''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty Türkmenistanyň sport abraýyny ýene bir gez belende galdyrdy

Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynda 4 yklymyň 45 ýurdundan 181 türgen erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 8 agram derejesinde medallaryň 15 toplumy ugrunda göreş alyp bardylar. Guwandyryjy tarapy, şol 15 agramyň ählisinde hem türkmen türgenleri hormat münberinden orun almagy başardylar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndysy 15 medal bilen gazanylan medallaryň sany boýunça birinji, ýygyndylaryň arasyndaky umumy bäsleşikde bolsa kuraşyň watany Özbegistandan soňra ikinji orny eýeledi. Has takygy, türkmenistanly pälwanlar 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldular. Olaryň hatarynda Daýanç Omirow, Wepa Awlýakulyýew, Sabina Kadyrowa, Dinara Rozykulowa, Mariýa Lohowa ýaly pälwanlarymyz dünýä çempiony bolmagy başardylar. Jahan Mämmedowa, Sabina Agajanowa, Şatlyk Jumanyýazow, Aýşirin Haýdarowa, Aýnur Amanowa, Sanjar Abdyrahmanow ýaly kuraşçylarymyz bolsa hormat münberiniň ikinji basgançagyndan ýer aldylar. Gülşat Annaýewa, Sapa Sapaýew, Ruslan Esgerow, Döwlet Hemrakulyýew dagy bolsa, bürünç medal bilen sylaglandylar. Şunlukda türkmen ýygyndysy kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň oňat netijesini görkezdi. Munuň özi bolsa ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýokary derejeli sport bilen meşgullanmaga ähli şertleriň dö

Türk­men spor­ty da­ba­ra­lan­ýar

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 28-nji no­ýabr­da gö­zel paý­tag­ty­myz­da ýer­leş­ýän Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da Ku­raş bo­ýun­ça XIV Dün­ýä çem­pio­na­ty mil­li spor­tu­my­zyň ab­raý­ly ýeň­şi bi­len ta­mam­lan­dy. On­da ýur­du­my­zyň päl­wan­la­ry­nyň üs­tün­lik­li çy­kyş edip, baý­rak­ly orun­la­ryň en­çe­me­si­ne my­na­syp bol­ma­gy ýur­du­my­zyň sport äle­min­dä­ki ab­ra­ýy­nyň bar­ha ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny bü­tin dün­ýä aýan et­di.

Dün­ýä­de gyz­gyn ses­len­me dö­re­den sport wakasy

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 2023-nji ýy­lyň 29-njy no­ýab­ryn­da paý­tag­ty­myz­da­ky «Sport» myh­man­ha­na­sy­nyň mej­lis­ler za­lyn­da 28-nji no­ýabr­da ta­mam­la­nan Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nan me­dia­fo­rum ge­çi­ril­di. Çä­rä Hal­ka­ra ku­raş as­so­sia­si­ýa­sy­nyň (IKA), gö­re­şiň bu gör­nü­şi bo­ýun­ça Af­ri­ka bi­le­le­şi­gi­niň (AKU) we Ýew­ro­pa kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň (EKC), Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, Mil­li Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­niň, Ku­raş fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň, Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň ýol­baş­çy­la­ry, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Altyn medal ― altyn şatlyk

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 23 — 28-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ku­raş boyun­ça mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň 14-nji dün­ýä çem­pio­na­tyn­da­ky il­kin­ji al­tyn me­da­ly­na Le­bap we­laya­ty­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky baş mü­dir­li­gi­niň Dä­new et­ra­byn­da­ky 1-nji sport mek­de­bi­niň tä­lim­çi-tür­ge­ni Ma­ri­ýa Lo­ho­wa my­na­syp bol­dy. Biz oýun­la­ryň ara­syn­da pur­sat ta­pyp, Ma­ri­ýa bi­len söh­bet­deş bol­duk.

Buý­san­jy­myň çä­gi ýok

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Paý­tag­ty­myz­da uly üs­tün­lik­le­re bes­le­nip ta­mam­la­nan Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­tyn­da mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň ag­za­la­ry, di­ňe Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­syn­dan ge­len bäs­deş­le­ri­ni öňe ge­çi­rip, je­mi 15 ag­ram de­re­je­si­niň her bi­ri bo­ýun­ça me­dal­ly orun­la­ry: 5 al­tyn me­da­ly, 6 kü­müş me­da­ly we 4 bü­rünç me­da­ly eýe­le­di­ler. Biz mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň iň ýaş päl­wa­ny, 2006-njy ýyl­da dog­lan, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Türk­me­na­bat şä­he­ri­dä­ki 29-njy or­ta mek­de­biň 11-nji synp okuw­çy­sy, 78 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de al­tyn me­da­lyň eýe­si Sa­bi­na Ka­dy­ro­wa bi­len söh­bet­deş bol­duk.

