Toprak bilen söhbet (Oýlanma)
Toprak, ene toprak! Daýhanyň derinden nemlenip, görklenen toprak. Ynsan ýüregi ýaly mähribansyň! Gudrat, keramat sendedir! Baýlyk, bereket, rysgal sendedir. Ata-babalarymyzyň ýürek ýagyna deňelen, bahar gelende ýaşyl kürtä bürenip, güýz sary donuny egnine atanda, penje-penje ak altynly hanalar bilen aklyga öwrülen, elwan gülleri bilen kalbyňy heserledýän, baýlygy, berekedi özünde jemläp, ähli zadyň enesine öwrülen keramat özüňsiň! Sen eçileniňde hasam owadansyň. Altyna öwrülen atyzlaryňdan gallaçy daýhanyň rysgaly boldan eçilýär. Ak hanalardan çogup çykan «ak altynlar» asmandaky ak bulutlar bilen bäsleşip, daýhanyň kalbyna üýtgeşik ýakym berýär. Sende bitýän bugdaýlary diýsene! Onuň sümmülleri saçlarymyzyň örümine meňzeş, ygşyldysy şirin sazlara meňzeş. Eziz topragym, sen hakynda söhbet edeniňde, kalbyňda müň dürli duýgular döreýär. Seniň her daban ýeriň üçin başyny goýan ärleriň, gerçekleriň nurana keşpleri göz öňüňde janlanýar. Toprak hakynda ýatladygyňça, dürli pikirler hyýalyňa dolýar. Ezizlerimizi bagrymyza basyşymyz ýaly, seni-de bagra basyp bolýan bolsady. Senden aýalarymy dolduryp alyp, gözlerime sürtýän, tagzym edýän. Şonda-da az ýaly, asyl, seniň mähriň üýtgeşik. Käte-käte ol mähre nähili bendiwan bolanymy-da duýman galýar