''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Ýelden ýyndam ahalteke bedewi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ahal­te­ke be­de­wi! Taň­ry­nyň türk­me­ne Be­hişt­den eçi­len jo­mart ser­pa­ýy! Ze­mi­niň aja­ýyp gö­zel­li­gi – ahal­te­ke be­de­wi! Türk­men top­ra­gy­nyň iň be­re­ket­li kün­je­gin­de Kö­pet­da­gyň ete­gin­de, Ahal ýaý­la­la­ryn­da ga­dym eý­ýam­lar­dan bä­ri se­ýis­le­nip, maş­ga­la ag­za­sy hök­mün­de ger­çek­le­riň ömür hem­de­mi­ne öw­rü­len sö­wer dost – şol mer­te­be­li ga­myş­gu­lak be­dew­dir!

Mil­li oýun­lar wa­gyz edil­ýär

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hal­ky­myz dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ta­ry­hyn­da uly yz gal­dy­ryp­dyr. Ata-ba­ba­la­ry­myz ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ne gö­rä, mil­li ýö­rel­ge­le­ri, däp-des­sur­la­ry, edim-gy­lym­la­ry bi­len bir­lik­de dür­li oýun­la­ry-da dö­re­dip, soň­ky ne­sil­le­re mi­ras go­ýup­dyr­lar. Ne­sil ter­bi­ýe­sin­de mil­li oýun­la­ra uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Türk­me­niň mil­li oýun­la­ry ýaş­lar­da we ça­ga­lar­da berk be­den­li­li­gi, sag­dyn­ly­gy, ça­la­syn­ly­gy ter­bi­ýe­läp­dir. Olar ýaş­la­ra dur­muş­da özü­ňi ýer­lik­li alyp bar­ma­gy, her hi­li päs­gel­çi­lik­den baş alyp çyk­ma­gy öw­re­dip­dir. Hut şol se­bäp­li mil­li oýun­lar ýaş­lar üçin ter­bi­ýe mek­de­bi ha­sap­la­nyp­dyr. Türk­men mil­li oýun­la­ry­nyň hem-de sport güý­men­je­le­ri­niň aý­ry-aý­ry gör­nüş­le­ri hä­zir­ki gün­ler­de res­mi sport gör­nüş­le­ri­niň de­re­je­si­ne eýe bol­dy. Şo­lar bo­ýun­ça mil­li ýa­ryş­lar hem-de hal­ka­ra çem­pio­nat­lar ge­çi­ril­ýär.

Tomusky dynç alyş

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 «Tomus depesi gaýnamadygyň gyş gazany gaýnamaz» diýlen nakyl tomus paslynyň herekete baý pasyldygyny görkezýän bolsa gerek. Tomusda uly ýaşly adamlar hasyl ýygnamak, zähmet çekmek bilen güneşli meýdanda köp gezip «depesini gaýnadýan» bolsalar, çagalar dynç alyş möwsümini gyzykly, şadyýan, täsirli geçirmek üçin deň-duşlary bilen üýşüp daşarda oýun oýnaýandyrlar. Hereket bolsa sagdynlygyň girewi. Emma tomusda Günüň ýiti şöhlesinden goranmagy ýatdan çykarmaly däldir.

«Flo­ri­da Pan­ters» to­pa­ry ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek Sten­li Ku­bo­gy­ny ga­zan­dy

Ame­ri­ka­nyň Mil­li hok­keý li­ga­sy NHL-de Sten­li Ku­bo­gy­nyň eýe­si bel­li bol­dy. 99-njy Sten­li Ku­bo­gy­nyň ýe­ňi­ji­si 7-nji du­şu­şyk­da bel­li bo­lup, il­kin­ji 3 oýun­da (3:0, 4:1, 4:3) ýe­ňiş ga­za­nan «Flo­ri­da Pan­ters» soň­ky 3 du­şu­şyk­da-da (8:1, 5:3, 5:1) «Ed­mon­ton Oý­lers» to­pa­ryn­dan as­gyn gel­di. Ýö­ne Flo­ri­da­da oý­na­lan 7-nji du­şu­şyk­da ýe­ňiş «Flo­ri­da Pan­ters» to­pa­ry­nyň ta­ra­pyn­da bol­dy. Mat­ti­as Ýan­mar­kyň (6) go­lu­na gar­şy­lyk Kar­ter Wer­ha­ge­niň (4) hem-de Säm Re­in­har­tyň (15) şaý­ba­la­ry bi­len ýe­ňiş ga­za­nan (2:1) «Flo­ri­da Pan­ters» umu­my ha­sap­da 4:3 hasabynda öňe saý­lan­dy. Şeý­le­lik­de, «Flo­ri­da Pan­ters» to­pa­ry NHL-iň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek çem­pi­on bo­lup, Sten­li Ku­bo­gy­ny ga­za­nan 22-nji klub hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. «Flo­ri­da Pan­ters» to­pa­ry 1996-njy we 2023-nji ýyl­lar­da­ky fi­nal­da ýeň­lip­di. Sten­li Ku­bo­gy­ny 5 ge­zek (1984, 1985, 1987, 1988, 1990) eýe­län «Ed­mon­ton Oý­lers» to­pa­ry-da 1983-nji we 2006-njy ýyl­lar­dan soň 3-nji sa­par fi­nal­da utul­dy.

