''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Sport

Gyzykly geçen ýaryş Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdepde taekwondo boýunça şäheriň açyk birinjiligini almak ugrunda ýaryşlar geçirildi. Ýaş türgenleriň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen geçirilen ýaryş gyzgalaňly pursatlara baý boldy. Gyzykly geçen ýaryşyň netijesine görä, Sabyr Atamedow, Ramzan Nasyrow, Jeýhun Saparbaýew, Meýlis Azymow, Alibek Oktamow, Kudrat Jumanow, Muhammet Suhrabow, Mergen Kadyrow, Meretgeldi Hoşanow, Annaly Hangeldiýew dagy öz agram derejelerinde birinji orna mynasyp boldular. Şeýle hem öz agram derejelerinde Selim Halmyradow, Kim Tolik, Parahat Aýbekow, Batyr Diýarow, Serdar Mätiýew, Amirhan Hajyýew, Aždar Kudratow, Daýanç Hangeldiýew, Sapardurdy Saryýew, Rejepbaý Rozmetow dagy ikinji, Artur Kadambaýew, Aýdar Haýrulin, Hasan Hojaniýazow, Husan Hojaniýazow, Küren Myradow, Azat Hojaýew, Mansur Täjibaýew, Babajan Kakaýew, Jemşit Töräýew, Batyr Koçkarow dagy üçünji orny eýelediler. Ýeňiş gazanan türgenler medallar we Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Mil­li oýun­lar wa­gyz edil­ýär

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Hal­ky­myz dün­ýä jemgyýetçiliginiň ta­ry­hyn­da uly yz gal­dy­ryp­dyr. Ata-ba­ba­la­ry­myz ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ne gö­rä, mil­li ýö­rel­ge­le­ri, däp-des­sur­la­ry, edim-gy­lym­la­ry bi­len bir­lik­de dür­li oýun­la­ry-da dö­re­dip, soň­ky ne­sil­le­re mi­ras go­ýup­dyr­lar. Ne­sil ter­bi­ýe­sin­de mil­li oýun­la­ra uly äh­mi­ýet be­rilýär. Türk­me­niň mil­li oýun­la­ry ýaş­lar­da we ça­ga­lar­da berk be­den­li­li­gi, sag­dyn­ly­gy, ça­la­syn­ly­gy ter­bi­ýe­läp­dir. Olar ýaş­la­ra dur­muş­da özü­ňi ýer­lik­li alyp bar­ma­gy, her hi­li päs­gel­çi­lik­den baş alyp çyk­ma­gy öw­re­dip­dir. Hut şol se­bäp­li mil­li oýun­lar ýaş­lar üçin ter­bi­ýe mek­de­bi ha­sap­la­nyp­dyr. Türk­men mil­li oýun­la­ry­nyň hem-de sport güý­men­je­le­ri­niň aý­ry-aý­ry gör­nüş­le­ri hä­zir­ki gün­ler­de res­mi sport gör­nüş­le­ri­niň de­re­je­si­ne eýe bol­dy. Şo­lar bo­ýun­ça mil­li ýa­ryş­lar hem-de hal­ka­ra çem­pio­nat­lar ge­çi­ril­ýär.

Paýhas oýnunyň ussatlary Gökdepede duşuşdylar

29-30-njy aprelde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligi bilen Gökdepe etrabynyň sport mekdebiniň bilelikde guramagynda küşt boýunça etrabyň birinjiligini almak ugrunda bäsleşik geçirildi. Her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen «Gala» atly küşt boýunça açyk birinjilige Türkmenistanyň dürli künjeginden halkara grossmeýsterleriň, ussat we ýaş türgenleriň 40-dan gowragy gatnaşdy.

«Uly tuwulgadan» altyn medal

Türkmen dzýudoçylary sport janköýerlerini halkara ýaryşlardaky täze ýeňişler bilen begendirmegi dowam edýärler. Ýakynda sportuň bu görnüşiniň wekillerinden nobatdaky hoş habar Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen «Uly tuwulga» ýaryşyndan gelip gowuşdy. Bu ýaryşda 66 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan ildeşimiz Serdar Rahymow güýçli bäsdeşleriniň ählisinden üstün çykyp, altyn medala mynasyp boldy. Has takygy, 20 ýaşly türgen altyn medala uzaýan ýolda möhüm ýeňişleriň bäşisini gazandy. Ol mongoliýaly türgen Býambasuren Ulziibaýardan, kanadaly Ýuliýen Fraskadordan, täjigistanly Mulorajab Hakifaýewden, özbegistanly Bobur Wajiýewden we final tutluşygynda täjik türgeni Obid Jebowdan üstün çykdy. Şeýlelikde, Serdar özüniň halkara üstünlikleriniň hataryna sport ýolunda ilkinji gezek «Uly tuwulga» ýaryşlarynyň altyn medalyny goşdy. Onuň, mundan başga-da, sebitleýin kubok ýaryşlarynda bir altyn, iki kümüş, açyk çempionatlarda bolsa iki kümüş medaly bar.

