''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Bedenterbiýe we sport

Türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy ýurdumyzda sportuň dünýäde gazanýan üstünlikleriniň we hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan sport syýasatynyň dabaralanýandygynyň ykrarnamasydyr. Şol ýaryşlarda ildeşlerimiz dürli derejedäki baýraklara, şol sanda dürli derejeli medallara mynasyp bolýarlar. Türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleriniň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça geçirýän giň gerimli işleriniň netijesidir. Parahat NAZAROW,

“Galkan” hokkeý toparynyň türgenleriniň we tälimçileriniň hormatyna dabara

Aşgabat, 21-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mejlisler zalynda 15 — 20-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan ýurdumyzyň “Galkan” hokkeý toparynyň türgenlerini we tälimçilerini sylaglamak dabarasy boldy. Çärä Içeri işler ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň, Milli olimpiýa we paralimpiýa komitetleriniň, sport federasiýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, türgenler, tälimçiler, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler. Ýaryşyň deslapky tapgyrynda oňa gatnaşyjylar iki topara bölündi, toparlarda ýeňiji bolanlar finala çykdylar. Ikinji orny eýelän toparlar bolsa bürünç medal ugrunda bäsleşdiler.

“Galkan” topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň Kubogyna mynasyp boldy

Aşgabat, 20-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Bu iri ýaryşyň geçirilmegi Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülýändiginiň, dünýä bileleşigi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça yzygiderli amala aşyrylýan strategiýanyň giňden goldanylýandygynyň ýene-de bir güwäsi boldy. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde türkmenistanlylar irki ýaşdan başlap, sportuň tomusky görnüşleri bilen bir hatarda, gyşky görnüşlerini, şol sanda hokkeý we figuralaýyn typmak görnüşlerini hem üstünlikli özleşdirýärler. Merkezi Aziýa sebitiniň howa aýratynlyklaryna garamazdan, sportuň gyşky görnüşleri ýurdumyzda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýewropa we Aziýa ýurtlaryndan birnäçe toparyň gatnaşmagynda geçirilen şu gezekki ýaryş hem munuň aýdyň nyşanydyr. Alty günüň dowamynda Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler.

«Galkan» topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň Kubogyna mynasyp boldy

20-nji aprelde paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Bu iri ýaryşyň geçirilmegi Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülýändiginiň, dünýä bileleşigi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça yzygiderli amala aşyrylýan strategiýanyň giňden goldanylýandygynyň ýene-de bir güwäsi boldy. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde türkmenistanlylar irki ýaşdan başlap, sportuň tomusky görnüşleri bilen bir hatarda, gyşky görnüşlerini, şol sanda hokkeý we figuralaýyn typmak görnüşlerini hem üstünlikli özleşdirýärler. Merkezi Aziýa sebitiniň howa aýratynlyklaryna garamazdan, sportuň gyşky görnüşleri ýurdumyzda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýewropa we Aziýa ýurtlaryndan birnäçe toparyň gatnaşmagynda geçirilen şu gezekki ýaryş hem munuň aýdyň nyşanydyr. Alty günüň dowamynda Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler.

Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine

Hormatly «Galkan» hokkeý toparynyň türgenleri we tälimçileri! Sizi paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly birinji orna mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ak şäherimiz Aşgabatdaky nobatdaky sport baýramçylygynyň — hokkeý boýunça halkara ýaryşyň halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmaga, ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşleriniň ösdürilmegine, hokkeý boýunça türgenleriň ussatlygyny we tejribelerini artdyrmaga uly goşant bolandygyna berk ynanýaryn.

“Galkan” topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň Kubogyna mynasyp boldy

Aşgabat, 20-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Bu iri ýaryşyň geçirilmegi Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülýändiginiň, dünýä bileleşigi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça yzygiderli amala aşyrylýan strategiýanyň giňden goldanylýandygynyň ýene-de bir güwäsi boldy. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde türkmenistanlylar irki ýaşdan başlap, sportuň tomusky görnüşleri bilen bir hatarda, gyşky görnüşlerini, şol sanda hokkeý we figuralaýyn typmak görnüşlerini hem üstünlikli özleşdirýärler. Merkezi Aziýa sebitiniň howa aýratynlyklaryna garamazdan, sportuň gyşky görnüşleri ýurdumyzda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýewropa we Aziýa ýurtlaryndan birnäçe toparyň gatnaşmagynda geçirilen şu gezekki ýaryş hem munuň aýdyň nyşanydyr. Alty günüň dowamynda Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler.

