Arkadagyň ýaşlar syýasaty: ynamy ödemek — borjumyz
«Bir ýylyň aladasyny etseňiz, däne ekiň. On ýylyň aladasyny etseňiz, daragt ýetişdiriň. Ýüz ýylyň, müň ýylyň aladasyny etseňiz, nesil ýetişdiriň» diýen ýörgünli jümlede ýaşlara, röwşen geljegiň rowaçlygyna bolan ynam-umyt äşgär görünýär. Hormatly Prezidentimiz bu jümleleri has berkidip: «Ýaşlar biziň geljegimizdir» diýýär, olary Watanymyzyň güýç-kuwwatyna, abraý-mertebesine deňeýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilen täze ýylyň ilkinji günlerinde, Ministrler Kabinetiniň 8-nji ýanwarda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy ýaşlara, ýaşlar syýasaty bilen bagly meselä döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň nyşany boldy. Maglumatlardan görnüşi ýaly, islendik ýurduň geljegini ýaşlar kesgitleýär, şoňa görä-de, döwletleriň aglabasynda ýaşlar syýasaty maýa goýumlaryň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýar. Bu bolsa, öňi bilen, geljekde durnukly jemgyýeti kemala getirmekde ýaşlara möhüm ornuň degişlidigi bilen