''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Joşua üstün çykdy, Waýlder asgyn geldi

Boks bo­ýun­ça Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň paý­tag­ty Er-Ri­ýad­da ge­çi­ri­len boks ag­şa­myn­da agyr ag­ra­myň ägirt­le­ri rin­ge çyk­dy. Köp­le­riň sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­an tut­lu­şy­gyn­da ang­li­ýa­ly An­to­ni Jo­şua bi­len şwe­si­ýa­ly Ot­to Wa­lin du­şuş­dy. 5-nji ra­un­dyň 3-nji mi­nu­tyn­da gar­şy­da­şy­ny bur­ça ga­ban Jo­şua ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Bu onuň 30-njy tut­lu­şy­gyn­da­ky 27-nji ýeň­şi bol­dy. 34 ýaş­ly boks­çy 3 ge­ze­gem ýeň­lip­di. Şol boks ag­şa­myn­da Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň meş­hur boks­çu­sy Ýo­sef Par­ker bi­len ame­ri­ka­ly bel­li boks­çy De­on­teý Waýl­der du­şuş­dy. 12 raund­da ta­mam­la­nan tut­lu­şyk­da Par­ker güýç­li gar­şy­da­şy­ny ur­gu­la­ryň sa­ny bo­ýun­ça ýeň­me­gi ba­şar­dy. Bu onuň 37-nji du­şu­şyk­da­ky 34-nji ýeň­şi bol­dy. 38 ýa­şyn­da­ky tej­ri­be­li Waýl­der bol­sa 47-nji tut­lu­şy­gyn­da 3-nji sa­par gar­şy­daş­la­ryn­dan as­gyn gel­di.

Gyzykly futbol «Premier Ligada» dowam edýär

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 19-njy tap­gyr­da «Nýu­kasl» öz meý­dan­ça­syn­da «Not­tin­gam Fo­rest­den» 3-1 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Kris Wu­duň het-tri­gi bi­len ýeň­şi­ni baý­ram eden «Not­tin­gam Fo­rest» to­pa­ry «Nýu­kas­ly» 1988-nji ýyl­dan soň il­kin­ji sa­par ut­dy. «Ar­se­nal» bi­len öz meý­dan­ça­syn­da deň­me-deň oý­nan «Li­wer­pul» 19-njy tap­gyr­da «Börn­li­ni» Nun­ýes hem-de Žo­ta­nyň gol­la­ry esa­syn­da 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Tap­gy­ryň çe­ke­le­şik­li ge­çen oý­nun­da «As­ton Wil­la» myh­man­çy­lyk­da «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» bi­len du­şuş­dy. Bir­min­gem şä­he­ri­niň we­ki­li 1-nji ýa­rym­da Mak­ginn hem-de Den­don­ke­riň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da öňe saý­lan­sa-da, 2-nji ýa­rym­da ýer eýe­le­ri ýaş oýun­çy­la­ry­nyň gol­la­ry bi­len ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. 59-njy we 71-nji mi­nut­lar­da Gar­na­ço ta­pa­wut­la­nyp, ha­sa­by deň­le­se, Heý­lunn 82-nji mi­nut­da to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren oýun­çy bol­dy. Ras­mus Heý­lunn APL-dä­ki il­kin­ji go­lu­ny ge­çi­rip, ol bu ar­zu­wy­na 15 oýun­da ýet­me­gi ba­şar­dy. «Şef­fild Ýu­naý­ted» bi­len «Lu­ton Taw­nyň» ara­syn­d

Fa­tih Te­rim meş­hur grek to­pa­ry­na tälim berer

Gre­si­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy klub­la­ryn­dan «Pa­na­ti­nai­kos» to­pa­ry tür­ki­ýe­li meş­hur tä­lim­çi Fa­tih Te­ri­mi to­pa­ryň tä­lim­çi­li­gi­ne bel­le­di. Pi­reý şä­he­ri­niň klu­by 70 ýa­şyn­da­ky tej­ri­be­li hü­när­men bi­len 1,5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­la­şar. 4 dür­li dö­wür­de «Ga­la­ta­sa­ra­ýa» je­mi 13 ýyl tä­lim be­ren Te­rim 3-nji ge­zek baş­ga bir ýur­duň to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­si bo­lar. Te­rim 2000-nji ýyl­la­ryň baş­la­ryn­da Ita­li­ýa­nyň «Fio­ren­ti­na» hem-de «Mi­lan» klub­la­ry­na tä­lim be­rip­di. Ge­çen möw­süm pleý-off tap­gy­ryn­da çem­pi­on­ly­gy AEK to­pa­ry­na al­dy­ran «Pa­na­ti­nai­kos» hä­zir­ki wagt­da 15 oýun­da 34 utuk top­lap, 55 utuk­ly sa­na­wyň li­de­ri PA­OK-dan soň 2-nji ýer­de bar­ýar. Te­ri­miň grek klu­bun­da il­kin­ji sy­na­gy ýan­war aýy­nyň baş­la­ryn­da «PAS Ýa­ni­na» to­pa­ry­na gar­şy bo­lar. Şeý­le-de, ýan­war aýyn­da «Pa­na­ti­nai­kos» to­pa­ry tä­ze tä­lim­çi­si­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ku­bok ýa­ry­şyn­da kö­ne bäs­de­şi «Olim­pia­kos» bi­len du­şu­şar.