Bedenterbiýe we sport

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li sport oýun­la­ry mer­ke­zi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­de gur­na­mak­la­ryn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň Ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bin­de er­kek­le­riň, aýal-gyz­la­ryň we ýaş­la­ryň ara­syn­da düz­züm bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Çem­pio­na­ta ýaş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na gö­rä, uly ýaş­ly er­kek we ze­nan, ýaş og­lan we gyz tür­gen­ler gat­naş­dylar.

Gel­jek­ki ýe­ňiş­le­re ba­dal­ga

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serda­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da mil­li sport ul­ga­my­myz her ta­rap­la­ýyn tä­ze ösüş­le­re eýe bolýar. Şol san­da Gahryman Arka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len ýo­la goý­lan mil­li hok­keý spor­tu­myz dö­re­di­le­ni­ne köp wagt geç­män­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, eý­ýäm özü­niň buý­sanç­ly üs­tün­lik­le­ri, ynam­ly ýe­ňiş­le­ri bi­len gö­wün­le­ri­mi­zi gal­kyn­dyr­ýar.

Dünýä çempionatyndan üstünlik bilen

Türkmenistanly körpe küştçüler ýakynda Albaniýanyň Durres şäherinde 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Hususan-da, Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiniň 9 ýaşly türgeni Aýýa Baýramowa 10 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda küşdüň blis görnüşi boýunça bürünç medala mynasyp bolmagy başardy. Dünýä çempionatyna 43 ýurtdan körpe küştçüleriň 375-siniň gatnaşandygyny aýtsak, türkmen küştçüleriniň baýrakly we öňdäki orunlary eýelemek üçin köp sanly çylşyrymly duşuşyklary geçirmeli bolandygy düşnüklidir.

Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy

Halkyň saglygynyň döwletiň baýlygyna deňelýän ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň binýady berkidilýär, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu babatdaky döwlet syýasatynyň esasy maksady sagdyn durmuş ýörelgelerini her bir ynsanyň, tutuş jemgyýetiň ýaşaýyş kadalaryna ornaşdyrmaga gönükdirilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, täze taryhy döwürde jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan dürli baýramçylyklaryň, medeni-köpçülik çäreleriniň sport ýaryşlary, köpçülikleýin ýörişler bilen utgaşdyrylmagy, şeýle hem oňa bagtyýar raýatlarymyzyň uly höwes bilen gatnaşmaklary sport, Olimpiýa hereketiniň halkymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülýändigini, oňa eýerýänleriň sanynyň barha artýanlygyny alamatlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynyň täze milli ulgamy, döwrebap nusgasy döredilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tutuş halkymyza nusga alarlyk görelde görkezýärler. Sagdyn durmuş ýörelgesi we sport bagtyýar döwürde ösüp gelýän ýaş nesilleri sazlaşykly ter

Do­gum don­ly es­ger

1917-nji ýylyň bir güni Köpetdagy etekläp oturan Artyk obasynda, goşa çaýhanaly Garahan aganyň we Mährijemal enäniň maşgalasynda saryýagyzja ogul bäbejik dünýä inýär. Oba mollasy çagyrylyp, oglanjygyň gulaklaryna azan-kamat aýtdyrylyp, doglan aýynyň hormatyna oňa Sapar diýip at dakýarlar. Ol ata-enesiniň elinde terbiýelenýär. Türkmeniň ilkinji bilim işgärleriniň biri Artykgül Teke gyzynyň (Tatýana Tekinskaýa) Artyk obasynda öz hasabyna açan mekdebinde başlangyç bilim alýar. Sa­par ýum­şa ýa­rap ug­ra­nyn­dan, do­gan­la­ry bi­len ata-ene­si­ne öý-ho­ja­lyk iş­le­rin­de we Ar­tyk de­mir ýol men­zi­li­niň gün­do­ga­ryn­da ýer­leş­ýän hu­su­sy çaý­ha­na­la­ryn­da zäh­met­de bi­şi­şip, ma­za­ly tap­lan­ýar. Oba­da kol­hoz gu­rul­ma­gy bi­len, meý­dan iş­le­rin­de iş­le­ýär. Ma­hal-ma­hal deň-duş­la­ry bi­len oba­nyň dag we Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň etek­le­ri­niň gö­zel ýer­le­ri­ne seý­ran edip, türk­me­niň mil­li oýun­la­ry­ny oý­nap­dyr, gö­reş tu­tup­dyr. Orak möw­sü­min­de Ar­tyk oba­sy­nyň ekin­le­rin­de kol­hoz­çy­lar bi­len orak orup­dyr.

