''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Sport we gözellik

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, hormatly Prezidentimiziň peş­geş be­ren aja­ýyp za­ma­na­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­rip ýa­şa­mak bi­ziň jan sag­ly­gy­my­za uly täsirini ýetirýär. Spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak üçin ýur­du­myz­da tä­ze-tä­ze des­ga­lar gu­r­lup ulan­ylma­ga be­ril­ýär.

Woleýbolçylarymyzyň üstünligi

Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy 9 — 17-nji maý aralygynda Pakistanyň Yslamabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň Woleýbol assosiasiýasynyň Milletler ligasyna gatnaşdy. Türkmen woleýbolçylary alty döwletiň ýygyndylarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda kümüş medala mynasyp boldular. Halkara ýaryşda ildeşlerimiz ilkinji duşuşygyny Eýran Yslam Respublikasynyň ýygyndysy bilen geçirdiler. Duşuşyk 3:2 hasabynda eýranly woleýbolçylaryň peýdasyna tamamlandy. Ýöne ildeşlerimiz ruhdan düşmän, ýeňişli tapgyra badalga berdiler. Gyrgyz ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňen woleýbolçylarymyz Owganystanyň ýygyndysyndan hem 3:1 hasabynda üstün çykmagy başardylar. Deslapky tapgyryň ahyrky duşuşygynda Şri-Lankanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňen türkmen woleýbolçylary final duşuşygyna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Serdar Täçnazarowyň şägirtleri finalda ýer eýeleri bolan Pakistanyň ýygyndysy bilen duşuşyp, 1:3 hasabynda asgyn geldiler.

Baýramçylyk sowgady

Paýtagtly türgen Alymmuhammet Kakalyýew ýetip gelen baýramy – Aşgabat şäheriniň gününi sowgatly garşylady. Ol Ispaniýanyň La-Korunýa şäherinde tamamlanan «Karate 1 Ýaşlar ligasynyň» dünýä tapgyryndaky halkara ýaryşda bürünç medala mynasyp boldy. Aşgabat şäherindäki 61-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy bu üstünligi 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda 55 kg çenli agram derejesinde kumitede gazandy. Ýeri gelende bellesek, bu türkmen türgeniniň halkara ýaryşlaryndaky ilkinji medaly däldir. Alymmuhammet şu ýyl Fudžeýrada (BAE) geçirilen hut şeýle derejedäki bäsleşikde bürünç, Samarkantda guralan Merkezi Aziýanyň karate boýunça 9-njy çempionatynda altyn medallara mynasyp boldy.

Çekeleşikli tutluşyklar

Golaýda 2007 – 2009-njy hem-de 2010-2011-nji ýyllarda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda sambo boýunça Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň birinjiligi geçirildi. Mekdebiň «Köpugurly» sport zalynda guralan ýaryşlaryň her birine 100-e golaý türgen gatnaşdy. Bu ýaryşlaryň ikisinde hem toparlaýyn hasap boýunça birinji orna Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebi eýe boldy. 34 kg-de Gurban Rejepow, 38 kg-de Allanur Seýitkulow, 42 kg-de Ybraýymbeg Baýramgylyjow, 46 kg-de Ýusup Atabaýew, 50 kg-de Resul Geldiýew, 55 kg-de O.Hudaýberdiýew, 60 kg-de Daniýel Rustamow, 66 kg-de B.Gulmuhammedow, +70 kg-de bolsa Hezret Hoşgeldiýew dagy 2007–2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň bäsleşiginde 1-nji orna mynasyp boldy.

Futbol täzelikleri

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Arkadag» topary bu tapgyrda öz meýdanynda «Energetik» bilen duşuşyp, 6:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Çempionatdaky bassyr 14-nji ýeňşini gazanan Arkadag şäheriniň adybir topary ýaryş tertibinde ynam bilen birinji orny eýelemegini dowam edýär.

Sport mekdeplerinde

Arkadag şäheriniň Köpugurly sport toplumynda Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Arkadag şäheriniň bedenterbiýe we sport müdirliginiň bilelikde guramagynda 2009 – 2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda futzal boýunça Ahal welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli guralan ýaryşa 5 topar gatnaşdy. Final duşuşygynda Ahal welaýatynyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň topary Ak bugdaý etrabynyň toparyndan 6-1 hasabynda üstün çykyp, ýeňiji bolmagy başardy. Kaka etrabynyň topary 3-nji orny eýeledi. Baýrakly orunlary eýelän toparlara Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlarydyr medallary gowşuryldy. Mämmet AGABAÝEW,