Luis Suares köne topardaşlarynyň klubuna goşuldy

Ar­gen­ti­na­ly su­per ýyl­dyz Lio­nel Mes­si­niň öň­ki to­par­daş­la­ryn­dan ýe­ne bi­ri «In­ter Ma­ýa­mi» to­pa­ry­na geç­di. Köp wagt­dan bä­ri gür­rü­ňi edil­ýän trans­fer ahy­ry ama­la aşyp, urug­waý­ly ýyl­dyz hü­jüm­çi Lu­is Sua­res MLS-niň «In­ter Ma­ýa­mi» to­pa­ry bi­len 1+1 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça «Na­sio­nal», «Gro­nin­gen», «Aýaks», «Li­wer­pul», «Bar­se­lo­na», «At­le­ti­ko Mad­rid», ýe­ne-de «Na­sio­nal» hem-de «Gre­mio» klub­la­ryn­da oý­nan Lu­is Sua­res ady ag­za­lan şu to­par­lar­da 800 du­şu­şyk­da 489 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy.

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da to­par­ça­la­ýyn tap­gy­ryň täsin ha­sa­bat­la­ry

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da to­par­ça­da­ky du­şu­şyk­lar ta­mam­la­nyp, 1/8 fi­na­la çy­kan klub­lar bel­li bol­dy. To­par­ça­lar­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­lar­da bir­nä­çe sta­tis­ti­ka­lar, tä­sin ha­sa­bat­lar, re­kord­lar, öz­bo­luş­ly mag­lu­mat­lar ha­sa­ba alyn­dy. 1 – Žoao Ma­rio UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da het-trik eden il­kin­ji ben­fi­ka­ly fut­bol­çy bol­dy.

«Mançester Siti» FIFA Klublararasy Dünýä Kubogynyň hem ýeňijisi

Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Jid­da şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 20-nji FI­FA Klub­la­ra­ra­sy Dün­ýä Ku­bo­gyn­da Ang­li­ýa­nyň «Man­çes­ter Si­ti» to­pa­ry çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. Şa Ab­dul­lah sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­len fi­nal­da pol­şa­ly Si­mon Mar­çi­ni­ak jür­le­wük çal­dy. Du­şu­şy­ga 52 müň­den gow­rak jan­kö­ýer to­ma­şa et­di. Fi­nal­da Bra­zi­li­ýa­nyň «Flu­mi­nen­se» to­pa­ry bi­len du­şu­şan «Man­çes­ter Si­ti» gar­şy­da­şy­ny 4–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Eý­ýäm 1-nji mi­nut dol­man­ka ha­sa­by açan «Man­çes­ter Si­ti» to­pa­ry­nyň gol­la­ry­ny Hu­li­an Al­wa­res (1, 88), Ni­no (27, ö.d.) hem-de Fil Fo­den (72) ge­çir­di. Şun­luk­da, «Man­çes­ter Si­ti» ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek bu ku­bo­gy eýe­läp, şä­her­li­ler FI­FA-nyň bu ýaryşynda çempionlyk ga­za­nan 4-nji iň­lis klu­by hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Umu­my­lyk­da 12-nji klub bo­lan «Man­çes­ter Si­ti­niň» tä­lim­çi­si Pep Gu­ar­dio­la 4-nji ge­zek bu ku­bo­gy eýe­le­di. Is­pa­ni­ýa­ly hü­när­men bu ku­bo­gy 3 dür­li klub («Bar­se­lo­na» – 2009, 2011, «Ba­wa­ri­ýa» 2013) bi­len alan il­kin­ji tä­lim­çi bol­dy. Pep Gu­ar­dio­la kar­ýe­ra­syn­da­ky

«Arkadag» futbol topary — Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi!

