''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Döwletimiziň halkara sport abraýyny has-da belende götermek – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesine baryp gördi 20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy.

Berkarar Diýarymyzyň sport abraýy artýar

Mähriban Diýarymyzda sport ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek, onuň kuwwatyny artdyrmak, degişli köpugurly düzümlerini döretmek boýunça giň möçberli işler çalt depginlerde alnyp barylýar. Soňky ýyllarda bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ajaýyp sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, ýüzlerçe beýleki desgalar bina edildi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi türkmenistanlylarda buýsanç duýgusyny döredýär. Onuň gurulmagy sportuň ösdürilmeginde möhüm tapgyr boldy. Bularyň ählisi ýokary dünýä ülňülerine we Halkara Olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyk gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini aýtmaga esas berýär.

Türkmenistan dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryny geçirmäge taýýarlanýar

20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimizi Olimpiýa şäherçesine gelende Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar, jemgyýetçilik guramalary ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary garşyladylar.

Bagtyýarlygyň gözbaşy

Watan goragçylarynyň gününi bellemäge taýýarlyk görýän ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri esasy işiniň daşyndan şanly ýyllarymyzy sport üstünliklerine hem besleýärler. Olaryň fiziki taýdan hemişe taýýarlykly we sagdyn bolmagyny üpjün edýän sport ýaryşlary netijeliligi bilen hem guwandyrýar. Bu işlerden ýurdumyzyň kazyýet işgärleri hem çetde duranok. Hormatly Prezidentimiziň, Belent Serkerdebaşymyzyň sport hereketiniň esasy wagyzçysy bolup durýandygy nygtalmaga mynasypdyr. Sport bilen yzygiderli meşgullanmakda milli Liderimiziň hut özi belent görelde görkezýär. Bu göreldä eýerýän watandaşlarymyz sporty ýaran edinip, ukyp-başarnyklaryny halkara ýaryşlarda hem ykrar etdirýärler. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde Halkara agyr atletika federasiýasyndan gelip gowşan hoş habar ýokarda agzalan hakykaty ýene bir ýola tassyklaýar. Ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewanyň sportuň bu ýeňil bolmadyk görnüşi boýunça dünýä çempiony bolmagy köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketiniň ajaýyp miweleriniň biridir.

Paýhas oýnunyň ýaş ussatlary

Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Küşt federasiýasynyň, Aşgabat şäher sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň Küşt federasiýasynyň kubogyny almak ugrundaky onlaýn ýaryş geçirildi. Şeýle görnüşde ilkinji gezek geçirilýän bu ýaryşa dürli ýaşdaky ildeşlerimiz gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler. Biz bu ýaryş barada gürrüň bermegini sorap, paýtagtymyzdaky Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň müdiriniň orunbasary Näzik AMANOWA ýüz tutanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi: — Küşt — paýhas oýny. Küşt tagtasynyň başyna geçen oýunçynyň etjek hereketi, her bir göçümi onuň bu oýundaky ýeňşiniň ykbalyny çözýär. Pähim-paýhas eleginde elenip, pikir bir ýere jemlenilip edilen göçüm oýunça üstünlik getirýär. Küştçini küşt oýnunyň ussadyna öwürýär. Türkmen sportunyň şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda guwandyryjy işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda sportuň bu görnüşini hem ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu ugurda türgenleşip, kämillige gol berýän ýaşlarymyzyň onlarçasy halkara ýaryşlarda öz ussatlyklaryny ykrar etdirmegi başardylar.

Ýeňişli eýýamyň täze üstünlikleri

Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysynyň hormatly Prezidentimize iberen haty ýurdumyzyň sport syýasatynyň dünýädäki ykrarnamasy boldy. Ähli ildeşlerimizde buýsanç duýgusyny döreden bu waka «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagy Watany» ýylynyň ýeňişli taryhyny täze üstünlikler bilen baýlaşdyrdy. Agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda itekläp götermekde 104 kilogram agram bilen we jemi 179 kilogram agram bilen ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzelemegi milli hem-de halkara sport hereketiniň ösüşine mynasyp goşantdyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen taryh üçin gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkara sport çärelerini ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýän döwrebap sport toplumlarynyň we desgalarynyň, şol sanda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurlup, ulanylmaga berilmegi netijesinde döredilen şertleriň datly miwesidir.

