"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Türk­men-ma­laý hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si

18-19-njy de­kabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Ma­laý­zi­ýa­da res­mi sa­par­da bol­dy. Azi­ýa – Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň ýurt­la­ry bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Täzelikleri täzeligine okaň!

Gadyrly okyjylar! “Zaman Türkmenistan” gazetine 2025-nji ýylyň I ýarymy üçin abuna ýazylyşygy dowam edýär.

Çempionlar Ligasynda 6-njy oýunlardan soň

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň li­ga tap­gy­ry­nyň 6-njy du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. Du­şu­şyk­lar­da 59 gol ha­sa­ba al­nyp, 2 oýun­da ha­sap açyl­ma­dy. 10 oýun­da ýer eýe­le­ri, 6 du­şu­şyk­da-da myh­man­lar ýe­ňiş ga­zan­dy. Sa­na­wyň li­de­ri «Li­wer­pul» myh­man­çy­lyk­da «Ži­ro­na­ny» Mo­ha­med Sa­la­hyň 63-nji mi­nut­da pe­nal­ti­den sa­lan ýe­ke-täk go­ly esa­syn­da ýe­ňip, 6-njy du­şu­şy­gyn­da ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Şeý­le ne­ti­je «Ba­ýer» bi­len «In­te­riň» ara­syn­da­ky oýun­da-da ha­sa­ba al­nyp, ne­mes klu­by 90-njy mi­nut­da Mu­kie­le­niň go­ly esa­syn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu gol «In­te­riň» şu möw­süm­de ge­çir­den il­kin­ji go­ly bol­dy.

«Ata­lan­ta­nyň» yz­ly-yzy­na 11-nji ýeň­şi

Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «Ata­lan­ta» myh­man­çy­lyk­da «Ka­lia­ri­den» Za­nio­lo­nyň 66-njy mi­nut­da­ky go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, bas­syr 11-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. «Na­po­li» hem myh­man­çy­lyk­da «Udi­ne­ze» bi­len du­şu­şyp, ýer eýe­le­ri­niň öňe ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, Lu­ka­ku, Ja­net­ti (ö.d.) hem-de Zam­bo-An­gis­sa­nyň gol­la­ry esa­syn­da 3–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. 10-njy deňme-deňlik

«Bawariýanyň» möwsümdäki ilkinji ýeňlişi

Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «Ba­wa­ri­ýa­nyň» ýeň­liş­siz ýö­ri­şi Maýn­sda ta­mam­lan­dy. Myh­man­çy­lyk­da «Maýns» bi­len du­şu­şan mün­hen­li­ler 2-1 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Ýer eýe­le­ri­niň 2 go­lu­ny-da 41-nji we 60-njy mi­nut­lar­da ko­re­ýa­ly Li Že Son der­we­zä gi­riz­di. «Ba­wa­ri­ýa­nyň» ýe­ke-täk go­lu­ny bol­sa 87-nji mi­nut­da Le­roý Sa­ne ge­çir­di. Soň­ky çem­pi­on «Ba­ýer» myh­man­çy­lyk­da «Augs­bur­gy» Ter­rie hem-de Wirt­siň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Öň­dä­ki orun­lar ug­run­da gö­reş­ýän «Le­ip­sig» bi­len «Aýnt­rah­tyň» ara­syn­da­ky oýun­da ýer eýe­le­ri Şeş­ko hem-de Open­da­nyň gol­la­ry bi­len 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Öz meý­dan­ça­syn­da «Hof­fen­haým» bi­len du­şu­şan «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» Reý­na­nyň go­ly bi­len öňe geç­se-de, 90-njy mi­nut­dan soň ýeň­şi el­den gi­der­di.

Fergusondan soň Amorim

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da tap­gy­ryň iň esa­sy du­şu­şy­gyn­da – Man­çes­ter der­bi­sin­de «Ýu­naý­ted» myh­man­çy­lyk­da «Si­ti­ni» oý­nuň ta­mam­lan­ma­gy­na 2 mi­nut ga­lan­da, ge­çi­ren gol­la­ry esa­syn­da 2-1 ha­sa­byn­da ýeň­di. 36-njy mi­nut­da Gwar­dio­lyň go­ly bi­len öňe ge­çen «Si­ti» 88-nji mi­nut­da Bru­no Fer­nan­de­şiň pe­nal­ti­si­ni hem-de 90-njy mi­nut­da Amad Di­al­lo­nyň go­lu­ny sak­lap bil­me­di. Şun­luk­da, Amo­rim Fer­gu­son­dan soň Man­çes­ter der­bi­sin­de ýe­ňiş ga­za­nan il­kin­ji «ýu­naý­ted­li» tä­lim­çi bol­dy. Sa­na­wyň li­de­ri «Li­wer­pul» öz meý­dan­ça­syn­da «Ful­ham» bi­len 2-2 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. 17-nji mi­nut­da 1 oýun­çy kem ga­lan «Li­wer­pu­l» 2 ge­zek ha­sa­by deň­läp, ýeň­liş­den ha­las bol­dy (Gak­po 47, Žo­ta 85 – Pe­reý­ra 11, Mu­niz 76). «Ar­se­na­lyň» «Ewer­ton» bi­len gol­suz deň­me-deň oý­nan tap­gy­ryn­da «Çel­si» öz meý­dan­ça­syn­da «Brent­for­dy» 2-1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. «Çel­si» bas­syr 5-nji ýeň­şi­ni ga­za­nyp, olar çem­pio­nat­da 8 oýun­dan bä­ri utu­la­nok. «Not­tin­gam Fo­rest» bi­len «As­ton Wil­la­nyň»

Hepdäniň esasy duşuşyklary

20-nji de­kabr (an­na) Ba­wa­ri­ýa – Le­ip­sig (00:30)

«Real Madrid» — FIFA Interkontinental Kubogynyň eýesi

Ka­ta­ryň Lu­sa­il şä­he­rin­dä­ki «Lu­sa­il» sta­dio­nyn­da FI­FA In­ter­kon­ti­nen­tal Ku­bo­gy­nyň fi­na­lyn­da Is­pa­ni­ýa­nyň «Re­al Mad­rid» to­pa­ry bi­len Mek­si­ka­nyň «Pa­çu­ka» to­pa­ry du­şuş­dy. 67 müň 249 jan­kö­ýe­riň to­ma­şa eden oý­nun­da we­ne­sue­la­ly emin He­sus Wa­len­zue­la jür­le­wük çal­dy. UEFA-nyň we­ki­li­niň do­ly ar­tyk­maç­ly­gyn­da ge­çen oýun­da «Re­al» 3–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Oý­nuň 37-nji mi­nut­ynda Wi­ni­si­us Ju­nio­ryň pa­syn­dan soň Ki­li­an Mbap­pe ha­sa­by aç­dy. Du­şu­şy­gyň 53-nji mi­nu­tyn­da Mbap­pe­niň asist et­me­gin­de Rod­ri­go owa­dan gol ge­çi­rip, ha­sa­by 2-ä çy­kar­dy. Oý­nuň 84-nji mi­nu­tyn­da emi­niň pe­nal­ti­si­ni dürs uran Wi­ni­si­us Ju­ni­or du­şu­şy­ga soň­ky no­ka­dy goý­dy. Şun­luk­da, «Re­al Mad­rid» bu ku­bo­gy­ny 1960-njy, 1998-nji hem-de 2002-nji ýyl­lar­dan soň 4-nji gezek almagy başar­dy. «Re­al» bu ugur­da «Mi­lan­dyr» «Bo­ko Hu­niors» hem-de «Pen­ýa­rol» to­par­la­ryn­dan öňe saý­la­nyp, 1-nji or­na geç­di. Du­şu­şyk­dan soň Wi­ni­si­us ýa­ry­şyň «Al­tyn top», Fe­de­ri­ko Wal­wer­de «Kü­müş top» hem-de «Pa­çu­ka» to­pa­ry­

Tä­ze film

Ýewropada ýylyň filmi saýlandy

Ýewropa kino akademiýasynyň baýraklary bolan Ýewropa film baýraklarynyň bu ýylky ýeňijileri mälim edildi. 37-nji Ýewropa film baýraklarynda iň gowy film diýlip, fransiýaly režissýor Žak Odiaryň «Emiliýa Peres» atly kinosy saýlandy. Bu ekran eseri Pedro Almodowaryň, Mohammad Rasulofyň, Korali Faržanyň hem-de Maura Delperonyň soňky surata düşüren kinolaryny yzda galdyrdy. Filmi surata düşüren Žak Odiar iň gowy režissýor, iň gowy ssenariçi baýraklaryna-da laýyk görüldi. Filmde surata düşen artistlerden Karla Sofiýa Gaskon iň gowy aktrisa diýlip saýlandy. Şweýsariýanyň Lýusern şäherinde geçirilen dabarada filmi kebşirlän Žuliett Welfling iň gowy montaž baýragy bilen sylaglandy. Iň gowy aktýor baýragyna-da «Süleýmanyň hekaýasy» (L’Histoire de Souleymane) filminde baş keşbi janlandyran Abu Sangar mynasyp boldy. «Başga ýer ýok» atly (No Other Land) ekran eseri iň gowy dokumental film diýlip saýlandy. Latwiýaly Gints Zilbalodisiň surata düşüren «Akym» (Straume) atly multfilmi iň gowy animasiýa diýlip ykrar edildi.

82-nji «Altyn globus» baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi

Ki­no sun­ga­ty­nyň ab­raý­ly sy­lag­la­ryn­dan ha­sap­lan­ýan «Al­tyn glo­bus» baý­rak­la­ry­nyň da­laş­gär­le­ri mä­lim edil­di. Os­ka­ryň buş­luk­çy­sy ha­sap­lan­ýan «Al­tyn glo­bus» baý­rak­la­ry «Hol­ly­wo­od»-da­ky da­şa­ry ýurt­ly žur­na­list­ler bi­le­le­şi­gi­niň gu­ra­ma­çy­ly­gyn­da gow­şu­ryl­ýar. 82-nji «Al­tyn glo­bus» baý­rak­la­ryn­da «Emi­li­ýa Pe­res» fil­mi 10 ugur­dan da­laş­gär gör­ke­zil­di. «Netf­lix»-iň önü­mi bo­lan bu film­den soň «A24» stu­di­ýa­sy­nyň «Bru­ta­list» fil­mi 7, şeý­le-de «Konk­law» ki­no­sy-da 6 ugur­dan da­laş­gär­li­ge hö­dür­len­di. Iň go­wy dra­ma fil­mi baý­ra­gy­na «Bru­ta­list», «Bü­tin­leý nä­bel­li», «Konk­law», «Dýu­na: ikin­ji bö­lüm», «Ni­kel­li og­lan­lar», «5-nji sent­ýabr», iň go­wy ko­me­di­ýa ýa-da mýu­zi­kal fil­mi baý­ra­gy­na-da «Ano­ra», «Bäs­deş­ler», «Emi­li­ýa Pe­res», «Ha­ky­ky je­pa», «Subs­tan­si­ýa», «Hyr­syz: Gün­ba­ta­ryň ja­dy­gö­ýi ha­kyn­da er­te­ki» filmleri da­laş­gär gör­ke­zil­di.

Sanki çek­ýän it­ler so­wuk­da üşe­me­ýär­mi?

Adam­zat ýa­şaý­şyn­da ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri it­le­riň hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­ny­lyp ge­lin­ýär. Itiň kä­bir gör­nü­şi ýi­ten za­dy tap­mak­da, go­rag mak­sa­dyn­da sak­lan­ýan bol­sa, kä­bi­ri ýük da­şa­mak­da, ha­las ediş iş­le­rin­de adam­la­ra ýa­kyn­dan kö­mek ed­ýär. Aşa so­wuk ho­wa­ly se­bit­ler­de sanki (sani) çe­kip bar­ýan it­ler ba­ra­da­ky mult­film­le­ri ýa-da film­le­ri gö­ren bol­sa­ňyz ge­rek. It­li sanki bu­zuň ýa-da ga­ryň üs­tün­de do­lan­dy­ry­jy­nyň buý­ru­gy esa­syn­da it­le­riň tir­ke­gi çek­me­gi ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýar. Dün­ýä­niň de­mir­ga­zyk se­bi­ti­niň ýa­şaý­jy­la­ry güýz we gyş aý­la­ryn­da tir­keg­li it­le­ri ulan­ýar­lar. Eý­sem, it­le­riň is­len­dik gör­nü­şi sanki çe­kip bil­ýär­mi, olar so­wuk­da üşe­me­ýär­mi?! Ge­liň, tir­keg çek­ýän it­ler ba­ra­da­ky gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry öw­re­ne­liň! Sa­gat­da 32-40 ki­lo­metr tiz­lik bi­len sanki çe­kip bil­ýän bu it­leriň dy­kyz we ga­lyň sü­tü­gi ola­ry so­wuk­dan go­ra­ýar. Itiň äh­li gör­nü­şi so­wu­ga çy­dam­ly däl. Tir­keg çek­ýän it­ler ýö­ri­te saý­la­nyp alyn­ýar we de­mir­ga­zyk­da ide­dil­ýär.

Marş­mel­low – çy­by­ga il­di­ri­len süý­jü­jik

Dün­ýä­de her ýyl 80 mil­li­on ton­na tö­we­re­gi kon­di­ter önüm­le­ri ön­dü­ril­ýär. Me­ge­rem, kem­put­dyr kö­kä­ni ha­la­ma­ýa­ny­ňyz ýok bol­sa ge­rek. Süý­ji önüm­ler, esa­san, şe­ker­çiň­rik­dir ka­kao aga­jy­nyň mi­we­sin­den ön­dü­ril­ýär. Süý­ji iý­mi­tiň ösüm­lik­den alyn­ýan­dy­gy­na ynan­mak kyn. Şeý­le-­de bol­sa, marş­mel­low hem bat­ga­lyk­da ös­ýän «alt­haea of­ficina­lis» gü­lü­niň şi­re­sin­den alyn­ýar. Mult­film­ler­de we ki­no­film­ler­de uzyn çö­püň uju­na mar­me­la­da meň­zeş süý­ji­ni il­di­rip, oda tu­tup otu­ran ça­ga­la­ry gö­ren bol­sa­ňyz ge­rek. Dün­ýä­niň köp ýur­dun­da ça­ga­lyk ýyl­la­ry­nyň iň go­wy süý­jü­si hök­mün­de su­rat­lan­dy­ryl­ýan marş­mel­low bi­ziň «ho­raz süý­ji­miz» ýa­ly meş­hur­dyr. Eý­sem, çy­by­ga il­di­ri­lip iýil­ýän bu süý­ji nä­hi­li taýýarlanýar? «Alt­haea of­ficina­lis» Ýew­ro­pa­nyň we Af­ri­ka­nyň bat­ga­lyk­la­ryn­da ös­ýän köp­ýyl­lyk ösüm­lik­dir. Bu ösüm­li­giň kö­ki we bal­da­gyn­da­ky şi­re­si aş­pez­çi­lik sun­ga­tyn­da hem-de mel­hem taý­ýar­la­mak­da peý­da­la­ny­lyp­dyr. Ga­dy­my ýaz­gy­lar­da bu ösüm­li­gi

Näme üçin Täze ýylda arça bezelýär?!

Sow­gat ber­me­giň äh­mi­ýe­ti

Bag­la­ryň goý­nun­da­ky agaç­lar we hoş­boý ys­ly gül­ler bi­len owa­dan gör­nü­şi ýa­ly, adam­lar hem sa­hy­ly­gy we hoş­ni­ýet­li­li­gi bi­len owa­dan gö­rün­ýär. Ýa­kyn­la­ry­ňa ýa-da kim­dir bi­ri­ne sow­gat be­re­niň­de hem özüň, hem-de sow­gat alan adam be­gen­ýär. Uly ýa-da ki­çi­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, is­len­dik sow­gat adam­da hoş­ni­ýet­li duý­gu­la­ry eme­le ge­tir­ýär. Köp­lenç dog­lan gün­ler­de we baý­ram­çy­lyk­lar­da bi­rek-bi­re­ge sow­gat be­ril­ýär. Eý­sem, sow­gat ber­me­giň äh­mi­ýe­ti nä­me? Pi­kir­le­ri baý­laş­dyr­ýar. Sow­gat ber­mek dö­re­di­ji­li­gi, es­te­ti­ki ma­ny­ny baý­laş­dyr­ýar we ös­dür­ýär. Ýa­kyn­la­ry­ňy­za be­rip bil­jek sow­gat­la­ry­ňy­zy ka­gy­za ýa­zyň. Şon­da ýa­kyn­la­ry­ňy­za be­rip bil­jek zat­la­ry­ňy­zyň pi­kir edi­şi­ňiz­den has köp­dü­gi­ni gö­rer­si­ňiz.

Sag­lyk üçin peý­da­ly çor­ba­la­r

Gyş pas­lyn­da ho­wa­nyň so­wa­ma­gy bi­len so­wuk­la­ma we dü­mew ala­mat­la­ry kö­pel­ýär. Be­de­niň dü­me­we gar­şy gö­reş­me­gi bi­len gow­şak­lyk ala­mat­la­ry ýü­ze çyk­ýar. Dü­mew ala­mat­la­ry­ny ýe­ňip geç­mek üçin na­har sa­na­wy­na çor­ba­nyň kä­bir gör­nüş­le­ri­ni goş­ma­ly. Hep­de­de 2-3 ge­zek çor­ba iç­mek be­de­niň ke­se­le gar­şy gö­re­şi­ji­lik uky­by­ny güýç­len­dir­mek bi­len bir ha­tar­da, sag­lyk üçin örän peý­da­ly­dyr. Ge­liň, wi­ta­min­le­re baý çor­ba­nyň gör­nüş­le­ri bi­len ta­nyş bo­la­lyň! To­wuk çor­ba­sy. So­wuk­la­ma ýa-da dü­mew ala­mat­la­ry ýü­ze çy­kan ha­la­tyn­da be­den üçin iň peý­da­ly iý­mit to­wuk çor­ba­sy ha­sap­lan­ýar. To­wuk çor­ba­sy im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­mek bi­len bir ha­tar­da, suw­suz­ly­gy gan­dyr­ma­ga, wi­ta­min ýet­mez­çi­li­gi­niň öwe­zi­ni do­l­ma­ga ýar­dam ed­ýär. To­wuk çor­ba­sy­na kä­şir go­şu­lyp, li­mon sy­ky­lyp içil­se, has-da peý­da­ly bol­ýar.

