"Maliýe we Ykdysadyýet" žurnaly

Esaslandyryjysy: Ministriligi Türkmenistanyň Maliye we ykdysadyyet ministriligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şayoly 156 jaýy Telefon belgileri: 39-46-93

Makalalar

Saglyk üçin peýdaly maslahatlar:

– Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, ýeterlik mukdarda arassa agyz suwuny içmeli. – Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.– Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. – Arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmeli.– Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda, bedende D witamini emele gelýär, şonuň üçin Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanmaly. – Paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda howanyň aşa gyzan döwründe Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly. – Gök önümleri kabul edeniňizde, gigiýeniki talaplary berjaý etmegi unutmaň!

Sagdynlygyň gözbaşy

Döwletimiz tarapyndan halkyň, şol sanda, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşini ýola goýmak hem-de saglygyny goramak we berkitmek ugrunda yzygiderli alada edilýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi esasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin belent maksatlar we wezipeler goýulýar. Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylan günündäki taryhy wakalar munuň aýdyň subutnamasy boldy. Degişli merkeziň açylyş dabarasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan we saglyklaryny dikelden çagalaryň gatnaşmaklary we olara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlaryň gowşurylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň çuň mazmunlydygyny ýene bir gezek subut etdi. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky işler Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň badalga almagy bilen uly ösüşleriň ýoluna düşdi. Şoňa laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler dur

Zeýtun

Zeýtun ösümligi dünýäde asudalygyň, parahatçylygyň, ýagşylygyň nyşany hasaplanýar. Maglumatlara görä, dünýäde 800 milliona golaý zeýtun agajy bolup, olar ortaça 300 ýyldan artyk ýaşamaga ukyply hasaplanýar. Ösümlik ýylaşa bol hasyl berýär. Zeýtun miwelerini iýmitlik hökmünde ulanmak üçin ol ýörite gaýtadan işlenilýär. Bu ösümlikden alynýan ýag adam saglygy üçin iň peýdaly önüm hasaplanýar. Onuň miwelerinden hem-de ýagyndan dürli tagamlar taýýarlanýar. Zeýtunyň ýagy kosmetologiýada hem-de derman senagatynda gymmatly goşundy hökmünde ulanylýar. Zeýtunyň saglyga peýdasy-da adamlara gadymy döwürlerden bäri belli bolupdyr. Ösümligiň miwesi dürli witaminlere we mineral maddalara baýdygy bilen tapawutlanýar. Miwe A, B, С, Е, K witaminlerine, beloga, pektine, demir, fosfor, selen, magniý hem-de kaliý ýaly mikro we makroelementlere, antioksidantlara baýdyr. Şol sebäpden zeýtun adam bedeniniň kesellerden goranyjylyk ukybyny güýçlendirýär, bedeniň witaminler, peýdaly serişdeler bilen üpjünçiliginiň üstüni ýetirýär. Zeýtun miwesi iki öwüşginde, ýagny açyk ýaşyl ýa-da gara reňkde bolýar.

Sagat ýaşaň!

*Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. *Elleri elmydama arassa saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Ynsan ömrüniň goraglylygy ugrunda

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak köpugurly wezipe bolmak bilen, ol diňe bir dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we netijeli bejermek bilen çäklenmän, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek wezipelerini hem öz içine alýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy dünýä standartlarynyň derejesine çykaryldy. Halka hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri giňeldildi we hili ep-esli ýokarlandyryldy. Munuň özi ugurdaş düzümleriň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy esasynda mümkin boldy. Olaryň üsti häzirki zaman, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş, ylmy-kliniki merkezleri bilen yzygiderli ýetirilip durulýar. Soňky ýyllarda «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň», «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň», «2021 — 2025-nji ý