Türkmenistanyň çempionaty

Bu gün ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Bu bäsleşikler ýaşlaryň saýlap alan sport görnüşleri boýunça has-da kämilleşmeklerine şert döredýär, tejribe mekdebi bolup durýar. 15 – 21-nji maýda zenanlaryň arasynda gandbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Aşgabat şäherinde guralan ýaryşa paýtagtymyzdan we welaýatlardan toparlar gatnaşdy. Bu bäsleşikde Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň türgenlerinden düzülen paýtagtyň topary 1-nji orny eýeledi. Olary bu ýaryşa G.Narbaýewa, O.Kobzewa, S.Hannyýewa dagy taýýarlady. Ýeňiş gazanan toparyň düzüminde Maýsa Raimowa, Aýşa Rejebowa, Diana Ýeremeýewa, Anna Begjanowa has-da tapawutlandylar.

Paýtagt habarlary

Ýakynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň «Täze zaman» bedenterbiýe-sagaldyş toplumynyň sport zalynda 2007-nji, 2008-nji, 2009-njy, 2010-njy ýyllarda doglan ýaşlaryň hem ýetginjekleriň arasynda uşu boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Bu ýaryşa 120 türgen gatnaşdy. Türgenler ýaş aýratynlyklary boýunça öz agram derejelerinde medallar ugrunda bäsleşdiler. Ýaryşlar boýdan-başa gyzgalaňly we çekeleşikli pursatlara baý boldy. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Bedenterbiýe we sport

Golaýda Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň sport mekdebinde ýetginjekleriň arasynda erkin göreş boýunça Mary welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Oňa Mary welaýatynyň etraplaryndan we şäherlerinden türgenler gatnaşdylar. Ýaryşyň netijeleri boýunça Murgap etrabynyň türgenlerinden Atabally Batyrow 65 kg agramda 1-nji, Şaruh Berdiýew 110 kg-de 2-nji, Rüstem Parahadow 60 kg-de, Guwanç Çaryýew 51 kg-de, Agaçary Saparow 51 kg-de 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýaryşyň ahyrynda türkmen sportuny belende galdyrýan, sport görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlar aýdyldy.

Sportuň olimpiýa görnüşi

Sportuň dünýäde giňden ýaýran görnüşleriniň biri bolan ýaý atmak öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Häzirki wagtda Halkara ýaý atmak federasiýasy FITA ady bilen hereket edip, onuň düzümine 140-dan gowrak döwletiň milli federasiýalary girýär. FITA-nyň edara binasy Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde ýerleşýär. Şeýle-de, ýaý atyjylaryň ýene bir birleşmesi bolup, ol EMAU diýlip atlandyrylýar. 1900-nji ýylda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek ýaý atmak boýunça ýaryşlar geçirilýär. Şondan soňra dünýäniň iň uly ýaryşlarynda sportuň bu görnüşi boýunça bäsleşikler 1920-nji ýylda geçirilen tomusky Oýunlaryna çenli guralýar. 1972-nji ýylda Germaniýanyň Mýunhen şäherinde geçen tomusky Olimpiadada ýaý atmak boýunça ýaryşlar gaýtadan dikeldilýär. Şondan bäri sportuň bu görnüşi boýunça bäsleşikler Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna yzygiderli girizilip gelinýär we erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda aýratynlykda guralýar.

Taryhda şu gün

Üç gezek Olimpiýa çempiony bolan bu tanymal türgeniň şol günki görkezijisi 98 metr 48 santimetre deň bolýar. Bu dünýä rekordynyň häzirki wagta çenli saklanyp gelýändigini bellemek gerek. Ýeňil atletikanyň naýza zyňmak görnüşiniň taryhynda hasaba alnan netijelerde türgenleriň diňe 22-si 90 metrden geçýän netijäni görkezmegiň hötdesinden gelipdir.

Zwe­re­wiň 2-nji, Şwen­te­giň 3-nji ýeňşi

Ten­nis bo­ýun­ça Ita­li­ýa­nyň paý­tag­ty Rim­de ge­çi­ri­len «Ita­li­ýa Açyk Mas­ters» ýa­ry­şy ta­mam­lan­dy. Er­kek­le­riň ara­syn­da 3-nji orun­da­ky ger­ma­ni­ýa­ly Alek­san­der Zwe­rew bi­len 21-nji bas­gan­çak­da­ky çi­li­li Ni­ko­las Ýar­ri du­şuş­dy. 81-nji ge­zek ge­çi­ri­len ýa­ry­şyň fi­na­lyn­da Zwe­rew gar­şy­da­şy­ny 6:4, 7:5 ha­sap­lar bi­len ýe­ňip, Rim­de 2017-nji ýyl­dan soň 2-nji, kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça-da 22-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Mad­rid­den soň Rim­de-de ýeň­di