“Galkan” hokkeý toparynyň türgenleriniň we tälimçileriniň hormatyna dabara

Aşgabat, 21-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mejlisler zalynda 15 — 20-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan ýurdumyzyň “Galkan” hokkeý toparynyň türgenlerini we tälimçilerini sylaglamak dabarasy boldy. Çärä Içeri işler ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň, Milli olimpiýa we paralimpiýa komitetleriniň, sport federasiýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, türgenler, tälimçiler, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler. Ýaryşyň deslapky tapgyrynda oňa gatnaşyjylar iki topara bölündi, toparlarda ýeňiji bolanlar finala çykdylar. Ikinji orny eýelän toparlar bolsa bürünç medal ugrunda bäsleşdiler.

Aşgabatdaky hokkeý baýramçylygy: dostluk ruhy we täze ýeňişler

Başlangyçlar hemişe ýakymly, hoşlaşyklar hemişe tolgundyryjy. Biziň kärimiz bolan žurnalistikanyň aýratyn taraplarynyň biri bir ömre şeýle pursatlaryň ençemesini bagyşlaýanlygynda. Her bir iş sapary, şaýat bolnan her bir dabara, birnäçe güne çekýän halkara forumlar, bäsleşikler, sport ýaryşlary we beýlekiler ýakymly başlangyçlar bilen başlanyp, tolgundyryjy hoşlaşyklar bilen jemlenýär. Hokkeý boýunça geçen hepdäniň dowamynda paýtagtymyzda geçirilen halkara ýaryş hem diňe özüm ýa kärdeşlerim üçin däl, oňa şaýat bolan her bir ildeşimiz üçin şeýle duýgulara beslendi. Ýaryşyň türkmen toparynyň ýeňşi bilen tamamlanmagy bolsa bu duýgularyň iň täsirlisidi... Hawa, buzly ýaryş Aşgabatda ýene-de ýürekleri birleşdirdi. Ilki paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhanasyna, ol ýerden hem Gyşky oýunlar sport toplumyna ýygnanan 10 döwletiň wekilleri buzly oýnuň gyzygyna siňip, asyl-ha, dostlugyň, ruhubelentligiň, tejribe alyşmagyň ýeňiş gazanan halkara ýaryşyna şaýat boldular. Siz gazetimizde yzygiderli ýetirip duran habarlarymyz arkaly ýaryşyň nähili geçendigini bilýänsiňiz. Bu ýazgylarymyz bolsa onuň tolgundyryjy pursatlaryndan kalpda galan ýakymly täsirler esasynda döredi.

Bedew meýdanda belli

Balkanabat şäherindäki Balkan atçylyk sport toplumynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky ýaryşlary uly ruhubelentlige beslendi. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeginden gamyşgulak bedewleriň 60-a golaýy gatnaşdy. Gyzykly we täsirli geçen ilkinji çapyşykda üçýaşar bedewler 1200 metr aralykda güýç synanyşdylar. Onda Perhat Allaberdiýewiň hojalygyna degişli Mizan diýen dor ata taý tapylmady. Ol bu aralygy 1 minut 32,5 sekuntda geçmegi başardy. Üçýaşar bedewleriň arasynda geçirilen ikinji çapyşyk hem 1200 metr aralyga guraldy. Janköýerleriň şowhuny astynda geçen bu aýlawda 1 minut 30,7 sekunt netije görkezen Dorsakar pellehana birinji gelmegi başardy. Ol Gurbanmuhammet Germangulyýewiň hojalyk atydyr. Üçünji çapyşyga üçýaşar atlaryň 10-sy gatnaşdy. Onda Arslan Täzäýewiň Aýbike atly aty seýislerdir çapyksuwarlaryň tamasyny ödäp, öňdeligi eýelemegi başardy. Dördünji çapyşyk dört we uluýaşar bedewleriň arasynda geçirilip, ol 1400 metr aralygy öz içine aldy. Çapyşykda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Mazmun diýen aty pellehana 1 minut 50,5 sekuntda ilkinji bolup gelmegi başardy. Bäşinji we altynjy çapyşyklarda, degişlilikde, Seýitguly Tülegenowyň Dagýyldyz, Seýitmuhammet Orazmuhammedowyň Körpe atly bedewl