Ar­gen­ti­na­nyň hem-de We­ne­sue­la­nyň ýy­gyn­dy­la­ry çär­ýek fi­na­la çyk­dy

Gü­nor­ta Ame­ri­ka yk­ly­my­nyň fut­bol çem­pio­na­ty bo­lan Ko­pa Ame­ri­ka ýa­ry­şyn­da to­par­ça­da­ky du­şu­şyk­lar ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýär. 1-nji aý­la­wyň du­şu­şyk­la­ry ta­mam­la­nyp, 2-nji aý­la­wyň hem deň ýa­ry­sy oý­nal­dy. «A» to­par­ça­da Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy il­kin­ji 2 du­şu­şy­gyn­da-da ýe­ňiş ga­zan­dy. Ka­na­da­ny Hu­li­en Al­wa­res hem-de Lau­ta­ra Mar­ti­ne­siň gol­la­ry bi­len ýe­ňen Ar­gen­ti­na 2-nji du­şu­şy­gyn­da Çi­li­ni ýe­ne-de Mar­ti­ne­siň ýe­ke-täk to­py esa­syn­da ut­dy. Lau­ta­ra Mar­ti­nes 2 du­şu­şyk­da-da 88-nji mi­nut­da ta­pa­wut­lan­dy. Ka­na­da­nyň ýy­gyn­dy­sy Pe­ru­nyň ýy­gyn­dy­syny Jo­na­tan De­wi­diň ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ut­dy.

Toparçalardaky duşuşyklar tamamlandy, mundan soň utulan çykar

Ger­ma­ni­ýa­da do­wam ed­ýän 17-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da to­par­ça­lar­da­ky du­şu­şyk­lar ta­mam­lan­dy. To­par­ça­lar­da 81 gol ge­çi­ri­lip (or­ta­ça 2,25 gol), äh­li to­par­lar azyn­dan 1 utuk ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Äh­li to­par­lar gol ge­çi­rip, Ger­ma­ni­ýa iň köp gol ge­çi­ren to­par bol­dy. Is­pa­ni­ýa ýe­ke gol hem ge­çirt­me­di. Ne­ti­je­de, 24 ýy­gyn­dy­nyň 16-sy ýa­ry­şy do­wam edip, ga­lan 8-si öý­le­ri­ne do­lan­ma­ly bol­dy. Hor­wa­ti­ýa­dyr Ser­bi­ýa­nyň, Çe­hi­ýa­nyň, hat­da Uk­rai­na­nyň ýy­gyn­dy­la­ry ýa­ly bu ýa­ry­şa ozal en­çe­me ge­zeK gat­na­şan to­par­la­r ýa­ry­şy do­wam et­di­rip bil­me­di. Ola­ryň or­nu­na Slo­wa­ki­ýa­dyr Slo­we­ni­ýa­nyň hem-de il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýan Gru­zi­ýa­nyň 1/8 fi­na­la çyk­ma­gy aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Aý­ra­ty­nam hor­wat­la­ryň gy­nanç­ly ýag­daý­da, soň­ky mi­nut­da ge­çir­den go­ly esa­syn­da 1/8 fi­na­lyň pe­te­gi­ni el­den gi­der­me­gi ola­ryň jan­kö­ýer­le­ri üçin uly ur­gy bol­dy. «A» to­par­ça­da­ky 3-nji du­şu­şyk­la­ryň soň­ky pur­sat­la­ry yk­bal kes­git­le­ý­ji bol­dy. Ýer eýe­le­ri Ger­ma­ni­ýa­nyň ý