Baş baýlygyň goragynda

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzda ynsan saglygynyň hem-de raýatlaryň bähbitleriniň goralmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Bu işleriň netijesinde, ýurtda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, hili we elýeterliligi düýpli ýokarlandyrylýar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ÝUNISEF-iň dünýäde öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri, öňdebaryjy hassahanalary, tejribeli professorlary we lukmanlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Baýramaly — güneşi melhemli mekan

Raýatlaryň saglygyny goramakda, saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesinde belent sepgitlere ýetirmekde halkymyza gurlup ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş we dynç alyş merkezleri, döwrebap şypahanalar uly ähmiýete eýedir. Mary welaýatynda ýerleşýän Baýramaly şypahanasy hem ýurdumyzyň raýatlarynyň iň bir gelim-gidimli döwrebap dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň biridir. Halkymyza giňden hyzmat edýän Baýramaly şypahanasy öz saglygyny bejertmäge gelýän raýatlaryň her biri üçin gapysyny giňden açýar. Ýylyň ähli paslynda hem şypahananyň eli ýeňil lukmanlary we şepagat uýalary bu ýere gelýänleri güler ýüz, hoş söz bilen garşy alýarlar. Bahar paslynyň dowam edýän günlerinde hem bu şypahana ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan, dürli kärdäki, dürli ýaşdaky adamlaryň ençemesi öz saglyklaryny bejertmäge we dynç almaga gelýärler.

Sagdyn durmuş —bagtyýarlygyň açary

Ynsanyň bagtyýar ýaşaýşynyň sakasynda saglyk bar. Dünýäniň ähli genji-hazynasy saglykda jemlenen. Watanyň abatlygy, il-günüň asudalygy, bolelinligi hem saglygyň bimöçber mümkinçiliklerinden ugur alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Her bir raýatyň saglyk goraglylygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda eziz Diýarymyzda giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynda kanunçylyk namalaryň, milli we döwlet maksatnamalaryň tutuş toplumynyň kabul edilmegi-de aýratyn bellärliklidir. Häzirki wagtda ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy», «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýasy», «Türkmenistanda D witamini bilen bag

Sagdyn jemgyýet — beýik geljek

Saglyk diňe her bir adam üçin däl-de, eýsem, tutuş jemgyýet üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Çünki ol beden taýdan kämilligiň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan, bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr. Eziz Diýarymyzda giň gerime eýe bolýan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ata Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, halkymyzyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyny wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän ählihalk hereketine ýylsaýyn türkmenistanlylaryň barha köp sanlysy goşulýar. Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenilip taýýarlanylan hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, beýleki degişli maksatnamalar, şäherlerde we oba ýerlerinde lukmançylyk hem-de sport düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mermer paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk döwrebap lukmançylyk merkezlerini gurmak, olaryň üstleriniň dünýäniň öňdebaryjy öndürijil

ÇALYMTYL SOGAN / Лук шероховатостебельный

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Çalymtyl sogan — soganlar maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 40 — 60 sm köpýyllyk otjumak wekili. Soganlygy süýri, boýy 5 — 7 sm we ýogynlygy, takmynan, 1 sm, birnäçe gysga porrukly, goňrumtyl reňkli, torly süýümli bardajyk bilen örtülen. Baldagy göni, dügürli, gapyrgajygy azda-kände büdür-südür, seýrek tas ýylmanak, esasy bilen örtülen, ýylmanak ýa-da büdür-südür, gyny çyzykly, ini 2-3 mm, ýasy, gyrasy büdür-südür, ýapraklary baldagyndan uzyn däl. Gabygy ýitileşen, saýawanyndan 11/2 — 2 esse gysga.

