''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Geçmişi şöhratly, şu güni şuglaly

Türkmenabat şäherinde geçirilen «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň öňe süren başlangyjynyň miwesi. Biz maslahatyň çäklerinde bu toparyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa bilen söhbetdeş bolduk. Söhbetdeşligimiz bu taryhy ýadygärligiň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi, bu ýerde alnyp barlan we geljekde göz öňünde tutulýan işler, şeýle hem halkara maslahatyň ähmiýeti barada boldy. — Çynar Täjiýewna, siziň durmuş we zähmet ýoluňyzyň bir bölegi Türkmenabat şäheri we onuň çägindäki taryhy ýadygärlikler, şol sanda, Amul galasy bilen hem bagly. Gadymy galanyň bu günki gün ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna goşulmagyny ýaşlyk arzuwlaryňyzyň wysaly hasaplap bilerismi?

Amul — taryhyň syrly sahypasy

Geçen hepdede Türkmenabat şäherinde geçirilen «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat şäheriň taryhynyň öwrenilişinde täze basgançak boldy. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen şöhratly taryhymyzyň düýpli öwrenilmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bellenilişi ýaly, gadymy Amul Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen möhüm medeni merkez bolupdyr. Amul şäheriniň 2 müň ýyldan gowrak taryhy bar. Dogrudan-da, biziň eýýamymyzdan öň 145—86-njy ýyllarda ýaşan, «hytaýly Gerodot» adyna eýe bolan Syma Sýanyň köp jiltli «Şi szi» (Taryhy ýazgylar) kitabynda Amul şäheri ilkinji gezek ýatlanylýar. Özbek alymy Ş.S.Kamaliddinowyň tassyklaýşyna görä, gadymy Hytaý çeşmelerindäki Mu şäheri Amul bolmaly.

Be­ýik geç­mi­şi­mi­ziň wasp­na­ma­sy

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň şan­ly wa­ka­sy­na öw­rü­len çuň ma­ny­ly pi­kir­le­re hem-de gym­mat­ly yl­my tag­ly­mat­la­ra ýug­ru­lan, dö­wür­le­riň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny şöh­le­len­dir­ýän «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly tä­ze ki­ta­by­nyň türk­men, iň­lis, rus dil­le­rin­de ne­şir edil­me­gi­niň uly ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi­ne ba­gyş­la­nan hem-de her bir oky­jy­nyň kal­by­nyň tö­rün­de mü­di­mi­lik orun al­jak bu aja­ýyp sow­gat buý­san­jy­my­zy has-da be­len­de gö­ter­di.

ÇAGRY BEG

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: — Mälim bolşy ýaly, Çagry begiň we Togrul begiň döreden Beýik Seljuk döwleti gysga döwrüň içinde Günbatara, Kiçi Aziýa tarap ummasyz giňişliklere ýaýrapdyr. Bu döwlet dargandan soň hem özbaşdak türkmen döwletleri döräpdir. Beýik Seljuk döwletinden başlap, bularyň her biriniň türkmeniň şöhratyny dünýä ýaýmakda, yslam dinine arka durmakda bitiren işleriniň gymmaty hakynda pikir edip görüň!

Sirk sun­ga­ty­nyň ta­ry­hy

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 «Sirk» sö­zi la­tyn di­lin­de «te­ge­lek» di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýar. Bu adyň sirk meý­dan­ça­sy­nyň — ma­ne­ži­niň we to­ma­şa­çy­lar üçin göz öňün­de tu­tu­lan bö­le­giň hem te­ge­lek gör­nüş­de­di­gi bi­len bag­ly bol­ma­gy müm­kin­dir.