Çä­gä­niň we de­ňiz su­wu­nyň sag­ly­ga peý­da­sy

De­ňiz ke­na­ry­nyň we de­ňiz su­wu­nyň be­je­ri­ji­lik hä­si­ýe­ti ir­ki ýyl­lar­dan bä­ri köp­çü­li­ge bel­li­dir. Ýy­lyň äh­li möw­sü­min­de, esa­san hem, to­mus pas­lyn­da de­ňiz ke­nar­la­ry köp adam­ly bol­ýar. De­ňiz ke­na­ryn­da ýö­re­mek, sport bi­len meş­gul­lan­mak we dynç al­mak, şeý­le hem su­wa düş­mek sag­lyk üçin el­ýet­mez be­jer­gi­ler ha­sap­lan­ýar. Tol­kun­la­ryň se­si­ne diň sal­mak, çüý­şe ýa­ly göm-gök gö­zel­li­gi syn­la­mak we deň­ziň ho­wa­syn­dan dem al­mak ada­ma gaý­ta­lan­ma­jak lez­zet ber­ýär. De­ňiz su­wu­nyň peý­da­ly­dy­gy­ny hem­me­ler bil­ýär. Kos­me­ti­ka we der­man se­na­ga­tyn­da de­ňiz su­wy iş­jeň peý­da­la­nyl­ýar. De­ňiz su­wun­da­ky peý­da­ly mi­ne­ral­lar we mag­niý de­ri­niň ju­wan gö­rün­me­gi­ni üp­jün ed­ýär.

Ýy­lyň sport mo­da­sy

Soň­ky ýyl­lar­da adam­la­ryň ag­la­ba bö­le­gi sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga uly üns be­rip, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýär­. Öý­de, açyk ho­wa­da, tür­gen­le­şik meý­dan­ça­la­ryn­da, sport zal­la­ryn­da, umu­man is­len­dik ýer­de sport bi­len meş­gul­lan­mak özü­ňi fi­zi­ki we ru­hy taý­dan has gu­jur­ly duý­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Dün­ýä­de her möw­süm sport bi­len tür­gen­leş­me­giň tä­ze mo­da­sy dö­re­dil­ýär. Mo­da tür­gen­le­şik gör­nüş­le­ri­ni we usul­la­ry özün­de jem­le­ýän he­re­ket­ler­den dü­zül­ýär. Bu ýyl sport tür­gen­le­şik­le­rin­de nä­me mo­da? Ge­liň, fit­nes tä­lim­çi­le­ri­niň hö­dür­le­ýän tä­ze tür­gen­le­şik usul­la­ry bi­len ta­nyş bo­la­lyň! Sport en­jam­la­ry­nyň we sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyň dür­li gör­nüş­le­ri­dir usul­la­ry­nyň bar­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ýy­lyň-ýy­ly­na ýe­ne-de tä­ze usul­lar ýü­ze çyk­ýar. Hat­da ol usul­lar ýy­lyň sport mo­da­sy­na öw­rül­ýär. Şu ýyl di­war pi­la­tes­le­ri (he­re­ket ul­ga­my­nyň, dem al­ma­gyň we de­ňag­ram­ly­ly­gyň ut­gaş­ma­sy) ýy­lyň sport mo­da­sy bo­lup, biz mu­ny «di­war maşk­la­ry» di­ý

Halkara we milli sport baýramçylyklary

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Birleşen Milletler Guramasy Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň teklip etmegi boýunça her ýylyň 25-nji maýyny Bütindünýä futbol güni diýip yglan etdi. Şundan ugur alyp, biz žurnalymyzyň şu sanynda dünýäde halkara derejesinde bellenilýän sport baýramçylyklary, şol sanda aýry-aýry ýurtlarda bellenilip geçilýän milli sport baýramçylyklary barada maglumatlary okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Adaty karate: 12 türgenden 9 medal

Türkmenistanyň adaty karate boýunça milli ýygyndysy Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň çempionatynda toparlaýyn hasapda üçünji orna eýe boldy. Bu üstünlik türgenlerimiziň 9 medaly bilen gazanyldy. Sebit ýaryşyna bäş döwletden 300 töweregi türgen gatnaşdy. Şolaryň 12-si Türkmenistana wekilçilik etdi. Türkmen türgenleri ýurdumyza dört altyn, üç kümüş we iki sany bürünç medal bilen dolanyp geldiler. Ýaryşlar adaty karateniň görkezme maşklary (kata) we tutluşyk (kumite) görnüşleri boýunça geçirildi.