Agyr ag­ra­myň äh­li de­re­je­si­niň eýesi bol­dy

Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň paý­tag­ty Er-Ri­ýad­da ge­çi­ri­len boks ag­şa­myn­da ta­ry­hy tut­lu­şyk bol­dy. Şon­da bri­ta­ni­ýa­ly Taý­son Fýu­ri bi­len uk­rai­na­ly Alek­sandr Usik öza­ra güýç sy­na­nyş­dy. Agyr ag­ra­myň ab­sol­ýut çem­pi­on­ly­gy ug­run­da­ky tut­lu­şyk­da Usik gar­şy­da­şy­ny 9-njy raund­da nok­dawn bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 12 raund­lap do­wam eden tut­lu­şyk­da emin­ler şol nok­daw­nyň Usi­giň ýe­ňiş ga­zan­ma­gy­na uly go­şant go­şan­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Bu ýe­ňiş bi­len Usik gar­şy­da­şy Taý­son Fýu­ri­den WBC-niň çem­pi­on­ly­gy­ny al­ma­gy ba­şar­dy. Şun­luk­da, Usik agyr ag­ram­da 4 de­re­jä­niň hem eýe­si bo­lup, ol 2021-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da An­to­ni Jo­şua­ny ýe­ňip, WBA, WBO, IBF çem­pi­on­lyk gu­şak­la­ry­ny alyp­dy. Usik soň­ky 25 ýyl­da agyr ag­ram de­re­je­sin­de çem­pi­on­lyk gu­şak­la­ry­nyň 4-si­niň hem ab­sol­ýut çem­pio­ny bo­lan il­kin­ji boks­çy hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Usik­den öň soň­ky sa­par Len­nos Lýu­wis 1999-njy ýyl­da Ewan­der Ho­li­fil­di ýe­ňip, agyr ag­ram­da 4 çem­pi­on­lyk gu­şa­gy­ny hem eýe­läp­di. 37 ýa­şyn­da­ky Usik kar­ýe­ra­syn­da­ky 22-

«Ata­lan­ta» – UEFA Ýew­ro­pa Li­ga­sy­nyň 30-njy çem­pio­ny

UEFA-nyň klub­la­ryň ara­syn­da gu­ra­ýan 2-nji de­re­je­li ýa­ry­şy Ýew­ro­pa Li­ga­syn­da tä­ze çem­pi­on peý­da bol­dy. Ita­li­ýa­nyň «Ata­lan­ta» klu­by ta­ry­hy ba­şar­nyk gör­ke­zip, 53-nji ge­zek ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­da ku­bo­gy eýe­le­me­gi ba­şar­dy. «Ba­ýer» hem ýe­ňil­ýär

25-nji maý: Bü­tin­dün­ýä fut­bol gü­ni – fi­nal­lar gü­ni

Hep­dä­niň şen­be gü­ni, ýag­ny 25-nji maý­da fut­bol jan­kö­ýer­le­ri­ne en­çe­me fi­nal du­şu­şyk­la­ry ga­raş­ýar. Go­laý­da BMG ta­ra­pyn­dan 25-nji maý Bü­tin­dün­ýä fut­bol gü­ni diý­lip yg­lan edi­l­di. Bu hal­ka­ra baý­ram­çy­ly­gy­nyň il­kin­ji bel­le­nil­ýän gü­nü­niň üs­ti bir­nä­çe fi­nal du­şu­şyk­la­ry bi­len ýe­ti­ri­ler. Şol gün fi­nal du­şu­şyk­la­ry­nyň 5-si ge­çi­ri­ler. Şol bir wag­tyň özün­de-de Rus­si­ýa­nyň hem-de Bel­gi­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da ýe­ňi­ji bel­li bo­lar. Rus­si­ýa­nyň «Prem­ýer Li­ga­syn­da» 30-njy tap­gy­ryň du­şu­şyk­la­ry 18:30-da baş­lap, esa­san hem,

Garaşylmadyk çempionlar

15 OÝUNDA 15 ÝEŇIŞ

Türk­me­nis­ta­nyň mil­li çem­pio­na­tyn­da 16-njy tap­gyr­da­ky du­şu­şyk­la­ryň äh­li­sin­de-de ýer eýe­le­ri ýe­ňiş ga­zan­dy. Sa­na­wyň li­de­ri «Ar­ka­dag» topary öz meý­dan­ça­syn­da «Ener­ge­tik» to­pa­ry­nyň der­we­ze­sin­den jo­gap­syz 6 gol gi­riz­di (6–0). Gol­la­ry 30-njy mi­nut­da Re­sul Ho­ja­ýew, 35-nji mi­nut­da Sa­par­gu­ly Ar­zuw­gu­ly­ýew, 47-nji we 49-njy mi­nut­lar­da Di­dar Dur­dy­ýew, 51-nji mi­nut­da Beg­my­rat Ba­ýow hem-de 77-nji mi­nut­da Me­kan Sa­pa­row ge­çir­di.