Bedewleriň çyn muşdagy

Babaraplylaryň meleguşlary owadanlykda özlerini dünýä tanadan ajaýyp atlardy. Meleguşlaryň ilkinjisi, 1956-njy ýylda iňlis şa zenanyna sowgat berlipdi. Ikinjisi bolsa 1959-njy ýylyň 11-nji dekabryndan 1960-njy ýylyň 29-njy fewraly aralygynda Hindistanyň Deli şäherinde geçirilen halkara sergi-ýarmarka gatnaşyp, ýerli halkyň haýyşy boýunça dost-doganlygyň nyşany hökmünde olara sowgat berlipdi. Dünýäni haýrana goýýan meşhur ahalteke tohumyndan bolan şeýle ajaýyp atlary ösdürip ýetişdirmekde ata-babalarymyz seýisçiligiň nusgalyk mekdebini döredipdirler. Şeýle mekdebi döredenler Gökdepäniň gadymy Babarap obasynda hem az bolmandyr. Bu obada Kirpi Gadam, Ata Gurt... ýaly atşynaslar ýaşap geçipdirler. Şolaryň biri hem Myrat Rüstem eken. Myrat aga owadan, ýyndam ahalteke atlarynyň ençemesini ýetişdirmekde zähmetini gaýgyrmadyk atşynaslaryň biri bolupdyr. Biz onuň ömür ýoly bilen gyzyklanýandygymyzy ýaňzydanymyzda, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň hünärmeni, bu ugurda indi kyrk ýyl bäri zähmet çekip gelýän halypa atşynas Kerimguly Bäşimow: «Meleguşlaryň Meleguş bolmagynda Myrat Rüstemiň hem mynasyp paýy bar. Onuň nesilleri häzir Babarap obasynda ýaşaýarlar. Myrat aganyň körpe ogluna obada Çarow aga diýýärler. Ondan özüňizi gyzyklandyrýan maglumatlary ta

Hormatly Prezidentimiziň «ÄNEW — MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET» atly kitabyndan:

Adamzadyň ajaýyp geljegini bilelikde gurmak üçin täze-täze pikir-taglymatlary öňe sürmek — biziň döwletimize, Gahryman Arkadagymyza mahsus ýörelge. Ol ata-baba asylly ýolumyzyň döwrebap dowamaty. Çünki ýaşaýyş hemişe täze başlangyçlaryň, täzeçe pikirleriň muşdagy. Dünýäniň iň uly genji-hazynalarynyň biri — pikir. Täze pikirler, täzeçe pikirlenmeler täze gözýetimleri açýar, täze mümkinçilikleri döredýär. Bu babatda döwletimizde uzak geljegi nazarlaýan beýik başlangyçlardyr pikir-garaýyşlara has uly ähmiýet berilýär. Şonuň üçinem bu toprakda bolýan her bir waka dünýäniň ykbalyna täsirini ýetirip bilýär. Hut şonuň üçinem, Eziz Diýarymyz dünýäniň üns merkezinde — dünýäniň merkezinde! Pikirler, düşünjeler, garaýyşlar, taryhy we ylmy maglumatlar biri-biriniň üstüni ýetirip, biziň bereketli we derejeli döwletde, bagtyýar we beýik döwürde, topragy mukaddes Watanda ýaşaýandygymyzy ýene bir ýola tassyklaýar. Ýaşaýşyň bir täsin hakykaty bar: Gowy zatlaryň gürrüňini etmek hemmelerde gowy täsirleri galdyrýar. Gözel pikirler gözel düşünjeleri oýarýar. Ajaýyp söhbetleri köp diňledigiňçe, diňe ajaýyplyklar bilen gurşalýarsyň. Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň.

Gadymy Amul — taryhyň şöhratly sahypasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy türkmen topragynyň şöhratly taryhy, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen taryhy-medeni ýadygärlikleri çuňňur öwrenilip, halkymyzyň umumadamzat ösüşine goşan goşandy halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň» çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli 25-26-njy aprelde «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi munuň nobatdaky ykrarnamasydyr. Bu halkara forum hormatly Prezidentimiziň goldawy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen özara hyzmatdaşlygyň has-da berkidilýändiginiň aýdyň beýany bolup, ol ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň, Ylymlar akademiýasynyň hem-de Lebap welaýat häkimliginiň bilelikdäki tagallalary esasynda guraldy.

Halkara maslahat — tejribe mekdebi

Türkmenabat şäherinde «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi biz ― geljekki taryhçylar üçin diýseň ähmiýetli boldy. Dünýä döwletlerinden ozal işleri bilen tanşyp, kitaplaryny okap ýören alymlarymyzyň gelmekleri, olaryň halkara maslahatda çykyş etmekleri bolsa biziň üçin bahasyna ýetip bolmajak tejribe mekdebine öwrüldi. Biz halkara maslahatyň mejlislerine uly höwes bilen gatnaşdyk. Edilen çykyşlaryň ählisini bir umumylyk ― Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky esasy merkezleriň biri bolan gadymy Amul galasyny has çuňňur öwrenmegiň häzirkizaman ylmynyň esasy borçlarynyň biridigi barada pikir baglanyşdyrýar. Bu wezipe bolsa, ilkinji nobatda, ýaş taryhçylaryň egnine düşýär.

Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna

Şanly sene — şahyryň şanly senesinde! Aýhan Hajyýew 1924-nji ýylda Aşgabadyň etegindäki Bagyr obasynda dünýä inýär. Çeperçilik tehnikumynyň ýanyndaky mekdep-internatda okaýar. Ol 13 ýaşyndaka, «Pagta meýdanyndaky dynç alyş» atly suraty Çaga suratkeşleriniň bütinsoýuz bäsleşiginde ikinji orna mynasyp bolýar.

«Türki dünýäsiniň medeni paýtagty»

— Pikirler, düşünjeler, garaýyşlar, taryhy we ylmy maglumatlar biri‑biriniň üstüni ýetirip, biziň bereketli we derejeli döwletde, bagtyýar we beýik döwürde, topragy mukaddes Watanda ýaşaýandygymyzy ýene bir ýola tassyklaýar. — Taryha akyl ýetirmek bilen duýgy birleşende, watançylygyň nesillere nusgasy döreýär.

Arşda laçyna deň, ýerde — jerene

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Çyn bedewler meýdanynda bellidir» diýip, waspyny ýetiren ahalteke bedewleri bu günki günde aýlawlary baglaýar. Halkymyz: «Gapyňda at dursa, toý küýsärmiş» diýýändir. Bedew barada gürrüň gozgalanda uzaklardan «Meniň dostum Meleguş» atly kinofilmiň sazy eşidilýän ýaly bolýar. Şonda şol owaza goşulyp, «Meleguşum, Meleguş, // Ýetdirme sen ýele guş» diýip, aýdyma hiňleneniňi duýman galarsyň. Üstünden ençeme ýyllar geçse-de, bu film köpimize tanyşdyr. Çünki bu kino eserinde türkmen bedewiniň gaýduwsyzlygy, duýgurlygy, wepalylygy, ýyndamlygy örboýuna galýar. Ýörände seýkin basýan, gyz gylykly, çapanda ýel bilen bäsleşip, ýerläp uçýan bedewler hakynda dörän «Aty baryň ganaty bar», «At rysgaly alnynda», «At agynan ýerde toý bolar» ýaly birnäçe nakyllaryň hem halkymyzyň owal-ahyr bedewler bilen ykbalyny baglandygyna güwä geçýär. Şonuň üçin hem bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen bedewlerimiziň at-owazasy älem-jahana ýaýylýar.

Halkyň hemişelik hemrasy

Müňýyllyklaryň dowamynda kämil derejä ýetirilen türkmeniň behişdi bedewlerini ýetişdirmek sungaty täze taryhy döwrümizde üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalary munuň şeýledigini aýdyň subut edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşleri bedew badyna deňelýär. Biziň ýurdumyzda halkymyz bilen bedewiň dostlugy asyrdan-asyra, nesilden-nesle baky dowamata öwrüldi. Türkmen halkynyň döreden: «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen parasatly jümlesi hem bedew ata nähili uly hormat goýulýandygyny äşgär edýär. Nusgawy edebiýatymyzda bedewiň üsti Süleýmanyň tagtyna deňelýär. Bedew atyň şanyna döredilen aýdymlar kalbymyzda, hakydamyzda baky ýaşaýar, ýüregimizi hemişe joşduryp durýar. Munuň özi türkmen halkynyň taryhyň dowamynda ahalteke bedewlerine aýratyn hormat bilen garandygynyň güwäsidir. «At — myrat» diýen paýhasly sözi döreden halkymyz nurana arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglapdyr.

Kalplara dolan bedewim

«Obamyzyň hormatly ýaşulusy Çary agalaryň gapysynda şatlyk-şagalaň bilen tutulýan gelin toýunyň atgulak asyljak güni bedew atlaryň çapyşygy boljakdyr» diýen habar ýyldyrym çaltlygynda oba ýaýrady. Bu habary eşiden atam howludan girişine: — Hany, Nurýagdy nirede? Dordepeli toýa taýýarlamaly ahyr — diýip, athana ýöneldi. Barşyna-da bedewiniň ýallaryndan sypap, misli ynsan bilen gürleşýän ýaly:

Ar­kaç­da­ky ga­dy­my oba-şäherler

Seýil edeliň, bu jahana,Jahanda näler görüner.Isgender, Jemşit saldyranBeýik binalar görüner.                                             Magtymguly Pyragy,                                                «Näler görüner»

