"Maliýe we Ykdysadyýet" žurnaly

Esaslandyryjysy: Ministriligi Türkmenistanyň Maliye we ykdysadyyet ministriligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şayoly 156 jaýy Telefon belgileri: 39-46-93

Makalalar

Bitaraplyk

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024

Asylly ýörelge

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Türk­me­nis­tan dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len he­mi­şe­lik bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­nyň 29 ýyl­ly­gy­ny uly baý­ram edip bel­le­di. Ýur­du­myz­da bu şöh­rat­ly se­ne, mä­lim bol­şy ýa­ly, öz göz­ba­şy­ny 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­dan alyp gaýd­ýar. Şol gün Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň

Bitarap Watan

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly

Türkmen halkynyň saýlan aýdyň ýoly

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Pa­ra­hat­lyk, asu­da­lyk, er­kin­lik... ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­lyk­lar­dyr. Haý­sy döw­let öz pa­ra­hat­ly­gy­ny, asu­da­ly­gy­ny, ga­raş­syz­ly­gy­ny ga­za­nan bol­sa şol döw­let­de ýa­şa­ýan her bir ra­ýat bagt­ly­dyr, bag­ty­ýar­dyr. Dün­ýä ýü­zün­de dost­lu­gy, er­ka­na­ly­gy, pa­ra­hat­ly­gy ün­de­ýän Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny! Pa­ra­hat­sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk hem-de oňyn Bi­ta­rap­lyk ýur­du­my­zyň Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy öze­ni­ni düz­ýär. Şun­da yla­la­şyk­ly­lyk, hoş­ni­ýet­li­lik, dost-do­gan­lyk, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Bitaraplyk we sport — parahatçylygyň ilçisi

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Türk­me­nis­tan sport­da uly ne­ti­je­le­ri gör­kez­ýär. Bu babat­da BMG-niň ÝU­NES­KO-nyň Sport bö­lü­mi bi­len hyz­mat­daş­lyk­lar ýo­la go­ýul­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hatsö­ýü­ji­lik, dost-do­gan­lyk ýö­rel­ge­le­ri­niň hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­my­za berk or­na­ma­gy, türk­men spor­tu­nyň Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe bol­ma­gy, bu­la­ryň ara­syn­da­ky ara­bag­lany­şy­gy gör­kez­ýär. Bi­ziň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myz dost-do­gan­ly­gyň, yna­nyş­ma­gyň, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň we yn­san­per­wer­li­ge esas­lan­ýan «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­na eýer­mek bi­len tap­gyr­la­ýyn esas­da iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Şeý­le hem Türk­me­nis­tanyň 2 ge­zek he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ni al­ma­gy ha­sam bel­lär­lik­li­dir. Bi­ta­rap­lyk ýyl­la­ry için­de ýur­du­my­zyň sport ul­ga­myn­da ýe­ten sep­git­le­ri dün­ýä­dä­ki or­nu­ny, onuň hoş­ni­ýet­lilik gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gy­na ýar­dam ber­di. Türk­men spor­ty — dost-do­gan­ly­gyň, pa­ra­hat­çy­ly­g

Pa­ra­hat­çy­ly­gyň go­ra­gyn­da

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Türk­men hal­ky­nyň mu­kad­des­lik de­re­je­si­ne ýe­ti­ren mil­li gym­mat­lyk­la­ry on­çak­ly kän däl. Olar Wa­tan, ene top­rak, ene-ata hem-de döw­let­li­li­gi­mi­zi aň­lad­ýan mu­kad­des ny­şan­la­ry­myz — Baý­dak, Tug­ra, Döw­let Se­na­sy, şeý­le hem hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da döw­le­ti­mi­ze mah­sus aý­ra­tyn­ly­gy­myz — he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myz hem Ga­raş­syz­ly­gy­myz­dyr. Ata Wa­ta­ny­my­zyň at-ab­ra­ýy­ny, mer­te­be­si­ni dün­ýä ýaý­mak­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň hem-de ba­ky Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Wa­ta­nyň asu­da­ly­gy, bag­ty­ýar­ly­gy, er­ka­na­ly­gy şol mu­kad­des gym­mat­lyk­la­ra bag­ly­dyr.

Bitaraplyk — umumadamzat gymmatlygy

Türkmen Bitaraplygynyň taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşine aralaşyp, ol ähli döwürlerde-de türkmenleriň dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklandygyna şaýatlyk edýär. Göwnaçyklyk, myhmansöýerlik, parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, geçirimlilik we ähli halklar bilen ylalaşykly ýaşamak türkmenlere mahsus bolan häsiýetlerdir. Ata-babalarymyz her bir meseläni paýhas bilen çözüpdirler, öz perzentlerini hem şol ruhda terbiýeläpdirler. Bu bolsa halklaryň arasyndaky özara ynamy, ylalaşygy has-da berkidipdir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni we diplomatik gatnaşyklary nusgalyk derejede alyp barýar. Çünki Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasaty adamzadyň parahat geljegini üpjün etmek ugrundaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Aslynda adamzat döräli bäri ösen jemgyýetleriň aladasy parahat, agzybir, asuda geljegiň binýadyny gurmak bolupdyr.