Türkmenistan dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryny geçirmäge taýýarlanýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesine baryp gördi Aşgabat, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy.

Türkmen sportunyň dünýäde dabaralanmagy

Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimize adalaty dabaralandyran hoş habar gelip gowuşdy. Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize iberen hatynda 2018-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen dünýä çempionatynyň netijelerine gaýtadan seredilendigi hem-de dopinge garşy toparyň talaplaryna laýyklykda medallary gaýtadan paýlamagyň esasynda agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewa altyn medalyň gowşurylýandygy, bu sylagy oňa şu ýyl geçiriljek Agyr atletika boýunça halkara ýaryşyň barşynda gowşuryljakdygy barada aýdylýar. Şu mynasybetli welaýat kitaphanasynyň mejlisler eýwanynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň we TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata sport ulgamynda zähmet çekýän işgärler işjeň gatnaşdylar. Maslahatda welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň başlygy Serdar Çäşemow, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň tälimçisi Zeripbaý Kerimbaýew, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy Magsat Otuzow, Daşoguz şäher geňeşiniň esasy hünärmeni Yhlas Çaryýew dagy çykyş edip, bu buýsançly wakanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülen Türkmenistan döwletimizde ýaşlar üçin döredilýän

Türkmen sportunyň üstünligi — ýurdumyzyň abraýy

Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşlere beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugra gönükdirilen döwlet we milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, şeýle hem dünýä halklarynyň we döwletleriniň arasyndaky özara bähbitli halkara sport hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak babatda oňyn başlangyçlar öňe sürülýär. Ýurdumyzyň günbatar sebiti bolan welaýatymyzda hem sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Welaýatyň türgenleri ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän dürli ýaryşlara, Aziýa we dünýä çempionatlaryna gatnaşyp, Diýarymyzyň sport abraýyny mynasyp goraýarlar.

Bagtyýarlygyň girewi

Halkymyzyň saglygyny goramak, ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmegi hemişe üns merkezinde saklaýar. Şol tagallalaryň netijesinde ýurdumyzyň sebitlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport desgalary, stadionlar, sport mekdepleri, atçylyk sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi, Golf sport toplumy bolsa ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik gözelliginiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Arkadag Prezidentimiziň sporty ösdürmekdäki şeýle giň gerimli işleri berkarar Diýarymyzy halkara derejeli sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekany hökmünde dünýä tanatdy. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalarynyň ýaş nesilleriň sporta bolan höwesini has-da artdyrýandygy bizi diýseň begendirýär. Sebäbi indi sportuň dürli görnüşlerine höwes bildirýän, sagdyn durmuş ýörelgesine berk eýerýän ýaşlaryň hatary görnetin artdy. Olaryň sportuň dürli ugurlary boýunça ukyp-başarnyklary aýdyň ýüze çykyp, uly tejribe toplaýarlar. Biziň sport mekdebimizde hem ukyply, başarjaň nesiller terbiýelenýär. Mekdebimiziň ýaşajyk türgenleriniň etrabymyzda geçirilýän sport ýaryşlarynda üstünlikli çyk

Ruhubelentligiň mekany

Hormatly Prezidentimiz: «Biz «Sport — ruhubelentlik we sagdynlyk!» diýen ýörelgeden ugur alyp, türkmen sportuny dünýä bilen sazlaşykly ösdürmekde tutumly işleri alyp barýarys!» diýip bellemek bilen, sport we olimpiýa hereketini höweslendirmek we ösdürmek, oňa ýaşlary işjeň çekmek, türkmenistanlylarda çagalyk ýyllaryndan başlap bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höwesi artdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, zähmetsöýerligiň we döredijiligiň esasynda duran gymmatlyklary berkarar etmek ugrunda guwandyryjy işleri durmuşa geçirýär. Bu gün eziz Diýarymyzyň paýtagtynda we sebitlerinde häzirki zaman sport toplumlarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň, sport meýdançalarynyň üstünlikli hereket etmegi, ýaşlaryň sport bilen yzygiderli türgenleşmekleri we barha taplanmagy, dürli derejedäki ýaryşlarda sport ussatlygyny görkezmegi ugrunda döredilen şertler şeýle diýmäge esas berýär. Aşgabatda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň, «Aşgabat» köpugurly sport toplumynyň, Buzly köşgüň, Suw-sport toplumynyň, Golf sport toplumynyň, Gyşky oýunlar sport toplumynyň we beýleki köp sanly sport desgalarynyň gurulmagy ata Watanymyzyň sport ýurduna öwrülendigini alamatlandyrýar. Geçen ýyllarda Olimpiýa şäherçesinde halkara derejesindäki iri sport ýaryşlarynyň birnäçesiniň

