Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda maksatnamalaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde, dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmakda, halklaryň arasynda parahatçylyk, dost-doganlyk köprülerini gurmakda, medeni diplomatiýany üstünlikli ösdürmekde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýäde abraýly döwletleriň hataryna goşmakda, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden we toplan ruhy we maddy gymmatlyklaryny, durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaryny ylmy taýdan esaslandyrmakda, dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň bütindünýä medeni gymmatlyklarynyň hatarynda, dünýä halklarynyň edebiýatynda, jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny, onuň milli döwletlilik taglymatyny, öwüt-nesihat, dünýewi häsiýetli ynsanperwer garaýyşlaryny öwrenmek boýunça ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň alymlarynyň, döredijilik işgärleriniň, dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmekde, halkara ylmy masl