«Mançester Siti» – Angliýada yzly-yzyna 4 gezek çempion bolan ilkinji topar

Ang­li­ýa­nyň «Pre­mi­er Li­ga­syn­da» ýe­ne-de soň­ky tap­gyr­da kes­git­le­nen çem­pi­on­ly­gy bu ge­ze­gem «Man­çes­ter Si­ti» gar­şy­daş­la­ry­na al­dyr­ma­dy. Ozal şeý­le sta­tis­ti­ka­ny 4 ge­zek baş­dan ge­çi­ren «Man­çes­ter Si­ti» öz meý­dan­ça­syn­da «West Ha­my» Fo­de­niň (2) hem-de Rod­ri­niň gol­la­ry bi­len 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Gar­şy­da­şy­nyň öňe ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan «Ar­se­na­la» 89 utuk çem­pi­on­lyk üçin ýet­me­di. Şeý­le­lik­de, «Man­çes­ter Si­ti» Ang­li­ýa­nyň 135 ýyl­lyk ýo­ka­ry li­ga­syn­da yz­ly-yzy­na 4 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji to­par bol­dy. Bu «Man­çes­ter Si­ti­niň» soň­ky 7 ýyl­da 6-njy, umu­my­lyk­da-da 10-njy çem­pi­on­ly­gy­dyr. «Man­çes­ter Si­ti» bu ugur­da 9 çem­pi­on­ly­gy bo­lan «Ewer­ton­dan» öňe geç­di. «Man­çes­ter Si­ti­den» öň­de «Ar­se­nal» (13), «Li­wer­pul» (19) hem-de «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» (20) to­par­la­ry bar. To­pa­ryň tä­lim­çi­si Pep Gu­ar­dio­la şä­her­li­ler­dä­ki 17-nji ku­bo­gy­ny ga­za­nyp, APL-de 6-njy çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. Ang­li­ýa­nyň «Pre­

1 oýun­da 5 gol ge­çi­ren 3-nji fut­bol­çy

Rus­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da çem­pi­on 29-njy tap­gyr­da-da bel­li bol­man, ol iň soň­ky tap­gyr­da kes­git­le­ner. 29-njy tap­gyr­da je­mi 39 gol ge­çi­ril­di we bu gör­ke­zi­ji çem­pio­na­ty­ň tä­ze re­kor­dy hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Sa­na­wyň li­de­ri «Di­na­mo Mosk­wa» öz meý­dan­ça­syn­da «Kryl­ýa So­we­to­wy» 4–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Mosk­wa­ly­la­ryň gol­la­ry­ny Bal­bue­na (2), Bi­tel­lo hem-de Nga­mal­ýo ge­çir­di. Soň­ky çem­pi­on «Ze­nit» 3 tap­gyr­dan soň ýe­ňiş ga­za­nyp, sankt-pe­ter­burg­ly­lar myh­man­çy­lyk­da «Ah­mat» to­pa­ry­ny 5-1 ha­sa­byn­da ut­dy. «Ze­ni­tiň» 5 go­lu­ny-da to­pa­ryň ko­lum­bi­ýa­ly hü­jüm­çi­si Ma­teo Kas­si­er­ra ge­çir­di. Oý­nuň 4-nji, 9-njy, 44-nji, 47-nji, 51-nji mi­nut­la­ryn­da ta­pa­wut­la­nan Kas­si­er­ra Rus­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 1 oýun­da 5 gol ge­çi­ren 3-nji fut­bol­çy bo­lup, on­dan öň 1994-nji ýyl­da Wiktor Pan­çen­ko («Ka­maz»—«Spar­tak»: 6–0) hem-de 1998-nji ýyl­da Oleg We­re­ten­ni­kow («Ro­tor»—«Şin­nik»: 6–2) ge­çi­rip­di. «Kras­no­dar» myh­man­çy­lyk­da «So­çi­ni» gar­şy­da­şy­nyň 2-1 öň­de­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, soň­ky mi­nut­lar­da

Hepdäniň esasy duşuşyklary

25-nji maý (şenbe) Zenit – Rostow (18:30)