Bedeni taplamak

Ynsan saglygynyň pasyl çalşygynda duş gelýän dürli howa şertlerini durnukly kabul etmegi üçin, ilkinji nobatda, bedeni taplamalydyr. Howa şertleriniň täsirlerini ulanmak adamyň bedenini berkitmegiň usullarynyň biri bolup durýar. Fiziki maşklar adam saglygynyň gözbaşy hasaplanylýar. Maşklar sazlaşykly ýagdaýda ýerine ýetirilende adamyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär, işjeňligini artdyrýar, ruhuny belende galdyrýar. Has ir döwürlerde gündelik durmuşda adamlar dürli-dürli hereketleriň üsti bilen kämilleşip, maşk etmek endigine uýgunlaşyp ugrapdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen bolsa adamlar döwürlere görä kämilleşip, dürli görnüşli fiziki maşklar bilen meşgullanyp başlapdyrlar. Maşklaryň peýdasy barada lukmançylyk ylmynda meşhurlyk gazanan alym Abu Aly ibn Sina «Beden taplaýjy maşklar erkin hereketler bolup, yzygiderli çuňňur dem alşy emele getirýär» diýip, belläp geçipdir. Adamlar ylgamak, bökmek, towusmak ýaly çalasyn hereketleriň bedeniňi berkidýändigine, ömür dowamlylygyna daýanç bolýandygyna, dem alyş ýollarynyň sazlaşygyny ýeňilleşdirmek üçin peýdalydygyna göz ýetiripdirler. Bedeni berkitmegiň düzgüni kesgitlenilende, adamyň şahsy aýratynlyklaryny, ýaşyny, jynsyny, dürli meteotäsirlere (beden sowamagyna, Gün şöhlelerine we ş.m) düýgurlyk derejesini, beden taýd

Sagdynlyk — sahawat

Halkymyzyň saglygy hakyndaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Mary welaýatynda gurlup ulanylmaga berlen Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi munuň şeýledigini nobatdaky gezek tassyklady. Saglyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek, keselleriň öňüni almak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmak, lukmançylyk tejribesine täze anyklaýyş we bejeriş usullaryny ornaşdyrmak ýaly işler ilata halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekde ähli mümkinçilikleri döredýär. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan durmuşa geçirilýän işler her birimizde buýsanç, çuňňur kanagatlanma duýgularyny döredýär. Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan we saglyklaryny dikelden çagalaryň Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmaklary halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň sogaply işlerine köňül hoşallygy bolup kalplara doldy. Sagdyn durmuşy gaýtarylyp berlen çagalaryň, olaryň ene-atalarynyň ýürekden syzdyryp aýdan sözlerini diňläniňde,

Sagdyn jemgyýet — ösüşiň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga çekmek, bedenterbiýe-sport we Olimpiýa hereketleri arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak ýaly asylly maksatlar uly rowaçlyklara beslenýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalaryna çuň mazmun bermek bilen, halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has belende göterýär.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Durky täzelenen merkez Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ynsan saglygyny goramakda, bejermekde we dikeltmekde giň gerimli işler ýola goýulýar. Ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň oňat bolmagy ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Täze hem döwrebap saglyk merkezleri gurlup, ulanylmaga berilýär, öňden bar bolan hassahanalaryň we saglyk merkezleriniň durky täzelenýär. Has takygy, welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň durky täzelenip, has-da döwrebaplaşdyryldy.

Sagdyn durmuş — ýörelgämiz

Garaşsyz ýurdumyzda halkymyzyň köpasyrlyk baý durmuş tejribesine daýanylyp, ýaşlaryň ruhy-ahlak, beden taýdan ösüşinde ýokary terbiýäniň, döwrebap bilimleriň berilmegine, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin hukuk, durmuş-ykdysady şertleri döretmäge, sagdyn ýaşaýyş-durmuşy kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli taýsyz tagallalarynyň netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz gysga döwrüň içinde uly ösüşlere eýe boldy. Türkmen jemgyýetinde zyýanly endikleriň öňüni almakda wajyp orun eýelän sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesi babatynda möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlarymyzyň berk bedenli, sagdyn we giň dünýägaraýyşly bolmaklary ugrunda alnyp barylýan işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär.