«Uly tuwulga» ýaryşlary

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hä­zir­ki za­man ten­ni­sin­de iň iri ýyl­lyk sport baý­ram­çy­ly­gy bo­lan «Uly tu­wul­ga» ýa­ry­şy dört tap­gy­ry özün­de jem­le­ýär. Şol se­bäp­li bu ýa­ry­şa her ýyl­da sport jan­kö­ýer­le­ri­niň mil­lion­lar­ça­sy­nyň ün­si gö­nük­ýär. Oňa di­ňe bir sport bäs­le­şik­le­ri­niň top­lu­my hök­mün­de ga­ral­man, sport baý­ram­çy­ly­gy hök­mün­de hem ka­bul edil­ýär:

Badmintonyň taryhyndan

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Dün­ýä spor­tun­da pök­gü­li oý­nal­ýan oýun­lar uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. Şo­lar­dan bi­ri bo­lan bad­min­ton oý­nu­nyň öz­bo­luş­ly dö­re­ýiş we ösüş ta­ry­hy bar. XIX asyr­da Hin­dis­tan­da gul­luk eden iň­lis ofi­ser­le­ri pök­gi bi­len oý­nal­ýan ga­dy­my hin­di oý­ny bo­lan pu­na­ny (kä­bir çeş­me­ler­de roo­pa­ny) ürç edip oý­nap­dyr­lar. Gul­luk möh­let­le­ri­niň ta­mam­lan­ma­gy bi­len, har­by­lar bu tä­sin oý­ny öz wa­tan­la­ry­na hem ýan­la­ry bi­len alyp gi­dip­dir­ler. Bu oýun hä­zir­ki bad­min­ton oý­nu­nyň il­kin­ji ýü­ze çyk­ma­sy diý­lip ha­sap edil­ýär.

Kik­bok­sin­giň dö­re­ýiş ta­ry­hy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Kik­bok­sing ba­şa-baş gö­re­şiň bir gör­nü­şi ha­sap edil­ýär. Ol il­kin­ji ge­zek 1900-nji ýyl­da dö­räp­dir.

Küşt oý­nu­nyň dö­re­ýiş ta­ryhy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Adam­zat ta­ry­hyn­da dö­re­di­len iň ga­dy­my oýun­la­ryň bi­ri hem küşt­dür. Ol akyl-paý­has oý­ny diý­lip ha­sap edil­ýär. Ze­hin üçin do­wam­ly tür­gen­le­şik, ün­sü­ňi jem­le­mek, dog­ry we çalt çöz­güt ka­bul et­mek, sel­jer­mek, pi­kir­len­mek uky­by­ňy art­dyr­mak, anyk­la­mak ýa­ly ze­hin ukyp­la­ry­ny ös­dür­ýär.

Sport psi­ho­lo­gi­ýa­sy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 «Spor­tuň psi­ho­lo­gi­ýa­sy» di­ýen adal­ga­nyň peý­da bol­ma­gy hä­zir­ki za­man Olim­pi­ýa oýun­la­ry­ny esas­lan­dy­ry­jy Pýer de Ku­ber­te­niň ady bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ol ba­ryp XIX asy­ryň ahyr­la­ryn­da spor­tuň bu ul­ga­my ba­ra­da il­kin­ji ki­ta­by ýa­zyp­dyr. Şon­dan soň köp ýyl­lap hiç hi­li zat ýa­zyl­man­dyr. Di­ňe ge­çen asy­ryň 30-40-njy ýyl­la­ryn­da sport pu­da­gyn­da psi­ho­lo­gik bar­lag­lar ozal­ky so­ýuz­da ge­çi­ri­lip baş­lan­ýar. 50-60-njy ýyl­lar­da Ger­ma­ni­ýa­da, Pol­şa­da, Çe­hi­ýa­da, Weng­ri­ýa­da, Ru­my­ni­ýa­da, has soň­rak, Fran­si­ýa­da, ABŞ-da, Şweý­sa­ri­ýa­da we Ang­li­ýa­da bu bar­lag­lar giň ge­ri­me eýe bol­ýar.

Sebitimiziň sport teleýaýlymlary

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry sport ul­ga­myn­da öz­bo­luş­ly­ly­gy we öň­de­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu ýurt­lar­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri halk ara­syn­da mil­li oýun­lar hök­mün­de meş­hur­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bu ýurt­lar­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri ge­çi­ri­lip, olar­da go­wy ne­ti­je­le­ri gör­kez­ýär­ler. Ine, şu­la­ry dün­ýä ýaý­mak­da bol­sa ýur­duň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­ne aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Ge­liň, bu ýurt­la­ryň sport ul­ga­my­na ýö­ri­te­le­şen ýaý­lym­la­ry bi­len ta­nyş bo­la­lyň. 