«Galkan» – hokkeý boýunça halkara ýaryşyň çempiony

Aşgabatda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryş türkmen türgenleri üçin diýseň şowly boldy. Ýaryşda ýurdumyza wekilçilik eden Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» topary üstünlikli çykyş etdi. Türkmen topary ýaryşyň «A» toparçasynda çykyş edip, özüniň toparçalaýyn tapgyrdaky ähli oýunlaryny ýeňiş bilen jemledi. «Galkan» birinji tapgyrda «Bahrain Ice Hockey Club» toparyny 8:1, ikinji tapgyrda «Oman Nationals» klubuny 15:1, üçünji tapgyrda «Ice Box Iran Mall» toparyny 13:1, dördünji tapgyrda bolsa «Feniksi» 9:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Şeýlelikde, «Galkan» 12 utuk bilen «A» toparçada birinji orny eýeläp, ýaryşyň finalynda oýnamaga hukuk gazandy.

«Galkan» — hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ýeňijisi

Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp baharynda, has takygy, 15-20-nji apreli aralygynda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş ýokary derejede üstünliklere beslenip geçirildi. Halkara ýaryş Garaşsyz döwletimiziň sport babatdaky mümkinçiliklerini bu ugurda gazanan nobatdaky üstünligi bilen dünýä ýüzüne ýene-de bir gezek subut etdi. Aziýanyň we Ýewropanyň toparlarynyň onusynyň gatnaşmagynda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýurdumyzyň «Galkan» toparynyň ýeňiji bolmagy biziň her birimiziň buýsanjymyzy goşalandyryp, göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy bölegini düzýän «Galkan» toparynyň hokkeýçileriniň halkara ýaryşa örän netijeli taýýarlyk görmekleriniň netijesinde bu üstünlik 20-nji aprelde final duşuşykda Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň «ADIHIC-Kazan» toparyny 4:2 (1:1, 0:1, 3:0) hasabynda ýeňmek bilen gazanyldy.

Sport ynsany gözelleşdirýär

«7/24. tm» №17 (204), 22.04.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da mil­li spor­tu­myz be­lent­lik­le­re ýe­tip, türk­men tür­gen­le­ri­ üçin çäk­siz müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni has-da pug­ta­lan­dyr­mak­da, ýaş­la­ry spor­ta çek­mek­de top­lum­la­ýyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu gün­ki gün­de türk­men sporty hal­ka­ra de­re­je­sin­de uly ses­len­me tap­dy. Türk­men tür­gen­le­ri­niň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri, ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne aýan bol­dy.

Yk­lym­la­ry bir­leş­di­ren ýa­ryş

«7/24. tm» №17 (204), 22.04.2024 Gahryman Arkadagymyz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, hor­mat­ly Preziden­ti­miziň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çirýän top­lum­la­ýyn işleriniň ne­ti­je­sin­de, türk­men spor­ty hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­dy. Hal­ka­ra Olim­pi­ýa Ko­mi­te­ti­niň, Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň ag­za­sy bo­lan ýur­du­myz Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň ös­dü­ril­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­ýar. Türk­me­nis­tan sport müm­kin­çi­lik­le­ri­ni pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem dost­lu­gyň bäh­bit­le­ri­ne gö­nük­di­rip, il­kin­ji no­bat­da, dün­ýä bi­le­le­şi­gi bi­len hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­ýar.

Hal­ka­ra hok­keý ýa­ry­şy­na ba­gyş­la­nan me­dia­fo­rum

«7/24. tm» №17 (204), 22.04.2024 Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň «Sport» myh­man­ha­na­sy­nyň mej­lis­ler za­lyn­da şaý­ba­ly hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şa ba­gyş­la­nan me­dia­fo­rum ge­çi­ril­di. Çä­rä Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, Türk­me­nis­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň hok­keý fe­de­ra­si­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, ýa­ry­şa gat­naş­ýan to­par­la­ryň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Türkmenistan — Sport ýurdy

«7/24. tm» №17 (204), 22.04.2024 Ýaş­la­ry köp­çü­lik­le­ýin spor­ta çek­mek mak­sa­dy bi­len, TMÝG-niň Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Baý­ra­ma­ly et­rap Ge­ňe­şi bilen Baý­ra­ma­ly et­ra­by­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky bö­lü­mi­niň 2-nji sport mek­de­biniň guramagynda sport mek­de­bi­niň bi­rin­ji­li­gi ug­run­da spor­tuň er­kin gö­reş gör­nü­şi bo­ýun­ça «Sport — ýag­ty er­tir­le­re ba­dal­ga» at­ly sport bäs­le­şi­gi ge­çi­ril­di.