Paý­tag­tyň sport dur­mu­şyn­dan

Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Boks fe­de­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2024-nji ýyl­da Fran­si­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pa­riž şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek XXXIII To­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na ýol­lan­ma ga­zan­mak bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­la­ýyn iş­ler ul­gam­la­ýyn esas­da al­nyp ba­ryl­ýar. Mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň tür­gen­le­ri baş tä­lim­çi Te­nel­bek Džu­ma­ku­lo­wyň we kö­mek­çi tä­lim­çi Ýaz­mu­ham­met Paz­zy­ýe­wiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da okuw-tür­gen­le­şik sa­pak­la­ry­ny geç­ýär­ler.

Halkara ýaryşdan medally

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndy topary Belarus Respublikasynda geçirilen halkara ýaryşda ikinji orny eýeledi. Jemleýji duşuşygyny Belarusuň regulýar çempionatynyň MFK «Minsk» kluby bilen geçiren ýygyndy toparymyz 3:2 hasabynda ýeňiş gazanmagyň hötdesinden geldi. Mundan öň Türkmenistanyň ýygyndy topary Minsk şäherinde ýurduň çempionatyna gatnaşyjy «Ohrana-Dinamo» klubuny 7:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi. Türkmen topary birinji duşuşygynda Belarusuň ýygyndysyndan asgyn gelipdi. Geçiren duşuşyklarynyň üçüsini hem ýeňiş bilen jemlän Belarusuň ýygyndy topary ýaryşyň ýeňijisi boldy.

Taryhda şu gün

Tomusky oýunlaryň açylyş dabarasynyň şol ýylyň 5-nji iýulynda geçirilendigine garamazdan, Oýunlaryň çäginde guralan bäsleşikleriň käbiriniň deslapky tapgyrlary 4-nji maýda geçirildi.

Gyzykly geçen ýaryşlar

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli sport ýaryşlary biri-birine ulaşýar. Beýik şahyrymyzyň dogduk mekanynda welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň we Magtymguly etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen woleýbol ýaryşlary hem bu senä bagyşlandy. Welaýatymyzyň woleýbol boýunça açyk çempionatyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden toparlar gatnaşyp, onda birinji orny Mary welaýatynyň «Asuda asman» topary eýeledi. Ikinji orna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Nebitçi», üçünji orna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň «Binagär» toparlary mynasyp boldular.

Finalçylar jogap duşuşygynda belli bolar

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da ýa­rym fi­na­lyň 1-nji du­şu­şyk­la­rynyň 2-si hem Ger­ma­ni­ýa­da ge­çi­ril­di. Du­şu­şyk­la­ryň bi­ri deň­me-deň ta­mam­la­nan bol­sa, beý­le­ki­sin­de ýer eýe­le­ri iň ki­çi ha­sap bi­len ýe­ňiş ga­zan­dy. Iki du­şu­şyk­da je­mi 5 gol ha­sa­ba alyn­dy. UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da Mün­hen­de «Ba­wa­ri­ýa» bi­len «Re­al Mad­ri­diň» ara­syn­da oý­na­lan ýa­rym fi­na­lyň 1-nji du­şu­şy­gyn­da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. Fran­si­ýa­ly Kle­men Tur­pe­niň emin­lik eden du­şu­şy­gyn­da il­kin­ji bo­lup myh­man­lar ha­sa­by aç­dy. Oý­nuň 24-nji mi­nu­tyn­da To­ni Kroo­syň owa­dan pa­syn­da Wi­ni­si­us Ju­ni­or to­py der­we­zä gö­nük­dir­di. Ýer eýe­le­ri bu go­la 1-nji ýa­rym­da jo­gap be­rip bil­me­di. 2-nji ýa­ry­myň baş­la­ryn­da yz­ly-yzy­na 2 gol ge­çi­ren ne­mes klu­by 2–1 ha­sa­byn­da öňe saý­lan­dy. Du­şu­şy­gyň 53-nji mi­nutyn­da Le­roý Sa­ne­niň je­ri­me meý­dan­ça­sy­nyň içi­ne gi­rip, uran bat­ly ur­gu­syn­dan soň ha­sap deň­len­di. Bu gol­dan 4 mi­nut so­ňam Har­ri Keýn emi­niň bel­län pe­nal­ti­si­ni dürs ýe­ri­ne ýe­ti­rip, «Ba­wa­ri­ýa­ny» öňe saý­la­dy. Oý­nuň

