"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Sylaglar gowşuryldy

28-nji sentýabrda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, harby gullukçylara döwlet sylaglaryny gowşurmak, olara harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabarasy geçirildi. Ykbalyny Watan goragy bilen baglan harby gullukçylar sylaglary almak bilen, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde harby kasama, Watana wepalylygyň, türkmen halkynyň asuda we parahat durmuşynyň goragynda sarsmaz gala bolup durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde tagzym etdiler.

Ak guşlar asmanda ganatyn ýaýsyn!

Goşgy — ol ynsanyň ýüreginiň yşky, aýdymy. Şonuň üçinem islendik goşgyny okap otyrkaň, ilki bilen, ýazaryň ýüreginiň sesi bilen bir wagtda yşkyny duýýarsyň. Ol yşk ýüregiň emri bolsa-da, onda esasy orun ylahylyga degişli bolýar. Çünki diňe Hakdan halatyň bar ýerinde çyn goşgular — ýürege ýol salýan goşgular döreýär. Şygryýetiň dünýäsinde ýaşaýan Gahryman Arkadagymyzyň döredýän şygyrlarynda-da biz şeýle ylahylygy görýäris. Ol ylahylygyň — Hakdan halatlylygyň emrinden dörän goşgular Milli Liderimiziň döredijiligine aýratyn öwüşgin çaýýar, ýagny Gahryman Arkadagymyzyň döredijiligi, onda-da, şygryýeti hakda giňişleýin söz açmaga mümkinçilik berýär. Çünki «Jan Watanym, Türkmenistan!», «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgulary ýatdan bilýändigimiz üçin ol goşgular dünýämizde aýdyma öwrüldi. «Dowam bolsun!» atly goşgy hakynda aýdanyňda bolsa, ondaky «Durmuş bir kitap ýalydyr, Her ýyl täze sahypasy» diýen setirleri okap, çuňňur oýa batanyňy duýman galýarsyň. Çünki käte-käte pikirlere çümüp, dogrudan-da, durmuşy kitaba, sahypalaryny bolsa geçip duran aý-ýyllara meňzedýärsiň. Munuň özi ýaşap ýören şu durmuşymyz bilen ondaky köp zatlaryň meňzeşlik babatda gabat gelýändigini ýüze çykarýar. Belki-de, şonuň üçindir, biz

Garaşsyzlyk, sen bagtym sen, bagtym sen!

Geçen hepdäniň penşenbe gününde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi ýene-de dabaralara beslendi. Mydama aýdym-sazlaryň, mukamlaryň ýaňlanýan ýeri bolan bu köşkde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlanyp, aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada ýerine ýetirilen aýdym-sazlar, kompozisiýalar şanly Garaşsyzlygymyzyň waspy bolup ýaňlandy. «Garaşsyzlyk, sen bagtym sen, bagtym sen!» Şeýle goşgy setirlerini ýazyp, tarypyny edýän, bagtymyza deňeýän mukaddes Garaşsyzlygymyza 33 ýyl doldy. Bu ýyllaryň içinde ata-babalaryň yhlasyndan dörän Garaşsyzlygymyz edil ýere kök uran daragt ýaly, sagatsaýyn, günsaýyn ösdi. Şonuň üçinem otuz üç ýyldan ybarat bolan taryhyň sahypalaryna ser salanymyzda, bu mukaddesligimiz bilen baglanyşykly ençeme buýsançly wakalaryň şaýady bolýarys. Ýüregimiz joşa gelip:

Garaşsyzlyk we Halk Maslahaty: döwletlilik nusgasy, agzybirlik binýady

Garaşsyzlyk! Halk Maslahaty! Bu düşünjeler özboluşly bir bitewülige öwrüldi. Garaşsyzlyk — türkmen halkynyň asyrlarboýy arzuwlan erkinligi, özbaşdaklygy. Halk Maslahaty — döwletliligiň, halk bilen häkimiýetiň birliginiň nyşany, hakyky halk demokratiýasynyň nusgasy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň altyn güýzünde şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylmagy, onuň öňüsyrasynda agzybirlik bilen geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi bu bitewüligi äşgär ýüze çykardy. «TÜRKMENLER BAGLASA BIR ÝERE BILI»

Sylag-serpaýyňyz gutly bolsun!

