"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Sözi gysga, şerhi köp...

Rowaýatlarda gelşine görä, gadym döwürlerde belli takwa bende haja gidip, haj amallaryny berjaý edenden soň, Käbäniň öňünde ybadat edip otyrka, iki sany perişde gelip, biri sag, biri çep tarapynda oturyp, özaralarynda sorag-jogap alşypdyrlar. Olaryň biriniň «Bu ýyl näçe kişiniň hajy kabul boldy?» diýen soragyna beýlekisi «Bu ýyl hiç kişiniň hajy kabul bolmady, diňe bir kişiniň hajy kabul boldy. Özi Müsürde ýaşaýar, käri köwüşçi, köwüş tikmek bilen gün görýär, özge hajylaryň hajy hem diňe şonuň sebäbinden kabul boldy» diýýär. Muny eşiden takwa kişi munuň sebäbini bilmek üçin Müsüre gidýär we ol adamy gözläp tapýar. Görse, ol bir dükanjykda ädik ussasy bolup işleýär eken. Gelen myhman ondan beýle derejä nädip mynasyp bolandygyny soranda, ol «Howlukma, hany, öýe bir baraly, soň gürrüň bererin» diýip, ony öýüne äkidýär we hezzet-hormat edýär. Şondan soň şeýle diýýär: «Men entek haja gidemok. Emma indi ençeme ýyl bäri haja gitmekligi arzuw edýärdim hem-de şoňa harajat toplaýardym. Ýaňy ussahanamda görensiň, iki sany çaklaňja golçajygym bar. Her gün maşgalam üçin gündelik sarp etmeli harajatymy bir golçajygyma, şondan näme artyk gazanyp bilsem, ikinji golçajygyma salýaryn. Kä günler, ýeterlik gazanyp bilmesem, ikinji golçajykdan almaly bolýan w

Ýaşlar we jemgyýet

Türkmen halkynyň terbiýeçilik däp-dessurlary, ruhy-ahlak ýol-ýörelgesi özboluşly bir durmuş ýoly bolup, ol milli terbiýeçilik mekdebi — halk mugallymçylygy derejesine ýetirilipdir. Magtymguly Pyragynyň umman ýaly döredijilik mirasynda, «Görogly», «Gorkut ata» ýaly halk eposlarynda, halk dessanlarynda, rowaýatlarynda, tymsallarynda, ertekilerinde, nakyllarynda şol milli mekdebiň parasatly garaýyşlary öz beýanyny tapýar. «At seýse bagly, adam — terbiýä», «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz», «Bal süýji, baldanam bala süýji», «Alym bolmak asan, adam bolmak kyn», «Adam edebinden belli, ýurt — tugundan», «Perzent edep görmese, edep görkezmez», «Edep — bergi» ýaly atalar sözleri milletimiziň nesil hakyndaky aladany we onuň terbiýesini näderejede ýokary goýýandygyny aýdyň görkezýär.

Suwda seresaplyk

Deňze girip, suwa düşmek irden sagat 6:00-dan — 9:00, öýlän sagat 18:00-dan — 21:00 aralygy peýdaly hasaplanýar. Suwda bolmagyň dowamlylygy 30 minutdan geçmeli däldir. Gyzyp durkaň dessine suwa girmekden saklanmaly, dynç alyp, bedeniň temperaturasynyň kadaly ýagdaýyna gelmegine garaşmaly. Günüň ýiti şöhlesiniň astynda uzak wagtlap suwda bolmak ýa-da kenar ýakasynda gezelenç etmek maslahat berilmeýär. Günortanyň yssysynda deňze girmek maslahat berilmeýär. Gün şöhlesiniň ýitileşmeginiň täsiri netijesinde Gün urmagy mümkin. Şeýle ýagdaýda, ilki bilen, näsagy kölegä geçirip kellesini gapdala öwürmeli, köýnegiň ýokarky iliklerini ýazdyrmaly, başyna sowuk ýapgy goýmaly, suw içirmeli. Haýal etmän, «Tiz kömek» gullugyny çagyrmaly. Deňze girilende rugsat berilýän çäklerden daşlaşmaly däl, bu bolsa garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykanda siziň peýdaňyzadyr.