Yhlas üstünlige ýetirýär

Ýakynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda «Talyp türgenlerimiziň ýeňişleri – Arkadagly Watanyň buýsanjy» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Gahryman Arkadagymyz maksada okgunlylygyň, yhlasyň we irginsiz zähmetiň uly üstünliklere ýetirýändigini, ýaşlardan uly işlere garaşýandygyny nygtaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen ýaşlaryna yhlasly okamaga döredilýän mümkinçilikler olary üstünliklere ýetirýär. Munuň şeýledigini ýakynda Diýarymyza gelip gowşan hoş habar bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. 2018-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ozalky netijeler jemlenende nätakyklyga ýol berlendigi sebäpli, agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewa itekläp götermekde kümüş medala, silterläp götermekde bolsa bürünç medala mynasyp bolupdy.

Guwandyran, begendiren hoş habar

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kämil ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň ajaýyp zamanasydyr. Geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym — sporty söýüň! Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, saglygyň we hyjuwly ýaşamagyň gözbaşydyr!» diýip nygtaýan hem-de ýaşlaryň bu nesihaty berjaý etmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri üpjün edýän Arkadag Prezidentimiziň peşgeş beren eşretli eýýamynda türkmen sportunyň abraýynyň belende göterilýändigi ajaýyp hakykatdyr. Ýurdumyza geçen şenbe güni gelip gowşan hoş habar bu hakykatyň ýene bir ýola aýdyň dabaralanmasy boldy. Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Maýkl Iraniden we bu federasiýanyň baş kätibi Mohamed Jaluddan gelip gowşan hatda 2018-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde altyn medal gazanan Tailand Patyşalygynyň türgeni tarapyndan doping düzgünleriniň bozulandygy we sport kwalifikasiýasyndan mahrum edilendigi sebäpli, Halkara agyr atletika federasiýasynyň kadalaryna laýyklykda, medallaryň gaýtadan paýlanylmagynyň amala aşyrylýandygy barada nygtalyp, şol ýary

Ýeňişler gutly bolsun!

Birnäçe halkara we döwlet derejesindäki ýaryşlaryň, şol sanda baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen tennis boýunça Türkmenistanyň açyk çempionatynyň ýeňijisi, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň göreldeli okuwçysy Bahar Toýmyradowany tennis janköýerleri gowy tanaýarlar. Sportuň özüneçekiji dünýäsine körpelikden göwün beren Baharyň üstünliklerine žurnalyň okyjylary hem 2014-nji ýyldan bäri belet. Ýedi ýyla golaý mundan öň, Malaýziýanyň Selangor, Perlis we Pinang ştatlarynda geçirilen halkara tennis ýaryşlarynda tennisiň ýekelikde oýnalýan görnüşi boýunça ilkinji uly ýeňişlerini we medallaryny gazandy. Şondan bäri döwlet derejesindäki ýaryşlardan başga-da, Türkiýe, Taýland, Şri-Lanka, Täze Zelandiýa, Gyrgyzystan, Özbegistan ýaly döwletlerde geçirilen halkara tennis ýaryşlarynda adyny tanadan türgenimiz bu gün öz janköýerlerini täze-täze üstünlikleri bilen begendirýär.