«Mançester Sitiden» öňe geçdi

Ang­li­ýa­nyň 2-nji li­ga­sy «EFL Cham­pions­hip»-de «Les­ter Si­ti» çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan edip, bir ýyl­dan soň «Pre­mi­er Li­ga» do­lan­dy. 45-nji tap­gyr­da «Pres­ton Nort End» to­pa­ry­ny Jeý­mi War­di (2) hem-de Keý­zi Ma­kA­ti­riň gol­la­ry bi­len 3–0 ýe­ňen «Les­ter Si­ti» 2-nji li­ga­da 8-nji ge­zek çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy. Olar bu ugur­da «Man­çes­ter Si­ti­niň» re­kor­dy­ny (7 çem­pi­on­lyk) tä­ze­le­me­giň höt­de­sin­den gel­di. «Les­ter Si­ti» 45 oýun­da 97 utuk top­la­dy. 2-nji ýer­de 93 utuk top­lan «Ips­wiç Tawn» bar­ýar. Ola­ra «Pre­mi­er Li­ga» çyk­mak üçin soň­ky tap­gyr­da 1 utuk hem ýe­ter­lik bo­lar. Ita­li­ýa­nyň 2-nji li­ga­sy «Se­rie B»-de «Par­ma» to­pa­ry 36-njy tap­gyr­da «Ba­ri» bi­len 1–1 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. Bu deň­lik ola­ryň 3 ýyl­dan soň «Se­rie A» do­lan­ma­gy üçin ýe­ter­lik bol­dy. 36 oýun­da 74 utuk top­lan «Par­ma» soň­ky ge­zek 2020/21 möw­sü­min­de «Se­rie A»-da çy­kyş edip­di. «Se­rie B»-de «Ko­mo» 71 utuk bi­len 2-nji orun­da bar­ýar. Olar in­di­ki tap­gyr­da ýe­ňiş ga­zan­sa, «Par­ma­dan» soň ýo­ka­ry li­ga çy­kan 2-nji klub bo­lar.

«Bundesliganyň» iki ussady

Hä­zir­ki wagt­da fut­bol­da bir to­par­da uzak wagt­lap çy­kyş et­mek ýa-da tä­lim­çi bol­mak seý­rek duş gel­ýän ha­dy­sa­dyr. Mu­ňa Pao­lo Mal­di­ni, Fran­çes­ko Tot­ti, Pol Skouls, Ra­ýan Giggz ýa­ly tu­tuş kar­ýe­ra­la­ry­ny bir klub­da ge­çi­ren fut­bol­çy­la­ry my­sal ge­tir­mek bo­lar. Aleks Fer­gu­son, Gi Ru, Ar­sen Wen­ger ýa­ly meş­hur tä­lim­çi­le­r kar­ýe­ra­la­ry­nyň ep-es­li ýyl­la­ry­ny bir klub­da ge­çi­ren us­sat tä­lim­çi­ler­dir. Fut­bo­lyň ir­ki ýyl­la­ryn­da, has ta­ky­gy, 1950-nji ýyl­lar­dan öň bir to­par­da uzak wagt­lap iş­län tä­lim­çi­le­riň sa­ny az däl­di. Hat­da şol ýyl­lar­da 20–30 ýyl­lap bir klu­ba ýa-da ýy­gyn­da tä­lim ber­ýän hü­när­men­le­riň sa­ny ju­da köp­di. Aleks Fer­gu­son bi­len Ar­sen Wen­ge­r tä­lim­çi­li­gi taş­lan­la­ryn­dan soň, bu sta­tis­ti­ka ha­sam aza­lan ýa­ly. Ýö­ne şon­da-da bir­län-iki­län duş ge­lin­ýär. Şo­la­ryň iki­si hä­zir­ki wagt­da Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Bun­des­li­ga­da» bo­lup, ola­ryň iki­si-de köp wagt­dan bä­ri hä­zir­ki klub­la­ryn­da iş­läp ýör­ler. Esa­sy gür­rü­ňe geç­mez­den ozal, hä­zir­ki gün­de Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy çe