«Arkadag» futbol toparynyň ýaşajyk türgenleri

«Arkadag» futbol toparynyň kiçi ýaşlylar topary 2023-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri hereket edýär. Topar 2011-2012, 2013-2014, 2015 — 2017-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň we ýaşlaryň ýaş derejeleri boýunça 3 topara bölünýär. Ol toparlary birinji derejeli sport türgeni Toýly Halmyradow, AFK tarapyndan tassyklanan «C» derejeli tälimçiler Mergen Baýramow we Myratberdi Berdiýew dagy türgenleşdirýär. Türgenleşikler Arkadag şäherindäki 10 müň orunlyk stadionda hepdäniň ýekşenbe gününden beýleki ähli günlerinde geçirilýär. Tälimçi Mergen Baýramowyň bellemegine görä, häzirki wagta çenli ýetginjekler we çagalar topary 50-den gowrak ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdiler. Duşuşyklarda «Arkadag» futbol toparynyň ýaş zehinleri özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip, guwandyryjy netijeleri gazandylar. Tälimçi Mergen Baýramow toparyň ýaş futbolçylarynyň içinde türkmen sportunyň abraýyny mynasyp gorajak, halkara derejede çykyş etjek zehinleriň bardygyny buýsanç bilen belleýär.

Tomus halk hasaby

Nakyllar halkyň söz sungatynyň iň bir gadymy görnüşidir. Şolarda orun alan many-mazmun, paýhas aňrybaş derejede milli düşünjelerdir.

ABA ANNAÝEW ADYNDAKY HALKARA ATÇYLYK AKADEMIÝASY 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda): 1. Weterinariýa we zootehniýa (hünärler: atçylyk; weterinar lukmançylygy).

Il-ýurt bähbitli beýik işler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri il-halkyň ykbalynyň galkynýan ajaýyp döwrüne öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň netijesinde, il-halkyň bähbidine gönükdirilen beýik işler rowaçlanýar. Munuň şeýledigini şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlar hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu bolsa ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň durnukly ösüş depginini saklaýandygyny görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygary bagtyýar ildeşlerimiziň kalbynyň senasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny hem-de talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda gol çeken Permany ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha ýokarlandyrylmagyna ýardam eder. 

Özgertmeler — döwrüň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ösüşlere beslenýän ýyllarynda bolup geçýän özgertmeler döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynyň täze döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilmegini şertlendirýär. Şu jähtden her bir ugurda gazanylýan üstünlikleri berkitmek, olaryň hukuk binýadyny kämilleşdirmek işleri giň gerimde durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu babatda öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, golaýda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahatynda dürli ugurlara degişli kanunlary kämilleşdirmek boýunça taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şolaryň hatarynda «Bolgariýa Respublikasynyň, Çehiýa Respublikasynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Horwatiýa Respublikasynyň, Kipr Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň, Litwa Respublikasynyň, Wengriýanyň, Malta Respublikasynyň, Polşa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Sloweniýa Respublikasynyň we Slowakiýa Respublikasynyň Ýewropa Bileleşigine girendigini göz öňünde tutup, bir tarapdan Türkmenistan bilen we beýleki tarapdan Ýewropa Bileleşiginiň we oňa agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy döredýän gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga Teswirnamany tassyklamak hakynda», «Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Tertipnamasynyň VI mad

Eziz Diýarymyz — mukaddes seždegähimiz

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde Watan gullukçylarynyň arasynda ýaşlaryň watanperwerlik terbiýesini yzygiderli ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri kämil derejede guramagyň zerurdygyna ünsi çekýär. Watana gulluk etmegiň, ony jandan eziz görüp goramagyň we ýurdumyzy gülledip ösdürmek üçin hyzmat etmegiň her bir ynsanyň ömrüniň manysy, mertebeli ýaşaýşynyň özeni, maksat-myrady bolup durýandygyny pent-nesihat edýär. Çünki Watan ogullarynyň — merdana, batyr gerçekleriň watanperwerlik duýgusy her gysym topragyň keramatdygyna uýmakdan, şöhratly geçmişimize, öý-ojagyň mukaddesligine, il-ulsuň, ata-babalaryň çuňňur pähimine hormat-sarpa goýmagy başarmakdan başlanýar. Şöhratly geçmişine sarpa goýýan nesil şu günüň bagtyýarlygyna guwanyp, geljegiň röwşendigine ynanyp, eziz topragyna söýenip ýaşaýar. Biziň Watana bolan söýgimiz ata-babalarymyzyň nesilleriň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin görkezen gahrymançylyklarynyň üstümizde ganat gerýän ölmez-ýitmez ruhlary bilen utgaşýar, bir bitewi güýje öwrülýär. Ynsan geçmişiniň beýikligini, köki-damarynyň çuňlugyny, köňlüniň rahatlygyny, şu

