Bukjasy bar daraýy
Ata-enesiniň ak patasy bilen bu gün-ertir «Bagt öýüne» tarap ugrajak bolýan gyzyň seplerine gözümiz düşende, gülälekli meýdana seýle geldikmikäk diýipdiris. Läle-reýhan ýaly, gyzylly-ýaşylly owadan lybaslar, ýuka bolsa-da gelinligiň süýjüligini ýaýmakdan saklaýan, tawusyň ýelegi ýaly owadan öýmeler, gonjy uzynly-gysgaly örme joraplar, kitap ýaly gat-gat edilip çatylan, gyzlaryň «iň soňky gül» diýip öwýän gaty we zerli ýaglyklarynyň onlarçasy leýs bolup durdy. Ah, bu seçekleri şabramanyňky ýaly seçelenip duran, älemgoşar öwüşginli, dürli nagyşly düýpli gyňaçlary diýsene! Ony başyndaky topbusynyň üstünden orap, alkymynyň aşagyndan aýlap alyp, pisse dodaklaryny gizläp, yzyna atanda, türkmen gözelleri hüýr-melekleri ýadyňa salýar ahbetin. Keteni, ýüpek, panbarhat, atlaz, parça ýaly milli önümlerden tikilen köýnekleriň ýakasyna we ýeňine nepislik bilen sünnälenen keşdeleri göreniňde welin, hormatly Prezidentimiziň gyz maşgalany ýaşlygyndan milli keşdeçilik, oglan perzentleri bolsa ussaçylyk hünärine ugrukdyrmak baradaky gyzyldan gymmatly sözleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Geçen ýylyň tomus aýlarynda Gahryman Arkadagymyz welaýatlarymyzda bolup, oba zähmetkeşleri bilen duşuşanda, ýaş nesillere zähmet terbiýesini bermek hakynda aýratyn nygtapdy. Şonda