Gut­ly bol­sun bi­ta­rap­lyk to­ýu­myz!

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Dost-do­gan biz, ulus­lar-il­ler bi­le,Gut­ly bol­sun Bi­ta­rap­lyk to­ýu­myz!Toý toý­la­ýas, ak des­se gül­ler bi­le,Gut­ly bol­sun Bi­ta­rap­lyk to­ýu­myz!

Bitaraplyk we sport ýörelgeleri

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Türkmenistanyň Bitaraplyk we sport ugrunda alyp barýan syýasaty geljekde hem dostlukly gatnaşyklary ösdürip, dünýäniň sport sahnasynda ýene-de öz ornuny pugtalandyrmagyna ýol açýar. Bu, dünýä ýurtlarynyň parahatçylykly we dostlukly gatnaşyklary goldamakda Türkmenistany ruhlandyrýar hem-de geljekde sport arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna bilelikde işlemäge iterýär.

Merkezi Aziýa: agzybirlik, abadançylyk, rowaçlyk

Birnäçe gün mundan ozal Diýarymyzda ajaýyp baýram — Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy giňden bellenilip geçildi. Şonuň bilen baglanyşykly ýurdumyzyň tutuş dünýäde, ilkinji nobatda, ýaşaýan sebitimiziň döwletleri bilen dostana gatnaşyklarynyň rowaçlanýandygy, Merkezi Aziýanyň parahatçylygyň, abadançylygyň giňişligi bolmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýändigi barada gürrüň etmek aýratyn ýakymly, çünki munda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň öňe sürýän gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Baýramçylygyň öňüsyrasynda, 6-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan hoş habara üns çekildi. Şu ýylyň 2-nji dekabrynda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Golaýda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama hem kabul edilipdi. Bu üstünlikler Milletler bileleşigi bilen parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri b

Şanly sepgitler bilen röwşen geljege

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzyň, halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilip, uly üstünlikler gazanyldy. Biz bu hakykata Balkan welaýatynda alnyp barylýan işleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Daşary ýurtlardan satyn alynýan harytlaryň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan esasy wezipeleriniň biridir. Bu wezipäniň üstünlikli çözülmegi halkymyzyň bagtyýar we bolelin ýaşaýşyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Bu günki gün Balkan welaýatynyň döwlete degişli, şonuň ýaly-da hususy eýeçilikdäki kärhanalarynda öndürilýän senagat, gurluşyk harytlarydyr azyk önümleri hem dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Önüm öndürijileriň netijeli işlemekleri üçin döredilýän şertler şeýle önümçilikleriň geljekde has giňeldilmegine mümkinçilik döredýär.

Parahatçylyk söýüjilik ýoly bilen

Türkmenistan agzybirligiň, asudalygyň, parahatçylygyň tarapdary bolmak bilen, ynsanperwerlik we döwletlilik ýoly bilen öňe barýar. Şunda döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy halkara hukugyň we diplomatiýanyň esasy ýörelgeleriniň sazlaşykly utgaşmasyny öz içine alýan işjeň gural bolup öňe çykýar. Bitarap Türkmenistanyň garaýyşlarydyr başlangyçlary ählumumy derejede parahatçylygy goramak, howpsuzlyk we durnukly ösüş, sebit hyzmatdaşlygy ýaly möhüm ugurlarda resminamalary işläp düzmekde, kabul etmekde möhüm orun eýeledi. Munuň özi ýurdumyza üstaşyr energiýa geçirijilerini diwersifikasiýalaşdyrmaga, halkara söwdadyr ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny pugtalandyrmaga, ynsanperwer gatnaşyklary we beýleki ugurlary çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Şu zatlar barada pikir edeniňde, türkmen döwletiniň islendik ýurduň dünýä giňişliginde yglan eden maksatnamalarynyň we iş ýüzündäki ädimleriniň mazmunyna, daşary syýasat ugrunyň filosofiýasynyň düýp manysyna düşünmegiň açarynyň şol döwletleriň daşary syýasatynyň içeri syýasat bilen aýrylmaz baglanyşygynda jemlenýändigi baradaky garaýşa gulluk edýändigine düşünmek kyn däl. Şeýle nukdaýnazardan ugur alyp, Türkmenistan içerki durmuşynda parahatçylyk söýüjilik, jemgy

ÝAÝ GANATYŇ, KEPDERI! (oýlanma)

«Ýaý ganatyň kepderi,/begenje besle seri» — diýen setirleri kalbymda aýlap durşuma giň Asmanyň goýnunda ganat ýaýyp duran kepderileri synlap esli salym durdum. Mekdepde birinji ýa ikinji synpdym, anyk ýadyma düşenok, aýdym sapagynda mugallym bize: Akja kepderim,

