"Maliýe we Ykdysadyýet" žurnaly

Esaslandyryjysy: Ministriligi Türkmenistanyň Maliye we ykdysadyyet ministriligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şayoly 156 jaýy Telefon belgileri: 39-46-93

Makalalar

Hepdäniň habarlary

Şanly ýylymyzyň waspçylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Gündogaryň beýik akyldary, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, TDP-niň welaýat komitetiniň «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Magtymguly Pyragy —  umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi.

Bazar bolçulygy — baýramçylyk şatlygy

Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralaryň şatlyk-şowhuny çar ýanymyzy gurşap alýar. Bu dabaralar güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, biziň gojaman hem nowjuwan Daşoguz topragymyzda-da giň gerime eýe bolýar. Welaýatymyzyň zähmetsöýer ilaty taryhymyza zer ýazgylary bilen girýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny egsilmez üstünliklere, rowaçlyklara beslemek bilen, Täze — 2025-nji ýyly tutumly, döwletli işleri durmuşa geçirmek ruhunda mynasyp garşylaýarlar. Muňa baýramçylyk dabaralarynyň giňden bellenýän günlerinde welaýatymyzyň uludan-kiçi ähli raýatlarynyň ýüz-gözlerindäki şatlyk hem-de döwre hoşallyk duýgulary aýdyň şaýatlyk edýär. Baýramçylygyň öň ýanynda  ak bazarlarymyzda giňden guralýan söwda hyzmatlary hem alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrýar.

Döwletliligiň nyşany

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly belent şygara beslenen şanly ýyl bagtyýar halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Daşoguz şäherindäki ýaşaýyş jaý we desgalar toplumyndan ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýynyň eýesi bolmak bagtynyň maňa-da nesip etmegi ömrüme mazmun, täze röwüş bagyşlady. Çünki merdana halkymyzda täze jaýly, öýli-ojakly bolmak uly döwletlilik hasaplanýar. Bu döwrebap ýaşaýyş jaýlary täze taryhy döwrüň halkymyza eçilýän bagtyýarlygyny, il-günümiziň abadanlygyny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her bir maşgalany döwrebap ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek ugrunda oýlanyşykly döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Täze taryhy döwrüň bu uly bagtyndan serpaýly bolandygymyza, täze jaýda döwletli, agzybir maşgalamyz bilen Täze ýyly garşylajakdygymyza bolan buýsanç göwünlerimizi ganatlandyrýar.

Terbiýe mekdebi

Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» romanynda mähriban kyblasy Berdimuhamet aganyň ömür, durmuş ýoly barada giňişleýin beýan edilýär. Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň «Älem içre adam gezmez, at gezer» diýip belleýşi ýaly, Berdimuhamet aganyň türkmen halkynyň arasynda bitiren hyzmatlary örän uludyr. Muny Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinden aýdyň görmek bolýar. Romanyň baş gahrymanynyň durmuşyň dürli ugurlaryndaky iş-gatnaşyk tutumy zähmetsöýerligiň taýsyz nusgasydyr. Şeýle tutumda çekilýän zähmetiň psihologik ýerligi hökmünde işiň gidişinden alynýan kanagatlanma, syzylýan lezzet hem şahsyýetiň özüni alyp barşynyň özboluşly hereketlendirijisine öwrülýär.

2024-nji ýyl meniň durmuşymda

Satgan GURBANOW, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy:

Bosagada — Täze ýyl!

Ýylyň ýyldan parhy köp Türkmenlerde ýörgünli senenamalaryň biri hem müçe ýyl hasabydyr. Türkmen aga müçe ýyllary boýunça islendik adamyň ýaşyny kesgitläp, uzak möhletleýin howa çaklamasyny berip bilipdir. Adamyň ýaşyny kesgitlemek üçin, onuň müçe ýylynyň haýsyna degişlidigini bilmek ýeterlik bolupdyr. Her bir çaga ýaşlygyndan onuň haýsy müçe ýylynda doglandygyny ene-atasy tarapyndan onuň kalbyna guýlupdyr. Müçe ýyl atlaryny ýeňiljek ýatda saklamak üçin, aşakdaky iki setiri gaýtalamak ýeterlik bolupdyr:

Beýik başlangyçlar rowaç alýar

Parahatçylyk — adamzadyň bähbidi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan durnukly ösüş depgini halkara giňişligindäki ýylsaýyn ýokarlanýan abraýynyň täze belentliklere çykýandygy bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu guwançly ýagdaý hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýöredýän parasatly we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändigini doly subut edýär.

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Şöhratly taryhyň we milli mirasyň ýaňy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni guwandyryjy wakalara beslenip, halkymyzy zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Bu taryhy ýylda il-günümize ýapylýan sowgat-serpaýlar köňüllere ylham paýlaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan döreýän ajaýyp kitaplaryň halkymyza peşgeş berilmegi türkmen edebiýatynyň sarpasyny has-da beýgeldýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygynyň toýunyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň neşir edilen «Taryhy syýahat» we «Ruhy miras» diýlip atlandyrylan iki bapdan ybarat «Hakyda göwheri» atly täze kitaby hem il-günümiz üçin toý sowgady boldy.

Şanly ýylyň buýsanjy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly taryhy wakalara beslenip tamamlanyp barýar. Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreleri bilen şöhratlanýan ýylymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Üstümizdäki ýylda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmekde, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda belent sepgitlere ýetilýär. Şeýle döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli işleriň dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly toýuny toýlamak bilen utgaşdyrylmagy şanly ýylymyzda guwanjymyzy goşalandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýy diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, halkara derejesinde-de giňden bellenilip geçildi we geçilýär. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň dürler hazynasy bolan edebi mirasynyň belent sarpasynyň ýaňy bolup alyslara aşýar.

Nesilleriň ylham çeşmesi

Ýurdumyzyň çar künjünde bolşy ýaly, harby kämilligiň mekdebi hasaplanýan Türkmenistanyň Serhet institutynda hem Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen kitap şöhratly geçmişimiziň belent waspnamasy bolup, halkymyzyň hakydasyna doldy. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Liderine döredijilik äleminde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýanydyr.

Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi

Bagtdan paýly nesiller Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda başy başlanan beýik işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ählitaraplaýyn pajarlap ösýär. Şeýle bolansoň bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndan.

Mähriban okyjym!Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr. Taryh hakynda söz açylanda dünýäniň iň gadymy halklarynyň arasynda, ilki bilen, türkmen halky hem ýatlanylýar. Şöhratly hem-de buýsançly taryhymyzyň her sahypasynda dünýä medeniýetine nusgalyk ösüşler hem-de açyşlar ýatyr. Arheolog alymlarymyzyň yzygiderli alyp barýan gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde topragyň gatlaryndan taryhy gatlaklaryň syryny çöşleýän täze-täze tapyndylar ýüze çykarylýar. Milli medeni mirasymyzy ylmy esasda öwrenýän alymlarymyz daşary ýurtlaryň meşhur kitaphanalaryndan türkmen halkynyň baý edebi mirasyna degişli gadymy golýazmalaryň nusgalaryny ýurdumyza getirýärler. Türkmen halkynyň taryhy bilen gyzyklanýan daşary ýurtly hünärmenler hem bu ugra dahylly öz ýurtlarynda bar bolan ylmy-edebi mirasymyza degişli eserleri, kitaplary bize sowgat edýärler. Ygtybarly ylmy çeşmeler esasynda täze-täze ylmy maglumatlaryň peýda bolmagy türkmen halkynyň taryhyna täzeçe hem-de köptaraplaýyn nazar aýlamaga iterýär. Şeýle asylly maksatdan ugur alyp, mähriban okyjym, halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlarymy — şu kitabymy siziň bil

Baş arçanyň ýalkymy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 15-nji dekabrynda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, şeýle-de paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde Täze ýyl arçalarynyň yşyklaryny ýakmak dabaralary geçirildi. Bu dabara täze taryhy eýýamyň şanly ýylynyň ösüşler bilen jemlenip, geljek ýyla uly ynam bilen gadam basyljak ajaýyp günleriniň başlangyjy boldy. Ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerine, medeni merkezlere, sungat ojaklaryna, bilim-terbiýeçilik edaralaryna, önümçilik desgalaryna seýran eden Aýazbabadyr Garpamyk welaýatlarymyzda «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň, Arkadag şäherinde «Arkadag Binasynyň», paýtagtymyz Aşgabat şäherinde «Älem» medeni dynç-alyş merkeziniň öňündäki baş arçalaryny yşyklandyrdylar. Şadyýan çagalaryň baýramçylyk şatlygy, goşgularydyr aýdym-sazly çykyşlary bu dabaranyň şowhunyny öňküden-de artdyrdy.