Arkadag şäheriniň adybir futbol topary ilkinji möwsüminde ikinji baýragyna mynasyp boldy. Ýakynda möwsüm tamamlanmanka, Türkmenistanyň çempionatynda beýleki garşydaşlaryndan arany has açyp, çempion bolan topar «Arkadag» stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahaly» 3:0 hasabynda utup, Türkmenistanyň Kubogynyň hem eýesi boldy. Final duşuşygy diýseň çekeleşikli boldy. Bassyr iki ýyl bäri AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşyp, tejribesini artdyran «Ahal» ilkinji minutlarda güýçli garşydaşyna mynasyp garşylyk görkezen hem bolsa, öz şäherinde, öz janköýerleriniň arasynda duşuşýan «Arkadag» topary derrew oýnuň gidişini eline aldy. Şeýlelikde, 29-njy minutda goragçy Abdy Bäşimow tapawutlanyp, finaldaky ilkinji goly öz adyna ýazdyrdy.

Eminler — adalatlylygyň goragçysy

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 IŞANGULY MERETNYÝAZOW: 

Tennisden söhbet açýan maglumatlar

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Tennis dünýäde sportuň iň meşhur görnüşlerinden biridir. Dörän senesi XIX asyryň ahyry hasaplanýar. Ozal bu oýun üçin asla raketkalar bolman, diňe eller ulanylýardy. Käbir alymlaryň pikiriçe, bu oýun Rimde, Gresiýada we Müsürde ýüze çykypdyr.

Olimpiýaçy türgenler

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň Spor­tuň Olim­pi­ýa gör­nüş­le­ri fa­kul­te­ti­niň tä­ze bi­na­lar top­lu­my 2020-nji ýy­lyň 1-nji sent­ýab­ryn­da, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da, da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lyp ula­nyl­ma­ga ber­lip­di. Şon­dan bä­ri ge­çen üç ýyl­dan gow­rak wag­tyň do­wa­myn­da bu ýer­de ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny be­lent bas­gan­çak­la­ra çy­kar­jak mil­li tür­gen­le­ri­mi­zi taý­ýar­la­mak­da ön­jeý­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Ýa­kyn­da biz bu fa­kul­te­tiň bi­na­syn­da bo­lup, Me­di­ki-bio­logi­ki üp­jün­çi­lik ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my Be­genç Ga­ra­ýew bi­len söh­bet­deş bol­duk.

Fut­bolyň we topuň dö­re­ýiş ta­ry­hy

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Adam­zat köp wagt­dan bä­ri sport bi­len meş­gul­lan­ýar we spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri­niň ýü­ze çyk­ma­gyn­da hem adam­za­dyň tut­ýan or­ny örän ýo­ka­ry­dyr. Aý­ra­tyn-da top­ly oýun­la­ryň peý­da bol­ma­gy hem ir­ki dö­wür­ler­den göz­baş al­ýar. Ga­dy­my Mü­sür­de ta­py­lan di­war şe­kil­le­rin­de aýak bi­len oý­nal­ýan to­puň su­ra­ty çe­ki­lip­dir. Hat­da şol dö­wür­ler­den ga­lan dia­met­ri 7,5 sm bo­lan de­ri­den ýa-da ken­dir­den edi­len top­lar hä­zir­ki wagt­da bir­nä­çe mu­zeý­de sak­lan­ýar. Bu bol­sa adam­za­dyň dö­re­ýiş ta­ry­hyn­da hem bir­nä­çe sport gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul bo­lan­dyk­la­ry­nyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu şe­kil­ler ba­ra­da aý­da­ny­myz­da ola­ryň 2500 ýyl ozal­ky dö­wür­le­re de­giş­li­di­gi çak­la­nyl­ýar.

«Şaý­ba Har­la­mow­da...»

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Ha­wa, ge­çen asy­ryň 60 — 70-nji ýyl­la­ryn­da bu jüm­le hok­keý oý­nu­ny sö­ýü­ji­le­riň ara­syn­da uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lup­dy. Şeý­le jüm­lä­ni eşi­den­ler bu­zuň üs­tün­de jan­kö­ýer­le­ri haý­ran ed­ýän pur­sa­dyň bo­lup geç­me­gi­ne ga­ra­şar­dy­lar. Har­la­mo­wyň us­sat­ly­gy bi­len hem şeý­le aja­ýyp pur­sat bo­lup, to­ma­şa­çy­la­ry uly şow­hu­na bes­lär­di...

Luw ýylynda guralan Olimpiýa oýunlary

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Olim­pi­ýa oýun­la­ry öz ta­ry­hy­ny has ir­ki dö­wür­ler­den alyp gaýd­ýar. Em­ma il­kin­ji döw­re­bap Olim­pi­ýa­da 1896-njy ýyl­da Gre­si­ýa­nyň paý­tag­ty Afi­ny­da ge­çi­ri­lip­dir.