PARAHATÇYLYGYŇ GÖZBAŞY

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Döwletimiz sebitde syýasy durnuklylygy saklamakda we goldamakda, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýäniň iň iri halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň bu Guramanyň agzalygyna kabul edildi. Agza ýurtlaryň her biri Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynda beýan edilen, halkara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz üstüne borç edip alýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamag

Beýik sütün belent derejelerde dabaralanýar

Bitaraplyk, Garaşsyzlyk — ýurdumyzda öňdengörüjilikli we netijeli halkara syýasatyny amala aşyrmakda uly orun eýeleýän belent sütünlerdir. Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen berkidilmegi taryhy ýolumyzyň uly ähmiýetli wakalarynyň biridir. Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň Ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraýa eýe bolmagyna, ykdysadyýetde, durmuşyň ähli ulgamlarynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy-medeni durmuşynda üstünlikleri gazanmagynda uly mümkinçilikleri döretdi.

Baýdak — belent mertebe

Arkadag şäherinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasy joşgunlylygy bilen tapawutlandy. Ir säher bilen Arkadag şäheriniň toý lybasyna özboluşly sazlaşyk goşan esasy dabaralaryň biri-de Baş baýdak meýdançasynda geçirildi. Halkara Bitaraplyk gününiň dabarasy ýaşyl tugumyzyň al-asmana göterilmegi bilen başlandy. Toý meýdançasyna ýygnananlaryň arasynda edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, talyp ýaşlar bar.

Berkararlyk buýsanjy

Ata Watanymyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 29  ýyllygy aýdym-sazly dabaralar bilen giňden bellenildi. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmen halky üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy, bagtyň serweri. Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň goşa ganaty. Ilkinji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde dünýäniň 185 döwleti Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny biragyzdan ykrar edipdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda geçirilen 69-njy mejlisinde bolsa 193 döwletiň goldamagy netijesinde Baş Assambleýanyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasy ikinji gezek kabul edildi. Şol ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda BMG-niň howandarlyk etmeginde «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahat geçirildi we onda Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşy aýratyn orun eýeledi. Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginde, onuň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, halkara bileleşikde abraýynyň artmagynda hemişelik Bitaraplygyň ähmiýeti uludyr. Baky Bitaraplyk, munuň özi asuda ýaşaýşyň, agzybir durmuşyň, ertire bolan ynamyň kepillenmesidir, arkaýyn okamak, öwrenmek, döretmek mümkinçiligidir. Çünki hemişelik

Bagta rowan menziller

Her bir döwletiň, halkyň taryhyna, durmuşyna altyn harplar bilen ýazylan wakalar, ajaýyp pursatlar bolýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde gazanylýan ösüşlerdir özgerişler, ýetilen belent sepgitler Diýarymyzyň täze taryhyny şöhratlandyrýar. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleri ähli halkymyzy guwandyrýar. Gözel paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde bolşy ýaly, welaýatlarymyzyň durmuşy hem uly özgerişler we ösüşler bilen dabaralanýar. Gurlup ulanylmaga berilýän senagat desgalary, medeni-durmuş maksatly kaşaň binalar, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlary Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen belent şygarynyň anyk netijeleridir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi bolsa daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň ösüşinde aýratyn ähmiýete eýe boldy. Daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary we şereketleri ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy barha giňeldýär we berkidýär. Ýurdumyzda soňky ýyllaryň dowamynda bilelikdäki kärhanalaryň ençemesi peýda boldy. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda zawoddyr fabrikleriň ençemesi üstünlikli guruldy. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde «Pähim-paýhas ummany Magtymgu

Bitarap Watanymyz — dillerde dessan

Asuda, abadan, Bitarap ýurdumyz hemişe bütin dünýäde parahatçylygy berkitmegiň, birek-birege düşünişmegiň tarapdary bolup çykyş edip gelýär. Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Bitarap ýurdumyz dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, halkara hukugyň umumylykda bellenen kadalary esasynda daşary syýasatda oňyn bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär. Parahatçylyk söýüjilik, adalatlylyk we ynsanperwerlik, agzybirlik, dostluk ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň özeni bolup durýar. Munuň üçin bagtyýar halkymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary çäksizdir.

Mukaddes ýörelgelere ygrarlylyk

Türkmenistanyň agzybir halkynyň abadançylygyny, jemgyýetimiziň watançylyk ruhuny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýän başlangyçlar rowaçlyklara beslenýär. Türkmenistan döwletimiziň öňe süren, BMG-niň Baş Assambleýasynda agza döwletler tarapyndan goldanan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň şöhlelenmesi bolup durýar. Ýüze çykýan gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen bu resminama halkara jemgyýetçiliginde parahatçylyk dialogynyň medeniýetini öňe sürmekde alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekýär. Garaşsyz ýurdumyzyň taryhy taýdan gysga möhletiň içinde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, Ýer ýüzüniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goý