Küştçi gyzyň üstünligi

Küşt oýny iň gadymy hem-de dünýäde meşhur oýunlaryň biridir. Adamyň aňyny we pikirlenişini kämilleşdirýän bu oýun bilen uly ýaşly adamlar hem, çagalar hem uly gyzyklanma bilen meşgullanýarlar. Ýurdumyzda hereket edýän küşt mekdepleriniň ýetişdirýän ökde küştçüleriniň sany gün-günden artýar. Žurnalymyzyň şu sanynda tanyşdyrjak türgenimiz hem şolaryň biri — Ogulsuraý Baýrambaýewa. 2003-nji ýylda Aşgabat şäherinde eneden doglan körpeje Ogulsuraý çagalar bagyna gatnaýan döwründe şaşka boýunça bäsleşiklere gatnaşyp, öz ukybyny açyp başlaýar. Gyzynyň şaşka oýnuna höweslidigine göz ýetiren ejesi alty ýaşyna ýeten Ogulsuraýy ilkinji gezek küşt we şaşka mekdebine äkidýär. Bu ýerde tejribeli tälimçi Serdarguly Baýramsähedowyň tälim bermeginde gyzjagaz küşt oýnunyň dürli tärleri, inçe syrlary bilen tanyşýar. Sportuň bu görnüşine gün geçdikçe ökdeleýän Ogulsuraý mekdep, şäher, soňra bolsa döwlet derejesindäki ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolýar.

Ýurdumyzyň sport diplomatiýasy dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiz Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk hatyny iberdi Milli Liderimiz Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Maýkl Iranä mähirli salamyny we minnetdarlyk hatyny ýollady.

Ildeşimiz dünýä çempiony!

Türgenlerimiziň iri halkara ýaryşlara gatnaşmagy ýurdumyzyň sportunyň dünýä ýüzünde gazanýan üstünlikleriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sport syýasatynyň aýdyň ykrarnamasydyr. Şol ýaryşlarda talyp ýaşlarymyzyň dürli derejedäki sylaglara, şol sanda altyn medallara mynasyp bolmagy aýratyn buýsançlydyr. Ine, hut şular dogrusynda golaýda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirilen hoşallyk maslahatynda giňişleýin gürrüň edildi. Bilşimiz ýaly, agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda gazanan görkezijileri-de munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Ozal netijeleri jemlenende, nätakyklyga ýol berlen ýaryşlaryň jemleri boýunça türgen gyzymyz itekläp götermekde kümüş medalyň we silterläp götermekde bürünç medalyň eýesi bolupdy. Şonda şaýatlara mälim bolşy ýaly, Ýulduz altyn medala tarap ynamly gadam urupdy. Ýöne ýaryş ýaryş bolýar...

Türkmen sporty dünýä dolýar

Halkymyzyň abadançylygy, durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, beden we ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek boýunça çäreler yzygiderli guralýar. Milli Liderimiz bu ugurda watandaşlarymyza, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesillere şahsy görelde görkezýär. Diýarymyzda döredilýän ýokary derejeli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Ýurdumyz sebit we dünýä derejeli sport ýaryşlarynyň, abraýly bäsleşikleriň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi.

Talyp türgenimiziň üstünligi

Ýakynda Halkara agyr atletika federasiýasyndan gelip gowşan hoş habar mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda «Talyp türgenlerimiziň ýeňişleri — Arkadagly Watanymyzyň buýsanjy» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda ýaşlara okamaga, zähmet çekmäge, şol sanda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler ýaşlygyna garamazdan, özüni ussat agyr atletikaçy hökmünde ykrar etdirmegi başaran Ýulduz Jumabaýewanyň türkmen sportuny ösdürmäge goşýan şahsy goşantlary barada gürrüň etdiler. Biz dabaranyň dowamynda dünýä çempiony diýen hormatly ada mynasyp bolan ussat türgen Ýulduz Jumabaýewa bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda ol:

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk hatyny iberdi

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Maýkl Iranä mähirli salamyny we minnetdarlyk hatyny ýollady. Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde türkmenistanly türgen Ýulduz Jumabaýewanyň itekläp götermekde altyn medalyň we silterläp götermekde kümüş medalyň eýesi bolandygy baradaky hoş habary ýazan Maýkl Iraniniň hatyny uly kanagatlanma we şatlyk duýgusy bilen kabul edendigini belledi.