Milli saglygy goraýyş ulgamynyň buýsançly gadamlary

Hormatly Prezidentimiziň: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýarys» diýip nygtaýşy ýaly, eziz Diýarymyzda raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak, berkitmek, keselleriň öňüni almak, sagdyn, şeýle hem ruhubelent we kämil dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatynda döwlet tarapyndan zerur şertler döredilýär. Milli Liderimiziň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bu babatda uly ähmiýete eýe bolup, ol saglygy goraýyş ulgamynyň işlerini döwrüň ösen talaplary esasynda guramaga we alyp barmaga degişli wezipeleri öz içine alýar. Häzirki döwürde saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň iri halkara guramalary, daşary ýurtly alymlar, bilermenler bilen ylym-bilim ulgamynda we lukmançylygyň täze tejribelerini paýlaşmakda netijeli işler ýola goýulýar. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky alyp barýan adyl ýörelgelerinden ugur alnyp, ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak, iýmit önümleriniň we agyz suw

Saglygyň gadryny bilgil...

Ýeriň magnit hadysasynyň we howanyň üýtgäp durmagyna duýgur adamlaryň, ýiti we dowamly ýürek-damar, nerw kesellerinden ejir çekýän näsaglaryň howa maglumatyna we öz saglygyna ünsli bolmagy maslahat berilýär. Howanyň täsiri bilen saglygyň erbetleşmegi ýüze çykanda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň we lukmanyň beren maslahatyny doly we dogry berjaý ediň! Ruhy sagdynlygy goramak üçin nerw dartgynlygyndan gaça duruň!

Halkymyzyň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mähriban halkymyz abadan hem asuda durmuşda, bagtly günleriň hözirini görüp ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, hususan-da, sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we tertibini ornaşdyrmak, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olara garşy göreşmek kämil derejä ýetirilýär. Ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak boýunça işleri güýçlendirilen depginde alyp barmak, ylaýta-da, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek üçin şertleriň döredilmegi, kadaly iýmitlenmek babatda wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmegi özüniň oňyn netijelerini berýär. Meýilnama boýunça geçirilýän sanjym serişdeleri Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda waksinalary satyn almak boýunça köpýyllyk Ähtnama arkaly hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzda ilaty ýokanç kesellerinden goramak, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek abadançylygyny üpjün etmek hem-de saglygy goraýyş ulgamynda ileri tutulýan maksatlara ýetmek üçin, öňüni alyş işlerini geçirmek maksady bilen, Bütindünýä Saglygy Gor

Saglygymyz — baş baýlygymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda halkymyzyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, amala aşyrylýan saglygy goraýyş babatdaky işleriň hatarynda keselleriň öňüni alyş, ýokanç keselleri düýbünden ýok etmek boýunça geçirilýän möhüm çäreler giň gerimde ýaýbaňlanýar. Şol tutumly işleriň hatarynda biziň ýurdumyz 2007-nji ýyldan bäri Bütindünýä immunizasiýa hepdeligine işjeň gatnaşýar. Bu bolsa ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň oňyn özgertmeleriniň biridir. Türkmenistanda ýokanç kesellere garşy immuno-öňüni alyş işleriniň guralyşy boýunça düzgünleri we kadalary Bütindünýä immunizasiýa syýasatynyň esasynda işlenilip düzüldi. Şol düzgünler boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş immunizasiýasynyň giňişleýin maksatnamasynyň talaplary we Türkmenistanda hereket edýän immuno-öňüni alyş ulgamynyň hem-de ýokanç keselleriň ýagdaýy, ulanylýan waksinalaryň netijeliligini we howpsuzlygyny gazanmak göz öňünde tutulýar. Tutuş dünýäde bellenilip geçilýän Immunizasiýa hepdeligi ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň ahyrynda ýokary derejede guralýar. Şeýle köpçülikleýin immun

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Işjeň hereketde bolup, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň! Ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kadaly we sagdyn iýmitleniň. Witaminlere baý bolan önümleri kabul ediň, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý ediň, pasla görä geýniň!