Tä­ze ýyl sy­ýa­ha­ty

Köp­ler Tä­ze ýy­ly öý­de ge­çir­ýän bol­sa­lar, kä­bir adam­ bu baý­ram­çy­ly­gy owa­dan şä­her­le­re gi­dip, Baş ar­ça­nyň ýa­nyn­da ýa-da owa­dan ke­nar­da ýyl­dyz­la­ryň aşa­gyn­da gar­şy al­ýar­. Tä­ze ýyl ag­şa­my di­ňe bir tä­ze ýy­lyň baş­lan­gy­jy bol­man, eý­sem, tä­ze umyt­la­ryň we ar­zuw­la­ryň hem baş­lan­gy­jy­dyr. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­ny da­ba­ra­ly ge­çir­ýän şä­her­ler ba­ra­da mag­lu­mat ber­me­gi ma­kul bil­dik. Nýu-Ýork. Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­nyň iň meş­hur ge­çi­ril­ýän ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lan Nýu-Ýork her ýyl mil­li­on­lar­ça myh­ma­ny gar­şy al­ýar. 1907-nji ýyl­dan bä­ri Taýms meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ril­ýän «top itek­le­mek» çä­re­si Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­nyň iň gy­zyk­ly da­ba­ra­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar.

Ýy­lyň iň go­wy sy­ýa­hat­çy­lyk şä­her­le­ri

Iş­çi güý­jü­ni ro­bot­lar eýe­le­ýär

Hal­ka­ra ro­bot teh­ni­ka­lar fe­de­ra­si­ýa­sy (IFR) soň­ky ýe­di ýyl­da dün­ýä­niň za­wod­la­ryn­da ro­bot­la­ryň ula­ny­ly­şy­nyň iki es­se ar­tan­dy­gy ba­ra­da ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň esa­syn­da ha­sa­bat çap et­di. Önüm­çi­lik­de ro­bot­la­ryň iň köp ula­nyl­ýan ýe­ri bo­lan ýurt­la­ryň sa­na­wyn­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy bi­rin­ji orun­da dur­ýar, Hy­taý bol­sa, 2023-nji ýyl­da bu gör­ke­zi­ji bo­ýun­ça Ger­ma­ni­ýa­dan we Ýa­po­ni­ýa­dan öňe geç­di. Ha­sa­bat­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň se­na­gat ro­bot­la­ry­nyň iň köp ula­ny­jy­sy­dy­gy bel­le­ni­lip, (10 müň iş­çiň ýerine 1012 ro­bot) bu gör­ke­zi­ji 2018-nji ýyl­dan bä­ri her ýyl 5 gö­te­rim ýo­kar­lan­ýar. On­dan soň Sin­ga­pur ge­lip, ol ýer­de 10 müň iş­çiniň ýerine 770 ro­bot iş­le­ýär. Il­kin­ji üç­lü­ge Hy­taý bi­ri­gip, ol ýer­de 10 müň iş­çiň ýerine 470 ro­bot iş­le­ýär. IFR-iň baş­ly­gy Ta­ka­ýu­ki Ito­nyň pi­ki­ri­çe, ro­bot­la­ryň köp­lü­gi glo­bal önüm­çi­lik­de aw­to­mat­laş­dyr­ma­gyň de­re­je­si­ni gör­kez­ýär.

Fran­si­ýa­nyň tä­ze Hökümet Başlygy

Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron go­laý­da Fran­sua Baý­runy ýur­duň tä­ze hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne bel­le­di. Bu ba­ra­da Ýe­li­seý köş­gü­niň be­ýa­na­tyn­da bel­le­nil­ýär. 73 ýaş­ly Baý­ru Pre­zi­den­tiň «Bi­le­lik­de» sy­ýa­sy koa­li­si­ýa­sy­na gir­ýän li­be­ral «De­mok­ra­tik he­re­ket» (Mo­Dem) par­ti­ýa­sy­nyň baş­ly­gy­dyr. Baý­ru fran­suz sy­ýa­sa­ty­nyň we­te­ra­ny. Ol 1993-1997-nji ýyl­lar­da Fran­si­ýa­nyň bi­lim mi­nist­ri bol­dy. 2017-nji ýyl­da Ada­lat mi­nistr­li­gi­ne az wagt­lyk ýol­baş­çy­lyk et­di. Şeý­le hem ol 2002-nji, 2007-nji we 2012-nji ýyl­lar­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da da­laş­gär hök­mün­de hö­dür­len­di.