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerinde mynasyp goşandy bolan, dürli pudaklarda zähmet çekýän watandaşlarymyzyň ençemesi döwlet sylaglarynyň eýeleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri boldy. Biz hem sylag-serpaýa mynasyp bolan ildeşlerimizi gutlaýarys, täze zähmet ýeňişlerini arzuw edýäris hem-de olaryň hoşallyk sözlerini okyjylarymyza ýetirýäris. Begençgeldi AGAÝEW,Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň maşyn dekoratiw bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi:

Şanly ýylyň üstünlikleri

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024     «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­myz il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap, döw­le­ti­mi­ziň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni we beý­le­ki ba­bat­lar­da ösüş­le­ri­ne şa­ýat­lyk ed­ýän ýo­ka­ry ne­ti­je­le­re, üs­tün­lik­le­re bes­le­nip gel­ýär.

Döwletli maslahat

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024     2024-nji ýy­lyň 24-nji sent­ýab­ryn­da paý­tag­ty­myz­da­ky Mas­la­hat köş­gün­de Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di. Şan­ly se­nä­niň — eziz Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ri­len umu­my­mil­li fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge, ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de ösüş hem ro­waç­lyk ýo­ly bi­len üs­tün­lik­li öňe git­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len mö­hüm me­se­le­ler gi­ri­zil­di.

Milli oýunlaryň baýramy

Gahryman Arkadagymyz Çarwadarlaryň  V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­wiň ça­ky­ly­gy bo­ýun­ça Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­mak üçin Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry bi­len ug­ra­dy.

Mä­lik­gu­ly Berdimuhamedowyň ýa­dy­gär­li­gi ha­ty­ra­lanyl­dy

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024     2024-nji ýy­lyň 12-nji aw­gust­ynda Türk­me­nis­ta­nyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ata­sy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň kyb­la­sy, Içe­ri iş­ler eda­ra­la­ry­nyň hor­mat­ly we­te­ra­ny Mä­lik­gu­ly Berdimuhamedowyň nus­ga­lyk öm­rü­ne ba­gyş­la­nan çä­re­ler ge­çi­ril­di. Bu a­ra­da «Türk­me­nis­tan» ga­ze­tin­de ha­bar be­ril­di.

Arkadag şäheriniň täze halkara baýraklary

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024     Ýa­kyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň de­giş­li Buý­ru­gy­na la­ýyk­lyk­da, «World Smart City Expo» at­ly hal­ka­ra ser­gä gat­naş­mak hem-de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň luk­man­çy­lyk klas­te­ri­ni ama­la aşyr­mak üçin ze­rur bo­lan, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň luk­man­çy­lyk­da ula­nyl­ýan se­riş­de­le­ri­niň ön­dü­ri­ji­le­ri bi­len du­şuş­mak we de­giş­li za­wod­la­ryň iş­le­ri bi­len ýe­rin­de ta­nyş­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Se­ul şä­he­rin­de gul­luk iş sa­pa­ryn­da bol­dy. Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de we­ki­li­ýet ag­za­la­ry myh­man­la­ry Ar­ka­dag şä­he­ri­ne ba­gyş­la­nan ser­gi bö­lü­mi bi­len ta­nyş­dyr­dy­lar. Ne­ti­je­de, ýur­du­my­zyň «akyl­ly» şä­he­ri 3 sa­ny baý­ra­ga my­na­syp bol­dy.

Çeperçilik eserleriniň bäsleşigi geçirildi

Welaýat ýörite sungat mekdebinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýy mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlary» atly çeperçilik eserleriniň bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi bilen bilelikde guraldy. Bäsleşikde eminler talyplaryň her bir ýumşy öz wagtynda we dürs ýerine ýetirişlerine üns berdiler. Şunlukda, bäsleşigiň heýkeltaraşlyk ugry boýunça Enejan Zakirowa birinji, Bibijan Emirkulyýewa ikinji, Akgül Hudaýnazarowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Nakgaşlyk ugry boýunça bolsa Gaýgysyz Orazowa, Adylhan Şeripowa we Aýna Rejepowa taý tapylmady.

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralar

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024     Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan sun­gat us­sat­la­ry­nyň dabaraly kon­ser­ti bol­dy.

Sow­gat

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024     Türk­me­nis­tan­da giň­den bel­le­nil­ýän Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­nü­niň şa­ny­na tä­ze bi­lim eda­ra­la­ry­nyň açyl­ma­gy asyl­ly dä­be öw­rül­di. 2024-2025-nji tä­ze okuw ýy­ly hem ýur­du­myz­da we dost­luk­ly döw­let­de mö­hüm bi­na­gär­lik des­ga­la­ry­nyň da­ba­ra­ly açyl­ma­gy bi­len ba­dal­ga al­dy. Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hat­lon we­la­ýa­ty­nyň Dus­ti et­ra­by­nyň Er­geş Sul­ta­now daý­han bir­le­şi­gin­de gur­lan 540 orun­lyk Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep ulan­ma­ga be­ril­ýän des­ga­la­ryň ha­ta­ryn­da aý­ra­tyn orun eýe­le­di. Onuň açy­lyş da­ba­ra­sy­na san­ly ul­gam ar­ka­ly iki döw­le­tiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emo­ma­li Rah­mon gat­naş­dy­lar.

Bagta rowan ýollar bilen

Hormatly Prezidentimiz adamlaryň abadan we eşretli durmuşda ýaşamagyny uly döwlet syýasatynyň düýp özeni hasaplaýar. Bu ugurdan alnyp barylýan dünýä nusgalyk işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesinden gözbaş alýar. Bu babatda alnyp barylýan köptaraply işleriň arasynda üstünlikli tamamlanyp barýan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk aýratyn orunda durýar. Onuň çäginde etrabymyzyň ähli edara-kärhanalarynda, bilim ojaklarynda dürli maksatly çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy. Olarda ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý etmegiň ähmiýeti, ulaglar dolandyrylanda üns berilmeli meseleler barada giňden durlup geçildi. Şeýle maslahat biziň bölümimiziň işgärleriniň gatnaşmaklarynda hem guramaçylykly geçirildi. Biz bu çärä etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wekillerini, lukmanlary hem çagyrdyk. Olaryň çykyşlarynda soňky döwürde ýurdumyzyň ýollarynda ulaglaryň hereketiniň barha ýygjam häsiýete eýe bolýandygy, şol sebäpli herekete gatnaşýanlaryň ýollarda ünsli bolmalydyklary nygtaldy. Şeýle-de ulaglaryň ýokary tizlikde sürülmeginiň ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmagyna getirýän esasy sebäpleriň biridigi bellenild

Garaşsyzlyk bize nämeler berdi?

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024     Ja­ha­nyň Jen­ne­ti asu­da me­kan,