Ajaýyp kitabyň söhbedi

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi. Oňa welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.   Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan eserdigini, onuň ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadygyny aýratyn nygtadylar. «Ajaýyp kitabyň Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çapdan çykmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Täze eser geçmişde yz goýan şahsyýetlerimiziň beýik işleriniň beýany bolmak bilen, şöhratly taryhymyza buýsanjymyzy artdyrýar» diýip, çykyş edenler belläp geçdiler. Merdana halkymyzyň ruhy hazynasyny öwrenmek we ony dünýä ýaýmak boýunça tutumly işle

Telekeçilige — giň ýol

Ýeňişli sepgitler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Telekeçiler — ýurdumyzyň altyn gaznasydyr” diýen sözlerinden ugur alýan türkmen telekeçileri Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde giň möçberli işleri durmuşa geçirýärler. Hususyýetçileriň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tagallalary tamamlanyp barýan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da rowaçlyklara beslenýär.

Milli buýsanjyňy artdyrýan eser

Ýene bir ajaýyp eser elimize gowuşdy! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemala gelen ajaýyplygyň — «Hakyda göwheri»  atly kitabyň çapdan çykmagy bagtyýar zamanada gurýan, döredýän, röwşen geljege ynamly barýan agzybir halkymyzy çäksiz begendirip, buýsanjyna buýsanç goşan taryhy wakalaryň biri boldy. Hakyda göwheri. Juda jaýdar hem jüpüne düşen bu jümlede umman ýaly giň many bar. Kitabyň turuwbaşdan göwnüňe hoş ýakýan özboluşly adynyň çuňňur mazmun baýlygy bilen utgaşmagy bolsa aýratyn bellärliklidir. Ol öňümizde taryhyň täze sahypalaryny açmak bilen, kalbyňda üýtgeşik täsirleri galdyrýar.

Sözüň güýji

Göwün aldamaýar, göwün aldanýar Bir halypa şägirtlerinden:

Goňşy welaýatdan hat

Halk mirasynyň howandarlary Şu ýazgyma şeýle sözbaşy goýup, ýalňyşandyryn ýa-da öteräk gidendirin öýdemok. Sebäbi, Mary welaýatynda halkyň gymmatly medeni mirasynyň howandarlary az däl. Özem ýalňyşmasam, munuň gözbaşynda ýurdumyzda meşhur mirasgär Ümür Esen durdumyka diýýärin. Bu günki günde onuň başlan başlangyjy ýurdumyzyň ähli ýerinde işjeň dowam etdirilýär. Şu setirleriň awtory hem özüne Ümür Eseniň şägirdi diýilmegini uly mertebe hasaplaýar.

Baş arçanyň yşyklary nur saçýar

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» şygary astynda tamamlanyp barýan ýyl köptaraply tutumlary bilen şöhratly taryhymyza zer harplar bilen ýazylýar. Ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň binýadyny berkiden taryhy tutumlar bosagada duran Täze ýyly ýokary ruhubelentlikde garşylamagyň gözbaşyna öwrülýär. Şeýle buýsançly hakykaty Balkanabat şäherine bezeg berip oturan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde oturdylan welaýatyň baş arçasynyň ýanynda badalga alan dabaralar ähli aýdyňlygy bilen subut etdi.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Tebigat gözelliginiň waspçysy XVIII asyr türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejesinde geçirilýän çäreler, dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, bütin Gündogaryň beýik şahyry we akyldarydyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi adamzadyň geçmişini, şu gününi we geljegini öwrenmekde egsilmez hazynadyr, düýpsüz ummandyr.