90-njy mi­nut­dan soň gol geçirmeklik däbe öwrüldi

Mun­dan 20 gün öň, ýag­ny 14-nji ap­rel­de Ger­ma­ni­ýa­nyň «Bun­des­li­ga­syn­da» ta­ry­hy wa­ka bo­lup geç­di. Le­wer­ku­zen şä­he­ri­niň do­ly ady «Ba­ýer 04» bo­lan to­pa­ry 119 ýyl­lyk ta­ry­hyn­da (1-nji iýul­da 120 ýyl bol­ýar) il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Bu çem­pi­on­ly­gyň iň esa­sy iki aý­ra­tyn­ly­gy bo­lup, bi­rin­ji­si ýeň­liş­siz ga­za­ny­lan çem­pi­on­lyk bol­ma­gy, ikin­ji­si bol­sa ýur­duň fut­bo­ly­nyň hök­mü­ro­wa­ny «Ba­wa­ri­ýa­nyň» 11 ýyl­lyk çem­pi­on­ly­gy­ny soň­lan­dyr­ma­gy­dyr. «Ba­ýe­riň» çem­pi­on­lyk ga­zan­ma­gyn­da tä­lim­çi Ha­bi Alon­so­nyň or­ny gür­rüň­siz ulu­dyr. Şeý­le-de, onuň to­pa­ryň oýun­çy­la­ry­nyň süň­ňü­ne siň­di­ren, aňy­na gu­ýan mo­ti­wa­si­ýa­sy­dyr. Ýag­ny to­par çem­pi­on bol­ýan­ça, hat­da çem­pi­on­lyk ga­za­ny­lan­dan so­ňam ýeň­şe bo­lan yna­my­ny, fut­bo­la bo­lan hy­ju­wy­ny, hö­we­si­ni, mo­ti­wa­si­ýa­sy­ny bir­ji­gem ýi­tir­me­di. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, kä­bir oýun­la­ra se­re­de­niň­de, olar üçin oýun 90-njy mi­nut­dan soň baş­la­nýan ýa­ly. Mu­ňa to­pa­ryň 90-njy mi­nut­dan soň ge­çi­ren gol­la­ry do­ly şa­ýat­

De­lo­ne­niň ta­gal­la­sy we il­kin­ji ýa­ryş­lar

Üstünliklere beslenen aý

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan sportuň dzýudo görnüşi boýunça 2010, 2011, 2012, 2013-nji ýylda doglan ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda mekdebimiziň 4-nji synp okuwçysy Roza Kazakowa 27 kilogram agramda 3-nji orny eýelemegi başardy. Şeýle hem Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasy tarapyndan 2007-nji ýylda doglan oglan-gyzlaryň arasynda woleýbol boýunça geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde mekdebimiziň 11-nji synp okuwçysy Sewinç Ýangaberdiýewa 2-nji orna mynasyp boldy. Şu ýylyň 5-nji aprelinde «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy tarapyndan Daşoguz şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri» atly sportuň küşt görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Yhtyýar we Asal Babajanowa dagy 3-nji orna mynasyp boldular. Toparlaýyn ýaryşda hem 3-nji orny eýelediler.

Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebinde erkin göreş boýunça ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ýaryşa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden ýaş pälwanlaryň 200-e golaýy gatnaşdy. Ýaryşyň dowamynda türgenler agram derejeleriniň 9-sy boýunça güýç synanyşdylar. Çekeleşikli geçen tutluşyklaryň netijeleri boýunça Aşgabat şäheriniň topary birinji orna mynasyp boldy. Aşgabat şäheriniň Ýaş olimpiýaçylar mekdebiniň topary ikinji orny eýeledi. Welaýatymyzyň türgenleri bolsa üçünji orny gazandylar. Ýaryşa tejribeli tälimçiler Zafar Nuraliýew, Azat Kabulow, Rüstem Nazarow dagy eminlik etdiler. Ýeňijiler Hormat hatlary we medallar bilen sylaglanyldylar.