Tebigata söýgi — Watana buýsanç

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasaty halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, geljek nesillerimize tebigy baýlyklarymyzy has gözel görnüşde ýetirmekden hem-de bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk hem-de beýleki işleriň tebigy-ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga gönükdirilen «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda: «Ýer, toprak, ýerasty baýlyklar, ýerüsti we ýerasty suwlar, tokaýlar, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň obýektleri, ekologik ulgamlar, atmosfera howasy, klimat we Ýeriň ozon gatlagy ýok edilmekden, ýaramazlaşdyrmakdan, azaltmakdan, zeper ýetirmekden, hapalanmakdan, rejesiz peýdalanmakdan we beýleki ýaramaz täsirlerden goralmaga degişlidir» diýlip bellenilýär. Türkmenistan häzirki wagtda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi ýaly abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Biziň ýurdumyz halkara ylalaşyklaryň, taslamalaryň çäklerin

Magtymguly — halkyň beýik danasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän günlerinde akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen «Magtymguly — halkyň beýik danasy, äleme nusgadyr ähli namasy» atly maslahat hem ýokary ruhubelentlige beslendi. TKA-nyň welaýat birleşmesinde geçirilen maslahata dürli ulgamlarda zähmet çekýän bagtyýar ildeşlerimiz gatnaşdylar. Maslahatda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Hormatly il ýaşulusy Aşyrdurdy Allaýew, «Daşoguz habarlary» gazetiniň bölüm redaktory Döwletnazar Işangulyýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjylary Jumagül Hojaýewa, Haltäç Bäşimowa, maglumat tehnologiýalary boýunça esasy hünärmeni Begmyrat Baýramow dagy çykyş edip, akyldar şahyryň edebi mirasynyň ähmiýeti hakynda gürrüň etdiler. Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny dünýä ýaýmakda ýurdumyzda birnäçe işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kanun beýik söz ussadynyň medeni mirasynyň aýawly saklanmagyna we geljek nesillere ýeti

Telekeçilik ulgamynyň rowaçlyklary

Hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren galkynyşlar eýýamynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda telekeçiligi ösdürmäge, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürmäge, telekeçiligiň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle başlangyçlaryň guramaçylykly durmuşa geçirilmegi bolsa ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmeginde, ýokary hilli önümleri öndürip, dünýäniň döwletlerine eksport edilmeginde möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň ösüşiniň gerimiň has-da giňelmegi, täze görnüşleri öz içine almagy, öndürilýän önümleriň hiliniň bäsdeşlige ukyplydygy, kärhanalarda zähmet çekýänleriň köpüsiniň ýaşlardygy örän guwandyryjy netijedir. Etraplarda gurlan ýyladyşhanalar ýylyň ähli paslynda dürli gök-bakja önümleriniň ýetişdirilmeginiň ýola goýulmagy, olaryň oňat hilli ätiýaçlyk goruny saklamak maksadynda sowadyjylar bilen üpjün edilen ammarlaryň döredilmegi, bazarlarymyzyň hemişe azyk önümleri bilen dolup durmagy, bahalaryň elýeterli bolmagy ýurdumyzda adam hakynda edilýän aladalaryň aýdyň görkezijileridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalaryndan, bildirýän belent ynamyndan ruhlanýan telekeçiler diňe bir ýa-da iki ugur bilen hem çäklenmän, ulgamyň iş

Hepdäniň habarlary

Täze taryhy eýýamyň ganaty Daşoguz şäher häkimliginiň, TDP-niň welaýat, şäher komitetleriniň hem-de şäher kazyýetiniň bilelikde guramagynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özgertmeler syýasaty — taryhy eýýamyň ganaty» atly maslahat geçirildi.

Täze kärhananyň batly gadamlary

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmek, bu ugurda zähmet çekýän adamlar üçin zerur şertleri döretmek babatdaky taýsyz tagallalaryndan ýerlikli peýdalanyp, netijeli hereket edýän önümçilik kärhanalary welaýatymyzda hem az däl. Olaryň biri-de Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäheriniň senagat zolagynda ýerleşýän, azyk we iýmit önümlerini öndürýän «Sadaja» toplumydyr.

Ýaşaýyş jaýlarynyň ätiýaçlandyrylyşy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ätiýaçlandyryş işleri hem güýçli depginde kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş maksady döwletiň, kärhanalaryň, raýatlaryň bähbitlerini goramakdan ybarat bolup, bazar gatnaşyklaryny, ätiýaçlandyrylýan müşderileriň isleglerini hasaba almak bilen, täze birnäçe kadalary taýýarlady. Olardan müşderileriň arasynda, esasanam, «Fiziki şahslara degişli jaýlary meýletin ätiýaçlandyryş» kadasy bähbitli bolup durýar. Onuň esasy wezipesi ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe tötänleýin bolan hadysalar esasynda ýetirilen zyýanyň öwezini dolmakdan ybaratdyr. Fiziki şahslaryň eýeçiliginde bolan ýa-da olar tarapyndan kanuny esasda ulanylýan, hemişelik ýaşaýan ýerinde gurnalan diwarlar hem-de üçegi bolan jaýlar (ýaşaýyş jaýlary, bagçylyk öýleri, ulag jaýlary, kömekçi we hojalyk jaýlary) meýletin ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar. Olara degişli jaýlary meýletin ätiýaçlandyryş aşakdaky ätiýaçlandyryş halatlary netijesinde ýok bolmagyndan ýa-da olara zeper ýetmeginden geçirilýär, ýagny:

Ekerançylaryň yhlasly zähmeti

Welaýatymyzyň dürli künjeklerinde bugdaýdyr gowaçadan başga-da ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu babatda Akdepe etrabynyň «Şabat» daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň durmuşa geçirýän işleri hem-de gazanýan guwandyryjy netijeleri bellenilmäge mynasypdyr. Bu barada daýhan birleşiginiň başlygy Polat Žumabaýew şeýle gürrüň berdi:  — Hormatly Prezidentimiziň halkymyzy öz topragymyzda öndürilen ýeralma, gök-bakja önümleri bilen ýeterlik üpjün etmek barada öňde goýýan wezipeleriniň, berýän tabşyryklarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmak üçin birleşigimiziň kärendeçi daýhanlarynyň ýylyň-ýylyna yhlasly zähmet çekýändikleri biziň ählimizi örän guwandyrýar. Olaryň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ugurda alyp barýan işleri hem oňat netijeleri berýär. Muny zähmetsöýer ekerançylarymyzyň şu günlerde ýetişdirilen ýeralma hasylyny ýygnamakda, gök-bakja ekinlerine ideg etmekde bitirýän işleri-de aýdyň tassyklaýar.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Sarpasy synmaz Pyragy Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyraga Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe goýulýan belent sarpa halkara derejeli çäreleriň, asylly maksatly beýik işleriň mysalynda has aýdyň duýulýar.

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň köp asyrlyk şöhratly taryhynda dünýä meşhur bolan akyldarlaryň, danalaryň, alymlaryň, şahyrlaryň nusgawy eserleri umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklara öwrüldi. Asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip gelen medeni mirasymyzda nusgawy şahyrlarymyzyň, alymlarymyzyň dürdäne eserleri aýratyn orny eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Halkymyz özüniň beýik ogly Magtymgula çäksiz hormat goýýar. Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmajak sütünine öwrüldi» diýip, nusgawy şahyrymyzyň halkyň hakydasynda ýaşaýandygyny açyp görkezýär. Magtymguly Pyragynyň çuňňur many-mazmunly eserleri indi üç asyra golaý wagt bäri watansöýüjilik aýdymy, halallyk nagmasy, agzybirlik senasy, dost-doganlyk mukamy bolup ýaňlanyp gelýär. Magtymguly Pyragy diýlende arassa türkmen diliniň düýbüni tutujy söz ussady göz öňüne gelýär. Ol öz goşgularyny düşnükli dilde ýazmak bilen, halkyň aňyna müdimi ornaşan akyldar şahyrdyr. Magtymguly Pyragynyň nakyla öwrülen setirlerini okanyňda onuň diňe şahyr däl, eýsem, beýik söz ussadydygyna, alymdygyna,

Täze okuw ýylyna taýýarlyk

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde täze okuw ýylyna gowy taýýarlyk görmek hem-de orta we ýokary okuw mekdeplerinde abatlaýyş işlerini geçirmek bilen bagly berlen tabşyryklardan ugur alyp, häzirki wagta welaýatymyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýeňil abatlaýyş işleri dowam edýär. Welaýatymyzda bar bolan 529 sany orta mekdebiň ählisiniň synp otaglarynda, dälizlerinde hem-de daş-töwereginde ýeňil abatlaýyş işleri geçirilýär. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ýaş nesle berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak maksady bilen, orta mekdepleriň synp otaglary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Interaktiw tagtalar, multimedia tehnologiýalary, lingafon otaglary sanly bilim ulgamyny ösdürmäge, daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmäge ýardam berýär. Okuw otaglarynyň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy, olaryň abatlygynyň yzygiderli gözegçilikde saklanylmagy ýaşlara bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmakda örän ähmiýetlidir.

Bank hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenilýär. Olaryň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, maliýe-karz hyzmatlaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk, maddy-enjamlaýyn binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda sanly innowasion tehnologiýalar arkaly ornaşdyrylan nagt däl hasaplaşyklar ilata döwrebap amatlyklary döretmek bilen birlikde, bank amallarynyň sanynyň artdyrylmagyna, geçirilýän tölegleriň howpsuzlygyna we maliýe serişdeleriniň goraglylygyna öz täsirini ýetirýär.