''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Sport

Türkmenistanyň çempionaty geçirildi Türkmenistanyň maýyplarynyň merkezi bedenterbiýe-sport klubunyň guramagynda Aşgabat şäherinde daýanç-hereket synasy şikesli türgenleriň arasynda küşt we şaşka boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Onda welaýat maýyplar bedenterbiýe-sport klubunyň agzalary, welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň okuwçylary Daniýarbek Umidow 16 ýaşa çenli türgenleriň arasynda, heniz 15 ýaşyndadygyna garamazdan, Saparmuhammet Akmyradow bolsa uly ýaşly türgenleriň arasynda Türkmenistanyň çempiony boldular. Ýeňiş gazanan türgenler Hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglanyldy.

Sagdyn nesil — bagtyýar geljek

Bäherden etrabyndaky 28-nji orta mekdepde 14-15 ýaşly okuwçy ýaşlaryň arasynda «Sagdyn nesil — bagtyýar geljek» ady bilen milli mergenlik oýny boýunça ýaryş geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan ýaryşy «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi bilelikde gurady. Etrapdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylaryndan düzülen toparlaryň işjeň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşyň esasy maksady türkmen milli oýunlarynyň terbiýeçilik ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmekden, ýaş nesliň sagdyn, ruhubelent bolup ýetişmegini gazanmakdan ybarat boldy. Ýaryş okuwçy ýaşlara mergenlikde ukyp-başarnygyny görkezmäge şert döretdi.

Geljekki çempionlar taýýarlanýar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň guwandyryjy görkezijilere beslenmegini gazanmak her bir ugurda zähmet çekýän ildeşlerimiziň baş maksady bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, Gökdepe etrabynyň sport mekdebiniň tälimçi-mugallymlary hem şanly ýylda tutanýerli zähmet çekýärler. Olar özleri üçin döredilen giň we amatly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, sport mekdebine gatnaýan ýaşlaryň döwrebap derejede türgenleşmegi, sportda taplanmagy hem-de ýokary sepgitleri eýelemegi ugrunda yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gurlan Gökdepe etrabynyň sport mekdebi bu gün sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän ruhubelent ýaşlarymyzyň söýgüli ýerine öwrüldi. Mekdebimizde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan tassyklanan ýyllyk iş meýilnamasy esasynda häzirki günlerde degişli işler alnyp barylýar. Ýaş türgenleriň arasynda dürli sport ýaryşlary, wagyz-nesihat, düşündiriş çäreleri hem geçirilýär we olaryň netijeliligi gazanylýar.

Woleýbol ýaryşy

Sarahs etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň sport zalynda «Sagdyn nesil — bagtyýar geljek» ady bilen woleýbol ýaryşy geçirildi. Oňa etrapdaky orta mekdepleriň 14-15 ýaşly okuwçy gyzlaryndan düzülen toparlar gatnaşdy. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçen ýaryş mekdep okuwçylaryna woleýbol sporty boýunça ussatlygyny görkezmäge mümkinçilik berdi. Gyzykly duşuşyklary bilen alamatlanan ýaryşyň netijesinde etrapdaky 23-nji orta mekdebiň topary üstün çykdy. Ýaryşda ikinji orny 27-nji, üçünji orny bolsa, 3-nji orta mekdebiň okuwçy gyzlary eýelediler.

Sport

Pauerliftingçileriň üstünligi Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan sport syýasatynyň maksady ýurdumyzda sporty ösdürmek bilen, halkyň saglygyny goramakdan, berkitmekden hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Aýratynam, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklarynyň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy bu babatda uly üstünlige şaýatlyk edýär.