Futbol muşdaklarynyň baýramy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Dün­ýä ýü­zün­de spor­tuň iň meş­hur gör­nüş­le­ri­niň bi­ri fut­bol­dyr. Se­bä­bi fut­bol iň köp to­ma­şa edil­ýän we gy­zyk­la­nyl­ýan sport gör­nü­şi­dir. Her dört ýyl­dan ge­çi­ril­ýän dün­ýä çem­pio­na­ty­na fut­bol­sö­ýü­ji­le­riň uly gy­zyk­lan­ma bi­len ga­raş­ma­gy hem sö­zü­mi­ziň aý­dyň my­sa­ly­dyr.

Futbolçy bolmak üçin butsy hökman däl

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 47-nji orta mek­de­biň uçu­ry­my Be­genç Ho­ja­ýew ça­ga wag­ty fut­bol oý­nan­dy­gy­ny, em­ma fut­bol­çy bol­mak ar­zu­wy­ny ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­da gal­dy­ryp, baş­ga kes­bi saý­lap alan­dy­gy­ny gür­rüň ber­ýär. «Ni­re­de iş­le­se­mem, ga­zet-žur­nal aç­sam-da fut­bol ha­ba­ry­ny il­ki bi­len oka­ýan, te­le­wi­de­ni­ýe­de fut­bol gör­se­mem, ün­sü­mi şo­ňa so­wa­ny­my bil­män gal­ýa­ryn. 25-nji ma­ýyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan «Bü­tin­dün­ýä fut­bol gü­ni» di­ýlip yg­lan edil­me­gi fut­bol bi­len bag­ly ýat­la­ma­la­ryň bu­ja­gy­ny çöz­di» di­ýip, Be­genç Ho­ja­ýew öz ha­tyn­da ýa­zyp­dyr. Bi­zem onuň ýat­la­ma­la­ry­nyň kä­bi­ri­ni oky­jy­lar bi­len paý­laş­ma­gy ma­kul bil­dik. 

Bir günde iki baýram

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Sport jan­kö­ýer­le­ri ta­ra­pyn­dan söý­lüp to­ma­şa edil­ýän hem-de köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­zan­ma­gy ba­şa­ran sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri-de fut­boldyr. Häzirki wagtda mil­li­on­lar­ça jan­kö­ýer­le­ri özün­de jem­le­ýän fut­bo­lyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de tut­ýan or­ny diý­seň uly. Sport bi­len meş­gul­lan­ýan yn­san­la­ryň, hu­su­san-da, ça­ga­lar­dan baş­lap, ýa­şu­ly ne­sil­le­riň ara­syn­da fut­bol oýun­la­ry­na to­ma­şa ed­ýän­le­riň sa­ny bir ýa iki däl. Olar müň­ler­çe. Şo­nuň üçin-de, dün­ýä ýü­zün­de fut­bo­la hem-de fut­bolçylara be­ril­ýän üns has-da güýç­li. Ýa­kyn­da fut­bol muş­dak­la­ry­ny be­gen­di­ren bir wa­ka boldy, ýagny BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan her ýy­lyň 25-nji ma­ýy «Bü­tin­dün­ýä fut­bol gü­ni» diý­lip yg­lan edil­di. Bu buý­san­dy­ry­jy wa­ka türk­menistanly fut­bol­ muşdak­la­ry üçin-de ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat bol­dy. Se­bä­bi her ýy­lyň 25-nji ma­ýyn­da paý­tag­ty­my­zyň — Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­nü­ni ulu­dan baý­ram ed­ýän sport­sö­ýü­ji­le­ri­miz bu g

Ýaşlary terbiýelemekde sportuň ähmiýeti

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň her bir gü­ni şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Äh­li ugur­lar­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­riň sa­ka­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty dur­ýar. Her bir döw­le­tiň sy­ýa­sa­tyn­da, yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de, jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň beý­le­ki ugur­la­ryn­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li amal et­mek­li­giň mö­hüm şer­ti bo­lup, bu işe jem­gy­ýe­tiň äh­li gat­lak­la­ry­nyň iş­jeň çe­kil­me­gi hem-de ola­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gyn­da­ky ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň tut­ýan or­ny çy­kyş ed­ýär.