Sport — saglygyň sakasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sporty dünýä derejesine çykýar. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmak ugrunda döwlet ähmiýetli anyk maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Sport arkaly dost-doganlygy berkitmek, parahatçylygy söýüjilik we özara düşünişmek ýörelgelerini pugtalandyrmak, hoşniýetli halkara gatnaşyklaryny täze tapgyra çykarmak hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işler, türgenlerimiziň gazanýan halkara üstünlikleri sanardan juda köp. Bu sözleriň aýdyň subutnamasy hökmünde Ýer ýüzüniň iri sport ýaryşlarynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýän ýaş türkmen türgenleriniň ençemesiniň gazanan üstünliklerini agzamak bolar. Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, häzir dünýäde sport — halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüm bölegi, ussatlygy bilen Olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryny tassyklaýan türgenler bolsa parahatçylygyň ilçileri hasaplanylýar. Hut şoňa görä-de halkara derejeli ökde türkmen türgenlerini, ussat tälimçileri we beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýylla