Bereket çeşmesi
Suw adamzat durmuşynda iň gymmatly hazyna. Durmuş döräli bäri, ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi hasaplanylýan suw tebigaty janlandyrýar, ynsan durmuşyny gülledip özgerdýär. Ol isripsiz ulanylmaly baýlykdyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen soňky ýyllarda diňe bir derýalarymyz däl, ýagyş-ýagmyrlaryň suwuny-da yrýa etmezlik üçin ygalyň köp düşýän ýerlerinde suw howdanlarynyň birnäçesi guruldy. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň hanasyna toplanýan suwuň möçberi hem barha artýar. Geljekde onuň suwuny süýjedip, ekerançylyk, içimlik üçin peýdalanyp boljakdygyny hünärmenler aýdýarlar. Alym Arkadagymyzyň tagallalary bilen Hazar deňziniň suwuny süýjediji desgalaryň ençemesiniň gurulmagy, eýýäm bu ugurda ýeterlik tejribäniň toplanylandygyny aňladýar. Belli bolşy ýaly, her bir ugurdaky hukuk gatnaşyklary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan Türkmenistanyň Suw kodeksi we suw gatnaşyklaryna degişli beýleki kanunçylyk namalary esasynda düzgünleşdirilýär. Bu hukuk namasy suw serişdeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmaga, suwlary hapalanmakdan, zibillenmekden we egsilmekden goramagy üpjün etmäge, olara ýetip biljek ýaramaz täsirleriň öňüni almaga we ýok etmäge, suw obýektleriniň ýagdaýyny dikeltmäge we gowulandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Suw kodeksi we