Şan­ly ýy­ly­my­zyň üs­tün­lik­le­ri

«7/24. tm» №17 (204), 22.04.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy dõwrün­de Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň, Arkadag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz gün­sa­ýyn öz­ger­ýär, be­lent sep­git­le­re ýet­ýär. Gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­mak, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty wa­gyz et­mek iş­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.

Gresiýada Pariž oýunlarynyň alawyny ýakdylar

«7/24. tm» №17 (204), 22.04.2024 16-njy ap­rel­de Gre­si­ýa­da şu ýy­lyň tom­sun­da Pa­riźde ge­çi­ril­jek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ala­wy ýa­kyl­dy. Alaw yak­mak da­ba­ra­sy­na Gre­si­ýa­nyñ Pre­zi­den­ti Ka­te­ri­na Sa­kel­la­ro­pu­lu, Hal­ka­ra Olim­pi­ýa geñeşi­niñ Pre­zi­den­ti To­mas Bah, Gre­si­ýa­nyň Mil­li Olim­pi­ýa ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Spi­ros Kap­ra­los, Fran­si­ýa­nyň sport mi­nist­ri Ame­li Udea-Kas­te­ra we beý­le­ki res­mi adam­lar gat­naş­dy­lar.

Hokkeý ýaryşy: «Galkan» — çempion!

Şu gün paýtagtymyzda alty günläp dowam eden halkara hokkeý ýaryşy Türkmenistanyň «Galkan» toparynyň ajaýyp ýeňşi bilen tamamlandy. Final oýunda RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan» toparyndan 4:2 hasabynda üstün çykan ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň hokkeý topary Gyşky oýunlar sport toplumyny dolduran ýüzlerçe janköýerine hakyky ussatlygyny görkezip, ynam bilen ýaryşyň başyny çekdi. Günüň birinji ýarymynda «Feniks» bilen «Wolat» üçünji orun üçin duşuşyp, ýaryş Belarusuň güýçli hokkeý toparynyň uly hasapdaky ýeňşi bilen tamamlandy. Şunlukda, özbekleriň «Feniksinden» 4:12 hasabynda üstün çykan bu topar Aşgabatda geçen çekeleşikli ýaryşda üçünji orna mynasyp boldy.

Bu gün — final: «Galkana» güýçli bäsdeş garaşýar

Final duşuşygyndaky ornuny eýýäm öňňin kesgitlän «Galkan» hokkeý toparynyň paýtagtymyzda geçirilýän halkara ýaryşdaky garşydaşy belli boldy. Edil «Galkan» ýaly, «B» toparçada ähli duşuşyklaryny ýeňiş bilen tamamlan Russiýa Federasiýasynyň «Adihis-Kazan» topary şu gün geçiriljek aýgytlaýjy duşuşykda türkmen toparynyň bäsdeşi bolar. Halkara ýaryşyň her bir gününe mahsus garaşylan we garaşylmadyk netijeler düýn geçirilen 5-nji tapgyryň duşuşyklarynda hem näçe diýseň gabat geldi. «A» toparçada jemleýji tapgyra çenli her biri 6 utukdan toplan Özbegistan Respublikasynyň «Feniks» we Eýran Yslam Respublikasynyň «Ice Box» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk janköýerleriň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Çünki bu duşuşykda gazanyljak ýeňiş topara üçünji orun ugrunda bäsleşmäge mümkinçilik berýärdi. Duşuşygyň eýýäm ilkinji minutlaryndan oýnuň gidişini öz eline alan özbegistanly hokkeýçiler bu depgini tä soňky sekuntlara çenli saklamagy başardylar. Şeýlelikde, olar jogapkärli duşuşykda 6:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, ýaryşyň üçünji orny üçin göreşmäge mümkinçilik aldylar.

Ýaryşa gatnaşyjylaryň ýürek buýsanjy

Ke­rem­li ÇA­RY­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň «Gal­kan» hok­keý to­pa­ry­nyň der­we­ze­çi­si: