Röwşen geljegi nazarlap
Golaýda paýtagtymyzdaky Çagalar awtoşäherçesiniň tejribelik meýdançasynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň, Aşgabat garnizonynyň Harby awtomobil gözegçiliginiň, Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýyş awtoulaglary kärhanasynyň, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda ýol hereketiniň düzgünleri bilen tanyşdyrmak boýunça amaly-tejribe okuwlary geçirildi. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň işjeň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Biraýlyk mynasybetli Meýilnama boýunça tassyklanan toplumlaýyn çäreler yzygiderli geçirilýär. Bu amaly-tejribe okuwlarynyň geçirilmeginiň esasy maksady mekdep okuwçylaryna köçelerde we ýollarda howpsuz hereket etmegiň kadalaryny öwretmekden ybaratdyr. Amaly-tejribe okuwlarynda degişli gullugyň tejribeli hünärmenleri mekdep okuwçylaryna ýörite duýdurmalar ulanýan awtoulaglarda bar bolan enjamlar, olaryň ýerine ýetirýän wezipeleri we aňladýan duýdurmalary, enjamlaryň ulanylyşy barada düşündiriş işlerini geçirdiler. Şeýle hem, enjamlaryň we duýdurmalaryň ulanylyşyny tejribe usulynda mekdep okuwçylaryna görkezdiler.