Baky bagtymyzyň gözbaşy
Türkmen topragyna dolan altyn güýzüň rysgal-berekede beslenen sahawaty desterhanlarymyzyň naz-nygmatyna bolluk paýlap, gözüňi dokundyrýar. Bagtyýar maşgala ojagymyzda giňden ýazylan toý saçagynyň başynda şükürlilik bilen mele-myssyk çöregimizi ýüze sylyşymyza, galkyjaklap duran kalbymyzyň begenç-buýsanjyny ýürege jaýlap, bu eşretli döwür-döwrany arşyň belentligine galyp, wasp etsem diýersiň. Ine, şonda kalbyň arşyň depesinde ganat kaksa-da, özüň guşuçar belentlikden bagta çümüp oturan türkmen topragyna maýyl bolup göz aýlarsyň. Göz aýlarsyň hem-de Alla nazary düşen bu sahawatly topragyň goýnunda gaýrata galyp, iş gaýryp ýören türkmen aganyň uly iliň soltany hasaplaýan bugdaý ekişini, «ak altyny» ak bagtyna deňeýän pagta ýygymyny, her dänesi atyň dişi deý şaly ýetişdirişini, saçaklarymyza süýjülik bolup dolýan gant şugundyryny bakyp-bejerişini synlarsyň, agyp-dönüp ýören mal-garasyna guwanarsyň. Şäher bilen bäsleşýän obalaryna, köşgi-eýwana beslenýän şäherlerine buýsanarsyň. Ýöne seniň synçy nazaryňy özünde eglejek iň esasy zat welin, bu mukaddeslikleri maňlaýyna sylyp, toýly günleriň dowamatyny dowamata sapyp ýören türkmen aganyň bagtyýarlygydyr. Ine, şol bagtyýarlygy bize mukaddes Garaşsyzlygymyz berdi. Bu günki gün biz onuň 33 ýyllygy