bu kitaby gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan Änew medeniýeti bilen baglanyşykly gyzykly taryhy maglumatlary özünde jemleýär. Şöhratly taryha bagyşlanan bu gymmatly kitapda barça şahyrlaryň ruhy halypasy bolup durýan Magtymguly atamyzdan ylham alan Durdy bagşy we Dostmämmet şahyr ýaly ussatlardan hem söz açylýar. Kitapda beýan edilişi ýaly, Dostmämmet bilen Durdy bagşy dostlukly gatnaşykda bolupdyr. Dostmämmet Seýit Jemaleddin aradan çykanda, oňa bagyşlap «Aýryldyk» atly goşgusyny ýazypdyr. Durdy bagşy bolsa edil şu günlerem halk içinde aýdym edilip aýdylýan «Ak ýüzli Maralym» goşgusy bilen tanalýar. Umuman, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu taryhy eserini okap, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan Änewe syýahat eden ýaly duýgulary başdan ge

GÖROGLY BEG

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). «Görogly» şadessany — türkmeniň atabeglik mekdebi. «Görogly» şadessanynyň «Arap Reýhan» şahasynda harby tälimi ýaşlykdan öwretmelidigi barada biziň ünsümizi çekjek şeýle bir pursat bar. Görogly beg men-menlik edip, gapyllykda Arap Reýhana üstüni basdyryp, inere daňlyp barýarka, başyna iş düşendigibarada Gyratyň üsti bilen Çandybile habar ýetirýär. Gyrata atlanyp kömege gelen Öwez kyrk ýigitden diňe özüne Sapar kösäniň ýoldaş bolandygyny, onuň Bozdumanynyň toýnagynyň haçan gyzyp, haçan gelip ýetjeginiň mälim däldigini, özüniň entek oglandygyny, Arap Reýhana güýjüniň ýetmejekdigini, geňeş bermegini sorap ýüzlenende, Görogly özüniň ýene bir eden ýalňyşyna puşaýman edýär. Öwez ogluna uruş tälimini öwretmän ekeni.

Beren el — bereketli

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndaky: «Ýaşyryn sadakalaryň sogaby açyk-äşgär berilýän sadakalardan ýüz-müň esse haýyrly hasaplanylýar» diýen jümläni okanyňda, geçmiş taryhymyzdaky «bergiler depderi» we «sadaka daşlary» bilen baglanyşykly maglumatlar biygtyýar ýadyňa düşýär. Şoňa görä, ýaşyryn sadaka bermek bilen baglanyşykly Osmanly türkmen döwletiniň medeni durmuşyna degişli täsin maglumatlary okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik. Osmanly türkmen döwleti 623 ýyl höküm sürüpdir. Şol döwürde bu döwleti Ärtogrul Gazynyň neslinden bolan 36 hökümdar dolandyrypdyr. Osmanly döwleti ylym-bilimde, ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, harby ulgamda uly üstünliklere eýe bolmak bilen, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyrypdyr. Şol wakalar we haýyr-sahawat işleri bilen baglanyşykly köp sanly maglumatlar taryhy çeşmelerde beýan edilýär. Şolaryň biri-de ýaşyryn sadaka bermek däbidir.