Welaýatyň birinjiligi geçirildi

Şu gün 14 we 18 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda sportuň 64 öýjükli şaşka görnüşi boýunça welaýatymyzyň birinjiligi tamamlandy. Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdepde geçirilen ýaryşa welaýat merkezinden, şeýle-de Köýtendag, Hojambaz, Dänew etraplaryndan, Darganata etrabynyň Gazojak şäherinden ýaş türgenleriň uly topary gatnaşdy. Ýiti bäsdeşlik ýagdaýynda geçen duşuşyklarda bu oýnuň inçe syrlaryny has gowy ele alan türgenler öňe saýlandylar. Has takygy, 14 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Köýtendag etrabyndan Tahyr Taştemirow ýeňiji boldy. Bu ýaş derejesinde gyzlaryň arasynda birinji orny hem şol etrapdan Aýbölek Narzullaýewa eýeledi. 18 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Türkmenabat şäherinden Atamurat Jumaýewe taý gelen tapylmady. Şu ýaş derejesinde gyzlaryň arasynda welaýat merkezinden Gülnara Jumaýewa özüniň ýeňşini toýlady. Ýaryşda Gazojak şäherinden, Dänew etrabyndan gelen ýaş türgenleriň çykyşlaryny-da şowly hasaplamak bolar. Olara hem öňdäki orunlary eýelemek başartdy. Guramaçylykly geçen bäsleşik welaýatymyzda sportuň bu görnüşinde ussatlyga dalaş edýän ýaş türgenleriň az däldigini görkezdi. Ýaryşyň ýeňijilerine ony guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Gyzykly geçen ýaryş

Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki 7-nji sport mekdebinde okuwçylaryň arasynda guralan kiçi futbol boýunça ýaryş gyzykly hem-de çekeleşikli ýagdaýda geçdi. «Ýaşlyk» toparynyň birinji orny eýelemegi bilen jemlenen bäsleşikde ikinji orna «Balkan» topary mynasyp boldy. Üçünji orny «Bagtyýarlyk» topary eýeledi. Ýaryşda öňdäki orunlary eýelän toparlara sport mekdebiniň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Sport

Pälwanlaryň ýeňşi Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Türgenlerimiziň dürli ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri ýurt Baştutanymyzyň sport syýasatynyň rowaçlanýandygynyň subutnamasydyr.

Arzuwym — çempion bolmak

Stoluň üstünde oýnalýan tennis hakynda men ilkibaşda eşitmedik hem bolsam, häzir bu meniň özüme hemişelik hemra edinen sportum. Adatça, futbol dünýäde meşhurlygy boýunça öňdäki orunda durýar. Şonuň üçinem men ilki futbola imrigipdim. Sebäbi kakamyň, uly oglanlaryň üýşüp, aýratyn gyzyklanma bilen şu oýna tomaşa edýändiklerini kän görüpdim. Halkara derejesinde geçirilýän futbol çempionatlaryndan, onuň netijelerinden hemmeler hem habarly bolýar. Meşhur futbolçylar bolsa kiçijek oglanlaryň söýgüli gahrymanlaryna öwrülýär. Meniň stol tennisi bilen meşgullanyp başlamagyma mekdebimizde geçirilen sport ýaryşlary sebäp boldy. Şeýdibem, bedenterbiýe mugallymymyň ýardam bermegi bilen etrabymyzdaky sport mekdebine gatnap başladym. Bu ýerde bize tejribeli tälimçiler ýolbaşçylyk edýär. Olar bize stol tennisiniň inçe syrlaryny öwredýärler, yzygiderli türgenleşik sapaklaryny geçýärler.

Türkmenistan — Sport ýurdy

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň tür­gen­le­ri dost­luk­ly Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Iwa­no­wo şä­he­rin­de ge­çi­ri­len spor­tuň Fu­do­kan ka­ra­te gör­nü­şi bo­ýun­ça Dün­ýä­niň açyk Ku­bo­gy­na gat­na­şyp, baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­du­lar.

Ýaş­lar hak­da ala­da

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Hal­ky­myz ru­hy we be­den taý­dan sag­dyn nes­li ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­me­giň aja­ýyp ýol-ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­ti­rip­dir. Bu nus­ga­lyk ýol-ýö­rel­ge Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýaş­la­ry­myz üçin aja­ýyp mek­dep bo­lup hyz­mat ed­ýär. Hil we maz­mun taý­dan baý­laş­ýar.

Sport baý­ram­çy­ly­gy­na taý­ýar­lyk gö­rül­ýär

Küşt bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­ty

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti Türk­me­nis­ta­nyň Küşt fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de guramagynda Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň Ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bin­de küşt bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­ty­nyň Ýo­ka­ry li­ga­sy ge­çi­ril­di.

Sport — sag­dyn­ly­gyň, gö­zel­li­giň çeş­me­si

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Güýç-gaý­ra­tyň, gö­zel­li­giň, sag­ly­gyň göz­ba­şy ha­sap­lan­ýan ne­ti­je­li spor­tuň hem-de köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da­ky, ber­kit­mek­dä­ki mö­hüm or­nu­ny hiç zat bi­len çal­şyp bol­maz. Mu­nuň özi tu­tuş dün­ýä­de yk­rar edi­len mi­ze­mez ha­ky­kat­dyr. Şun­dan ugur al­nyp, ýur­du­my­zyň her bir ra­ýa­ty­nyň, aý­ra­tyn-da, ýaş ne­sil­le­riň spor­ta bo­lan hö­we­si­ni art­dyr­mak­da, ola­ryň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne berk eýer­me­gi­ni ga­zan­mak­da äh­li çä­re­ler gö­rül­ýär. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry ar­ka­ly in­di ber­ka­rar ýur­du­myz­da her ýyl­da ge­çi­ril­me­gi asyl­ly ýö­rel­gä öw­rü­len «Türk­me­nis­tan — sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy» at­ly spar­ta­kia­da hem şu­nuň ýa­ly wa­jyp äh­mi­ýet­li sport çä­re­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu spar­ta­kia­da­nyň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri onuň spor­ta hö­wes­li köp­san­ly ra­ýat­la­ry bir ýe­re jem­le­mä­ge, ola­ryň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri ba­ba

«Gel­je­giň oýun­la­ry»: iç­ki fa­kul­te­ta­ra ýa­ryş­lar

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sport sy­ýa­sa­ty esa­syn­da ýur­du­myz­da spor­tuň iň hä­zir­ki za­man gör­nüş­le­ri üs­tün­lik­li ösdürilýär. Fi­ji­tal sport ýaş­la­ry­my­zyň dur­mu­şy­na bar­ha giň­den or­na­şyp bar­ýan şeý­le za­ma­na­bap sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir.

Türkiýeden bürünç medal bilen

Türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleriniň üstüni erkin göreş boýunça 16 ýaşly pälwan Alp Arslan Begenjow ýetirdi. Ol ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen halkara ýaryşda bürünç medalyň eýesi boldy. «Çempionlaryň ýaryşy» diýlip atlandyrylan sport baýramçylygyna Ýer ýüzünden 350-den gowrak türgen gatnaşdy. Adyndan hem belli bolşy ýaly, ýaryş erkin göreşiň iň ezber wekillerini özünde jemledi.

Hal­ka­ra ýa­ryş­yň me­dal­y

Türk­men päl­wa­ny Alp Ars­lan Be­gen­jow Tür­ki­ýä­niň An­tal­ýa şä­he­rin­de ta­mam­la­nan er­kin gö­reş bo­ýun­ça Çem­pi­on­la­ryň ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ry­şyn­da 74 ki­log­ram ag­ram de­re­je­sin­de bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. Bäs­le­şi­ge 350 tö­we­re­gi tür­gen gat­naş­dy. 16 ýaş­ly il­de­şi­mi­ziň çy­kyş eden ag­ram de­re­je­sin­de al­tyn me­da­ly eý­ran­ly päl­wan Ali Ab­bas Re­za Eýa­guz­ge­leh, kü­müş me­da­ly tür­ki­ýe­li Me­te­han Ýap­rak eýe­le­di.

Futbol täzelikleri

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda paýtagtymyzda «AFC Women’s day 2024» futbol festiwaly geçirildi. Aşgabatda guralan futbol festiwalynyň esasy maksady ýurdumyzda zenan futbolyny ösdürmekden hem-de ýaşajyk gyzjagazlary futbol bilen meşgullanmaga höweslendirmekden ybarat boldy.

Ta­lyp bäs­le­şik­le­ri

Ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp gyz­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da XIII Uni­wer­sia­da­nyň çäk­le­rin­de 3x3 bas­ket­bol bo­ýun­ça bäs­le­şik ge­çi­ril­di. «Türk­me­nis­tan – ru­hu­be­lent­li­giň we sag­dyn­ly­gyň ýur­dy» ady bi­len ge­çi­ri­len bäs­le­şik­de ne­ti­je­li oýun gör­ke­zen Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň to­pa­ry 1-nji or­na my­na­syp bol­dy. Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp gyz­la­ry çy­ky­şyny 2-nji orun bi­len ta­mam­la­nan bol­sa, Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň to­pa­ry (Gül­şat Pi­ri­ýe­wa, Mäh­ri­ban Mu­ra­do­wa, Bag­ty­gül Ama­no­wa, Gül­şi­rin Nu­ry­ýe­wa) 3-nji or­ny eýe­le­di.

Ýaş­lar spor­ty saý­la­ýar