Watan ojakdan başlanýar

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024     Wa­tan top­ra­gy­nyň ke­ra­ma­ty ata-ba­ba­la­ry­my­zyň mäh­ri si­ňen bu üm­mül­mez säh­ra­my­zyň dur­ku­na or­nap­dyr. Ro­wa­ýat­la­ryň bi­rin­de şeý­le di­ýil­ýär. Öňem bir ýur­duň adyl hem-de pä­him­li pa­ty­şa­sy bo­lup­dyr. Ol he­mi­şe adam­la­ry sy­na­ýan eke­ni. Bir ge­ze­gem ol il için­de şeý­le jar çek­di­rip, köş­ge oba­nyň iň eder­men ýi­git­le­ri­ni ýyg­nap­dyr. Pa­ty­şa nö­ker bo­lar ýa­ly pä­him­dar, eden­li, ugur­ta­py­jy ýi­git­le­ri saý­lap al­mak­çy­dy­gy­ny aý­dyp­dyr. Il­kin­ji sy­nag­da ba­tyr­ly­gy­ňy gör­kez­me­li, ikin­ji sy­nag­da hem oku­myş­ly­gy­ňy. Üçün­ji sy­na­ga ge­zek ga­lan­da, ola­ryň di­ňe on sa­ny­sy ga­lyp­dyr. Üçün­ji sy­nagyň şert­le­ri hiç ki­me mä­lim bol­man­dyr, ony pa­ty­şa­nyň özi kes­git­le­ýän eke­ni. Ol es­li sa­lym pi­kir­lenip otu­ryp­dyr.

Yhlasly we döredijilikli zähmet çeken hünärmenler döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy

24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň mejlisler zalynda Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermäge uly şahsy goşant goşan söwda toplumynyň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglaryny we hormatly atlaryň dakylandygy baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew, ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolan hünärmenler, şeýle-de söwda toplumynyň işgärleri gatnaşdylar. Dabarada, ilki bilen, wise-premýer B.Atdaýew çykyş edip, bu ýere ýygnananlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlygy üçin «Gaýrat», «Watana bolan söýgüsi üçin» medallaryna mynasyp bolan hünärmenleri tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de wise-premýer döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlara Watanymyzyň gülläp ösüşi ugrunda mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekmeklerini arzuw etdi.

«Arkadag» adyny göterýän ýyldyzyň güwänamasy gowşuryldy

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024     1-nji iýul­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de As­man ji­sim­le­ri­ni öw­ren­ýän «Kos­mos-Ýer» jem­gy­ýe­ti­niň alym­la­ry ta­ra­pyn­dan as­man gi­ňiş­li­gin­dä­ki ýyl­dyz­la­ryň bi­ri­ne «Ar­ka­dag» ady­nyň go­ýul­ma­gy, bu as­man ji­si­mi­ne «Ar­ka­dag» ady­nyň da­ky­lan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan gü­wä­na­ma­nyň, şeý­le-de te­les­ko­pyň we onuň dü­şü­ren su­rat­la­ry­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­ne gow­şu­ryl­ma­gy my­na­sy­bet­li ho­şal­lyk mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.

Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlar gowşuryldy

25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna gabatlanyp geçirilen bu çäre ýurdumyzyň halkara ynsanperwerlik hukugynyň ýörelgelerine berk ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan hem-de 29 milletiň wekili bolup durýan 1 müň 146 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 6 döwletiň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolup durýan 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýermek bilen, ýurdumyzda bu ugurda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.Şeýlelikde, şu günki waka ýurdumyzyň halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalaryna, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän sebit we dünýä derejesindäki ynsanperwer başlangyçlaryny ilerletmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

«Arkadag» ýyldyzy ― eýýamyň altyn öwüşgini

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Uly ösüş­le­ri, öz­ge­riş­le­ri, dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry bi­len dün­ýä­ni özü­ne çek­ýän, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň sy­lag-hor­ma­ty­na my­na­syp bol­ýan döw­le­ti­miz­de her gü­nü­miz bi­ri-bi­rin­den zy­ýa­da şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­myz­da bag­tyň hem gel­je­giň şä­he­ri bo­lan Ar­ka­dag şä­he­ri­mi­ziň açyl­ma­gy­nyň bir ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len baý­ram­çy­lyk mas­la­ha­tyn­da ge­lip gow­şan hoş ha­bar her bir türk­men ra­ýa­ty­nyň toý şat­ly­gy­ny art­dyr­dy.