Terbiýe we sport

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň her bir gü­ni şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Äh­li ugur­lar­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­riň sa­ka­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty dur­ýar.

Çeper gimnastika: ta­ry­hy we şu gü­ni

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Gi­riş: Dalk­ro­zyň ul­ga­my

Zenanyň güýjüne dünýä şaýat!

Türkmen zenanynyň güýji. Ol göz ýetirerden juda uly belentlik. Aň ýetirerden hem has çylşyrymly çuňluk. Şany jahana ýaýran gahryman zenanlaryň nesilleri bu gün olaryň ýoluny dowam etdirip, türkmen zenanynyň güýjüni bütin dünýä ýaýýarlar. Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda tutuş Ýer ýüzüniň ilaty ör turup, türkmen zenanynyň güýjüne el çarpdy. Şu makalamyzda çempionatda milli ýygyndymyzyň gazanan 15 medalynyň 8-sine eýelik eden zenan türgenlerimizi has ýakyndan tanamaga, olaryň güýjüniň ýetip bilen belentliklerine göz ýetirmäge çalşarys. Dinara ROZYKULOWA,

Ilkinji möwsümde iki baýrak

Tamamlanyp barýan ýylyň iýul aýynda ilkinji gezek 10 müň janköýeri özünde jemlän «Arkadag» stadiony geçen ýekşenbede hem tomaşaçylaryň ýerli topary goldaýan seslerine beslendi. Iýuldaky we dekabrdaky iki duşuşygyň meňzeş tarapy — olaryň ikisinde-de «Arkadag» toparynyň geçen ýylyň çempiony «Ahaly» kabul etmegi, tapawutly tarapy bolsa, iýuldaky oýnuň ýoldaşlyk duşuşygy, geçen ýekşenbedäki oýnuň bolsa Türkmenistanyň Kubogynyň final duşuşygy bolmagydyr. Milli çempionatymyzda ilkinji çempionlygyny yglan eden «Arkadag» futbol topary bu duşuşykda Türkmenistanyň Kubogynyň hem eýesi boldy.

«Arkadag» topary çempion

Arkadag şäheriniň adybir futbol toparynyň ilkinji möwsüminde Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolmagy sport janköýerlerinde uly seslenme döretdi. Golaýda tamamlanan Türkmenistanyň çempionatynda hem garşydaşlaryndan uly hasap bilen üstün çykyp, çempion bolan «Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Kubogynyň 30 ýyllyk taryhynda oňa mynasyp bolan 11-nji topar hökmünde taryha girdi. Aşgabadyň «Köpetdag», «Altyn asyr», «Ýedigen», «Nisa», Balkanabadyň «Nebitçi», Änewiň «Ahal», Marynyň «Merw», Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» we Daşoguzyň «Turan» toparlary bu Kubogyň eýeleri bolupdylar.

Sport

Erjel türgeniň üstünligi Golaýda Aşgabat şäherinde adaty karate boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda 16-17 ýaşly ýetginjekleriň arasynda ýaryş geçirildi. Ýaryşa Diýarymyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden türgenler gatnaşdylar. Onda Alp Arslan adyndaky harby mekdebiň harby okuwçysy Aşyrmyrat Atajanow oňat netijeler bilen fuku-do we ku-do boýunça ikinji orna, şahsy tutluşyk, şahsy kata we toparlaýyn tutluşyk boýunça üçünji orna mynasyp boldy.

Sport — ruhubelentligiň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadygymyz «Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek türkmenistanlylar üçin mizemez ýörelgä öwrülmelidir» diýip, mähriban halkymyzyň sagdyn durmuşyna aýratyn ähmiýet berýär. Paýtagtymyzda milli çempionatlar, halkara derejesindäki iri halkara sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Ynha, golaýda Arkadag şäheriniň adybir futbol topary Türkmenistanyň çempionatynda beýleki garşydaşlaryndan üstün çykyp, Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi boldy. Munuň özi toparyň yklym ýaryşlaryna gatnaşmak mümkinçiligini artdyrdy. Goý, halkara ýaryşlarynda-da üstünlikler ýaranyňyz bolsun, «Arkadag» topary! Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzyň saglygyny goramak, jemgyýetimize adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak işine uly ähmiýet berip, taýsyz tagallalary edýär. Ruhy sagdynlyk we beden saglygy aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sport — ruhubelentlik, sport — sagdynlyk, sport — dünýä halklaryny ýakynlaşdyrýan we dostlaşdyrýan, dünýäde parahatçylygy pugtalandyrýan jemgyýetiň sagdyn ruhy ýörelgesidir.