"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Gümrük gullukçylaryna döwrebap şertler döredilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimizde gümrük edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylyp, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da ýokarlandyrylýar. Biz muňa 2024-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň düzümlerinde ýerine ýetirilen işlerde hem aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris.  2024-nji ýylyň ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri üçin niýetlenilen 4 gatly 24 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýy, iýun aýynda bolsa Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Balkan welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary üçin niýetlenilen 4 gatly 32 öýli gulluk ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Bu günki günde bu döwrebap jaýlarda harby gullukçylar maşgala agzalary bilen erkana ýaşap, bagtyýar durmuşyň hözirini görýärler.

«Iran Agrofood»: netijeli hyzmatdaşlygy nazarlap...

Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergisi geçirildi. 16 — 18-nji dekabry öz içine alan serginiň çäklerinde Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna hem uly orun berildi. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Serginiň açylyş dabarasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine we Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy bilen açyldy. Ýokary guramaçylyga eýe bolan dabara ýygnananlarda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Bazarlarda Täze ýyl söwdasy dowam edýär

Islendik ýaşdaky adamyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan baýramçylygy, megerem, Täze ýyl bolsa gerek. Türkmençilikde yrym bar: «Täze ýylyň ilkinji gününi nähili garşylasaň, tutuş ýyl şo hili geçýär». Şonuň üçin-de adamlar bu baýramçylykda ýakyn hossarlaryny, dostlaryny begendirmek, olaryň ýüzüne şatlyk, begenç duýgularyny çaýmak maksady bilen, Täze ýyl sowgatlaryny gowşurýarlar. Nazu-nygmatdan dolduryp, saçak ýazyp, myhman garşylaýarlar. Elbetde, alnan sowgatlyklaryň, ýazylan saçagyň has göwnejaý bolmagy üçin bolsa, ilkinji nobatda, biziň ilkinji duralgamyz bazardyr söwda merkezleri bolýar.

Önümçilik tejribeligi üstünlikli tamamlandy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň döwrebap bilim alyp, kämil ynsan bolup ýetişmekleri üçin giň şert-mümkinçilikler döredilýär. Elbetde, bu bolsa ýaşlary saýlap alan hünärlerinden doly baş çykaryp, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaklyga iterýär. Şunda, ilkinji nobatda, nazaryýetde alan bilimiňi tejribelikde özleşdirmek zerur şertleriň biri hasaplanylýar. Munuň üçin bolsa ýurdumyzyň ähli ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan talyplar nazary bilimlerini tejribede özleşdirmekleri üçin ýörite bellenilen ýerlere ugradylýar. Şunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 5-nji ýyl talyplarynyň 12 hepdelik önümçilik tejribeliklerini ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda geçip gelmekleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Meniň talyplyk durmuşymda hem bu gezekki önümçilik tejribeligi ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Çünki maňa hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçilikleriniň saýasynda 12 hepdelik önümçilik tejribeligini Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda geçmek bagty miýesser etdi. Önümçilik tejribeliginiň dowamynda Ilçihana hem-de onuň konsullyk bölümine daşary ýurt raýatlaryndan hem-de şol ýu

FAO Türkmenistanda okuw seminaryny geçirdi

19-20-nji dekabrda «Arçabil» myhmanhanasynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) tarapyndan suw jandarlary üçin iýmleriň önümçiligini, olaryň hilini we durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli okuw seminary geçirildi. Bu barada «tmcars.info» saýty habar berýär. Çäre FAO-nyň «Akwa önümçiligi üçin iýmitleriň önümçilik-ýerlemek zynjyrynyň we suw haýwanlarynyň saglygyny goramagy dolandyrmagyň netijeliliginiň ösüşi» TCP/TUK/3902 taslamasynyň çäklerinde geçirildi. Seminara döwlet edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, şeýle-de milli balyk iýmlerini öndürijiler gatnaşdylar. Okuwy FAO-nyň halkara hünärmeni Tomas Şipton geçirdi. Çäräniň esasy mowzuklary suw jandarlary üçin iýmleriň taýýarlanyş usulyny işläp taýýarlamak, olaryň önümçiligi we fermalarda dolandyrmak boldy.

