"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Jahanyň owadan seýilgähleri

Bagtyýarlyk mekany Ak mermerli Aşgabadyň gözel künjeginde ýerleşýän «Aşgabat» seýilgähi paýtagtymyzyň dynç almak üçin amatly, gözel künjekleriniň biridir. Ol 1887-nji ýylda döredilip, paýtagtymyzdaky iň gadymy seýilgähleriň biri hasaplanylýar. Seýilgäh ilkibaşda «Tomus bagy» diýlip atlandyrylypdyr. Ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň ol «Aşgabat» seýilgähi diýlip atlandyryldy.

Gazagystanyň gözel ýerleri

«Han çadyr» söwda-dynç alyş merkezi Gazagystan özüniň täsin binagärlik desgalary bilen tapawutlanýar. 2010-njy ýylyň iýulynda açylan «Han çadyr» binasy Gazagystanyň halkynyň hem-de ýurda gelýän syýahatçylaryň iň gelim-gidimli ýeridir. «Han çadyr» ýurduň paýtagty Nur-Sultanda ýerleşip, ol iri söwda-dynç alyş merkezidir. Bu bina Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda dünýäde iň uly çadyr hökmünde orun aldy.

Dostlukly ýurduň paýtagty Nur-Sultan

«Baýterek» gözellikleri görkezýär Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultanyň merkezinde şäheriň özboluşly nyşanyna öwrülen syn ediş meýdançaly ajaýyp diň ýerleşýär. «Baýterek» diýlip atlandyrylýan bu diňiň beýikligi 105 metre deň bolup, onuň belentliginden şäheriň gözel görnüşine syn etmek bolýar. Gurluşygy 2002-nji ýylda tamamlanan syn ediş diňi şäheriň esaslandyrylmagynyň nyşany hökmünde paýtagtyň taryhynda esasy orny eýeleýär. Şeýle hem, binanyň düzüminde dynç alyş ýerleri, kafe, bar we sowgatlyk dükany bar.

Diýarymyzyň gözel künjeklerine syýahat

«7/24.tm», №43 (74), 25.10.2021. GADYMY NUSAÝ ÝADYGÄRLIGI

Sütükli haýwanlaryň ýurduna syýahat ýa-da ýüzýän adadaky başdangeçirmeler

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda). Žül WERN,fransuz ýazyjysy

Meşhur kitaphanalar

Ruhy hazyna Ýurdumyzda ilkinji Döwlet kitaphanasy 1895-nji ýylyň 1-nji awgustynda açylypdyr. Onuň ady dürli döwürlerde üýtgäp geldi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Karary bilen 2013-nji ýylyň 25-nji aprelinden bäri ol Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy diýlip atlandyrylyp gelinýär. Bu ýerde birwagtyň özünde 1100-e golaý okyjyny kabul etmek, 6 milliondan gowrak neşirleri aýawly saklamak üçin mümkinçilikler döredilen. Kitaphananyň hazynasy 5 million 600 müňden gowrak neşirden ybarat bolup, onuň düzüminde neşirleri toplaýyş bölümi, milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň binýadyny gurmak we maglumatlary alyşmak bölümi bar. Şeýle hem, hyzmat ediş, ylmy-habar beriş we sowal-jogap, daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar, oba hojalyk edebiýatlary, seýrek neşirler, sungat, patent-tehniki edebiýatlar, medeni köpçülik işler, kitaphana abonementi, ylmy-usuly, bibliografiýa, kitap saklamak, metbugat neşirlerini abatlaýyş we jiltleýiş, kitaphana işine tehniki hyzmat ediş, Döwlet we jemagat kitaphanalarynyň işini utgaşdyrmak ýaly bölümler hereket edýär.

Gezsem, dünýäni görsem

«Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezi Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli mermer şäherimiziň görküne görk goşýan binalaryň biri bolan «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezi 2021-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Içki hem daşky gözelligi bilen göreni haýrana goýýan bu söwda merkeziniň 1-nji gatynda mebel dükanlary, türkmen milli önümleri we brend egin-eşikler üçin niýetlenilen dükanlar, 2-nji gatynda kafedir gözellik salonlary we ýene birnäçe görnüşli dükanlar, 3-nji gatynda bolsa çagalar üçin niýetlenilen döwrebap oýnawaç bilen gurşalan oýun zaly, kinoteatr, bouling we bilýard zallary bar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu bina köpugurly şertleri bilen göreni haýran galdyrýar.

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň täze sany

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň uly toý tutumlaryna beslenýän günlerinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» syýasy-jemgyýetçilik we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky üçünji sany çapdan çykdy. Neşiriň ilkinji sahypalary žurnalyň jogapkär redaktory Muhammetmyrat Atagarryýew bilen «Türkmennebit» DK-nyň Halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýum taslamalary bölüminiň baş hünärmeni Gülälek Ýüzbaşyýewanyň «Garaşsyzlyk — halkymyzyň owazy» makalasy bilen açylýar. Onda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk döwründe ýeten sepgitleri, mineral çig mal binýady, ýangyç-energetika senagatynyň kuwwaty barada söhbet açylýar.

Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy iş­jeň­leş­ýär

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň (UNW­TO) mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, san­jym­la­ryň art­ma­gy we kä­bir ýurt­lar­da çäk­len­dir­me­le­riň ýe­ňil­leş­di­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, 2021-nji ýy­lyň iýun-iýul aý­la­ryn­da hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gy tä­ze­den iş­jeň­le­şip baş­la­dy.2021-nji ýy­lyň iýu­lyn­da tak­my­nan 54 mil­li­on sy­ýa­hat­çy da­şa­ry ýur­da sy­ýa­hat et­di. Bu örän go­wy ne­ti­je bol­dy. Gu­ra­ma­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, kä­bir ýurt­la­ryň sy­ýa­hat­çy­lyk gir­de­ji­le­ri hem ýo­kar­lan­dy we hat­da 2019-njy ýyldaky de­re­je­si­ne ýet­di. My­sal üçin, Mek­si­ka 2021-nji ýy­lyň iýu­lyn­da da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­lar­dan 2% köp gir­de­ji al­dy.Gu­ra­ma­nyň hü­när­men­le­ri hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň 2024-nji ýyl­da pan­de­mi­ýa­dan ozal­ky de­re­je­si­ne gaý­dyp gel­jek­di­gi­ni belleýärler. Bu ugur­da­ky ösü­şiň 2022-nji ýyl­dan baş­lap du­ýul­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ata­bek HU­DA­ÝA­ROW,S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.

Seýil edeliň bu jahana

Ajaýyp bina Paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet sirki 1979 — 1984-nji ýyllar aralygynda guruldy we 1985-nji ýylda açyldy. 2010-njy ýylyň aprel aýynyň 23-ünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen sirkiň doly durky täzelenip, ulanylmaga berildi. Onuň tutýan meýdany 27,468 inedördül metr bolup, 1 müň 500 adamlyk tomaşaçy ýerlerinden ybaratdyr. Sirkiň tomaşaçy ýerleri 10 sany bölümçä bölünen. Şeýle hem, bu ýerde 20 orunlyk dynç alyş otagy, 181 adama niýetlenen konferensiýa zaly, 20 bedew üçin athana, beýleki jandarlar üçin hem aýratyn ýatakhanalar we kömekçi jaýlar bar. Sirkdäki «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary bu ýere gelenleri has-da haýran galdyrýar. Bu topar dünýäniň birnäçe ýurtlarynda çykyş edip, baş baýraklara mynasyp boldy.

Doganlyk döwletiň paýtagty Daşkent

«Aşgabat» seýilgähi Özbegistan döwletiniň paýtagty Daşkent şäheriniň ajaýyp künjeginde ýerleşýän «Aşgabat» seýilgähi şäher ýaşaýjylarynyň, şeýle hem myhmanlaryň iň köp gelýän arzyly ýerleriniň biridir. Seýilgäh iki goňşy halkyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň aprelinde dabaraly ýagdaýda açyldy. Umumy meýdany 10 gektar bolan seýilgähiň çäginde mermer paýtagtymyza mahsus bolan ajaýyp görnüş döredilipdir. Biri-biri bilen sazlaşykly ýerleşdirilen ahalteke bedewleriniň heýkelleri, suw çüwdürimleri, gözel ýurdumyzyň ajaýyplyklaryny inçelik bilen şekillendirýän binagärlik ýadygärlikleri, şeýle hem medeni çykyşlaryň gurnalýan ýeri seýilgähe gelýänleriň ünsüni çekýär.

Dünýäniň gözel seýilgähleri

Halkymyzyň guwanjy Gözel paýtagtymyzyň görküne has görk goşýan seýilgähleriň biri hem «Laçyn» seýilgähidir. Ol 2021-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda, Halkara howa menziliniň golaýynda guruldy. Onuň uzynlygy 320 metre we ini 310 metre deň bolup, umumy tutýan meýdany 10 gektara golaýdyr. Seýilgähde taryhyň dürli döwürlerinde ýaşap geçen akyldarlarymyzyň, ýazyjydyr şahyrlarymyzyň heýkelleriniň ýerleşdirilmegi halkymyzyň ruhy baýlyga goýýan belent sarpasyndan nyşandyr. Seýilgähiň merkezinde uly suw çüwdürimi bolup, onuň ýanynda trapersiýa görnüşinde 8 sany suw çüwdürimleri bar. Şeýle hem, seýilgähde birnäçe saýaly we pürli baglar, güller bar. Baglary suwarmaklyk damjalaýyn görnüşinde alnyp barylýar. Seýilgähiň 4 gektar meýdançasy gezelenç ýerleri bolup, ýanýodalardyr ýollar türkmen milli nagyşlary bilen bezelen granit daşy bilen örtülendir. Gahryman Arkadagymyzyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna sowgat beren bu seýilgähi, «Ussat-inžener» hususy kärhanasy we Jemagat hojalygy müdirliginiň «UPTK» kärhanasy tarapyndan guruldy.

Dünýäniň döwrebap myhmanhanalary

«Ýyldyz» «Ýyldyz» paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän iň döwrebap, kaşaň we rahat myhmanhanalaryň biridir. Bu myhmanhana 2013-nji ýylda «Bouygues» fransuz kompaniýasy tarapyndan guruldy. Bina 24 gatdan ybarat bolup, beýikligi 107 metrdir. Gurluşygynda 7 müň tonna polat we 14 müň kwadrat metr aýna ulanylan bu desga jemi 155 otagdan ybarat. Binanyň 1-nji gatynda 100 orunlyk uly toý mekany, 14-nji gatynda VIP otaglar, 18-nji gatynda bolsa 600 orunlyk uly restoran ýerleşýär. Daşyndan seredeniňde, myhmanhana almaz daşyny ýatladýar.

Dünýäniň täsin ýadygärlikleri

Halkymyzyň buýsanjy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha gözelleşýän Aşgabadyň günbatar böleginde hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, belent ýaşaýyş jaýlaryny, durmuş maksatly binalary özünde jemleýän gözel künjek peýda boldy. Bu ýerde zerur ýol-ulag düzümi döredildi. Aýlawly awtomobil çatrygynyň merkezini bolsa täsin «Türkmen alabaýy» heýkeli bezeýär. Magtymguly şaýolunyň esasy çatryklarynyň biriniň baş bezegine öwrülen heýkelde alabaýyň özboluşly aýratynlygy öz beýanyny tapypdyr. Heýkeliň şekiliniň beýikligi 6 metre barabardyr. Ol beýikligi 9 metre barabar bolan desgada ornaşdyrylandyr. Şeýlelikde, diametri 36 metre barabar bolan meýdançada ýerleşen 15 metrlik heýkel ähli tarapdan we alyslardan oňat görünýär.

Jahanyň meşhur muzeýleri

Şöhratly taryhymyzyň beýany 2013-nji ýylyň 25-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň ady üýtgedilip, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezi diýlip, şeýle-de Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň ady üýtgedilip, täze döredilen merkeziň düzümine girizildi we ol «Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi» diýlip atlandyryldy. Muzeýiň umumy meýdany 165323,21 inedördül metrdir. Muzeýiň merkezi binasynyň birinji gatynda Garaşsyzlyk bölümi, türkmen halysyna bagyşlanan we wagtlaýyn sergi bölümleri, ikinji gatynda Gadymy döwür taryhy, Marguş, Parfiýa we iki sany Orta asyrlaryň taryhyna degişli bölümler ýerleşdirilendir. Şeýle hem, muzeýde paleolit, mezolit, neolit, eneolit döwürlerine degişli birnäçe gymmatly arheologik tapyndylar bar.

Gök­de­re­de gö­wün­ler şat

Dynç alyş möw­sü­mi­niň şat­lyk­ly pur­sat­la­ry do­wam ed­ýär. Ýa­kyn­da Gök­de­re­de ýer­leş­ýän «Çy­nar», «Al­tyn süm­mül», «Ne­bit­çi», «Be­ýik Ser­da­ryň ru­hu­be­lent ne­sil­le­ri» at­ly ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de dür­li dabaraly çä­re­ler gu­ral­dy. Olar ýaş­la­ryň ze­hin, ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len ge­çi­ri­lip, ýur­du­myz­da kör­pe ne­sil­le­riň be­den hem ru­hy taý­dan sag­dyn­ly­gy­ny, edep-ter­bi­ýe­li­li­gi­ni ga­zan­mak üçin dö­re­dil­ýän giň şert­le­riň oňyn ne­ti­je­le­ri­ni açyp gör­kez­di. Şeý­le hem ta­ny­mal dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri bi­len du­şu­şyk­lar, ki­tap­ha­na­la­ryň, mu­zeý­le­riň göç­me ser­gi­le­ri, teatr­lar ta­ra­pyn­dan gu­ral­ýan sah­na çy­kyş­la­ry, ki­çi ýaş­ly mek­dep okuw­çy­la­ryň ara­syn­da halk er­te­ki­le­ri­ni bil­mek bo­ýun­ça gu­ra­lan bäs­le­şik­ler, su­rat çek­mek we çe­per oka­ýyş bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler dynç alyş möw­sü­mi­niň ma­ny-maz­mu­ny­ny has-da baý­laş­dyr­dy. Ça­ga­la­ryň adat­dan da­şa­ry ýag­daý­lar­dan baş alyp çyk­mak uky­by­ny kä­mil­leş­dir­mek, ýol he­re­ke­ti­niň d

Dynç alşyň ýakymy

— Mähriban çagalar, täze okuw ýyly golaýlap gelýär. Tomusky dynç alşyňyzy gyzykly geçirdiňizmi? Siziň deň-duşuňyz Atajan-a bu ýyl tomusky dynç alşyny obada geçiripdir. Ol geljek ýylky dynç alyşlaryny hem obada geçirmek isleýär. Onuň aýdýan gyzykly gürrüňlerini diňläsiňiz gelýärmi?! — Dostlar, oba durmuşy örän gyzykly. Obada atamlaryň bag-bakjaly mellegi bar. Mellekdäki ir-iýmişli baglaryň hasylyny göterip bilmän duran şahalaryny bir görseňiz, mellekden çykasyňyz gelmez. Dürli ir-iýmişlerini güjeňläp, şahalaryny egip duran baglaryň saýasynda oturyp, datly miwelerinden iýip görüň, tagamy başgadyr. Baglaryň şeýle bol hasyl bermeginiň sebäbini atamdan soradym. Ol:

«Hyatt Hotels» kompaniýasy «Apple Leisure Group»-y ABŞ-nyň 2,7 milliard dollaryna satyn alýar

«Hyatt Hotels» kompaniýasy «Apple Leisure Group» şypahana kompaniýasyny hem-de «KSL Capital Partners» kompaniýasyny satyn almak boýunça 2,7 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy. Geleşik tamamlanandan soň kompaniýa dünýäniň şypahana-dynç alyş biznesinde paýyny iki esse artdyrar. Häzirki wagt­da Çikagoda (ABŞ) ýerleşen «Hyatt Hotels» dünýäniň 45 döwletinde «Hyatt», «Hyatt Regency», «Grand Hyatt», «Park Hyatt», «Hyatt Place» we «Hyatt Summerfield Suites» brendi bilen işleýän 673 otelleri we myhmanhanalary dolandyrýar.

Gezsem, dünýäni görsem

«Oguz han we ogullary» suw çüwdürimler toplumy «Oguz han we ogullary» atly suw çüwdürimler toplumy 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyz Aşgabadyň Halkara howa menziline barýan köp gatnawly ýoluň çatrygynda açylyp, ol Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Gözel paýtagtymyza syýahata gelýän jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýän toplum 27 sany suw çüwdürimden ybarat bolup, ol şanly Garaşsyzlygymyzyň gazanylan senesini aňladýar. Toplumyň depesinden seredeniňde, onuň ýapraklary 12 sany ýaýraýan güle meňzeýär. Bu bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň gazanylan senesini alamatlandyrýar. Yşyklandyryş ulgamy Gün energiýasy bilen işleýän toplumyň umumy meýdany 14,82 gektara deňdir.

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär

Isleg-arzuwlaryň amala aşýan ýurdy hökmünde halkara giňişliginde ykrar edilen Türkmenistanda körpe nesil çäksiz üns-alada bilen gurşalandyr. Ajaýyp döwrümiziň bagtyýar çagalary dünýä ölçeglerine laýyk gelýän bakja-baglarda terbiýelenilýär, döwrebap mekdeplerde bilim alýar, ülkämiziň iň gözel künjekleri hasaplanylýan dag etegindäki Gökdere jülgesinde we gojaman Hazaryň kenarynda sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde keýpiçaglykda, şadyýanlykda, ruhubelentlikde wagtyny netijeli geçirýär. Tomusky dynç alyş möwsümi çagalar üçin iň bir gyzykly we başdan geçirmeleriň döwrüdir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki ajaýyp günlerinde beýleki ulgamlarda bolşy ýaly, nebitgaz toplumyna degişli dynç alyş merkezlerinde hem ýaş nesillerimiziň müňlerçesi talabalaýyk dynç alýar. Ir ertirleri nurana, agşamlary sapaly gözel Gökderede hereket edýän «Çeşme», «Nebitçi», «Nesil», «Şöhle» merkezleri bagtyýar ýaş ösdürimleriň ygtyýarynda. Bu ýerde çagalaryň gowy dynç almagynyň üpjün edilmegi bilen birlikde, olaryň wagtynyň netijeli geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Merkezlerde kompýuter, aýdym-saz, tans, şekillendiriş, çeper okaýyş, dil öwrediş, tikinçilik we beýleki gurnaklar işleýär. Ondan başga-da, kitaphanalar, sport