Gel­jek­ki üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­dy

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da ge­çi­ri­len Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty mil­li ku­raş spor­tu­my­za be­lent ab­raý­ly de­re­je­le­ri ba­gyş eden mö­hüm sport baý­ram­çy­ly­gy hök­mün­de ta­ry­ha gir­di. Biz Çem­pio­na­tyň Ýa­py­lyş da­ba­ra­syn­da il­de­şi­miz, al­tyn me­da­lyň eýe­si We­pa Awl­ýa­ku­ly­ýew bi­len ga­bat­la­şyp gys­ga­ça gür­rüň­deş bol­duk. Us­sat tür­gen bi­ze şeý­le gür­rüň ber­di:

Unu­dyl­ma­jak pur­sat­lar

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Paý­tag­ty­myz­da ge­çen Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­tyn­da mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň ag­za­la­ryn­dan bä­şi­si öz ga­ram de­re­je­le­ri bo­ýun­ça al­tyn me­dal­la­ra my­na­syp bol­du­lar. Sy­lag­la­nyş da­ba­ra­syn­da biz bu us­sat tür­gen­le­ri­miz­den Da­ýanç Ömi­row bi­len gys­ga söh­bet­deş­li­gu gu­ra­ma­ga müm­kin­çi­lik al­dyk.

Ýe­ňiş­le­ri­miz — Wa­ta­ny­my­zyň şa­ny­na!

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň tür­gen­le­ri sy­lag­la­mak da­ba­ra­syn­da mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň ag­za­sy, Çem­pio­na­tyň al­tyn me­da­ly­nyň eýe­si Di­na­ra Ro­zy­ku­lo­wa bi­len gür­rüň­deş bol­duk:

Meý­le­tin­çi­ler hal­ka­ra ýa­ry­şyn­da

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Paý­tag­ty­myz­da 23 — 28-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de gu­ral­ma­gy üçin ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp ýaş­la­ryn­dan saý­la­nyp al­nan meý­le­tin­çi­ler öz iş­le­ri­ni ýo­ka­ry de­re­je­de alyp bar­dy­lar.

«De­ňiz­çi» — Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­ny

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Türk­me­nis­ta­nyň Naý­ba­şy fut­zal li­ga­syn­da möw­süm ta­mam­lan­dy. Onuň ne­ti­je­sin­de soň­ky, ýag­ny 21-nji tap­gyr­da «Mig­ra­si­ýa» to­pa­ryn­dan 5:2 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kan «De­ňiz­çi» çem­pio­na­tyň al­tyn me­da­ly­na eýe bol­dy. «Kö­pet­dag» çem­pio­na­ty ikin­ji orun­da ta­mam­la­dy. Soň­ky tap­gyr­da «Tu­ran­dan» 3:1 ha­sa­byn­da ut­la­nam bol­sa, «Güm­rük­çi» to­pa­ry çem­pio­na­tyň bü­rünç me­da­ly­ny ga­zan­dy.

Adaty karate boýunça türkmen türgenleri dünýä çempionatynyň 15 medalyna eýe boldy

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Türkmen türgenleri Serbiýanyň paýtagty Belgradda geçirilen fudokan adaty karate boýunça dünýä çempionatynda hem-de kadetleriň arasyndaky Dünýä kubogynda çykyş etdiler. 23 — 27-nji noýabrda geçirilen ýaryş türkmen karateçilerine uly üstünlikleri getirdi. Ildeşlerimiz 15 medala eýe boldular. Şolaryň 7-si altyn, 2-si kümüş, 6-sy bolsa bürünç medallardyr.

Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty: ­habarlar, wakalar, pursatlar

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 «Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň gol­lan­ma­sy» at­ly ki­tap­ça taý­ýar­la­nyl­dy

Hasyl bolan arzuw

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty milli sportumyzyň ajaýyp ýeňşi bilen tamamlandy. Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Günorta we Demirgazyk Amerikanyň sport wekillerini bir ýere jemlän ýaryş şatlyk-şowhuna beslendi. Ýurdumyzyň toparyna ilkinji altyn medaly Dinara Rozykulowa (63 kilograma çenli agram derejesinde) getirdi. Ol çärýek finalda hindistanly Snehal Rameş Kawareden, ýarym finalda eýranly Tahera Azarpeýwanddan, finalda bolsa Hytaý Taýpeýinden gelen Wan Tin Liden üstün çykdy. Bu agramda Wan Tin Li kümüş medala, eýranly Tahera Azarpeýwand we Halkara kuraş assosiasiýasynyň baýdagy astynda çykyş eden russiýaly Wladlena Gusewa bürünç medala mynasyp boldular. – Ýaryşa ýokary derejede taýýarlandyk. Bize munuň üçin uly mümkinçiliker, şertler döredildi. Esasy bellemeli zat bolsa, biz Arkadag şäherinde hem ýokary derejeli taýýarlyk geçdik. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen eziz Diýarymyz sportuň güýçli depginde ösdürilýän ýurduna öwrüldi – diýip, Dinara ýürek buýsanjyny paýlaşdy.

Dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum

29-njy noýabrda Aşgabatdaky «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi. Çärä Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA), göreşiň bu görnüşi boýunça Afrika bileleşiginiň (AKU) we Ýewropa konfederasiýasynyň (EKC), Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Kuraş federasiýasynyň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mediaforumda çykyş eden Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýder Farman ýygnananlary dünýä çempionatynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, çempionatda 4 yklymyň 45 ýurdundan 181 türgen 15 medal toplumy ugrunda bäsleşdi. IKA-nyň kongresine bolsa Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan, şeýle hem Günorta we Demirgazyk Amerikadan 53 ýurduň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Meýletinçileriň ýardamy

23 – 28-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty uly üstünliklere beslendi. Bu ýaryşda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 300-e golaýy meýletinçiler hökmünde gatnaşdy. Ýaryşa taýýarlyk döwründe meýletinçiler bilen degişli okuwlar geçirilip, olaryň her biriniň etmeli işleri kesgitlenildi. Guramaçylygyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, meýletinçileri taýýarlamakda hem halkara tejribesinden ugur alyndy.

Halkara ýaryşyň kümüş medaly

Halkara ussatlyga ýeten türkmen küştçüsi Saparmyrat Atabaýew Hytaýyň Sinhuandao şäherinde geçen «Ýol we guşak» atly üçünji açyk halkara ýaryşda kümüş medala mynasyp boldy. Ýaryşa birnäçe ýurtdan 27 küştçi gatnaşdy. Olaryň 8-si grossmeýster, 6-sy halkara ussat we 2-si FIDE-niň ussadydyr. Saparmyrat Atabaýew öz döwleriniň dördüsini ýeňiş bilen jemläp, mümkin bolan 9 utukdan 6,5 utuk toplady. Ildeşimiz ýaryşyň ikinji tapgyrynda şu abraýly bäsleşikde ýeňiş gazanan hytaýly küştçi Huang Renjini ýeňlişe sezewar etdi. Ýeri gelende bellesek, ýerli türgen Saparmyratdan asgyn geleninden soň grossmeýsterleri yzly-yzyna ýeňdi we 7 utuk toplady.

Ring güýçlüleri saýlady

Golaýda Belarus Respublikasynyň Minsk şäheriniň Sport köşgünde Wiktor Liwensewiň ýadygärligine bagyşlanan boks boýunça XX halkara ýaryşy geçirildi. Ýaryşa Türkmenistandan, Belarusdan, Russiýadan, Täjigistandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Gazagystandan, Hytaýdan hem-de Kongodan güýçli türgenler gatnaşdylar. Türkmen türgenleri bu ýaryşda 5 medal — 1 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç medal gazandylar. 71 kilogram agram derejesinde Baýram Nurmuhammedow altyn medala eýe boldy we ýaryşyň iň gowy türgeni diýlip yglan edildi. Saparmyrat Ödäýew (63,5 kg) hem-de Nurýagdy Nurýagdyýew (80 kg) kümüş medallara mynasyp boldular. Guwanç Ahmedow (57 kg) bilen Muhammet Babaýew (75 kg) hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagyň hötdesinden geldiler.  Ýeňijileri ýaryşa Tenilbek Jumakulow hem-de Ýazmuhammet Pazzyýew dagy taýýarlady.

Futbol täzelikleri

Ýakynda ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň jemleýji, 21-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Netijede, «Migrasiýadan» 5:2 hasabynda üstün çykan «Deňizçi» topary çempionlyk derejesini gazandy. Çempionatyň dowamynda 51 utuk toplan «Köpetdag» topary ýaryş tertibini ikinji orunda jemledi. «Gümrükçi» «Turandan» 3:1 hasabynda utulandygyna garamazdan, çempionaty üçünji orunda tamamlady. «Senagatbank» topary TNGIZT-den 5:4 hasabynda üstün çykdy.

Mergenlik mekdebi

Gyrgyz Respublikasynda ýaý atmak boýunça «Grand prix Bishkek» atly halkara ýaryş tamamlandy. Bu ýaryşa birnäçe ýurtdan türgenleriň onlarçasy gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşyň 12 medalyna eýe boldy. Şolaryň 6-sy altyn, 3-si kümüş we 3-si bürünç medallardyr.

Türkmen karateçileriniň üstünlikleri

Türkmen türgenleri Serbiýanyň paýtagty Belgradda geçirilen fudokan adaty karate boýunça dünýä çempionatynda hem-de kadetleriň arasyndaky Dünýä kubogynda çykyş etdiler. 23 — 27-nji noýabrda geçirilen ýaryşa 43 ýurtdan iň güýçli karateçiler gatnaşdylar. Ildeşlerimiz 15 medala eýe boldular. Şolaryň 7-si altyn, 2-si kümüş, 6-sy bolsa bürünç medallardyr. Döwlet Berdiýewiň ýobaşçylygyndaky türkmen ýygyndysyna tejribeli hünärmenleriň ikisi — Diýar Hojaýew we Eýmur Mademinow tälimçilik etdi. Topar ýaryşyň öňüsyrasynda Belgradda geçen türgenleşikler bilen ykjam taýýarlygyny kepillendirdi.