Ýaş estradaçylaryň üstünlikleri

Nah ýüplük kärhanasynda...

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy senagat zolagyna öwürmek, öndürilýän önümleriň görnüşini we mukdaryny artdyrmak, şeýle-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply milli harytlarymyzy eksport etmek boýunça alnyp barylýan işler aýdyň maksatly ata Watanymyzyň nurana geljegine gönügendir. Döwrüň we döwletiň döreden mümkinçilikleri ýurduň ösüşine mynasyp goşant goşýan hususyýetçileri il-halk bähbitli tutumly işleri ýola goýmaga ugrukdyrýar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda aýratyn üns berilýän hususy pudagyň wekilleriniň — türkmen telekeçileriniň, işewürleriniň ykdysadyýetimiziň ösüşindäki paýy uludyr. Ýakynda açylyp ulanylmaga berlen «Gök saraý» hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň Magtymguly köçesiniň 2-nji kilometrinde ýerleşip, ol ýurdumyzda dokma senagatyny ösdürmek babatda alnyp barylýan işleriň netijeli ýola goýlandygynyň subutnamasydyr. Hususy kärhananyň önümçilik we tehniki bazasy Ýewropadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan getirilen ýokary hilli enjamlar we täze innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen.

Meşhur «Бабаевский» haryt nyşany

Şokolad hakynda öňem kän ýazyldy. Ýöne islegi hiç haçan azalmajak haryt barada ýene-de ýazmaklygy makul hasapladyk. Megerem, şokolady halamaýan adam ýok bolsa gerek. Köp sarp edilýän önümleriň biri bolan bu önümiň önümçiligi ençeme ýyllar bäri, dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Häzirki wagtda Ýer ýüzünde şokolad önümçiligi we üpjünçiligi bilen meşgullanýan ençeme ýurtlar bar. Olaryň biri-de Russiýa Federasiýasydyr. Konditer önümlerini öndürýän kompaniýalarynyň arasynda esasy üç brendi («Красный Октябрь», «Алёнка», «Бабаевский») bilen dünýä meşhur bolan Russiýa şokolad öndürmekde ýöriteleşendir. Üç brendiň esasysy hasaplanylýan «Бабаевский» haryt nyşanly önümler gara şokoladlary bilen tanymaldyr. Moskwanyň Krasnoselskiý etrabynda ýerleşýän «Бабаевский» konditer önümleri konserni (Кондитерский концерн Бабаевский) ýurtda konditer önümlerini öndürýän iň gadymy kärhanalaryň biridir.

3 müň adam işsiz galar

«Volkswagen» Germaniýadaky kärhanalaryny ýapmagyň ýollaryny gözläp ýörkä, «Volkswagen Group» konserniň «Audi AG» kompaniýasy özüniň Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherindäki kärhanasyny ýapmaly diýen karara geldi. Kärhananyň işi öňümizdäki ýylyň fewral aýynda ýatyrylar. «Q8 e–tron» we «Q8 e–tron Sportback» modelleri bolsa önümçilikden aýrylar. «Audi» kompaniýasynyň Brýusseldäki kärhanasyny satmak meýli şowsuz tamamlandy. Sentýabr aýynda Hytaýyň «Nio» kompaniýasy «Audi» bilen gyzyklanýar diýen myş-myşlar hem bardy. Emma «Nio» kompaniýasynyň baş direktory muny inkär edipdi.

Hindi kolleksioneri «Bugattileri» satyn aldy

Hindistandan bir baý kolleksionere ähli «Bugatti World Record Edition» awtoulaglaryny bir ýere jemlemek başartdy. «Bugatti» muşdagynyň adyny häzirlikçe aýtmaýar. Emma kompaniýanyň satylan kolleksiýa «Singhiň kolleksiýasy» diýip at bermegi köpleriň ünsüni Ruben Singhe çekdi. Ol gymmatbaha awtoulaglara bolan ýykgynlygy bilen tapawutlanýan hindi telekeçisidir. Onuň kolleksiýasynda «Bugatti Divo», «Ferrari Monza SP2», «Daytona SP3», «Aston Martin Valkyrie» we «Rolls-Royse» awtoulaglary bardyr. Ýeri gelende bellesek, satylan «Bugatti» awtoulaglary 2010, 2013, 2019 we 2024-nji ýyllarda çykarylandyr. Şeýle-de bu awtoulaglar öz ýyllarynda çykarylan awtoulaglaryň arasynda iň tizleridir.

Mani ýa-da pul harplygy

Oýun ýaly usul arkaly ÜSTÜNLIGE we üpjünlige tarap BODO ŞEFER

Täze ýyly agzybirlik bilen garşylalyň!

Täze ýyl baýramy her birimiziň sabyrsyzlyk bilen garaşýan ajaýyp günlerimiziň biridir. Bu baýramçylygyň şatlygy we umydy dürli çäreler bilen has-da baýlaşýar. Emma, şeýle ajaýyp pursatlaryň hözirini doly görmek üçin howpsuzlygy ünsden düşürmezlik möhüm ähmiýete eýedir. Täze ýyl dabarasynyň howpsuz geçirilmegi diňe bir şatlygyňyzy goramak bilen çäklenmän, adamlaryň saglygyny we jemgyýetçilik durnuklylygyny hem üpjün edýär. Täze ýyl dabaralarynyň dowamynda köpçülik ýerlerinde ýygnanyşyklary we baýramçylyk çärelerini guramak adaty ýagdaýdyr. Şu çärelerde howpsuzlyk düzgünlerine laýyk çemeleşmek we gerekli çäreleri görmek örän möhümdir. Köçelerde ýygnanyşyklaryň tertipli geçirilmegi, ýol hereketiniň sazlaşykly guralmagy we howply ýagdaýlaryň öňüni almak üçin degişli düzümleriň tagallalary möhüm orunda durýar.

Ta­ry­hy eser bilen tanyşlyk

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Çe­per dö­re­di­ji­li­ge çäk­siz sar­pa goý­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň şöh­rat­ly ta­ry­hy­myz ha­kyn­da top­lan en­çe­me mag­lu­mat­la­ry­ny ka­gy­za ge­çi­rip, tä­ze ki­ta­by­ny ýa­zyp ta­mam­lan­dy­gy­ny, bu ge­zek­ki tä­ze dür­dä­ne ese­ri­ne «Ha­ky­da göw­he­ri» di­ýip at go­ýan­dy­gy ba­ra­da­ky ha­bar bü­tin türk­men hal­ky bi­len bi­le­lik­de bi­ziň hem ýü­re­gi­miz­de çäk­siz buý­sanç duý­gu­sy­ny art­dyr­dy.

«Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» ýa­pon di­lin­de

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 2024-nji ýy­lyň 18-nji de­kab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­by­nyň ýa­pon di­li­ne ter­ji­me edi­len ne­şi­ri­niň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di.

Täze ýylym, gadamlaryň mübärek!

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tum­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­ny hem tamamlap barýarys. Tä­ze ýy­ly­my­zy uly hö­wes bi­len hem gar­şy­la­ýa­rys.

Ýur­du­myz­da Tä­ze ýyl

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ta­ry­hy we me­de­ni wa­ka­la­ra baý ýyl­la­ryň bi­ri bo­lan 2024-nji «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly öz no­ba­ty­ny tä­ze — 2025-nji ýy­la ber­me­gi üçin sa­nal­gy­ja gün­ler gal­dy. Ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da, paý­tag­ty­myz­da Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­nyň aja­ýyp be­zeg­le­ri­niň öwüş­gi­ni­ni gör­mek bol­ýar. Ýol etek­le­ri­niň ar­ça­la­ry­nyň be­ze­gi, se­ýil­gäh­ler­de­dir bi­na­lar­da gur­na­lan «Tä­ze ýy­ly­ňyz gut­ly bol­sun!» di­ýen ýaz­gy­la­ry gö­re­niň­de-de baý­ram­çy­lyk ru­hu­nyň hal­ky­my­za paý­la­ýan şat­ly­gy­ny duý­mak bol­ýar.

Ar­ka­dag şä­he­ri uly ösüş­le­re eýe bol­ýar

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 2024-nji ýy­lyň 9-njy de­kab­ryn­da Ar­ka­dag şä­he­riniň ESQR – Hil sel­je­riş bo­ýun­ça Ýew­ro­pa Jem­gy­ýe­ti­niň ab­raý­ly «Qua­li­ty Choice Pri­ze 2024» baý­ra­gy­na my­na­syp bol­ma­gy ýur­du­my­zyň şä­her gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­syn­da ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýan­dy­gy­nyň ýe­ne-de bir su­but­na­ma­sy bol­dy. Baý­ra­gyň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy We­na şä­he­ri­niň meş­hur «Park­ho­tel Schonb­runn» myh­man­ha­na­syn­da ge­çi­ril­di. Bu hal­ka­ra çä­re Eu­ro­pe­an Society for Qua­li­ty Re­se­arch (ESQR) ta­ra­pyn­dan gur­na­lyp, şä­he­riň dep­gin­li ösü­şi, sag­ly­gy go­ra­ýyş hem-de ener­gi­ýa­nyň ne­ti­je­li­li­gi ýa­ly ugur­lar­da hil do­lan­dy­ry­şyn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri­ni gör­kez­ýär.

Dost­luk­ly döw­le­tiň ser­gi­si

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň «Iran Ag­ro­fo­od» at­ly ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si, şeý­le hem onuň çäk­le­rin­de türk­men-eý­ran işe­wür­lik mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.

Tä­ze üs­tün­lik­le­re ru­hlan­dyr­dy

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Yh­las­ly çe­ken zäh­me­ti­ňe be­lent sar­pa go­ýul­ýan Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de ýa­şa­mak, iş­le­mek, dö­ret­mek — ta­pyl­gy­syz bagt. Bi­lim ul­ga­myn­da çe­ken 50 ýyl­dan gow­rak zäh­me­tim, şeý­le hem da­na akyl­da­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­lyk ýaş to­ýy my­na­sy­bet­li «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly bi­len sy­lag­lan­ma­gym me­ni tä­ze dö­re­di­ji­lik ru­hu­na bes­le­di.

Ar­ka­dag­ly Ser­dar, eziz Ar­ka­dag, siz bi­len bagt­ly, buý­sanç­ly Di­ýar

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Adat­ça, adam ýy­lyň ta­mam­la­nyp bar­ýan pur­sat­la­ryn­da özün­de, öm­rün­de bo­lan öz­ge­riş­le­re ser sal­ýar. Bu sy­ýa­sy nuk­daý­na­zar­dan se­re­di­le­n­de hem şeý­le. Ýyl­lar döw­rüň, döw­le­tiň ösü­şi­niň, öz­ge­ri­şi­niň öl­çeg te­re­zi­si bo­lup hyz­mat ed­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len gül­le­ýän Wa­ta­ny­myz­da ýyl­lar yn­san ru­hu­na nur ça­ýyp, türk­me­niň be­ýik ady­ny äle­me ýa­ýyp gel­ýär. Be­ýik üs­tün­lik­le­re, şan-şöh­ra­da bes­le­nip hem ta­mam bol­ýar.