Seljuk beg

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). XI asyryň II ýarymynda «Oguz ýurdy» ady, esasan, Syrderýa jülgesi babatynda ulanylypdyr. W.W.Grigorýew, W.W.Bartold, A.Ý.Ýakubowskiý, A.A.Roslýakow Seljuk döwletiniň esaslandyrylmagyna çenli oguzlaryň Syrderýanyň aşak we orta akymlarynda, Hazarýaka we Aralýaka etraplarynda, Wolgaýaka etraplaryna çenli aralykda ýerleşendigini ýazýarlar. S.G.Agajanow taryhy-geografiki edebiýatlaryň köpüsinde Seljuk döwletiniň döremegine çenli oguzlaryň ýerleşen ýerleriniň nätakyk düşündirilýändigini belleýär. Alym irki seljuk toparlanyşygynyň Syrderýanyň orta akymlarynda we Syrderýanyň golaýyndaky Garadagyň eteginde mesgen tutan oguzlar we türkmenlerden ybaratdygy barada netijä gelýär.

Şöhratly geçmişimiz öwrenilýär

Türkmen topragynda saklanyp galan arheologiýa we binagärlik ýadygärlikleriniň döwürdeşlerimize we nesillerimize şöhratly taryhymyz barada gürrüň bermekde ähmiýeti uludyr. Şol ýadygärlikleriň köpüsi gadymy söwda ýollarynyň ugrunda gaýnap joşan durmuşyň şaýady bolupdyr. Hakykatdan hem, çäk taýdan amatly ýerleşýän türkmen topragy Gündogar bilen Günbatar dünýäsiniň arasynda esasy köprä öwrüldi. Biziň çägimizden Aziýa we Ýewropa medeniýetleriniň arasynda möhüm aragatnaşyk ulgamlary geçipdir. Olaryň ählisi onlarça taryhy şäherler, ýüzlerçe desgalar we müňlerçe gymmatlyklar görnüşinde öçmejek yz galdyrypdyr.

Şöhratly taryhyň tarypy

«7/24. tm» №17 (204), 22.04.2024 Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we da­na şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň ulu­dan toý­lan­ýan ýy­lyn­da 2024-nji ýy­lyň 20-nji few­ra­lyn­da An­ka­ra şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ) Baş sek­re­ta­ria­tyn­da 2024-nji ýyl­da Änew şä­he­ri­niň «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» di­ýip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li Änew şä­he­rin­de baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry, dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry, sun­gat us­sat­la­ry­nyň sy­ýa­hat­la­ry­dyr ge­ze­lenç­le­ri yzy­gi­der­li gur­nal­ýar.

Şöhratly geçmişe buýsanç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly ajaýyp kitaby halkymyza sowgat bermegi göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Täze kitaby okap, şöhratly taryhymyza bolan buýsanjymyz has-da artdy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmakda başyny başlan işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam edýändiginiň güwäsi boldy. Hormatly Prezidentimiziň “Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabyny peşgeş etmegi halkymyzy örän guwandyrdy. Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, gadymdan gelýän milli medeniýeti her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgularyny döredýär. Änewiň şöhratly taryhy onuň bereketli topragy, gadymy medeniýet ojagy bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Biz hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitabyny okap, bu topraga togap edýäris, ekerançylyk medeniýetine çuňňur gyzyklanma bilen garaýarys. Esasan hem, bu gymmatlyklary öwrenmekde dünýä alymlarynyň alyp baran işleri bilen tanyşmak aýratyn gyzyklanma döredýär. Çünki olar gadymy topragyň taryhyny, döreden medeniýetini ylmy esasda öwrenmek bilen, uly işleri alyp bar

Merw we Beýik Ýüpek ýoly

Halklaryň arasyndaky ykdysady, söwda, medeni gatnaşyklaryň ösmeginde Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetiniň uly bolandygyny taryhy, ylmy çeşmeler tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyz Beýik Ýüpek ýolunyň dünýä ýurtlarynyň ykdysady, söwda, medeni gatnaşyklaryny ösdürmekdäki hyzmatyna şeýle baha berýär: «Özara gatnaşyklaryň medeniýeti, medeniýetleriň özara gatnaşygy, ine, Beýik Ýüpek ýolunyň köpasyrlyk tejribesi şonda jemlenendir, ata-babalarymyzyň pähim-paýhasynyň sütüni, daýanç kökleri hem şondadyr». Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ýurtlarynda täze-täze medeniýetler döräp, şol halkyň ýaşaýyş medeniýetine pugta ornaşypdyr. Şeýle medeniýet, döwrüň geçmegi bilen, milletiň maddy we ruhy gymmatlygyna öwrülipdir.